15:38 Mazaryñ üstüne, gonamçylyga agaç, gül ekseñ bolýarmy?.. | |
MAZARYÑ ÜSTÜNE, GONAMÇYLYGA AGAÇ, GÜL EKSEÑ BOLÝARMY, MUNUÑ ÖLÜLERE PEÝDASY BARMY?
Edebi makalalar
Mazaryñ başyna agaç ekmek sogap saýylýar. Ekilen agajyñ we ösümligiñ merhumyñ ruhuna berilýän azabyñ ýeñledilmegine sebäp boljakdygy hakda aýdylýan rowaýatlar bar. Şonuñ üçinem mazarlaryñ üstüne ekilen agaçlaryñ edýän zikirleri, tesbihleri we ondan peýdalanan janly-jandarlar, ol mazarda ýatanyñ amal depderine ýazylýar we oña sogap gazandyrýar. Ekilen agajyñ belli bir agaç bolmalydygy hökmany şert däl. Ýöne miweli ýa-da uzak ömürli agaç bolsa has gowy. Şeýle-de guburyñ üstüne ekmek bilen başujyna, gapdalyna ekmegiñ hiç hili tapawudy ýok. Hristianlaryñ edişi ýaly guburyñ üstüne gül desselerini goýmak bolsa mekrudyr. "Eliñizde agaç nahaly bolup, şowagtam kyýamat gopup başlasa, eger ony ekmäge wagtyñyz galan bolsa, ekmän goýmañ". (el-Münawi, "Feýzul-Kadir", III/30). "Kim agaç ekmäge gatnaşsa, onuñ üçin agajyñ getiren miwesiçe Alla sogap ýazýar". (Ahmet ibn Hanbal, "Müsned", V/415). "Her kim boş, gurap ýatan takyr ýeri bejerse, bu amaly sebäpli Alla tarapyndan sylaglandyrylar. Adam we haýwan ondan peýdalandygysaýy ol ýeri bejerene sogap ýazylar". (el-Münawi, "Feýzul-Kadir", VI/39; Heýsemi, "Mejmauz-Zewaid", IV/67-68) "Biri agaç ekse, ol agaç bütin ömründe beren miwesiniñ sogaby onuñ hasabyna ýazylar". (Ahmet ibn Hanbal, "Müsned", V/480) "Musulmanlardan biri agaç ekse, ol agaçdan iýlen iýmiş hökman onuñ sogabyna ýazylar. Ol agaçdan ogurlanan iýmişem ýene şol musulmanyñ sogabyna ýazylar. Guşlar iýse-de sogabyna ýazylar. Hemmeleriñ iýip geçýän iýmişi-de, onuñ agajyny eken musulmanlaryñ sogabynadyr". (Buhary, "Tejrid-i Sarih", VII/122; Müslim, "Musakat" 2, no: 7) "Biri mazarda ýatanam bolsa, ýedi zatdan emele gelýän sogap yzygiderli oña barýar: Öwredilen ylym, halkyñ peýdalanmagy üçin çekilen suw, gazylan guýy, ekilen agaç, gurulan metjit, okalmaga bagş edilen Kuran we ölüminden soñ oña doga-dileg etjek zürýat". (Münawi, IV/87) Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gonamçylygyñ deñesinden geçip barýarka, iki guburda ýatan merhumyñ käbir ownuk zatlar sebäpli azap çekip ýatandygyny gördi. Guburda ýatanlaryñ biri ýaşan ömründe gep gezdirip arabozarlyk etse, beýlekisi peşewden goranmaýan eken. Resulalla (s.a.w) öl şaha alyp ikä bölüpdir we hersini bir gubruñ üstüne dürtüpdir. Muny gören sahabalary nämüçin beýdendigini sorapdyrlar. Şonda: - Bu iki şaha guraýança iki ýatanyñ çekýän azabynyñ ýeñledilmegi umydy bar. (Buhary, "Jenâiz", 82; Müslim, "Iman, 34; Ebu Dawut, "Tahâret", 26). Gonamçylyklary baglyga büremek, adamlaryñ ýa-da haýwanlaryñ peýdasyna ýarajak şekilde miweli agaç ekmek, elbetde, gonamçylykda ýatanlara peýdaly iş. Emma görünjek bolup, muny diñe göz üçin etmegem dogry däl. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |