14:29 Mankurt | |
MANKURT
Goşgular
Men saňa ýoldaşym diýip bilmerin, Çünki ýoldaşyňa hyýanat edýäň. Men saňa ildeşim diýip bilmerin, Iliň öz öýüni kyýamat edýäň. Men saňa syrdaşym diýip bilmerin, Ile peçan edip ýörsüň syrymy. Men saňa gardaşym diýip bilmerin, Betlagamyň aýan bolar pirimi! Goňşymmy sen? Onam diýip bilmerin, Çünki goňşudanmyş kyýamat güni. Sen şu gün inderdiň kyýamat başa, Gündizkä üstüme ýagdyrýaň tümi. Men saňa duşmanym diýip bilmerin, Birde zyýan, haýyr tapdym duşmandan. Aglap bilýäň, gülüp bilýäň bir gözde, Ömürimde başga zat däl puşmandan. Eger sen bolmasaň dostum, ýa goňşym, Ýa ildeşim, ýa bolmasa syrdaşym. Sen onda kim? Birje gezek içiň dök, Bolmasaň duşmanym ýa-da gardaşym. Men saňa «adam bol» diýip, biljek däl, Parhy bardyr adam bilen adamyň. Maldan mähir gördüm, senden görmedim, Hem şu güni, ertesi sen nadanyň. 10.02.1996. ▶ «RUHDAN DÜŞSE BU DURMUŞDA KIMDE-KIM...» Ruhdan düşse bu durmuşda kimde-kim, Ojagyna etdigidir hyýanat. Hem-de öwezini dolup bolmajak, Belki-de, ömründe agyr jenaýat. Ruhdan düşse bu durmuşda kimde-kim, Gerekdir dost-ýardan ilki hemaýat. Ýalňyzlykdan ejir çekse ol adam, Başyna indigi onuň kyýamat. Her ädimiň göreşlerden doludyr, Ruhuň belent ýaşamagyň bagtdyr. Guwan gündiziňe, gijeleriňe, Ol bütin ömrüňe täji-tagtdyr. Ruhdan düşse bu durmuşda kimde-kim, Ilki bilen seniň, meniň hatamdyr. Howluk mähriň paýlamaga ýanyna, Belki-de, ol doganyňdyr, ataňdyr... 13.02.1996. ▶ SADALYK GOŞGUSY Ýasamalyk açar mydam aýbyňy, Zandyňda bolmasa başda sadalyk, Maňa başga sylag-serpaý gerekmes, Ömür sürseň sada diýen at alyp. Goý, utulsam utulaýyn oýunda, Besdir maňa «sada eken» diýseler. Bolarmy heý, bu durmuşyň manysy, «Sadalykdan jyda eken» diýseler. Eger şu gün haýrym degse birine, Başym gök direýär, giňeýär dünýäm. Saýgarmasam halal bilen haramy, Dirikäm goýberen iň agyr günäm. Iýdirme, iýme-de iliň hakyny, Bagt bil özüňe borjuň haklanyň. Eger şarpyk dadanyňdan tilkiden Gowy dälmi parçalany gaplaňyň?! Besdir maňa «sada eken» diýseňiz, Istemen dünýäniň maly-mülküni. Sadalyk atamdan galan ýadygär, Aýyrmasyn ömürbaky gülkümi. Iň arassa gbülki – ýürek gülküsi, «Ýüregi doň» diýmeseler bes maňa. Men çaga deý bu durmuşy söýýärin, Hem bolaýyn bir wepaly ýar saňa. Aglasam aglaýyn, gülsem güleýin, Ýaşaýyn bäş günlük öz-özüm bolup. Maňa saýa salmaz bagy bahylyň, Ýazymy ýazlaýyn öz ýazym bolup. 17-20.02.1996. ▶ «MEGER, ÇYNAR MISLI ÇUŇŇUR KÖKLI BIZ...» Ýarag alyp girmesek-de jeňe biz, Owalbaşda nämeleri görmedik?! Hakykaty yzlap gaýtdyk aňyrdan, Bu durmuşyň haýsy gatyn dörmedik?! Siltelände durmuş ýyglamadyg-a, Aglasalar göwün çaglamadyg-a. «Emme ýok – diýdiler – aglamadyga», Haýsy oda özümizi urmadyk. Niçeme oýnuny gördük köpegiň, Çydadyk zarbyna nähak kötegiň. Ýadyňa düşýärmi ysy tötegiň? Namardyň gaşynda boýun burmadyk. Dogry sözden zelel çekdik kän gezek, Dodagyň dişläpdiň uzakdan-uzak. Baý, niçeme sapar gurdular duzak, Ýöne biz olara duzak gurmadyk. Munda belki, bir jogap, müň sowal bar, Ýagşa ýaman, ýamanlara zowal bar, Şükür huda, ömrümize dowam bar, Bilde kuwwat, kerwen içre nermidik?! Undup şäher kinelerin, dawany, Ýör, daga çykaly belent howaly. Şo ýerde diňläli beýik Çuwaly, Diýer ýaly: «Serimizi durladyk». Daglarda Kerimiň ylhamy ýatyr, Magtymguly Garlyň gül heňi ýatyr. Müň derdiň dermany – melhemi ýatyr, Göwünler galkynyp diýsin: Armadyk». Şu günlere guwanmaga hakly biz, Ertirimiz gözel – çatýar aklymyz. Meger, çynar misli çuňňur kökli biz, Pespällikden döşe kakyp ýörmedik. 21-22.02.1996. ▶ «LEBIŇ LEBE GOÝUP YŞKA ÝAKAŇDA...» Bilbil deý saýranda güller açylmyş, Müşki anbar ysy dünýä saçylmyş. Haktagala başda zehin eçilmiş, Yşk mülküniň şasy bolduň, şahyrym. Ogşatdym ylhamyň datly çeşmäge. Rowgat berdiň suwsuz ýatan teşnäge. Seňki deýin ylham gerek joşmaga, Erkinlik mukamyn çaldyň, şahyrym. Lebiň lebe goýup yşka ýakaňda, Yşk derýasyn boýlap-boýlap akaňda. Egsilmez daşgyn bar goşgy okaňda, Gözellige ýüzüň syldyň, şahyrym. Kim zehiniň öňünde baş egmeýär? Aýdymlaryň özi näme degmeýär! Joşan göwün bu dünýäge sygmaýar, Owaz bolup dünýä dolduň, şahyrym. Ömüriňe ömür goşar aýdymlar, (Heý, aýdymsyz ömür bormy, aýdyňlar?) Ýeke men däl, köpdür muny aýdanlar, Aşyklardan alkyş aldyň şahyrym. Bir hakykat – ömür geçip baradyr, Çyn şahyrlar, belki, baky duradyr. Şolaň birem dostum Sapar Öredir, Bu dünýäge baky geldiň, şahyrym. 25.02.1996. ▶ «ÝADYŇA DÜŞÝÄRMI GEZEN ÝERLERMIZ?...» Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Joşup-joşup şygyr düzen ýerlermiz. Goşa gumry deýin ganatlarmyzy Bir zaman zeminden üzen ýerlermiz. Sen-ä Leýli, menem Mežnun bolupdym, Mahmal deýin gujagyňa dolupdym. Ýylgyrsaň şat, ýylgyrmasaň solupdym. Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Juwan kalbymyzy bezän ýerlermiz. Bag içinde messan-messan geziler, Aşyklar şanyna dessan düzüler. Aýt, haçan gussa düwnüň çözüler, Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Her birek-biregi kösän ýerlermiz. Läläm ýürekde yşk ody lowlaýar, Ýürek sensiz dünýä sygman howlaýar. Ses ber birje göwni bizden towly ýar, Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Öwsüpdi mylaýym Hazar ýellermiz. Dilden düşmez ýeke pursat tarypyň, Sen Senem bol, diňle sazyn Garybyň. Dili lal, gözi kör bolsun göribiň, Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Aýralyk derdinden bozlan ýerlermiz. Baky zat ýok, geçer gider bu günler, Güýz ötüp, gyş gelse solýandyr güller, Aýra saldy bizi bu uzak ýollar, Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Gözýaşdan topragy ezen ýerlermiz. Ömür diýlen ýele çalym ekeni, Göz açyp-ýumasy salym ekeni. Wagt – rehimdar hem zalym ekeni, Ýadyňa düşýärmi gezen ýerlermiz, Gelseň ýene aman-esen ýerlermiz. 14.03.1996. ▶ ÖMÜR Seýitnyýaz Ataýewe Her kime birhili gelýär gojalyk, Birisi kyrk ýaşda barýar gojalyp. Birisi ýetmişden ýene güýç alyp, Tüweleme gerdeninde hojalyk. Duşaňda misli bir deň-duş ýaly sen, Geçmersiň soraman hal-ahwaly sen. Ilki bilen ataň düşer ýadyňa, Müýnüň bolsa, hataň düşer ýadyňa. Eger seniň ýaly bolsa her türkmen, Dagdan daşyp akan sillerden gorkman. Bir milletiň ýüzüniň ak tuwagy, Ilki ýada düşýäň gaýgyly çagy. Şonda kynçylyklar ýeňilýär misli, Ruhumy göterýäň Görogly kysmy. Ýeňil däldi geçmek otdan, ýalyndan, Aglamadyň başyň tutup ýalandan. Aýry zadyň bolmandy seň Watandan, Gaýry zadyň bolmandy seň Watandan. Namart Watan diýip gygyrýan wagty, Öýünde mes bolup gägirýän wagty, Seň paýyňa düşdi Beýik Watany Ele ýarag alyp goramak bagty. Dogrudanam sen bagtly adam, Döwrüň depesinde tagtly adam. Bagt ölçegi däl, elbetde, tagt, Ýöne şeýle ömür sürmekdir bagt! Her kim – her kim bolup bilmez merdana, Ýalňyşmaryn diýsem, dana sen, dana. Ölümiň gözüne seredip bilen, Doňan göwünleri eredip bilen, Pähimli-paýhasy juwan agam sen, Başlary buýsançly Köpetdagym sen! 17-18.03.1996. ▶ ÝOL Atly geçdi kimler seniň üstüňden, Seň üstüňden paý-pyýada geçen bar. Öz ömründe soňky gezek üstüňden Obasyndan ýat illere geçen bar. Seň üstüňden kimler geçmedi eýsem? Elleri hasaly gojalar ötmüş. Ýol diýilmez gatnamasa adamlar, Köneler aýtmyşlaý, oňa ot bitmiş. Geçip barýar hanha aşyk-magşuklar, (Aladasy özlerine ýetikdir), Ogram geçýär, dogram geçýär üstüňden, Ýaşyň bilmen, meger, müňe ýetipdir. Ýolum, eziz ýolum, ugrat elmydam, Nirä barsam, dolanaýyn yzyma. Ykbal meni senden aýra salmasyn, Herne ýörsem, kuwwat berýäň dyzyma. Aýak ýalaň, başy açyk çaglarym, Oglanlykda tozanyňa garyldym. Sen uzalyp meni daglara eltdiň, Nurly günüň aşagynda garaldym. Ýolum, eziz ýolum, mähriban ýolum, Atalaryň aýak yzy bar sende. Gadym Isgenderiň, Çingiz hanlaryň Agyr leşgeriniň tozy bar sende. Ötüp barýan seniň öwrümleriňden, Geljegime nazar salyp ýene men. Ugradaňda mydam ak pata berip, Gujak açyp garşylaýan ene sen. 20-21.03.1996. | |
|
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||