08:30 Maňa-da düşün! | |
MAÑA-DA DÜŞÜN
Goşgular
Özümi kän goýdum seniň ornuňa, Mydam ýagdaýyňy düşünjek boldum. Çarkandakly ýoldan ylgap goýnuňa, Ýedide ýykylyp, sekizde galdym. Juda howlukdym men, gowuşjak bolup Sensiz günleň ençedigne ökündim. Telim sapar itdim, yzyndan baryp, Çydam etmän ýöreýşine sekundyň... Geljek sary ýöriş etdim küýimde, Ýolda ýoldaş edip, ynamy aldym. Ykbal gelip: "seňki bolmaz" diýende, Gaharma dulugna bir şarpyk çaldym. Akylym, ýüregim - bary seniňki, Almasaň - barybir şum ajal alýar. Gussamy al diýmen, olar meniňki Ýene şatlyk bilen dolansaň bolýar..! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |