11:15

Men

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 438 | Добавил: mango | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025
Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025
Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025
Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025
Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025
Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025
Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025
Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025
Lolular / Goşgular - 08.01.2025
"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025

Teswirleriň ählisi: 3
1
1 mango  
651
Mawy asman içre gaýgymy sürdüm,
Çöller içre akdym sil deý heserläp.


hawa, şahyrlar başarýar asmanda gaýykly ýüzmegi we çöllerde sil bolup akmagy...
(asmanda gaýyk küreklemek - has gyzykly).

0
2 Bagabat  
43
Gaýykdyr-kürek barada şuny okasana! Janyň hezil edermikä diýýän:

SEN BOLSAÑ

Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň
Çar tarapam deňiz bolsa ümmülmez
Didarymdan, ykbalymdan gaçmanyň
Ebeteýni asla tapyp bilmeseň
Kürekleri gezek-gezek kürekläp
Elimiz kartasyz, kompossyz,z atsyz
Syýahata çyksak, azaşsak soňam
Güni garşylasak ir säher dogan
Eýläň deňiz, beýläň deňiz gurşasa
Göz öňümde gözi deňiz sen bolsaň
Biygtyýar gözleriňe gaçar men
Hem kalbyňda yşgyň ýolun açar men
Onsoň…
Onsoň «bagt» diýen geler-de
Ikimize gujagyny giň açar
Il gerek däl toyumyzy tutmaga
Däp gerek däl, nämä gerek gyňajam?
Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa.. Hem saňa-da ýeter şol
Ýeter bize gaýyk-kürek jem bolsa

Duýgularmy jylawlaman onsoň men
Öýüňize ýol ogurlabam ýörmerin
Maňlaýymda deňiz gözli sen bolsaň
Bagtly ýatyp, bagtlylykda örerin,
Hut şu pursat bar aladam sem bolsa
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
sen bolsaň…

Aşyr HANOW.

0
3 mango  
651
hawa, okapdym "galamdaşda".
gowy goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]