AKYLYŇ WE AKYLLYLARYŇ SYPATY
36. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Akyllyny on häsiýet bilen tanap bolýar. Gedemlik edene mylaýym bolar, ýamanlyk edene zyýan bermekden saklanar, özünden ejizlere pespäl bolar, beýikler bilen ýagşy iş etmäge bäsleşer, gürlemek islese oýlanar, ýagşy zady aýdar we baý bolar, ýamanyň bar ýerinde dymar we aman bolar. Jenjel peýda bolsa, Taňra bek uýar, dawagäre gatylmadan elini saklar. Abraýly ili görse goşular, utanç-haýaly bolar, harsydünýä bolmaz».
37. Lukman öz ogluna öwüt berende: «Dana bolmasaňam, danalar bilen dost bolmak seni şolaryň hataryna goşar» diýipdir.
38. Käbir danalardan: «Nähili adamlar edepli we akylly saýylýar?» diýip soranlarynda: «Bilýän, ýöne bilmediksirän bolýan adamlar» diýipdir.
39. Hasan ibn Sehlden: «Akyllylyk nähili zat?» diýip soranlarynda, ol: «Her bir sözde we işde öz çägiňi bilip saklanmak» diýipdir.
40. Hasan Basrydan: «Akyllylyk nähili zat?» diýip soralanda, ol: «Dogry ýola gönükmeklik bilen azaşmagyň arasyny ap-aýdyň edýän zat» diýipdir.
41. Abul Atahiýa şeýle diýdi*:
«Adamlaryň içinde her bir adamyň meňzeşi bar. Akylly adamlaryň köpüsi görmeksiz, görmegeýleriň köpüsi bolsa akylsyzdyr. Dana adamy ýitirseň, müňlerçe adamyň içinden ony gözläp, tapyp bolmaz. Nadany ýitirseň welin, her ädimde birine gabat gelersiň».
42. Mahmyt Warrak şeýle diýdi*:
«Niçe wagtlap nadanlara edep öwretmek islän, eý adam! Aslynda ýaradylmanlygy üçin, Hudaý olara akyl bermekden ýüz öwürdi. Olar ekine ýaramsyz dökün ýalydyrlar. Seniň ylhamyň düşbülere ýeterlik bolar, emma jahyllara kär etmez».
43. Kaýs ibn Asym şeýle diýdi: «Bu dünýäde dört zat başartmaz:
Birinji: Akyly öwredip bolmaz.
Ikinji: Tebigaty üýtgedip bolmaz.
Üçünji: Ýazgytdan çykyp bolmaz.
Dördünji: Ajala al salyp bolmaz.
44. Wehp ibn Münepbih şeýle diýdi: «Akylly adam döwründen habarly bolmaly, dilini saklamagy başarmaly, öz wajyp işlerini ýerine ýetirmeli».
45. Utby şeýle diýdi:
«Iň ýagşysy, owalyndan ahyryna çenli ýagşylygy we takwalygy salgy berýän akyldyr. Dogry ýoldan gyra sowup, ötegçi dünýäň lezzetine gümra edýän akylyň peýdasy bolmaz».
46. Akylly adamyň alamaty hakda aýdyp, şeýle diýdiler: «Onuň ähli haý-höwesine we nebsine akyly gözegçilik etmelidir».
47. Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi: «Akylly adam söhbetdeşini sylamaly, ýüzüne garap oturmaly, sözüniň arasyny kesmeli däl, gürrüň berilýän zatdan habarly bolsa-da, nägileligini bildirmeli däl, gaýta, asla eşitmedik ýaly gulak asmaly. Aýdýan sözi edýän işine ters gelmeli däl. Dymmany başarmaly, çünki, köp gürläniň ýalňyşy köpeler. Gereginden artyk degşip-gülüşmeli däl. Aşa degişgenlik we gülki ýüzüň nuruny öçürip, ýaman atly eder».
48. Meýmun şeýle diýdi: «Akylly adam halanylmaýan ýerine barmaz, gulak asmaýanlara gürrüň bermez, ynanmaýanlara söz aýtmaz. Halanylmaýan ýerine barsa, oňa peslik we äsgermezlik bilen bakarlar».
49. Buzurgmehr şeýle diýdi: «Akylly-başly adamlar patyşalaryň süteminden howatyr etmez, nadanlaryň ýakynlaş-masyndan gorkmaz. Çünki, kysmatyň howp-hatara görä paýlanylmaýandygyna olaryň akyly çatýar».
50. Ibn Apbas şeýle diýdi: «Akylly adam özüne zyýan etmeýänlerden özgesine dostdur. Akmak adam özüne peýda berýänlere-de duşmandyr».
51. Käbir danalar şeýle diýdi: «Kim döwrüne görä hereket edip, dostlary bilen salamatlykda ýaşaýan bolsa, ol akyly ýetik, edebi we hormaty kämil adamdyr».
52. Amr ibn Utba başyndan geçen bir waka hakda Ibn Abu Halydyň kakasyna, ol hem şol wakany Utba, ol Abu Hatym Sijistana, ol Ibn Düreýde, ol Ahmet ibn Hüseýin Temimä, ol Aly ibn Zekkar Faryga, ol hem bize gürrüň berdi:
«Amr ibn Utbanyň ýanynda oturan bir kişi başga bir adama sögünipdir. Mundan öňem, soňam hiç bir adam onuň huzurynda beýle hereket etmez eken. Amr ibn Utba oňa: «Heý, bagtygara, akylly adam seresap gürleýşi ýaly, paýyş sözi diňlemekden hem ätiýaç edýär. Çünki, diňleýji gürleýjiniň şärigidir. Şeýle ýaman sözleýän adam, ilki öz aýbyna göz gezdirip, seňkä soň seretmeli. Nadan öz sözüni yzyna alyp bilýän bolsa-dy, onda ýalan sözleýäniň bagtygara bolşy ýaly, ony yzyna gaýdyp alýan nadanam bagtly bolardy» diýipdir.
53. Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi: «Öz işine gümra, döwürdeşlerinden habarly, çyn dostlaryny tanaýan, dil belasyndan ätiýaç edýän we aýdyň-u gizlin işinde Alladan çekinýän adam akyllydyr».
54. Wuheýb ibn Werdil Abytdan eşidip, Halyt ibn Adawy diýen adam Aly ibn Harp Taýa, ol Ýakup ibn Nugaým ibn Karkara, ol hem kazy Abulkasym Jerir ibn Abdylla ibn Ahmet ibn Hamisiň kakasyna şeýle gürrüň beripdir. Kazy Abulkasym hem bize gürrüň berdi:
«Omar ibn Abdyleziz köp halatda şu sözleri mysal edip ulanýan eken*:
«Sen ony dymyp ýören ýaly görersiň. Ol oýun-güýmenjäni halamaz, iliň gepine gümra bolmaz, nadanlyk ylmy ony bizar eder. Ol alym bolmasa-da, nadan däldir. Samsyklara duşanda ýüzüni sowar, çünki, olaryň içinden degşip-gülüşer ýaly ýaran tapylmaz. Durmuşynyň şu güni hakda alada eder, geljek üçin gaýga batmaz, entek bolmadyk zat üçin gyýylmaz».
Pedagogika we edep-terbiýe