ÝALAN KASAM EDÝÄNLER
♧ Pygamberimiz bir gezek: "Musulmanyñ baýlygyndan nähak bölüp alan adamy Hudaý jennete girmekden mahrum eder we dowzaha salar" diýipdir. Adamlar muny eşidip: "Eý, pygamberimiz, azajyk alsa-da şeýlemi?" diýip soranlarynda, ol: "Hawa, hatda diş synçgalaýan çöp ýaly alsa-da" diýip, jogap beripdir.
♧ Jehim ibn Şibl Kilaby özüniñ ýalan kasam içmekden çekinýändigine bagyşlap şeýle goşgy ýazypdyr:
"Olar kasam içmegimi sorady.
Men olardan gorkyma, kasam etdim.
Sebäbi gorky muña mejbur edýär.
Soñra bolsa dereden inen suw ýaly,
bu ähdimi aşak eñterip goýberdim".
♧ Uhaýmyr Sagdynyñ goşgusy:
"Maña kasam etdirdiler, men olary kasamymy bozup sylagladym.
Maña gulumy boşatmagym üçin kasam etdirdiler.
Suhaým ili, ol guluñ erkinlige ýaramajakdygy bildi.
Maña talagyny berdirmek üçin kasam etdirdiler,
men bolsa ony öñküsi ýaly yzyna gaýtardym,
"Talak edilmedik ýaly bolsun" diýdim.
Şeýdibem, her sözde olaryñ tersine gitdim".
♧ Başga biriniñ goşgusy:
"Dartgynly günlerde ýalan kasam içmekden gaýdamok.
Takat etmeýän işiñi dep edere başga serişdäñ bolmasa, ýalan kasam içmek garyplar üçin hem günämikä?"
♧ Çarwa arabyñ aýdany: "Hudaýyñ adyndan kasam etmek, onuñ adyny ýadyña salýar. Şeýle kasamy köpeltdigiñçe, oña bolan borjuñ artýar".
♧ Isa alaýhyssalam şeýle diýdi: "Eý, ysraýyl kowumy, Musa alaýhyssalam size: "Dogry sözlemeseñiz, Hudaýyñ adyndan kasam etmäñ" diýdi. Men bolsa size: "Dogry hem bolsa, ýalan hem bolsa kasam etmäñ, diñe "Bolýar" ýa-da "Ýok" diýiñ" diýesim gelýär".
♧ Muny maña Kazy Abu Abdylla Nuhawendi Basrada gürrüñ berdi. Oña Muhammet ibn Ahmet Hanapy, oña Muhammet ibn Ýunus Kerim, oña bolsa Abdylmälik ibn Kuraýp Asmagy gürrüñ beripdir.
"Çarwa araplaryñ biriniñ agasynyñ oglunda algysy bar eken. Emma ol ýigit bergisini boýnuna alman, ony inkär edip otyrmyşyn. Ahyry beýdip iş bitmejegine gözi ýetensoñ agasynyñ ogluny öñüne salyp, häkimiñ ýanyna getiripdir. Ol: "Işiñ oñ bolsun, hormatly häkim. Ine, şu adamyñ maña bergisi bar, ýöne ol muny inkär edýär. Goý ol maña kasam etsin!" diýipdir.
Häkim ondan: "Kasam etjekmi?" diýip soranda, ol: "Hawa" diýipdir. Hakyñ eýesi: "Onuñ kasam edendigine söz ber" diýipdir. Ol hem: "Bolýar" diýip bu işi ýerine ýetiripdir.
Soñra algydar arap eline taýak alyp, ýeriñ ýüzünde uly tegelek çyzyk çekipdir, agasynyń ogluna garap "Tä kasam etdirýänçäm şu çyzygyñ içinde otyr" diýipdir. Agasynyñ ogly: "Maña nähili zatlary kasam etdirmekçi?" diýende, algydar adam: "Aýt, Alla seniñ ukyñy hysyrdyly etsin, aşyñ gussa bolsun, ýöreýşiñ patanak bolsun, hamyñ gotur açsyn, gözüñ ukuly bolsun, bitiñi köpeltsin, paýyñy kessin, kapasa salsyn, ujydyñy ýolsun we syrtyña şu taýak girsin" diýipdir. Oña dawagär çykýan ýigit: "Eger bir zady talak etmeli ýa boşatmaly diýip kasam etdiren bolsañ, kasam içerdim. Ýöne bu aýdanlaryñy agyr görýärin. Oña özüñ kasam et-de, talap edýän zadyñy menden al" diýipdir. Ol kasam edipdir we hakyny alypdyr.
Terjime eden: Rahmet GYLYJOW.
Reýhan HOREZMI "Mertebeler we kemlikler".
Jemgyýetçilik tankydy