07:51 Melekleriñ konkursy | |
Nobatguly REJEPOW
Goşgular
▶ MELEKLERIŇ KONKURSY Munda jem şäheriň peri-peýkeri, Munda jem dünýäniň hüýri-melegi, Olar tas ýalaňaç! (Indi nä dünýäde gabahat barmy?!) Güjeňläp sagrysyn, güjeňläp göwsün Durlar auksiona düşen at ýaly. Göwüsleri gupba, (hersi bir lukma!) Boýny garyş, eginleri terezi. Şöhle taýýar gözelleriň budundan (Munda üýşen erkekleriň geregi.) Hersi bir şa gyzy Hut ugrunda ýüwrüp-ýelesiň gelýär, Ýok, olary söýmek gelenok göwne Ýöne weli bile bolasyň gelýär. Munda jem şäheriň peri-peýkeri, Munda jem dünýäniň melegi-hüýri, Pah, ynha hüýr gyzlar atýarlar owsun Wah, indi türkmende Görogly barmy!? Açgöz bilen synlap sagrysyn-göwsün, Inçe biliň, uýluklaryň iň gowsun Saýlap bilmän juda horlanýar žýuri. ...Hol yzky hatarda bir aşyk ýigit Diýýär: «Hüýri tapyşyňyz göreli, Siz ony nireden gözleýärsiňiz Meniň ýanymdaky dünýä gözeli!» * * * Men görmedik şäherlerim söýýärin. Ýola gitmelimi—taýyndyr ýüklem. Hezil ahyr göwnüň batberek ýaly, Uçuryp goýberseň Boşadyp ýüpden. ...Seýl edýän nätanyş seýran baglarda, Ykýan. Duşma aladaň ýok tanşyňa. Agyr mähelleli restoranlarda Saçym silkip çykýan ýaşlaň tansyna. Münýän gidýän gabat gelen ulaga, Ýolum—halan tarapyma rowana. Azaşamok—sebäp barýan ýerim ýok, Alakjamok—sebäp ajap howa-da! Unudýaryn çagalarmyň barlygyn, Dostu-duşmanlarym, hossa-aladam, (Biledim alyngy). Galan baýlygym Hasap ýöretmezden sowýan aýaman. Men nätanyş şäherleri söýýärin, Söýýärin näbelet myhmanhanamy. Ýaşap, hasyl edip köňül söýlänim, Çykýan öz dünýämden. Ýykýan kadamy. Lak atýaryn zyba gelni saýlaýyp, Heser bile jigerimi ezýärin. Ata araba däl, ata aýlawy, Aýlawa ýaýlany arzuw edýärin. Men görmedik şäherlerim söýýärin... | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |