12:28 Mele gelin / hekaýa | |
MELE GELIN
Hekaýalar
Melegülüň bu oba gelin bolup gelenine o diýen bir kän wagt hem geçmändi. “Bekdurdynyň gelni ýaly gelniň bolaýsa” diýibem uly iliň diline düşdi. Meretgülüň özi hem asylly gyzdy welin, onuň bagtyndan çykan ýigidem polady ýumşak oglanlardan bolup çykdy. Onsoň gaýny Sülgün ejäniň hem gelninden göwnühoşdy. Bir diýenini iki gaýtaladan gezegine gabat gelmändi. Onsoň olam oturan-turan ýerinde „Deň etmän, duş etmez“ diýlendir. Bagtymyza, terbiýe gören maşgala duşduk“ diýerdi. Özi-de oňa mele gelin diýip ýüzlenerdi. Onda-munda söz açylanda-da,“Baryberiň, öýde mele geiln bardyr“ diýerdi. Onsoň hemmelerem, uly-kiçi oňa mele gelin diýip ýüzlenerdiler. Şeýdibem onuň il içinde Melegülden Mele gelin ady ýörgünli bolup galyberdi. Melegül sähel wagtyň içinde gaýny bilen ýag bilen bal ýaly garyşdy ötägitdi. Gaýnynyň sözleýşine, dile çeperligine gözi gitdi. Aýtjak bolýan pähimleri onuň agzyna geler durardy. Gün içinde aýdan nakyllaryny oturyp sanasaň, sanardan kändi. Şonsuz gürlänokdam. “Atalaryň sözüne eýerip ýaşan adam aňsat-aňsat ýalňyşýan däldir“ diýerdi. Şonuň üçinem bir gün Melegül çaý başynda „Enesi, maňa-da nakyl aýdyp berseňizläň!“ diýip ýüzlendi. Sülgün eje ör-gökden geldi. „Wah, gyzym men nakyl bilýänmi? Nakyl öwreder ýaly käşgä mugallymçylyk okuwynda okan bolsadym. Üstesine, ýatkeşligimem ýabygorly“ diýdi. Birsalymdan gürrüňe başlanda welin, sözüniň arasynda nakyl yzyna nakyl sugşuryp oturanyny özem bilmän galdy. „Üzüm üzüme görä garalar“ diýleni boldy. Melegülem gaýynenesinden sapak aldy. - Mele gelin, sen bar bir çaý oturt—diýip, Sonagül eje içerik girdi. - Bor, enesi. - Hä diýmän, Bekdurdy janam agşamky işinden geler. Ýüwürjiň Hakberdinem oýar. Besdir ýatybildi. Soňky wagtlar köp ýatmany çykarypdyr. Köp ýatagan ýigitler ýaramaz gylykly gyzlara öýlenermiş. Bar, ejeň şeý diýýär diýibem aýt. - Bor, enesi. - Onsoňam oturyp-turup, goňşym Sonagüle nebsim agyrýa-la, gyz. Öz-ä oglunyň bagty açylanok diýip zeýrenýär. Aýdylanyna-da gulak asanok. Gudaçylyga barlanda, şol bir ýerik ýedi gezek baranyň¬dan soň, gyz be¬ril¬mese, gaýdyp bar¬ma¬ly däl, ýazylmadygydyr diýýän. Hi-iç, gulak gabardanok. Oglam şo-ol bir diýenini tutup durmuşyn.-- Melegül daş çykansoňam Sülgün eje özüni kimdir biri diňleýän ýaly gürrüňiniň hörpüni üzmedi.—Ynha, görersiň, ahyrynda meň aňlaýşym dogry çykar. Bir günden bir gün hökman başga biriniň gapysyny açmaly bolar... Gaýyn-gelniň şular ýaly äbe-de-jüýje bolşup, birek-birege düşünişip, ýaşap ýören günlerinde Melegül üçin garaşylmadyk bir waka ýüze çykdy duruberdi. Öýlänler Melegülüň ýanyna jorasy Tuwakbibi gelipdi. Ol gürrüňiniň bir ýerinde: - A gyz, Melegül, men senden bir zat soraýyn-la, ýöne göniňi aýt, saňa hem gaýnyň azar berýämişin diýýäler, şol dogrumy?