23:55 Mekdebim | |
MEKDEBIM
Goşgular
Klas - höwürtgämiz, Mekdep - bagymyz, Uçduk höwürtgäni, bagymyz taşlap. Ýyllar kesek deýin pytratdy bizi, Höwürtgämiz başga, bagymyz başga. Her kim bir maksadyñ ugrunda uçdy, Belli däl nirlere baryp gonany. Bardyr maksadyna ýeten ýa-da bar Arzuwyn düýnünde ýygnap goýany. Gonardan beýikdik, degmedi ýere, Söýginiñ ugrunda gedem dyzlarmyz. Özge şahalara baryp gondular, Bile ganat biten gözel gyzlarmyz. Bar indi her kimiñ öznüñ Dünýäsi, Gitdi her kim öwrülip bir ykbala. Birmahal ugradan gögüne bakyp, Mekdebimiz gözün dikýär ak ýola. Ak başyñy ak nurlara sypadyp, Gözleme, mekdebim, ýyldyzdan, Günden. Durmuş ganatlary ýere baglandyr, Geleris biz ýöräp ýeriñ üstünden. * * * Ýaşlyk ýyllarymyñ paýawlan wagty, Gara saçlarymyñ gyrawlan wagty, Kän zada seredýän indi başgaça, Durmuşyñ lezzeti diýseñ başga-la. Bilinmändir posalaryñ parhy hem, Şoñ üçin bagtdan kimsäñ rysgy kem. Gözümiz baglapdyr ýaşlyk ýelgini, Däl eken durmuşyñ ýollary göni. Indi beýniñ barha agralyp barýar, Ýol - egri, ädimleñ dogralyp barýar. Ýaşlygyñ başyna getirdiñ oýny, Howalanyp, ah, çal beýni, çal beýni, Geçip gitdi duýgulara eýlenip, Wagtyndan ir garramakdan eýmenip, Akyl käsesini doldurýar ýyllar, Indi gidip bolmaz öñki deý ýyndam. Ýeñil däldir dolan zady götermek, Dökmän-saçman ahyryna ýetirmek. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |