TANYMAL ADAMLARYŇ DEREJESI.
PAÝHASLY ADAMLARY SYLAMAK ÜÇIN NÄMELER ETMELI?
96. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Adamlar göwher daşydyr. Oýlanyp görseler, «Jahylyýet» döwründe ýagşy gezen, «Yslamyýet» zamanasynyňam ýagşysydyr. Göwher nire-de bolsa-da, poslaýan däldir».
97. Pygamberimiz: «Kuraýşy öňe sürüň, ondan öňe geçmäň. Ondan öwreniň, oňa öwretmäň» diýdi.
98. Pygamberimiz: «Bir ýere gelseňiz, Allanyň kitabyny gowy okaýany ymam ediniň. Eger onuň bilen deň bolsaňyz, ýaşy ulyňyz ymamlyk etsin. Eger onuň hem deňi bolsa, asly abraýlysyny, onuňam deňi tapylsa ýüzi nurana, häsiýeti gözelini ymam ediň» diýdi.
99. Atamyz Jerir ibn Abdylla Bejeli bir gezek Pygamberiň söhbetine baranda, onuň ýany adamlardan dos-doly eken. Bu ýagdaýa biynjalyk bolan Pygamberimiz donuny ýere ýazyp, oňa şonuň üstünde oturmagy buýrupdyr. Soňra dost-ýarlaryna ýüzlenip: «Ýanyňyza hormatly adam gelse, ony mertebesine laýyk sylaň» diýipdir.
100. Erdeşir ibn Bäbek taýpa serdarlary bilen söweşip, olary ýeňeninden soňra, ilki bilen şol kowumyň abraýly we oturymly ilatyna hemaýat bermekden başlar eken. Eger abraýly biri dünýäden ötüp, yzynda çil-çagadyr maşgalasy galsa, şolary eklemek, aladasyny etmek üçin, olary mähir bilen gurşar ýaly ýörite birini belläpdir. Perzentlerini sowatly etmek üçin, olary kätipleriň eline beripdir, ýagşy işe we sogaba gönükdiripdir. Ese-boýa galandan soňra, ony patyşanyň gaşyna getiripdirler. Patyşa hem olary özüniň ýakyn adamlary hökmünde ýanynda saklap, beýik wezipelere belläpdir. Şol ilden biri dünýäden ötse, onuň hem golunda patyşa tarapyndan berlen mülk ýer bar bolsa, ol mirasdüşerleriň ogul ýa gyzdygyna garamazdan, şoňa geçirilipdir.
101. Abdyrahmanyň gyzy Amra Äşeden eşidip, ondan Muhammet ibn Abu Bekr ibn Hazm, ondan Abdylmälik ibn Zeýt, ondan ibn Abu Hudeýk, ondan hem Ýunus ibn Abdylagla, ondan bolsa Abu Japar Tahawy, ondan hem Abu Ymran eşidip, bize gürrüň berdi: «Resulalla: «Allanyň bellän çäginden çykmazlygy üçin, köp ýalňyşýan adamlaryň nogsanyny düzeltmäge çalyşyň» diýipdir.
Pedagogika we edep-terbiýe