—diýip sorady. Şonda Melegül ör-gökden geldi. --Beý diýme gyz, agzyň gyşarar. Kim çykarýamyşyn, beýle bolgusyz gepi? --Joramyz Gurbantäç-le, gyz. --Gurbantäç ýalan aýdypdyr. Biziň günümizi görüp bilýän däldir. Onuň özi gaýny bilen oňuşman, gelen gününden adamsyny alyp, başga ýere göçmek bilen bolmadymy näme? Nebir gül ýaly gaýny bar. „Ony eýtgin!“, “Muny beýtgin!“ diýse, „Tygşytly bol!“, “Tiz gelen döwletiň gadyry bolmaz“ diýse, „Günde-günaşa ataň öýi bolmaz, gelin gelen ýeri bilen bolmalydyr!“ diýse, o benneden gaty görýämiş. - Näme diýseňem, seniň gaýyneneňem zalym görünýär. --Gaýynenem zalym bolsa-da janymdyr, hemem gara gözümdir. Adama daşyndan görüp baha bermek bolmaz. Ol juda gowy, mährem, ýüregi päk, ynsaply adam. Men ony ejemiň ornunda goýýan. Ol maňa ýaman zat öwredenok. Olam meni gowy görýär. „At ýüzli gyzym bolandan, aýy ýüzli gelnim bolsun“. Maňa bakyş-görüş etjegem, iýdirip-içirjegem, geýdirjegem gelnimdir. Sen diňe bir gelnim dälsiň, gyzymamsyň“ diýýär. „Alysda ýaşan gyzymdan maňa ne peýda, onuňam baran ýerinde öz maşgalasy bar. Onuň hem hyzmatynda bolmaly adamlary bar“ diýýär. Ýöne... joraň Gurbantäç welin ýalňyşdy. Gelen gününden gaýynsyz ýerde ýaşajak diýip tutdurdy, ahyram gepini gögertdi. Körpe ogluny ejesiniň närazylygyna bakman, aýra ýaşatmak diýmek, boljak zatmy, gyz. Iki günden özüniň hem gaýynene boljagyny, aljak gelniniň özi bilen bile ýaşamakdan hem ýüz dönderjegini unutdy. --Ony gürletseň-ä gaýnyny aýyplap, ýüňüni ýetirýär. -- Näme aýby barmyşyn oň? -- Eli egrimiş diýýär. -- Hakyt, şeý diýýämi? Sonagül ejä gazan garasyny sürtseňem ýokmaz. Onuň ýaly asylly, halal gazanç bilen ýaşaýan heleý az-azdyr. Görübilmezleriň tapýan oýnudyr. -- Toýuň widioýazgysyna düşen eken. Öňünde duran käsäni ogrynlyk bilen ýantobasyna salýar. Muny hemmelerem gördi, menem gördüm. --Agzyňdan ýel alsyn. Heý-de şeýle zatlary dile alarlarmy? --Melegül bu gezek çynlakaý görnüşe girdi. -- Onsoň senem şoňa ynandyňmy? Tuwakbibi, Sonagül eje käsä zarmy? Hä, hany aýt, şol heleý käsä zarmydyr. Olaryň öýi depseň depilenok. Käsäniň-ä sany-sajagam ýok. O görgüliň bagty açylman ýören uly ýaşly bir ogly bar, ana, şony öýermegiň peşinde. Döwletli ýeriň toýundan yrym edilip, hiç kese görkezilmän, çäýnek-käse almak, bu ata-babalardan galan. Ol «Toýdan bize-de ýokuş¬syn» diýlen ýagşy niýetli yrymdyr. Ol biziň obamyzda-da bar. Sonagül eje-de şol yrymy bilmän duran däldir. --Asyl şeýlemi? Dogrusy, olar ýaly yrymyň barlygyny-ha bilemokdym. Ony gelni Gurbantäjem bilýän däl bolmaly, bilýän bolsady, her barana toý ýazgysynyň käseli ýerini görkezip ýörmezdi. --Jora jan, gaýynenem aýtmyşlaýyn, „Oýlagsyz söz ýaňsy bolar”. Sen bir gyz, zadyň anygyna-şänigine ýetmän, gürläbermeli däl ekeniň. Seniň bu gürrüňleriň Sonagül ejäniň gulagyna ýetse, ol senden gaty görmezmi? Ýüregini awatmazmy? Şu hakda oýlanmadyňmy? „Çeýnelmän, ýuwdulmaz”.Munuň töhmet bolar. --Eýse, men näme etmeli? --Seniň ýeriňe bolan bolsadym, häziriň özünde baraga-da, Sonagül ejeden ötünç sorardym. --Menmi? --Hawa, sen. -- Näme üçin men?! Goý, ondan ötünji gelni Gurbantäç sorasyn. Biziňki bir eşitmiş. --Eşitmiş bolaýşyny? Maňa-ha çynyrgadyp gürrüň berdiň. Şo zeýilli başga-da aýdan ýerleriň bolandyr. Şeýle gerek? --Aýdypdym öz-ä! Marala, Jerene, Sülgüne, gaýraky Doýduga, hemem jigim Bahara, birem saňa, bar bolany. --Obaň ýaryna aýtdym diýsene. --Eger ol heniz hiç zat eşitmedik bolsa näme? Biziň munymyz “Gorkan öňürder“ bolmazmy? --Goý, bolsun. Doýduk eşiden bolsa, saňa başga merk gerekmi? Agzynyň eýesi däldir ol, obaň galan ýaryna onuň bir özi ýetirer. Sen diýlenini et. “Zeleliň ýarysyndan gaýtgmak-da bir peýda“. Barybir, bu gün eşitmese, ertir eşider. „Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup“. Soň giç bolar. Tuwakbibi jorasynyň ýanyndan gaýdansoňam, birsalym böwrüni diňşirgäp kän oturdy. Kellesine set-müň pikirler gelip geçdi. Teý ahyry, ol pikirleri bir ýana kowdum etdi-de, Sonagül ejelere bakan dogumly ädim ätdi... Şol günüň ertesem Tuwakbibi ýene-de Melegüllere geldi.Ýöne onuň bu günki ädim urşy öňküsinden ap-aýrydy, üýtgeşikdi. Gele-gelmäne: --Melegül, jora jan, maslahatyň üçin sag bol--diýip, ýyrşardy.—Asyl men saňa sala salyp ýalňyşman ekenim. Birinjiden-ä, Sonagül eje dogrudanam käsäni yrym üçin alanlygyny aýtdy. Ikinjidenem... ikinjidenem, meniň bu yrymdan bihabarlygym üçin ol menden hiç bir zady gaty görmejegini aýtdy. Ötünç soranym üçin-ä asylam „Hataňy geçdim“ diýdi. --Onsoň, sen näme etdiň? --Menmi, men onsoň ýaltanman, Marallara, Jerenlere, Sülgünlere hem-de Doýduklara aýlanyp çykdym. Olaryň ählisine-de toý ýerinden hiç kese görkezilmän ýantorba salnan käsäniň Sonagül ejäniň oglunyň bagtynyň açylmagy üçin, yrym edip alandygyny gürrüň berdim. Özümiňem eden işime ökünip, aňyrsyna çykyp bilemok diýdim. - Ine, muny oňarypsyň, jora jan. Senden tamam-da şeýledi. Ynandylar dälmi? - Gurbantäçden öňňesi ynandy. Ol welin günäsini ýuwmak üçin gaýnyň özüniň toslap tapan zadydyr diýdi. - Ol öz işi. Ynansa ynansyn, ynanmasa ynanmasyn. Esasy zat, sen günäňi ýuwduň. Gel indi bileje oturyp çaý içeli. Joralar demini alan çaýly çäýnegi öňlerine aldylar. * * * Basym Sonagül eje-de öz diýen ýeri bilen guda boldy. Toýuň sähedi bellenilip, uly ile çakylyk iberildi. Şol günler Sonagül ejäniň oglunyň bagtynyň açylmagyna şo-ol birmahalky käseli waka sebäp bolupdyr diýenlerem tapyldy. Muny her kes diňe gowulyga ýordy. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||