13:14 Mazarlar ynjamasyn | |
MAZARLAR YNJAMASYN
Jemgyýetçilik tankydy
Halk içinde: "Öňde-de bir ogry halys ogurlara zat tapmasa, öz telpegini özi ogurlap onsoň ýatýarmyşyn...“ diýen gürrüň bar. Şonuňky ýaly, seredip otursaň biziň deredijilik intelligensiýamyzyňam birnäçesiniň juda edere iş tapmasa öten-geçenleriň mazarlaryny ondan-oňa geçiräýesi gelip duran ýäly. Öň-ä onlarça ýyldan soň mazaryny gazyp, süýeklerini lerzana getirip, meşhur sazanda Mylly aganyň jesedini Altynjy mähelledäki "Çopanata“ gonamçylygyndan şäher gonamçylygyna geçirdiler. Indem... "Dile geldi, bile geldi“ diýipdirler, esasy gürrüňe geçmezden öňürti geliň gowsy Mylly agaly gürrüňi birýüzli edeliň. Eýsem şeýle zat gerekmidi? Näm-ä gerekdi? Kime gerekdi? Ýa ýatan adamy garysyna galdyryp, öwlüýäsini çalşyranyň bilen sogap iş etdigiň bolýarmy? Halypa sazandanyň guburynyň şäher gonamçylygyna göçürilmeginiň sebäbini käbir ýoldaşlar – üstünden belli bir möhlet geçensoň, islendik gonamçylygy tekizläp, ýerine jaý salyp bolýarmyşyn-diýen düzgüniň bardygy, "Çopanata“ gonamçylygyna-da şeýle howpuň abanýandygy bilen düşündirjek bolýarlar. Şeýle düzgüniň öň hakykatdanam bolandygyny, emma indi gadagan edilendigini biz şäher arhitekturasy boýunça iş salyşýan hünärmenlerden sorap bildik. Eger-de ideg-yssywat edilýän gonamçylyk bolsa-ha asylam el degrilmeýändigini, olar ýaly ýagdaýa zyňyndy, ulanyşdan galan, üstüne ot-çöp bitip, içinde goýumlygyň bardygy-ýokdygy hem bildirmeýän gonamçylyklaryň sezewar edilýändigini hem aýtdylar. Mylly aganyň ýatan gonamçylygy hem hakykatdanam /Mir köçesiniň ugrunda/ şu ýagdaýa düşen gonamçylyklaryň biri. Şol gonamçylyga şeýle howpuň abanandygam, üstünden Mir köçesiniň geçirilendiginem çyn. "Goçgarata“ gonamçylygy hem häli-häzire çenli şol ýagdaýda. Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz salyryň “Çeleki” gonamçylygyndaky guburynyň ýitip gidendigini hem köpler bilýänem däldirler. Elbetde, bu ýagdaýa biziň özümiz günäkär. Türkmeniň jähennemçiligi, geleňsizligi, şu çaka çenli: "Mazar näçe çalt ýitse şonçada sogap bolýamyş...“ diýen düşünjä uýup gelendigi günäkär. Her kim öz ölüsine wagtly-wagtynda sereden bolsady, onda şol gonamçylyklaryň hiç birem beýle gözgyny ýagdaýa düşmezdi. Bu meselede biziň hakykatdanam şäher gonamçylygyndan görelde almagymyz gerek. Ýöne her niçik bolsa-da, şäher ispolkomy tarapyndan şundan şu ýana diňe bir gözegçilik edilýänine däl, asyl ady gonamçylyk bolsa azar bermeli däl, juda bolmasa daşyna haýat aýlap goýmaly, diýen karara-ha gelnipdir. Bu gowy zat. Şu karar çykmazdan ozal, Mylly aganyň mazaryny göçürmek üçin alada eden adamlaram elbetde meşhur sazandanyň jesedini arlaşyp geljek ekskowatorlaryň demir dişinden halas etmek üçin şeýdendirler. Biz olara "erbet iş edipsiňiz“ diýip igenip biljek däl. Olar ogullyk aladasyny edipdirler. Emma olar şol wagtam weýran boljak gonamçylykdan diňe bir adamyň jesedini alyp gaçmak barada däl-de, bütin gonamçylygy halas etmekligiň, aladasyny etmeli ekenler. Ata-babaň süýeklerini traktor bilen bir tarapa süräge-de, ýerine jaý salyp, eýwanynda jiňkerilen bolup oturmagyň adam diýen belent ada uslyp däldigini, o zatlaryň juda ynsapsyzlykdygyny, ahlaksyzlykdygyny, üstünde jaý gurmag-a däl, gonamçylygymyzy kimdir birine sähelçe ynjytdtraýsagam bigaýratdygymyzyň ölçegine mizan çydamajakdygyna degişli adamlara olar şo wagtlar düşündirmeli ekenler. Bardy-geldi, gepleri ýer tutmaýanlygynda-da, "Öňi-soňy tekizläp üstünden gurluşyk etjek bolsaňyz onda bize Mylly aganyň gubur ýerini bölüp beriň, biz onuň töweregini serenjamlajak, rejelejek, gül ekjek, bag oturtjak, ýadygärligini goýjak“ giýäge-de arhitektura boýunça çözgüdini tapyp, mazary duran ýerinde ebedileşdiräýmeli ekenler. Şeýdilen bolsa hem-ä gonamçylyk kemsinmezdi, hemem garry sazandanyň jesedi ynjamazdy. Mylly aganyň guburynyň töweregi has gelim-gidimli ýere öwrülerdi. Bu gürrüň şu ýerde dursyn, indi başky ýaňzydyp goýan gürrüňimize dolanyp geleliň. Köneler: "Beterinden beteri bar“ diýipdirler. Mylly aga eýle boldy diýsek, indem ýazyjylaryň arasynda: "...Kemine bilen Mollamurtyň mazaryny Sarahsdan Mara göçurjekmişinler, Mollanepesiň mazarynam şol ýere eltip, şol oblasta degişli klassyk şahyrlaryň alleýasyny döretjekmişinler“ diýen geň-gürrüň ýaýrap başlady. Bu mesele eýýäm Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde seredilipdir. Biz asyl-ha mazar açylyp, jeset gozgalmagyna garşydygymyzy Mylly aganyň mysalynda düşündiripdik. Şonuň üçinem Mary topragynda ýatan Mollanepesiň mazarynyň duran ýerinden gozgalyp Mary şäherinde göçürilmegine-de düýpgöter kaýyl däl welin, ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýatan Kemine bilen Mollamurty, Mara äkitmekde näme zerurlygyň ýüze çykandygyna akylmyz haýran. Gyzyklanyp gördük welin. Onuňam bar sebäbi, nämemişin Kemine-hä Saragtda ýaşap, Sarahsda dünýeden öten hem bolsa, häzirki wagtda nebereleri Mary etraplarynda ýaşaýarmyşyn, Mollamurtyňam nebereleri Sarahsda bolsa-da, doglan ýeri häzirki wagtda Mar oblastyna degişli bolan Pendi sebitlerimişin. Biri-birine düýpgeter çapraz gelýän şu iki pikiriň şeýle ussatlyk bilen bir uşlyba düzülşine geňler galaýmaly. Onsoňam hiý, nebereleri pylan ýerdemişin diýibem bir mazar göçürilermi? Bar, ine, aýdaly, hamala Keminäniň nebereleri häzir BAM-a göçüp giden ekenler-de, näme, onsoň onuň mazarynam şolaryň yzy bilen şol ýana äkitjekmi? Ýa indi Mollamurtyň mazaryny Mara göçürjekmişinler diýip onuň nebereleri Mara göçsünlermi? Hiý beýle-de bir başagaýlyk bolarmy? Kim nähili pikire uýan bolsa-da, gürrüň bu ýerde başga zat barada däl-de, diňe toprak barada barýar. Bir ýüz kyrk sekiz ýyl bäri öz topragyny ýassanyp ýatan Keminesini, onlarça ýyl bäri "Gyzbibi" gonamçylygynda "mekan tutan" Mollamurtyň jesedini sarahslylar barybir hiç kime bermez. Şonuň üçinem bu meseläni bada-bat ortadan aýymak gerek. Bolmasa dawa has ula gider. Mary şäherinde şahyrlaryň alleýasyny döretmek barada pikir ýöredýän ýoldaşlary bolsa biz ikelläp goldaýarys. Ýöne şeýle alleýany döretmek üçin telim adamyň mazaryny gazyp, gör köwüp, ençeme ýyl bäri baky ukuda ýatan adamlary bizok edip ýörmekligiň düýbünden geregi ýok. Ony alaga-da döredibermeli. Juda göwnüňe jaýlasyň gelse hersiniň guburyndan ýekeje gysym gum getiräýmeli. Bolmasa olam hökman däl. Şeýle alleýalar goňşy respublikalaryň köpüsinde bar. Özem belli bir oblasta ýa raýona degişli däl-de, tutuş respublika degişli bolan ýazyjy-şahyrlardan ybarat alleýa. Muňa mysal edip Daşkent şäheriniň merkezindäki Nowaýy alleýasyny görkezmek bolar. Kim gören bolsa bilýändir, ortada-ha Nowaýynyň ýadygärligi dur, iki tarapynda-da özbek ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri. Biziň ýazyjylarymyzyňam gozgan meseleleri gowy. Gutlamaly zat. Ýene çemelenişi ýalňyş. Onsoňam şeýle alleýalary ýeke bir Maryda däl, beýleki şäherlerde-de gurmak gerek. Özem diňe ýazyjy-şahyrlaryňkyny däl-de, bagşy-sazandalaryňkynam gursaň gelişmän durmaz. Şeýle alleýany Aşgabatda, Mylly aganyň öňki ýatan ýerinde gurup bolardy. Emma indi giç. Biziň esasy diýjek bolýan zadymyz merhumlar indi bir öz ýatan ýerlerinde ýatsynlar. Özlerem rahat ýatsynlar. Ynjamasynlar. Şu maslahatymyzy unamaýanlara bolsa biziň: "Ho-onha, serhetden aňyrda, il-günden yrakda, türkmen halkynyň gerçegi, depämiziň täji, äpet şahyr Magtymguly Pyragy, onuň atasy Döwletmämmet Azady ýatyr, gaýratyňyz bolsa gidiň-de, şony şu ýere getiriň!..“ diýesimiz gelýär. Emma bu işe baş goşan adam tapylmaz. Oňa hiç kiniň bognam ysmaz. Asyl ony aňyrdakylar bermezlerem. Golaýynyda eltmezler. Biz diňe bir-birimiziň elimizdäkini alyp öwrenipdirs. Magtymguly halypa bolsa goý, öz ýatan ýerinde ýatybersin. Gowy görýänimiz çynymyz bolsa kitaplaryny ile meňzeş edip çykaralyň. Dert-azar namazlykdan düşürjek bolup dyzaşyp durmalyň-da, dini äheňdäki goşgylarynam çykaryp göýbereliň. Kemine bilen Mollamurtly meseläni jemläp aýtsak bolsa, hemmämize belli zat, öňler her kim öwlüýäniň töwereginde, mazaryň başynda görünmage-de gorkýardy. Indi ähli zada garaýyş üýtgedi. Öwlüýä tarap seretmäge-de gorkup ýören partiýa we hökümet ýşgärlerem indi birneme ýüreklenip başladylar. Mazarlar, gonamçylyklara serenjam bermeklik, rejelemek, gowy däpleriň birine öwrüldi. Şonuň üçinem, Sarahs raýispolkomy hem, raýonyň zähmetkeşleri hem, şahyrlaryň guburlaryna tarap asfalt çekmäge-de, mazarlarynyň üstünde ýadygärlik galdyrmaga-da, güller ekip, suwlap sepip, gije-gündiz hyzmat etmäge-de taýyn. Öz saýalaryny penalap ýatan şahyrlarynyň nirädir bir ýana alnyp gidilmegine welin olar çürt-kesip garşy. Demokratiýanyň giň gerim alan döwründe, aýanlygyň rowaçlanýan günlerinde halk köpçüliginiň islegi nazarda tutular we bäş-on sany adamyň gelen karary bilen halkyň göwün-islegine garşy gidilmez, öň bir gezek göýberilen gödek ýalňyşlyk (Mylly aga meselesinde) indi gaýtalanmaz, gaýtam öz goýnunda türkmen halkynyň bilbili Oraz salyry gizläp ýatan "Goçgarata“ gonamçylygy abadanlaşdyrmaklygyňam ugruna çykylar diýip umyt edýäris. Bellik: Şu meselä soň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde gaýtadan seredildi we ýatyryldy. (Awtor) Iýun. 1988 ýyl. Juma HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |