02:28 Mary | |
MARY
Goşgular
''Mary-şahy jahan asly mekanym'' (Gara şahyr) Ýolum düşdi. Gäwürgala dyrmaşyp, Depesinde gezim edip ýöredim. Bir golça döwgüne nazarym düşüp, Dury syrçalarna siñe garadym. Şol syrçada surat bolup görünýär Mary medeniýeti, ylym ojagy. Ortasyndan derýa öñe urunýar, Günüñ howry ýeri ýandyrýan çagy. Gözel şäher, ajap köşgi-eýwany, Bag-bakjalar bir-birine utgaşýar. Dünýä bazarynyñ agyr kerweni Äpet saraýynda harydyn çöşýär. Şol bazara nazar salmak islämde, Bitmän galdy dürli görnüş syrçada... Garap görsem, demirgazyk beýlämde, Soltan Sanjar ㅡ ýadygär bir parça-da. Derýa-da ýok, şäher-de ýok, dükan-da, Talañçylañ toýnagynyñ yzy bar. Golçañ döwgün aýlandyryp bakamda, Çingiz hanjarynyñ ganly yzy bar. Golça döwgi göýä maña şol ýerde, Soragly göz bilen bakdy naýynjar: ''Meniñ göwräm, ussam, eýäm nirede? Hany, ol Jeýhuna el uran Sanjar?'' Syrça garap jogap berdim aç-açan: ''Watan abat, seniñ göwräñ synsa-da! Türkmen halky ölmez, ýitmez hiç haçan, Täzeden möwç alýar täze dünýäde! Bu gün bizde ussa-da bar, eýe-de, Gunçalap gül açýar atalar mülki. Howp däl abansa gara gaýa-da, Biziñ bilen bile beýik rus halky! Hanha seret: gözýetimde gök salýan ''Türkmenistan'' obasynyñ pagtasy... Täze söz ýat saña. Düşmersiñ, bilýän, Biziñ elimizde durmuş nogtasy. In£enerler küýsetmeýär Sanjary, Jeýhun jylawyny çekýäris bärik. Garagum göwsünden ägirt bir jary Ýakynda getiris hökman şu ýerik! Mary şonda Tejen bilen tapyşar, Ahala-da ýeter onuñ bir goly. Pagta, bugdaý, bag-bakjalar tutaşar, Gülzara aýlanar Garagum çöli. Topragynda tylla isleseñ öner, Güneş öli ýeri getirer jana. Senagat, medeniýet barha güýçlener, Zawodlar turbasy galar asmana''. 1946. Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||