22:45 Manyly ömür | |
MANYLY ÖMÜR
Pedagogika we edep-terbiýe
Allatagaladan berlen zehin nesil yzarlaýar diýerdiler. Añyrsy ahun bolsa - molla, şahyr bolsa - şahyr, bagşy bolsa - bagşy, pälwan bolsa - pälwan ýaly zehinler neberelerine geçýändigini her bir türkmen duýýan bolsa gerek. Gozgaljak söhbetdeşligi-de zehinlilige syrykdyrmaly boldy. Añyrsy zehinli Bekdurdy Guzulyýew Gazanjyk etrabyna öñräkden bäri özüni tanatdy. Ony tanaýan, bile okan mugallymlar bilen gürrüñdeş bolsañ, biragyzdan Bekdurdy ýaly hemme taraplaýyn sowatly adam ýok bolsa gerek diýerler. Munuñ şeýledigine men-de diri şaýatlaryñ biri. Öz-ä Çärjew şäherindäki pedinstitutyñ fizika-matematika fakultetiniñ gaýybana bölümini tapawutly diplom bilen gutarandyr weli, dil-edebiýat, taryh, geografiýa, biologiýa bolsa bolsun, tapawudy ýok, haýsy birinden söz açylsa, hiç kimden tesjek gümany bolmaz. Sebäbi ol her bir ylyma jany teni bilen ýapyşardy. Türkmen ýazyjylarynyñ ýazan romandyr powestlerinden okamadygy ýok bolsa gerek. Okamak bir başga, eseriñ temasyny, many-mazmunyny ýatdan bekläp, ile ýaýratmak bir başga! Ine, şony Bekdurdy aga başardy. Bekdurdy Guzulyýew 1943-nji ýylda Gazanjyk etrabynyñ häzirki Türkmenbaşy daýhan birleşigindäki mekdebiñ 7-nji klasynu gutaryp, şol ýylyñ 1-nji sentýabrynda öz gutaran mekdebinde fizika-matematika sapaklary boýunça mugallymçylyk kärine başlaýar. Azaply ak ýoluñ çetinden girýär. Bir ýyl işländen soń Uzynsuwdaky 3-nji ýediýyllyk mekdebiñ okuw müdirligine bellenýär. 1945-nji ýylyñ 17-nji ýanwarynda Garañkydere obasyndaky 4-nji ýediýyllyk mekdebiñ direktorlygyna geçirilýär. Iki oba birleşdirilýär, 1945-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda ýene öñki işlän mekdebiñ direktorlygy ynanylýar. 1947-nji ýylda Krasnowodsk şäherindäki 6-njy peduçilişäniñ gaýybana bölümini otliçno bahalar bilen tamamlaýar. Gaýybana okaýandygy zerarly 1950-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda öz arzasy bilen Gazanjykdaky 1-nji mekdebe fizika-matematika mugallymy bolup geçýär. 1952-nji ýylyñ 25-nji awgustynda Gazanjygyñ raýon magaryf bölüminiñ müdiri wezipesine bellenýär. 1955-nji ýylda Çärjew şäherindäki pedinstitutyñ fizika-matematika fakultetiniñ gaýybana bölümini tapawutlanan diplom bilen gutarýar. Bekdurdy aga wezipä kowalaşýan adam däl. Esasy maksady fizika-matematikadan çagalara çuñ bilim berip, mugallym kadrlaryny, okuwçy taýýarlamaga ugrukdyrylan. Şony-da gazandy. Dokuz ýyl Gazanjykdaky 2-njo orta mekdepde mugallym, direktor bolup işledi. Raýkomyñ býurosyna çagyrylyp, ýene raýon magaryf bölüminiñ müdirligine bellendi. Bu kärde dokuz ýyl işläp, syrkawlygy zerarly personal pensiýa çykdy. Her hili kesel bolýan eken! Bekdurdy aga dünýäni tanaman, ýagty jahany görmän on ýyla golaý öýünde ýatdy. Şükür Hudaýa, soñy düzüw boldy. Ile ulaşdy. Otuz ýedi ýyl magaryf işinde işledi. Özüniñ manyly ömründe 1946-njy ýylda "За доблестный друг", 1954-nji ýylda "За трудовое отличие" diýen medallaryñ eýesi boldy. 1964-nji ýylda "TSSR Halk magaryfynyñ otliçnigi", 1967-nji ýylda "At gazanan mekdep mugallymy" diýen hormatly atlar dakyldy. Bekdurdy Guzulyýew saglygy kadarak bolansoñ döredijilik işine başlady. Dürli gazet-žurnallarda makalalary, goşgulary yzygiderli çap edilýär. Bekdurdy aganyñ prozada ýykgyn edýän temalary: taryhy şahslar, durmuş öwrümleri, ykbal, nukdaýnazar, döwür, jemgyýet, ahlak ýaly bolup, öten-geçen keramatly ahunlar, hakdan içen şahyrlar, atly bagşylar, ýany ýere degmedik pälwanlar, dertleri dep edýän tebipler, bihaly däl adamlar bolup, olaryñ ruhuny tirsegine galdyrýan ýaly duýýarsyñ. Olaryñ atlaryny il-güne ýetirip sahawatly iş edýär. Poeziýa älemine-de jogapkärli garaýar, ilhalar goşgulary döredýär. "Dünýe", "Pyragy", "Ne peýda", "Gelmezmiñ ýaşlyk?", "Balkanyñ", "Çopan" ýaly şygyrlarynda klassyk şahyrlaryñ äheñi duýulýar. Edep-ekram barada öwüt-nesihat beriji goşgulary göwnüñden gopýar. Bekdurdy aga özüniñ endigine görä, ýaşlary terbiýelemekden-de daşda durmaýar. Bekdurdy Guzulyýewe: "Ýoldaş mugallym!" diýip, ýüzlenýänleriñ hetdi bar-da, hesibi ýok. Ol on çagany ösdürip ýetişdirdi. Bekdurdy aganyñ maşgala agzalaryna, özüne jan saglygy dileýärin! Galamynyñ ýiti bolmagyny arzuw edýärin! Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |