MYLAÝYMLYK WE ÇYDAMLYLYK
55. Pygamber alaýhyssalamdan rowaýat etmeklerine görä, ol: «Üç zady bolmadyk adam imanyň lezzetini duýmaz. Olar: akmagyň nadanlygyny gaýtarar ýaly mylaýymlyk, haram zatlardan saklanar ýaly dindarlyk, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolar ýaly ýagşy gylyk» diýipdir.
56. Aly ibn Abu Talyp şeýle diýer eken: «Mylaýym adama meňzemek üçin oňa dost boluň!».
57. Bahr ibn Sälimiň rowaýatyna görä: «Injilde şeýle ýazylan: «Eý, Adam ogly, gaharlanan çagyň meni ýatlasaň, gazaba münemde seni ýatlaryn. Saňa berýän kömegime kaýyl bol. Meniň saňa berýän ýardamym, özüňe etjek bolýan kömegiňden haýyrlydyr» diýlipdir.
58. Omar ibn Abdyleziziň ýanyna gelen biri, bir zatlar hakda gürrüň berdirip, oňa serpaý ýapypdyr. Omar: «Eý, bagtygara, soltan sarpasyndan peýdalanyp, üstüme şeýtany küşgürjek bolma. Bu gün maňa serpaý ýapmak bilen, ertir näme almak isleýäň? Ýeriňden gal-da, ugra, seni Taňry ýalkasyn» diýipdir.
59. Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi: «Şu üç zat hakda gürrüň beremde, hiç biri maňa dawa etmedi: Özümden ökdäniň gadyryny bildim, özümden pesi syladym, özüm ýalyny hormatladym».
60. Sapar üçin ýola düşen çagy Pygamberimiz: «Dili ýaman adam bize ýoldaş bolmasyn» diýer ekeni.
61. Pygamber alaýhyssalam: «Mömin-musulman adam özüniň mylaýymlygy bilen, namaz-orazaly adamyň derejesine ýetip bilýär» diýdi.
62. Mansur şeýle diýdi: «Mylaýym adam ýumşak söz bilen, nadan adam galmagal bilen jeza berer».
63. «Edep näme?» diýip, Hajjaj Ibn Kyrryýeden soranda, ol: «Başardygyňça gaharyňy basmak» diýipdir.
64. Kesradan tiz gaharlanýan we soňra tiz ylalaşýan adamlar hakda soralanda: «Olar edil odun ýalydyr. Tiz ýanar we tiz söner» diýipdir.
65. Attaby şeýle diýdi*: «Mylaýymlyk süpükleriň ezýetinden goranmak üçin galkandyr. Nadanlyk bolsa şer işlere itekleýän zatdyr. Akmagyň müň ökünji peýda bermez. Ol ökünç, bagtly pursady elden gideren gapylyň ökünjidir».
66. Başga biri şeýle diýdi: «Mylaýymlygyň nämediginden asla bihabar jenaýatkärler bar. Şolara geçirimlilik edýän adamyň özi hem jenaýatkärdir».
67. Mahmyt Warrak şeýle diýdi*: «Maňa edýän ýamanlygy her näçe artsa-da, her bir günälini bagyşlaryn. Şeýtmek bilen men üç adamyň: hormatly, göwni açyk we ýazyga ters adamlaryň biri bolaryn. Özümden beýigiň gadyryny bilip, onuň hak işine uýaryn, çünki, hakykat ýeňýändir. Özüm ýalynyň biri ýalňyşsa ýa-da nädürs bolsa, oňa hormat ederin, çünki, her bir adama hormat etmek wajypdyr. Özümden pesleriň biri sözlese, ondan namysymy goraryn. Bu zatlardan närazy biri bar bolsa, goý, ýazgarsa ýazgarybersin».
68. Salyh ibn Abdylkuddus şeýle diýdi*: «Her iliň tentegi öz nadanlygy bilen ýaşar. Mylaýym bende özüne edilýän ýamanlyga göz ýumar. Eger nadanlyk derdinden başda goranmasaň, ol soňra seni bendi eder. Tentek adam nadanlygy bilen ýeňmek islär, ýöne oňa dymyp garaýan kişi ondan üstün çykar. Islendik ýagdaýda hem akmaklar utulýandyr. Ondan daşda durýan we dymýan adamlar bolsa üstün gelýändir».
69. Urwat ibn Zübeýr şeýle diýdi: «Hernäçe abraýy bolsa-da, özüni pes tutmaýan adamlar belent mertebelere ýetmez. Olara bakmak edil solup barýan güli ysgan ýalydyr, peslikdir. Abraý-mertebe mylaýymlyk bilen gazanylýar».
70. Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi: «Her hili ýagdaýda hem özgelere mylaýym garamagy Kaýs ibn Asymdan öwrendim. Bir gezek agasynyň ogullary bir zat üstünde dawa edip, onuň ogluny öldüripdirler. Olar Kaýsyň ýanyna gelip: «Heý şu zat hakda nägileligiň barmy?» diýip soranlarynda, ol: «Näme hakynda?» diýip, sypaýylyk bilen ýüzlenipdir. «Biz seniň ogluňy öldürdik» diýip, olar jogap beripdirler. Kaýs olara: «Mende nädip nägilelik bolsun?! Özüňiz sanyňyzy azaltdyňyz, Taňra günäkär bolduňyz, onuň size edýän ýagşylygyny kesdiňiz. Taňry sizden başga kimden daşlaşar öýdýäňiz?» diýipdir. Olar bu sözi eşidensoňlar, eden işlerine ökünipdirler, galan ömrüne ony sylap gezipdirler.
Kaýs ibn Asym dünýäden ötende adamlar oňa bagyşlap, şeýle diýipdirler*:
«Kaýsyň ölümi ýekeje adamyň ölümi däldir.
Ol bütin bir kowumyň ýumrulmagydyr».
71. Bir gezek Mugawyýa Mugyra ibn Şugba hat ýazyp, münberiň üstüne çykanda Aly ibn Abu Talyba sögmegi buýrupdyr. Mugyra Mugawyýa hat ýazyp: «Her gezek käýäni üçin sögmek, her gezek gaharlanaňda urmak nämä gerek? Ol ýerde mylaýymlyk we geçirimlilik bolmazmy?!» diýipdir. Mundan utanan Mugawyýa bu pälinden el çekipdir.
72. Süleýman ibn Musa şeýle diýdi: «Üç adam üç kişiden ar aljak bolmaz: «Mylaýym adam akmakdan, ýagşy adam ýaramazdan, mertebeli adam binamysdan».
73. Sabyk Berberi şeýle diýdi: «Mylaýymlyk ýagşy adamlaryň bezegi, nadanlyk bolsa utanjydyr. Nadan öz dostuny amaty bolanda heläk eder».
74. Alawy Basry şeýle diýdi: «Adamlar maňa bakyp: «Pylany seniň üstüňden güldi, sen nä ondan kemmi, üstünden düşsene» – diýip gižželänlerinde, men: «Eger şeýtsem, meniňem pis boldugym bolar. Ynsabym meni olaryň sögünçdir ýaňsylamalaryna gaýtargy bermekden saklaýar» diýerdim.
75. Başga biri şeýle diýdi*: «Her bir üýrüp duran it meni öjükdirmeýär. Siňegiň her wyzzyldysy meni dowla salmaýar».
76. Hamyt ibn Safwan şeýle diýdi*: «Bir garyndaşym maňa ýamanlyk etse-de, men oňa beýtmedim. Oňa ýamanlyk etmekden ýüz öwürdim, gabat gelse-de, diňe öz ýanymdan «beýtmeli däl ekeniň» diýip oňdum. Ol maňa ýagşylyk etse, menem oňa şeýderin. Ýamanlyk etse welin, ters iş etmerin».
77. Bir adam Amr ibn Ubaýda garap: «Pylany seni kemsitdi» diýipdir. Bu söze darykmadyk Amr: «Ölüm hemmä bolar, gabyr özüne çeker, kyýamat bizi jemlär, Hudaý bolsa adalatly höküm eder» diýipdir.
78. Ar-Razy şeýle diýdi: «Gaharlanmaýan adamyň ähli zada jogaby taýyndyr».
79. Gelinleriň biri ýüp egrip otyrka, gyzjagazy ony bulaşdyryp, ýetmiş gezek dagy üzüpdir. Emma gelin gaharlanman, özüni asuda saklap, ýene ýüpüni düzedip oturan eken. Bu hakda oňa ýaňzydanlarynda, ol: «Bu häsiýetim üçin belki meni Alla sylar. Men ýagşyzadalaryň hataryna goşulmak üçin jan edýärin» diýipdir.
80. Abu Welit şeýle diýdi: «Sen hatda eşegiňe, pişigiňe we goýnuňa-da gaharlanyp ýörsüň. Saňa nädip mylaýym diýsinler?»
81. Bir adam Ahnafa: «Bir gezek gürleýäň-de, on gezek diňleýäň?» diýende, ol: «Sen bolsa on gezek gürläbem, bir gezek diňläňok» diýipdir.
82. Mesih şeýle diýdi: «Binamysyň bir sözüne çydam etseň, on esse bähbit taparsyň».
83. Muhammet ibn Zyýat Harysy şeýle diýdi*: «Ýaş ýigit geýim-gejimini tozdurmajak bolup, aýawly saklar. Beýde-niňden namysyňy gorap, mertebäňi saklanyň has oňatdyr».
84. Mamun şeýle diýdi*:
«Men köp halatda bilmediksirän bolup, sylaýan dostlary-myň säwligine gözümi ýumýan, ýamanyň şerine çydam edýän, müňkir bolsalaram, dilimi saklmany başarýaryn. Meniň şu häsiýetimi nadanlyk hasaplaýmasaň, mende başga akmaklyk ýok.
85. Ahmet ibn Abu Feneniň goşgusy*: «Özüňden pesler sebäpli ukudan goýýan aladalar az däl. Säher bilen bolsa, ot gysymlan ýaly bolup oýanýarsyň. Göriplerimi gynandyrmak üçin, bir gün oňa ýylgyryp bakdym. Güleňde gizlenmeýän alyn dişlerimi görkezdim, ýylgyrdym. Şol ýylgyryş bilen onuň göwnüni eredip, daş ýaly ýüreginden, çeşme ýaly begenç gözýaşyny akdyrdym».
86. Halyt ibn Safwandan: «Has mähirli adam kim?» diýip soranlarynda, ol: «Gahar-gazabyny sabyrlylyk bilen ýuwudýan, haý-höwesini erjellik bilen basyp ýatyrýan adam» diýipdir.
87. Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Hetdenaşa kitüwli bolsaň zulum edersiň, çakdanaşa geçirimli bolsaň zulum ederler. Taňrydan öýkeli adam takwa bolup bilmez».
88. Mugawyýa şeýle diýdi: «Durmuş tejribesi bolmadyk adamda mylaýymlyk bolmaz».
89. Lukman öz ogluna öwüt berende: «Nadan kimsäni däl-de, mylaýym birini ilçi belle. Mylaýym adam tapmasaň, ilçiligi özüň oňar» diýipdir.
90. Halyt ibn Safwan şeýle diýdi: «Men Amr ibn Ubaýda sögüp duran bir adamy gördüm. Amr oňa bakyp: «Dogry sözüň üçin Taňry sylasyn, ýalňyş sözüňi bagyşlasyn. Meniň-ä kimdir birine gözüm gidýän bolsa, diňe onuň mährine maýyl bolýandyryn» diýipdir.
91. Şagby şeýle diýdi: «Bir adam iliň içinde «Ahnaf ibn Kaýsyň gaharyny getirerin» diýip, äht edipdir. Ol Ahnafyň ýanyna gelip: «Meniň bir aladam bar, ýitigimi gözläp geldim» diýipdir. Ahnaf: «Kim üçin söz aýtmakçy?» diýende, ol: «Siziň mähriban käbäňize» diýipdir. Ahnaf bu söz üçin darykmandyr, asudalygyny saklapdyr. Ol: «Biz özümizdäki garryny, dünýä lezzetlerinden özüni saklaýan enäni saňa bermäge garşy däl. Ýöne özüňi söýýän, perzent dogrup berjek, sulhuň alýan, edebiňe laýyk gelýän birine öýlenseň gowy bolmazmy?» diýipdir. Ýaňky adam ýüzüni gyzardyp, yzyna dolanypdyr. Adamlaryň ýanyna gelip: «Asyl siz meni nadanlyk ýokundysy bolmadyk dananyň ýanyna iberen ekeniňiz» diýipdir.
92. Enes ibn Mugazyň kakasyndan Mugaz ibn Enes eşidip, Sehl ibn Mugaza, ol Sagyt ibn Abu Eýýuba, ol Abu Abdyrahmana, ol Abu Abdylla Ahmet ibn Ybraýyma, ol hem Abu Ýagla Ahmet ibn Aly Müsennä, ol bolsa Abul Kasym Nasr ibn Ahmet ibn Marjyýa gürrüň beripdir. Abulkasym Marjy hem bize şeýle gürrüň berdi: «Resulalla: «Gaharyna bäs edip bilýän adam, ony dolandyryp biler. Şeýle adamlary Allatagala kyýamat gününde halaýygyň başynda goýar, «Jennetiň islän gapysyndan giriň» diýip, jar eder, ahyret azabyndan gorap saklar» diýdi.
93. Ahnaf ibn Kaýsdan eşidip, El-Ala, ondan Abdylmälik ibn Kuraýp ibn Abdylmälik ibn Aly ibn Asmagy, ondan Abu Müslim Abdylla ibn Ybraýym Balhy, olardan atam, atamdan hem kakam Şyh Sagyt eşidip, şeýle diýdi: «Şu üç işi etsem, hiç kim meniň bilen dawa etmezdi. Menden üstün bolsa, sarpasyny tutdum, özüm ýaly bolsa gadyryny bildim, özümden peslerden namysymy goradym» diýip, Ahnaf ibn Kaýs aýdar eken».
94. Käbir danalar öz dostuna hat ýazanda, şeýle diýer eken: «Mundan soňra men saňa şuny aýdýaryn. Özüňe ýamanlyk edene mylaýym bol, ýaraşara ýer goý. Şeýtseň, dostlaryň salamat gezer, duşmanlaryň utançdan ýaňa ýüzi gyzar. Bir şygyrda*:
«Ýamanyň günäsini ötmek gözeldir.
Mylaýymlyk şatlyk we söýgini yzyna tirkäp gelýär» diýilýär» diýipdir.
95. Özi hakda gybat eden birini eşidende, ol: «Biz Hudaýa günä iş edeniň jezasyny beremzok. Biz diňe Hudaýa tabyn bolýarys» diýipdir.
Pedagogika we edep-terbiýe