19:34 Meri | |
MERI
Medisina
Meri. Irlandiýada dünýä indi. Ýurdunda dörän uly gahatçylyk, gytçylyk zerarly ABŞ-na göçdi. 1900-njy ýyldy. Nýu-Ýorkuñ golaýynda ýerleşen Oýster posýologyna göçüp bardy. Aýry-aýry sekiz ýerde aşpez bolup işledi. Iñ soñky gezek baý maşgalanyñ öýünde aşpez boldy. "Häh" diýen ýaly, birdenem... Oýsterde tif keseli ýaýrady. Adamlar palaç ýatyrylan ýaly gyrylmaga başlady. Nýu-Ýorkuñ belli hekimleri posýologa geldiler, bu boýunça barlag işlerini geçirdiler. Keseliñ umumy ýüz çykyş alamatyna seretseñ, näsaglaryñ hemmesi biri-biri bilen ilteşiklidi. Ýagny, olaryñ hemmesi Meriniñ işlän öýleriniñ hojaýynlarydy. Nädip beýle bolýarka diýip kelle döwdüler... Meriniñ şetdalyly doñdurmasynyñ at-owazasy giñden ýaýrapdy, doñdurma diýseñ datlydy. Meri aşpez bolup işlän ýerlerinde doñdurma taýýarlap, hojaýynlaryna paýlaýardy. Hekimler bu doñdurmadan şübhelendiler. Eýsem ol doñdurmany mürrelşen köne şetdalydan taýýarlap, şondan dagy kesel ýaýraýdymyka? Ýok. Şetdaly hem-ä köne däldi, hemem ýokanç kesel başlany bäri doñdurma taýýarlap paýlamaýanam bolsa, kesel ýaýramaga dowam edýärdi. Birnäçe aýlap muña jogap gözlediler, baş alyp çykyp bilmediler. Netijede, Meriniñ özüni lukmançylyk barlagyndan geçirmegi makul bildiler. Bingo! Meri pozitiw çykdy. Onda tif keseliniñ alamaty ýokdy, emma wirusyny göterýärdi. Özi syrkawlanokdy, ýöne töweregindäki adamlara ýokuşdyrýardy. Beýle ýagdaý ABŞ-nyñ taryhynda ilkinji gezek gabat gelýärdi. Şol güne çenli ABŞ-da janly tif göteriji duş gelmändi. Adam kesellemezden keseliñ alamatlaryny özünde saklap bilýändir öýdüp hiç kim pikir edenokdy. Dessine karantine aldylar. Nort-Brazer adasyndaly kiçijik hassahana ýerleşdirdiler. “Tifli Meri” lakamyny dakdylar. Aýagaldygyna gazetlerde çykyş etdiler, jemgyýete uly howp abanýandygyny ýazdylar. Meri üç ýyllap bu karantin adasynda ýaşamaga mejbur boldy. Operasiýa edip, öthaltasyny aýyrjak boldular. Gorkdy. Özüni sagaldyp biljek bu operasiýanyñ edilmegine rugsat bermedi. Tutuş üç ýyllap derman bejergisini aldy. Hiç biri peýda etmedi. Üç ýyllap 163 gezek peşew-täretini barlatdy, 120 gezek pozitiw çykdy. Onuñ öthaltasy keseli ýaýratmaga werziş edipdi, dowamly bakteriýa işläp çykaryp, içegelerine ýaýradýardy, şonuñ üçinem ol düzelip gidibermeýärdi. Şunça uzak möhletde karantinde galmaga döz gelmedi, suda arza berdi. "Hassahana meñ üçin zyndan boldy" diýdi. Sud oñkyny dogry hasaplady, arzasyna kanagatlanarly jogap aldy. Suduñ başlygy mundan beýläk aşpezlik etmezlik we yzygiderli ellerini ýuwup durmak şerti bilen ony azatlyga goýbermegi makul bildi. Gynansak-da, Meri suduñ şertine eýermedi. Galp at-familiýa ulanyp, Manhettende aşpezlik etdi. Üstesine bir hassahananyñ çaga dogrulýan bölüminde aşpez bolup işledi. Aslyýetine seredende, onuñ başga alajy-da ýokdy. Güzeranyny dolajak bolsa, bir döwüm çöreksiz galmajak bolsa, hökman işlemelidi, nahar bişirmekden başga onuñ elinden başga işem gelenokdy. Iki aý geçip-geçmänkä Manhettende tif epidemiýasy ýaýrady. Ölýänleriñ hetdi-hasaby ýokdy. Keseliñ yzy çalyndy, ujy Merä baryp diredi. Ol suduñ kararyny ýerine ýetirmändigi üçin şobada tussag astyna alyndy. Gahar-gazaply nazarlaryñ öñünde jogapkärçilige çekildi, ömürlik karantin karary bilen täzeden Nort-Brazer adasyndaky hassahana ýollandy. Tegelek ýigrimi üç ýyllap bu adada karantinde boldy. Şol döwrüñ medisinasynyñ pes şertlerinde munuñ başga ýoly-çykalgasy-da ýokdy. Ol adamzat taryhynyñ iñ uzak wagtlap karantinde oturan adamy boldy. 1938-nji ýylda altmyş dokuz ýaşynda amanadyny tabşyrdy. Tifden ölmedi. Pnewmoniýadan öldi. Görgüliniñ jesedine ud-medisine ekspertizasy bellendi. Ölensoñam öthaltasynda janly tif bakteriýalary bardy. Garamañlaý Meri halk saglygynyñ simwoliki şahslarynyñ birine öwrüldi. Kesel alamatyny göterýän kişileriñ hak-hukuklaryny aýak astyna almazdan, jemgyýetiñ saglygyny nädip gorap bolarka? Meriden sob bu soragyñ üstünde kelle döwmäge başladylar. Indi seredip durus welin... Saglygy goraýyş ministrimiz "her täze koronawirus wakasy näsag diýip hasaba alynmaga degişli däldir" diýýär-ä. "Kesel alamatlaryny görkezmeýän pozitiwleri alada edemzok" diýýär. (Testleri pozitiw çykan, ýöne kesel alamatyny görkezmeýän ildeşlerimiz näsag hasabyna girmeýär, olarda wirus baram bolsa gündelik hasabata goşulmaýar.) Ýagny, şeýle diýýär... Meri syrkaw däl, ol aşpezligine dowam edip biler, munuñ hiç kime hiç hili zyýany ýok! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 04.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |