15:16 Makalalaryň kämil bolmagy üçin | |
MAKALALARYÑ KÄMIL BOLMAGY ÜÇIN
Makalamy kitapcy.ru saýtynyň adminstrasiýasyna dürli temadan makalalary, pikirleri berýändikleri üçin minnetdarlykdan başlaýyn. Saýtda berilýän makalalary, çeper döredijiligi görüp, okyjylarymyzyň türkmen taryhyna, edebiýatyna, aýratynam, milli şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligine, haýsy temadan ýazylanam bolsa kämil ýazylan çeper döredijilige, makalalara teşnedigini görkezýär. Kämil ýazylsa, haýsy temadandygyna garamazdan, okyjylarymyza gyzyklandyrmaýan tema ýok diýen netijä gelse bolýar. Geljekde ýazyljak makalalaryň kämil bolmagyna belli bir derejede oňyn täsir eder diýen umyt bilen, saýtda çap edilen käbir makalalar hakynda açyk gürrüň etmegi makul bildim. Meniň bilşime görä, mugallym bolan Amanberdi Allaberdiýew beýik akyldar Magymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, şahyryň şygyrlary barada yzygider çykyş edýär, muny gutlamak gerek. Ýöne bu awtoryň golýazmany görmezden, golýazmadaky şygyrlaryň käbir sözlerine özüçe düzediş girizip, çen-çak bilen makala ýazýan awtordan mysal almagy gaty gynandyrýar. Magtymguly halka gaty düşnükli, ýeňil dilde ýazyp, islendik adam birinji gezek okanda, öz paýhasyna görä şahyryň sözlerinden many alýar. Amanberdi Allaberdiýew “Magtymguly many saçar” atly makalasynda şahyryň “Üssesi bolmaz” atly şygrynyň “Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus..” diýen setirine ýüzlenip, bu setirleriň aňladýan manysyna ünsi çekipdir. Awtor bu setirleriň manysy barada maglumat berende, merhum alymlar Sapar Ahallynyň, Aşyrpur Meredowyň pikirlerine salgylanyp, okyjyny gaty düşnükli, ylma ýugrulan dogry pikir bilen tanyşdyrypdyr. Hakykatdanam, awtoryň mysal alan, alymlaryň golýazmadan alyp, kitaplarda çap edilen bu setiriniň içki sazlaşygyny, akgynly okalyşyny görýäňizmi?! Indi çen-çak edip, şahyryň golýazmada gelýän şygryna özüçe düzediş girizen mysalyny alalyň: “Bagdatda gyş bolmaz, Gibrisde tomus..”. Şygra “Gibrisde” diýen söz ýamalyk ýaly soň goşulandygy görnüp durandyr. Okanyňda hem, şol söze gelseň, säginip-büdräp duransyň, şol sözüň ýamalyk ýaly goşulandygy üçin okalyşy gaty agyrdyr. Beýik akyldaryň “Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus..” setirine üns beriň?! Setiriň ähli sözleri ýogyn çekimliden düzülip, biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, bile doglan ýalydyr. Ynha, şahyryň ussatlygy. Emma şahyryň el gatylan setirinde bu sazlaşyk ýokdur, ýitendir. Onsoňam el gatylan setirdäki “Gibris” sözüniň nämedigine gaty köp adam düşünmez, düşünýänleriň köpüsem karta seredäýmese bilmez. Emma Magtymgulynyň sözleri köpmanyly bolup biler, ýöne örän ýeňil okalýandyr hem her adamyň pähim-paýhasyna görä düşnüklidir. Golýazma özüçe heňe gelmejek düşündiriş berýän ol awtoryň ýasan “sözi” logiki taýdanam manysyz. Ortaýer deňzinde ýerleşen Gibris adasynyň suwuň içinde ýerleşendigine garamazdan, ekwatora has ýakyndygy sebäpli, ol ýerde jöwza tomsuň bardygyny bilmäge çogup duran akyl gerek dälmikä diýýän. Magtymgulynyň setirlerine özüçe düzediş girizen awtor golýazma bilen iş salşan alymlary sözleri bilkastlaýyn üýgetmekde aýyplaýar. Hormatly awtor, siziň salgylanýan alymlaryňyz bolan Sapar Ahally, Aşyrpur Meredowam golýazma bilen işlän alymlar. Şol bir makalada iki sany biri-birini bütinleý inkär edýän pikiri öz garaýşyňyzy aýtmazdan, mysal almagyňyz bolmanda gelşiksiz. Magtymgulynyň kitaplary alymlaryň gatnaşmagynda (kitaby redaktirlemek, düzmek) çap edilende, ol iş tabşyrylan alymlar kitabyň taslama nusgasyny taýyn edenden soňra, ilki bölümde maslahatlaşyp, soňra bölümiň eden bellikleri düzedilenden soňra, alymlaryň işleýän edarasynyň Alymlar geňeşine hödürlenýär. Neşir ediljek kitap Alymlar geňeşinde maslahata goýlup, ol ýerde edilen bellikler doly düzedilenden soňra, neşire tabşyrylyp, kitap görnüşinde çap edilýär. Elbetde, Magtymgulynyň çap edilen kitaplarynda säwlik ýok diýip bolmaz, kemçilik bardyr, käbir säwlikleriň bardygyny bizem bilýäs.. Emma golýazmada gelýän sözleri ýöriteleýin bilkastlaýyn üýtgetmek pikir hiç bi alymda ýok. Onsoňam golýazmany bilýän bir alym däl, olaryň sany birnäçe. Alymlar köpçüligi golýazmanyň sözlerini bilkastlaýyn üýtgetmek isleýän alyma ýol bermezler. Şonuň üçin golýazmada bar bolan islendik şahyryň goşgusyna özüňçe düzediş girizmek, gaty ýazgarylmaly hadysadyr. Ýazýan makalaňda gapma garşy iki pikiri deňeşdirip alyp bolar. Ýöne gapma garşy pikiri mysal alan halatyňda öz pikiriňi aýtmak hökmandyr. Bütinleý biri-birini inkär edýän pikiri alyp, öz pikiriňi aýtmazlyk okyjyda alasarmyk ýagdaý döredýär. Hormatly Amanberdi Allaberdiýew, indiki ýazjak makalaňyzdaeden adalatly belliigimizi gözöňünde tutjakdygyňyza berk ynanýaryn. Size bir sowalym bar: Golýazma özüçe düzediş berýän ol awtory öň bir makalaňyzda “Gündogary öwreniji alym”, “Magtymguly many saçar” diýen makalaňyzda bolsa “Gündogarşynas žurnalist” diýipsiňiz. Ol awtor bu derejeleri haýsy döwlet edaramyzdan aldyka?! Men bu sowaly awtoryň özüne hem berdim, häzire çenli jogap ýok. Belki, siz bilýänsiňiz, jogap bermegiňize garaşýan. Onsoňam Sapar Ahally, Aşyrpur Meredow beýik akyldar Magtymguly hakynda käbir esassyz pikirleri aýdan bolsalaram, olar şek-şübhesiz alym adamlar. Kemçiliksiz gözel ýok. Siz makalaňyzda ilki alymlaryň pikirine salgylanýaňyz, soňra bolsa öz makalaňyzda aýdyşyňyz ýaly, “Gündogar žurnalistiň” pikirini getirýäňiz. Hormatly awtor, alym bilen žurnalistiň pikirini bir makalada baglanyşyksyz getirmek ýolberilmesiz bir ýagdaý. Makalaňyzyň manyly bolmagy üçin bu aýdanlarymyza üns bereweriň. Ahlak kadalaryna gabat gelýän bolsa, men islendik makalanyň berilmeginiň tarapdary. Ýöne her bir pikiri, onda-da iki sany gapma-garşy pikirli dünýägaraýşy ýazýan bir makalaňda berjek bolsaň, şol pikirlere bolan öz garaýşyňy beýan etmeli. Şeýle edilende, ýazylýan makalalar has agramly bolar. Hormat bilen Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|