06:27 Mertebeler we kemlikler: Gahar-gazabyñ ýaramazlygy | |
GAHAR-GAZABYŇ ÝARAMAZLYGY 102. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindidir. Eýsem-de, siz adam gaharlanan wagty gözüniň gyzarýandygyny, gabarylýan-dygyny göreňzokmy? Gaharly adam dik duran bolsa otursyn, oturan bolsa gyşarsyn (ýatsyn) ýa-da gahar-gazabyny köşeş-dirmek üçin, «Daşlanan şeýtanyň şerinden goramagy üçin Taňra sygynýaryn» diýsin». 103. Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Meni jennete saljak bir ýagşy zady nesihat bersene, ýöne uzyn bolmasyn» di¬ýende, ol: «Gaharlanma, gazaba münme» diýip, öwüt beripdir. 104. Lukman Hekim şeýle diýdi: «Gaharyny basyp bilmeýän adamyň akyly kämil däldir». 105. Abu Derda şeýle diýdi: «Adam gaharlanan wagty Hudaýyň gazabyna has golaý gelýändir». 106. Anuşirwan patyşa tiz gaharlanýan hyzmatkärine üç sany ýazgyny uzadyp, gazaba münen çagy şolaryň ýüzüne ýeke-ýekeden göz aýlamagy buýrupdyr. Birinji hatda: «Gaharyňa bäs gelmäni başar, çünki, sen Taňry dälsiň», ikinji hatda: «Taňry bendelerine rehim et, saňa Allanyň rehimi iner», üçünji hatda: «Taňry bendeleriniň hukugyny hormatla» diýlip ýazylan eken. 107. Käbir danalardan gaýgy we gazap hakda sorap: «Ol ikisiniň parhy nämede?» diýipdirler. Danalar: «Gaýgy bilen gazap ikisiniň asly birdir. Olar höwesiň tersine, göwnüň garşysyna ýüze çykýan ýagdaý bolup, eger ol özüňden pesler sebäpli ýüze çyksa, gaharlanarsyň, özüňden ökdeler zerarly ýüze çyksa, gynanarsyň» diýipdirler. 108. Ibn Mukaffag şeýle diýdi: «Gahar-gazabyň joşmagyndan howatyr et. Ol seni peslige salyp, ötünç soramaga mejbur eder». 109. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Söweşde garşydaşyndan üstün çykýan adam batyr däldir. Gaharlanan wagty, özüni saklap bilýän adam batyrdyr». 110. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Gahar-gazap şeýtan tarapyndandyr. Şeýtan bolsa otdan ýaradylan. Ody hem diňe suw bilen öçürip bolýar. Şonuň üçin biriňiz gaharlansaňyz, suwa ýuwynyň». 111. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Aňsat gaharlanmaýan, gaharlansa-da, tiz köşeşýän adam iň haýyrlyňyzdyr. Tiz joşup, tiz köşeşýän hem şoňa golaý. Emma tiz gaharlanyp, aňsat-aňsat köşeşmeýän adam, iň ýamanyňyzdyr». 112. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Sütem edilse, Taňrynyň adalatyny, güýç ulanylsa, Taňrynyň güýjüni ýatla. Gahar-gazabyň joşguny seni günä işe itermesin. Gahardan saplanjak bolup, diniňe zelel berme». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |