20:58 Gelsene... | |
GELSENE...
Goşgular
Meň gamly dünýämi toýhana öwrüp, Gelsene. Ýalan gybatlaryň donun çöwürüp, Gelsene... Ýyldyzly ýaglygyn oransa zemin, Aý yşygy derdiň tapanda emin Ýetmezin dolduryp göwnümiň kemin Gelsene... Sabrymyň käsesi püre-pürlense, Ýekeligim gussalara per berse Öwrülmänkäm serhoşa ýa sermeste Gelsene... Garaşmakdan göz röwşenim öçmänkä, Bägül görküm alyslara göçmänkä, Şum aýralyk ynam suwun içmänkä, Gelsene... **** Başdaky deý ýat däl maňa bu şäher, Öwrenişdim duman örten säherne. Gaşymda oturyp ýat saýanlary, Goýberemok göwün atly şäherme. Agyr märekede öňküler ýaly, Boýnum buruk, eginlemem gysyk däl. Kem zadym ýok, şükür öküner ýaly Ykbalymam adamlar deý gysyk däl. Tanyş dideleri küýsän gözlerim, Käte bagtdan ýaňa ýaşaryp gidýär. Nätanyş şäherde syrdaş gözlesem, Gelneje, bir seni göresim gelýär. Ýat şäherde ýadyrgamok indi men, Oglumam deň örýär säher gün bilen. ...Ah, gelneje saňa diýjek sözlermi, Ogryn ýazyp goýdum gündeligime. • Ýürekdeşlik Gara gözleň suwa gark bolup otyr, Kirpikleň tapyşsa böwedi böwsjek. Eger şeýdeniňde derdiň egisse, Menem goşuluplar gözýaş döküşjek. Doňup dursuň, nazarlaryň aglaýar, Ýaňagyna şarpyk çalnan çaga deý. Bu ahwalyň ýüregimi daglaýar, Dymma, dillen asman kibi çagba guý. Agla uýam, aglamakdan çekinme, Ger dökülen gözýaş egissin derdiň... Seň gözüňden gaçan ýekeje damja, Müňläp damja bolup ýüregme siňýär, Bagrymy ezýär... Ilkinji hem soňky bolsun hasratyň Aglamakdan bägül görküň solmasyn. Bagta sary alyp gitsin ak atyň, Indi beri gara gözleň dolmasyn. • Ýylgyr dünýäm Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi, Gaşyň çytsaň bulut örter barlygy. Behişdiň suwuna ýuwlan gül keşbiň, Ömrüň dowamaty, bagtyň ýarlygy. Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi, Ýylasyn ýygrylan ýuka ýürekler. Saba ýelne ak arlygyň gol bular, Süýji arzuwlarma bije çykan dek. Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi, Güllejek erikleň gülsün ýüzleri. Ýylgyrşyňdan gudrat, kerem, nur döräp, Çilleli gelinleň ýarsyn gözleri. Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi, Ýylgyrşyň deý ömrüň mydam ýaz bolsun! Päkliginde bu owadan jahanyň Dünýä gadam basan ýollaň ak bolsun! | |
|
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |