12:03 Gözleriň | |
GÖZLERIÑ
Goşgular
Ýaşaýan dünýäme dünýä getirdi, Maňa gülüp bakan gara gözleriň. Umytlarmyň wysal daňyn atyrdy, Yşk oduny ýakan gara gözleriň. Ak ýagyşlaň aklygyndan döräpmi, Tüm gijeleň päkliginde köräpmi, Başym aýlap sermest etjek şerbetmi, Bagt làlesin kakan gara gözleriň. Ýüregime aýdym, kalba heň bolup, Dertli ykbalyma şypa, em bolup, Her saba dünýämi nuruna çoýup, Ýylgyryp durandyr gara gözleriň. Syrdaşma öwürüp kagyz galamy, Saba ýellerinden ýollap salamy, Melekleriň möhürlenen kelamy, Garamyk gözleriň, gara gözleriň Görküne görmegine haýran men, Bendi bolup, bilbil bolup saýran men Käte arzuwlarma büdräp barýan men, Görmek üçin seniň gara gözleriň. Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |