06:40 Mertebeler we kemlikler: Iñ gözel gylyklar | |
IŇ GÖZEL GYLYKLAR 113. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Iň gözel gylyklar on sanydyr. Olar atasynda bolsa, oglunda, oglunda bolsa, atasynda bolman biler. Gulunda bolsa hojasynda, hojasynda bolsa gulunda bolman biler. Allatagala bu häsiýetleri öz halaýan adamsyna bagyş eder. Olar: «Dilegçini sylamak, ýagşy iş edene serpaý bermek, bela-betere sabyr etmek, goňşularyň we dostlaryň hakyny ödemek, dogry sözlülik, garyndaşlyk gatnaşygyny üzmezlik, amanat zady abat saklamak, myhmansöýer bolmak, ýagşy iş edeni sylaglamak, utanç-haýaly bolmak». 114. Mugawyýa Alynyň ogly Hasandan «Jomartlyk, hemaýat we ynsaplylyk» hakda sorapdyr. Hasan oňa: «Jomartlyk — höwes bilen ýagşylyk etmek, soralmanka bermek, açlyk döwri ajy doýurmakdyr. Hemaýat — jebri-jepadan goramak, ildeşiň ýamanlygyna çydam etmek, howp-hatara ilki okdurylmakdyr. Ynsaplylyk — her bir adamyň öz dinini we amanatyny gorap saklamagy, myhmanlaryny hezzetlemegidir» diýdi. 115. Halyt ibn Abdylla öz ogluna: «Eý, oglum, aslynda baýlygyň kem bolsa-da, ahwalyň teň bolmasyn. Mätäçlikde mertebesini, garyplykda ýoluny düz saklaýan adam şöhratlydyr» diýdi. 116. Amyr ibn Tufeýlden: «Iliňe nädip hökümiňi ýöretdiň?» diýip soranlarynda: «Mätäç adamlara kömek etdim, olary zyýan-zelelden goradym, ýagşylaryna ýardam etdim» diýipdir. 117. Medaýyny şeýle diýdi: «Halyt ibn Abdylla Kasrynyň hutbasynda: 118. Muny bize Ybraýym ibn Sindiden eşidip Amr ibn Bahrul Jahyz gürrüň berdi; Muny maňa Abulapbas Ahmet ibn Hüseýinden eşidip, Aly ibn Zekkar hem gürrüň berdi: «Abu Bekir ibn Enbarynyň Abul Atahyýa ýazan hatynda ýagşy gylyk-häsiýetler şeýle beýan edilýär: «Ýagşy gylyklar köpgörnüşli bolup, ilkibaşda akyl durýar. Ondan soňra din, ylym, mylaýymlyk, jomartlyk, dogruçyllyk, sabyrlylyk, Hudaýa şükranalyk, ýagşylyk we ak göwünlilikdir. Haçan-da, nebsiň tersine gitseň dogry ýola gönügersiň, ony pes tutsaň beýige galarsyň, harlasaň päkize bolarsyň. 119. Abu Rawk Hazzany Abulfazl Ryýaşydan eşidip, Aly ibn Kasym Basry diýen adama, ol hem bize gürrüň berdi: «Bir gezek Asmagy hymsly Müslim ibn Meýseräň ýanyna baranynda, ogluna öwüt berip oturan eken. «Işiň rowaç bolsun, nämäni maslahat berýäň?» diýip, Asmagy sorapdyr. Ol: «Ogluma durmuşyň ähli ýodasynda - ýeňil-ýelpaý ýa-da agyr ýerinde mydama açyk ýüzli bolmagy, mätäje kömek bermegi, asylly adamyň bergisini üzlüşmegi ündeýän» diýipdir. 120. Käbir adamlar şeýle diýdi: «Üç sany ýagşy häsiýeti özünde jemlän ýigidiň akyly-ynsaby kämildir: Mätäje kömek edýän, arasyny üzen bilen gatnaşýan, ýamanlyk edeni bagyşlaýan». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |