00:07 Men seni söýüpdim... | |
MEN SENI SÖÝÜPDIM...
Goşgular
Şunça ýyl göterdim keşbiñi gözde, Ýürekde göterdim gözel keşbini. Ömrüm jemläp, söýgi diýen täk sözde, Ýaşadym men çekip müñ bir keşgiñi. Armanym ýokdy hiç söýdürip bilsem, Kän boldum näzleriñ men ahy-zary. Bizi görenlere diýdirip bilsem, Şu ýigit şol gyzyñ mynasyp ýary. Sendiñ meniñ bu dünýäde barlygym, Senden başga dünýä baryn bilmedim. Bilip öz kalbymyñ ap-ak garlygyn, Ýazlaryñda ýaýnap, oýnap gülmedim. Men şeýle ynandym, ynandym saña, Bu gün bildim ynamymyn puçlugyn. Seni kän meñzetdim ak, tämiz daña, Bilmän hakykatdan biçak daşlygym. Elýetmez şahasyñ öýütdim seni, Gysgandym daşyñdan hatda özümden. Elkn ýetirenler ýok däl ekeni... Gözýaş bolup akyp gitdiñ gözümden. AK GOLLARYÑ Bar zady alyp boýnuma, Özümi atýan goýnuña. Gujagyñ girdaply derýa, Aşygyn gark edip barýa... Halas eder bolsam humar, Ak gollaryñ - goşa kenar. * * * Damarymda söýgi ganyñ deregne, Gülüm, ýaşap ýörün kalbyña siñip. "Söýgi ýok" diýýänler dişlesin dilin, Ýüregmk diñlesin birmeýdan diñip. Ýüregimde - ýyldyrymyñ urgusy, Ýüregimde - tolkunlaryñ owazy. Ýüregimde - bu dünýäniñ görgüsi, Ýüregimde - dünýäñ ýakymly sazy. Ýüregimde - gyşyñ doñak-aýazy, Ýüregimde - ýazyñ elwan gülleri. Ýüregimde - tomsuñ epgek-jöwzasy, Ýüregimde - güýzüñ tylla telleri. Bu zatlaryñ bary ömürim meniñ, Tapdym men söýginiñ belent dagyndan. Adam ömri, gülüm, söýgiñ içinde, Saña söýgim çykýar ömrüñ çäginden. * * * E.O. Gözler düşünişdi ýok oña güman, Ýaşamak mümkin däl, söýgini duýman. Göni gelen bagta ýetmedi bir söz, Ýürekden dilime gitmedi bir söz. Aýdylmadyk şol söz - ikimize ykbal, Henizem ýatyr ol ýürekden çykman. Aýdylmadyk şol söz bagtyñ açary, Hakdyr özge ýigdiñ bagtyn açany. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |