05:11 Men seni söýmän bilmerin / goşgular | |
MEN SENI SÖÝMÄN BILMERIN
Goşgular
Men seni söýmän bilmerin, Men söýmesem, özge söýer. Söýýänim diýmän bilmerin, Men diýmesem, özge diýer. Joralañdan uzdugyñy, Lälezarly ýazdygyñy, Bagty açjak gyzdygyñy, Men duýmasam, özge duýar. Bol alypsyñ görk paýyñy, Ussat - eýlänler laýyñy, Synlap heýkel-roýuñy, Men doýmasam, özge doýar. Özüñ barkañ, gaýry gyzyñ, Söýmerin - çekmerin näzin, Ýañagyñda posa yzyn, Men goýmasam, özge goýar. Kabul eýläp aşyk yşkyn, Gel, eýele köñlüm köşgün, Seniñ bilen toý eşigin, Men geýmesem, özge geýer. • AÝLY GIJE Aýly gije jümle-jahan ýap-ýagty, çümen deý süýde. Aýly gije bolsa-da ýatar wagty, karar ýok öýde. Aýly gije belki-de, senem ýatman, bikarar - ýalñyz. Aýly gije barsam ili oýatman, habarym al, gyz! Aýly gije söýýändigim aýdaýyn, ýaýdanyp ýörmän. Aýly gije ýa şat bolup gaýdaýyn, ýa çekip arman... • UNAŞ Eje, burçlap unaş bişrip bersene, Bir agsajyk dümew duşdy görsene! Köneje içmegi egnime atyp, Unaşdan doýaýyn, men dere batyp. Hümmüldeşip çaý içeris yzyndan, Sen gürrüñ gozgarsyñ goñşyñ gyzyndan. Hemem eşidersiñ ogluñ syrlaryn, Öýlenmäge belki şu gün yrlaryn. • AGALY GYZ / degişme A gyz, eýmenmän duramok, Bir agañ bar ady Hasar. Nebsiñ agyranokmy maña, Tutsa, gollarymy keser. Onsoñ nädip gujaklaryn?! A gyz, eýmenmän duramok, Bir agañ bar ady Sanjar. Nebsiñ agyranokmy maña, Gola salsa, kemsiz ýenjer. Telbe bolsam nätjek, ýarym?! A gyz, eýmenmän duramok, Bir agañ bar ady Söwer. Nebsiñ agyranokmy maña, Bilse, aýagymy döwer. Nädip yşkyñda ylgaryn?! A gyz, eýmenmän duramok, Bir agañ bar ady Çary. Nebsiñ agyranokmy maña, Gözüm oýar - alar ary. Soñ seni niçik synlaryn?! A gyz, eýmenmän duramok, Bir agañ bar ady Penji. Nebsiñ agyranokmy maña, Öldir, gelmen ikilenji. Neneñsi ýeter kararyñ?! Aramyzy añaýsalar, Aýap goýmaz agalaryñ. Duýdurmanjyk çyksañ welin, Hiç çäresi ýok olaryñ. Her gün ýoluña gararyn! • ÝAGYŞLY GÜN Ýagyş ýagýar, Ýagyş ýagýar, Saýawansyz gidip barýañ. Üç-dört ädim öñ ýanymda Üst-başyñ öl edip barýañ. Maşyn saklanýar deñiñde: Gyzyl dişli kilçik ýigit. Gapdalynda magnitofon, Elinde bir gysym çigit: - Gel, basymjak mün maşyna, Eräýmegiñ mümkin a gyz! Berýärsiñ nagt jogabyny, - Gaýga galma, däl men kagyz! Seniñ bilen häli-şindi Sataşýarys ýolda-yzda. Hem tanyş, hem nätanyş biz, Sen tüýs söýäýmeli gyz-da! Hiç bahana tapylanok Tanyşmaga iki agyz. Ýagyş ýagýar... Ynha sebäp! Maña näme diýrkäñ a gyz?! Islämok men gökje gülli Köýnegiñi zaýalanyñ. Öýñüze çen ugradaýyn, Gel astyna saýawanyñ! • MAGŞUK GYZYÑ OÝLARY Daş-töwerek özüñ deý Söýgä suwsan oglandy. Ýöne welin neçüýndir Sende göwnüm eglendi. Synlaryn öýdüp, keşbiñ Agtardym ýoldan-yzdan. Salamlaşsañ, sözleşseñ, Gabandym özge gyzdan. Senem meni halaýañ, Seretseñ, süññüm syzýar. Ýüregim dep deý urup, Ýañagym laplap gyzýar. Meni Zöhrä dönderdiñ, Bolsana Tahyr oglan! ..."Duşuşyga gel agşam!" Diýdiñ teýahyr oglan. Beýle utanjañ bolup Dörediñkäñ sen nirden? Söýýäniñi aýtmaga Gaýratyñ çatdy zordan. Ynha indi ikimiz Duşuşýarys gün yrman. Aramyzda ýygralyk - Garaçomak dur, arman! Ýygralygy ýeñmäge Ahyr gaýrat tapdyñ sen: Şu gün ýañagymdan däl, Ýüregimden öpdüñ sen! • MEN SENI SÖÝÝÄNIM ÜÇIN... Men seni söýýänim üçin, Sen şeýle görmegeý, şeýle owadan. Men seni söýýänim üçin, Hiç gaýgy-gussa ýok, dünýäñ abadan. Men seni söýýänim üçin, Şadyýan sen, degişýärsiñ-gülýärsiñ, Ýöräñde aýagyñ degenok ýere, Şat guş kimin, uçjak-uçjak bolýarsyñ. Men seni söýýänim üçin, Özgeler söýüp bilenok. Emma welin aramyzy bozmagy Olar özlerine aýyp bilenok. Men seni söýýänim üçin, Duýýarsyñ durmuşyñ süýji lezzetin. Wah, ýöne peýläp ýör ajy aýralyk, Ýeñdäki gama deý, gizläp ezýetin. Şonuñ üçin senden etjek haýyşym: Ýalan gepe gitme, giñ tut göwrümi. Göripler al gana boýadar ýogsa Aýralyga Söýgimiziñ böwrüni! • ÝARYM DEGIŞME Müneçjimler diýýärler: "Bar ýyldyzy her kimiñ, Bar eneden doglanda mañlaýna ýazlan takdyr". Ateistler diýýärler: "Eýesi bol erkiñiñ, Takdyra ten berýänler baryp ýatan akmakdyr!" Müneçjimleñ diýýäni dogry bolsa eger-de, Meniñ mañlaýma seni ýazan bolmaly takdyr. Şonuñ üçin ugruñda selpäp, galjak däl derde, Iru-giç boljak zat üçin jan çekýänler akmakdyr! Ateistleñ diýýäni dogry bolaýsa birden, Takdyra ten berdirip, ät goýar meni pelek. Beýle ýitgiñ agramyn çekip bilmez bu gerden, Şonuñ üçin ugruñda bolaýyn men ot-elek! • GAR Daña deñiç ýagdy, Ýagdy torgaýlap, Ertir tursak, daş-töwerek galyñ gar, Eger çaga bolsañ, Dostlaryñ bolsa, Gar oklaşyp oýnamagyñ hezli bar! ...Öýñüziñ deñinden geçip barýarkam Gören ekenjñ Eliñde tokga gar, Ýañaklaryñ nar, Meni garawullap duran ekeniñ. Tawus deý pasyrdap golaý geldiñ-de, Aýlap saldyñ goluñdaky garyñy. Öýüñize girdiñ näzli güldüñ-de, Meniñ üçin mundan uly bagt barmy?! Gadymy gözeller halan ýigidin Gyzyl alma bilen urýar ekeni. Bu gowy däp ýitip gitmänine şat Meniñ bagtym açjak ak gar ekeni! • GÖWÜNLIK Hany öñki şadyýan Ýylgyryşyñ ýüzüñde? Reññiñem solgun, uýam, Gussa bar-la gözüñde? Gezerdiñiz bir jübüt - Sen hem-de ýylma ýigit. "Men bir çakylan çigit..." Diýýäñ, günä özüñde! Tanap tutmasañ taýyñ, Biwepalyk bor paýyñ. Içindesiñ gam laýyñ, Çykmak çetin - dyzyñdan. Diýýäñ: "Näme etse bor?" Köşeş, özüñ tutsa bor! Wagt ýaraña ussa bor, Geçmiş galar yzyñda. Umyt et, geljek ýagty, Şa tapar yşkyñ tagty. Açylmazmy heý bagty Uýam sen deý gyzyñ-da! • TEKLIP Ikimiz şeýlebir mynasyp jübüt, Toý tutaly, "Bagtly boluñ!" diýsinler. "Ýigit - çynar boýly, syratly ýigit, Gelin - baýdak kimin gelin!" diýsinler. Agzybir ýaşarys göz gider ýaly, Ellerim "gyzyldyr", görersiñ häli. Bilýän senem çeper, dokarsyñ haly, "Tüweleme, görüñ elin!" diýsinler. Durmuşda kyn günem bolar elbetde, Deñje çekişeris, geleris hötde. Sawçy ýollamakçy geljek sähetde, Yr ejeñ-kakañy, "Geliñ!" diýsinler "Aşy ajygana beriñ! - diýleni - Gyzy aşygyna beriñ! - diýleni - Biz üçin ýeterlik söýen-söýleni, Toý tutuñ, derkar däl galyñ!" diýsinler. • GÜÝZ SÖÝGÜSI Güýz. Çigrekli howa. Şäheriñ çeti. Gözýetimde Gün gizlenjek-gizlenjek. Sary saman örten baýryñ üstünde Otyrys biz, ikimize bir penjek. Aýdyma hiñlenýäñ gyz göwni hakda, Ýakymly sesiñ bar, men gulak asýan. Sary saman örten baýryñ üstünde Otyrys biz, ikimize bir asman. Mähribanlyk bae zat gülala-güllük, Bizden daşda ýowuz aýralyk-gaýgy. Sary saman örten baýryñ üstünde Otyrys biz, ikimize bir söýgi. • IKIMIZ Men seniñ demiñden, Gyzgyn demiñden, Men seniñ lebiñden Gyzgyn lebiñden Şeýlebir, Şeýlebir heýjana geldim. Gujagyña girip, Gülli-çemenli Erem baglygyna giren deý boldum. Beýle pursat müdimlik dursady, Biz göýä lezzetden baglanan çemen. Bu dünýäde ýeke aýal bar eken, O-da sen! Hemra ŞIROW. | |
|
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |