04:33 Meniñ pişäm | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶MENIŇ PIŞÄM Meniň pişäm şeýle: Kimdir birini Başga biri bilen deňeşdirýärin. Biri ýapyk – ylla edaraň seýfi, Beýlekiniň welin, joş urýar keýpi – Meýdan ýaly açyk, Sähra ýaly giň. Saýlaýaryn ýene iki adamy: Birisi keltejik – ylla jomursak. Ikinjisi bolsa belent bir çynar, Çynar ýaňky jomursagyň yzyndan Ýöräp barýar, Men geň galyp ýylgyrýan. Meniň başga-da bir täsin tanşym bar – Ömürboýy sapak berýär, öwredýär. Ýöne diňleýänler onuň özünden On esse bilimli, Ýüz esse dana. Bir adam wezipäň eýesi boldy – Müň bir bolup galladylar daşyny. Biri diýdi: -Ýurtda seniň taýyň ýok. -Dünýäde taýyň ýok! – diýdi beýleki. Özüniň aýratyn adamdygyna Wezipäň eýesi ynandy kem-kem. Ýeri onsoň? Onsoň işden kowlanda, Biri „akmak!“ diýdi, Beýleki: „Kelpeň!“ Çyn gepinden ezýet çekýär bir kişi, Biri gyzyl pula satýar ýalany. Ýaşap ýörün şu zatlaryň içinde, Meniň pişäm haýran galmak, Bolany. * * * Şeýle baştutany Görüpdi gözüm: Iki gaýtalamaz Bir aýdan sözün – Gysgadyr gürrüňler, Keltedir sözler, Ýöne çöp döwlen dek Mesele çözler. Şeýle ýaşulylar Galdy ýadymda: Dişe gowy zady Görer adamda. Gözleri mähirli, Dilleri süýji. Beýgelder ynsany Hoş sözüň güýji. Şeýle ýigitleri Beripdi ykbal. Dostlaşypdyk maýda Bähbide bakman. Dost üçin her näçe Çekse-de azap, Ol ýigitler senden Soramaz hasap. Gelinleri görmek Boldy miýesser – Hatyrjem bolaýsyn Söweşýän esger: Çekýäni hesretdir, Görýäni jepa. Ýöne, ol gelinler Bolmaz biwepa. Belentler azalsa, Maýda köpeler. Döwran size döndi – Ýaýnaň, çüpeler! ▶ MENIŇ PIKIRIMÇE.... Hawa, durmuş seniň yzyňa däl-de, Sen onuň yzyna eýermelisiň. Gün görüp bolmasa galam ujundan Başgarak bir hünär öwrenmelisiň. Eger diňlenmeýän bolsa aýdymyň Ilden däl, ykbaldan zeýrenmelisiň. Dutar janaweri bagyrtlap ýatman, Ony azatlyga goýbermelisiň. Il-günüň pulumy, ýa-da öz puluň - Zähmet görmän, muny saýgarmalysyň. Başartmasa - başyň aýlanyp dursa Howlukman türmede aýňalmalysyň. Leýli bilen Mežnun bolmaýaňda-da Durmuş gurmalysyň, öýlenmelisiň. Onsoň... onsoň gudrat bile köpelip Özüň bir döwlete öwrülmelisiň. ...Bu dünýä mydama üstüňde durmaz, Ahyr bir gün ondan aýrylmalysyň. Diýmek her sagady bagryňa basyp, Bu günleň başyndan aýlanmalysyň. *** *** *** Ine, ömrüň ýene bir güni geçdi. Nädip geldi, nädip geçdi - duýmadym. Ýüzüme sylmadym säheriň süýdün, Ýaşyp barýan güne єhoş gal» diýmedim. Bolar eken beýle-de bir nadanlyk. Hany ak günlere goýan hormatyň? Nämelere sowup, dargadyp ýörsüň Ýagty dünýäň Ömür atly sowgadyn. Seniň gapdalyňdan geň galyp geçýär Ne ajap, alaýaz aladaňdanlar. Iň bolmanda goşgy ýazyp başlaýar Şonda Mylly agaň sazyn diňlänler. Lezzet alman ala garly daglardan, Ýaşyl ýaýlalardan sygyryp geçmän, Bu gözel günleri nirä sowurýaň Kalby bökjekletmän, göwnüňi açman?! Maňlaýyňda ýygyrt, ýeňsäňde gasyn, Başyňda ham hyýal, gözüňde ünji. Hasanaklap, gara gaýga basdyryp Ýöreniňe degýärmi bu ýalançy. Aýlar, günler geçip barýar duýdurman, Ömrüňem kem-kemden gädilip barýar. Tersine, şol ömür köredigiçe Nebis diýen närse odugyp barýar. Nebisem gerekdir, oňa sözüň ýok, Ýöne welin ýaşamagam gerekdir. Biz üçin bu günler soň gaýtalanmaz. Sebäp, Ömür diňe bir gezeklikdir. * * * Bizi goldap bu günlere ýetirdiň, Kadyr Alla, özüň ýene medet ber. Huzuryňda kabul bolsun dilegim: Ula pähim, kiçilere edep ber. Eşretem eçildi ýyllyrym, aýym, Ezetdenem ýetik berildi paýym. Herne senden daş düşmedim hudaýym, Öňde görjek günlerime sähet ber. Nämäň ýalandygy, nämäň çynlygy, Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy. Görnüp durawersin kimiň kimdigi Agyň, garaň arasyna serhet ber. Bu topraga däldirin men bigäne, Geldim ony ömür boýy söýmäge. Owal-ahyr dogry sözi diýmäge Gaýrat berdiň allam, ýene gaýrat ber. Biri kesek atsa barýan ýoluma, Ykbal ony duçar etsin päline. Ownamazlyk üçin eziz ilime, Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber. Gurbat gerek menzillerden ötmäge, Zürýat gerek ömri dowam etmäge. Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge Yzymyzda galjaklara müddet ber. Göwünlere giňlik bersin kanagat, Gözümizden gaýyp bolsun gabahat. Görüp dursuň, göçüp barýar tebähet Adamlara sabyr bilen takat ber. Güýç bersin yssyda surnugan wagtym Saýasynda lezzet alýan daragtym. Adamlar gadyryn goý, bilsin bagtyň - Bagty bize arzan berme, gymmat ber. Gynansak-da, gökden ýol salgy berdim, Ýerden göterilýär haýadyr şerim. Belany dep etjek bir seniň emriň, Ýigde namys, gözellere uýat ber. Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl. Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl. Gara garnyň dolulygy hesip däl - Çep gursaga sahawat ber, ganat ber. Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň, Biderek gitmesin çeken yhlasym. Ata-babaň demi siňen mirasym - Asly halal ojagyma döwlet ber. Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar. Indikime sapak bolsun ýalňyşlar. Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar, Saçagyma bereket ber, hümmet ber. Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl. Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl. Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl - Ojar ýaly lowlap duran Kysmat ber. Mertebedir iň bir beýik şygarym, Biribarym, iki düne çyragym. Öz başymy çarap bilmedik çagym Bakyýete ugramaga rugsat ber! | |
|
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |