18:09 Meniň ýaşymy sorama... | |
MENIÑ ÝAŞYMY SORAMA...
Goşgular
...Ählisi ýadymda galdy— Nahaljykdym men bir sere. Bu gün—gol ýaýradan bag men, Köküm urdum ene ýere. Ösüp, has örňejek bolýan, Darkaş gurup durmuş bile. Ýanymy bermejek bolýan, Jöwza, sowga, ýagşa, ýele. Büküldim käte, bükülsem, Öz şahamyň agramyna. Ýollarda büdräp ýykylsam, Topragy basdym bagryma. Biraz gijiräk gülledim, Dogrusy, az-kem eglendim. Ýyllar—bu meniň gülbendim, Göterip ýörün egnimde. Ýaş barada sorag berme, Meniňkidir olaň bary. Çyksa-çyksyn çekgelerme, Goý, bu gün ykbalyň şory. Ine, indi baş çalardy, Gowy gatadym, goýaldym. ...Meni uzak durar ýaly, Bu heňňam duzlap goýandyr.. Annamuhammet KIRŞENOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||