07:12 Mertebeler we kemlikler: Gybat we içigaralyk | |
GYBAT WE IÇIGARALYK
Jemgyýetçilik tankydy
♧ Pygamberiñ aýdany: "Kyýamat güni adamyñ eline, etmedik ýagşylyklary ýazylan sahypa berler. Ol "Eý, Hudaý, bular maña nireden geldi?" diýip soranda, ol "Bu adamlaryñ sen hakda eden gybaty, ýöne sen ony bileñok" diýer. ♧ Enesiñ aýdany: "Gybat edeniñ orazasy bozular". ♧ "Gybat täretiñi bozarmy?" diýip, Mujahytdan soralanda, ol "Hawa, sogabyñy hem kemelder" diýipdir. ♧ Bir adam Ibn Siriniñ ýanyna gelip "Sen hakda gybat etdim welin, şony maña halal etsene" diýipdir. Ol: "Hudaýyñ haram eden zadyny halal etmäge hakym ýokdur" diýip, jogap beripdir. ♧ Asmagynyñ aýdany: "Çarwa arabyñ biri dostlarynyñ üstünden düşüp, gybat edip oturan adamlaryñ ýanyna barypdyr. Ol: "Eý adamlar! Bu ýalan gürrüñi goýuñ, ol şu ýerde häzir bolsady, derrew ony öwüp başlarsyñyz" diýipdir. ♧ Dygbylyñ sözleri: "Mertebämi görüp bilmeýän adama, gybatymy edýär. Ýagşylar bolsa, eşidendikleri üçin alkyş aýdýar. Göripleriñ käbiri, gabat gelemde, ýüzüme gülüp bakýar, gözden ýitdigim içýan bolup çakýar. Zeminiñ ýüzi göriplerden şeýle bir dolupdyr, indi dünýä hem şolardan ýaña dar görünýär". ♧ Başga biriniñ sözleri: "Günde ýüz öwüsýän käbir adamlar bar. Olar öwütçimi, göripmi añlar ýaly bolmady. Men bulara şeýle bir haýran galýaryn: Bir eli bilen aýagyñdan aslyşsa, beýleki eli bilen başyñy sypap dur. Bularyñ ýanynda arkamy alsa, olaryñ ýanynda ýere çalyp dur. Eý, adamlar, aralary asmandan uzak bolan bi iki gylyga birlikde ýapyşmañ!" ♧ Abdylla ibn Mübäregiñ aýdany: "Biri hakda gybat etmeli bolsa, atam hakda ederdim. Sebäbi ol ýagşylyk edenime degýän adam". ♧ Abdylla ibn Tahyryñ sözleri: "Özgeden aýyp tapsañ, öz nogsanyñ hem açylar. Ilden gizläp ýören aýbyñy illere aýdarlar. Adamlarda ýok zady olara ýöñkemek, Hudaýyñ we iliñ öñünde uly günädir. Bir akyldaryñ sözüni diñle, ol parasatly söz synalan zatdyr: Adamlar hakda söz açsañ, olaryñ aýbyny aýtma. Seniñ üçin öz aýbyñdan uly nogsan bolmasyn. Olaryñ aýbyny gözläp başlasañ, aýbyny taparsyñ, ýöne öz aýbyñ olaryñkydan has köpdür". ♧ Ibn Apbasyñ rowaýaty: "Allatagala Mus pygambere: "Eý, Musa, soñky demiñde gybatyna toba edip ýogalan adam iñ soñky bolup jennete girer. Gybat edip ýogalan adam, ilkinji bolup dowzaha girer" diýipdir. ♧ Abdylla ibn Mübärekden gybat hakda soralypdyr. Ol: "Ýüzüne aýdyp bilmejek zadyñy, ýeñsesinden gürlemek" diýip, jogap beripdir. ♧ Iki sany hristiýan tebibi Ibn Siriniñ ýanyna barypdyr. Olaryñ biri daşary çykanda, Ibn Sirin beýleki tebibe bakyp: "Eger gybat hasaplamasañyz, haýsyñyz ökde diýip soraýjakdym?!" diýipdir. ♧ Pygamberiñ aýdany: "Öz ýanynda gybaty edilen musulman doganyny başardygyça goldan adamy Hudaý iki dünýäde hem goldar. Pisint etmän üstünden düşýäni bolsa, Hudaý iki dünýäde hem kösençlige duçar eder". ♧ Omar ibn Abdyleziziñ aýdany: "Özüñe ýamanlyk eden adamynyñ ýamanlygynyñ mukdaryna görä sögmäge rugsat berilýär. Emma artykmaç sögseñ, onuñ üçin sogap, saña bolsa günädir". ♧ Hatyn Asamnyñ aýdany: "Ýalançy - dowzahyñ iti, görip - dowzahyñ doñuzy, gybatçy we gepçi - dowzahyñ maýmynydyr!" ♧Sufýanyñ aýdany: "Iýas ibn Mugawyýanyñ ýanyndadym. Gapdalymdan bir adam geçip gitdi welin, men ondan bir zat soradym. Ol: "Dymyp otyr" diýdi. Soñra: "Eý, Sufýan, rumlylar bilen söweşe gatnaşdyñmy? Türkler bilen söweşip gördüñmi?" diýdi. Men: "Ýok" diýdim. Ol: "Görýäñmi, duşmanlaryñ senden sag-salamat, musulman doganyña bolsa ezýet berýärsiñ" diýdi. Gaýdyp şeýle hereket etmedim. ♧ Wehp ibn Münepbihiñ aýdany: "Gepi-gybaty adamlaryñ agzynda sakgyç bolýança, adam mertebeli bolup bilmez". ♧ Ibn Mesgudyñ aýdany: "Gybat-azgyn karylaryñ iýmişi, bozuklaryñ meýlisi, patyşalaryñ bossany, aýallaryñ örüsi, itpisint adamlaryñ iýmiti, takwalaryñ zir-zibilidir". ♧ Pygamberiñ aýdany: "Adamlaryñ etini iýýäniñ (gybatyny edýäniñ) orazasy kabul bolmaz". ♧ Mekhulyñ aýdany: "Gybatyñ ähli ýagşylygyñy iýişi, oduñ pagta übtügini köýdürişinden hem çaltdyr". ♧ Sagyt ibn Jubeýriñ aýdany: "Hudaý hiç bir zady ýadyndan çykarmaýar. Ýöne onuñ ähli işiniñ sogabyny adamlara eden gybaty köýdüripdir". ♧ Pygamberiñ aýdany: "Bu dünýäde adamlaryñ etini diriligine iýýän adamlar, dowzahda porsy maslyk bilen bakylar". ♧ Pygamberiñ aýdany: "Kim musulmanyñ aýbyny örtse, Hudaý onuñ hem aýbyny gizlär. Musulmandan aýyp tapan, tä özi şoña duçar bolýança, dünýäden gitmez". ♧ Isa Mesihiñ aýdany: "Adamlaryñ aýbyna hojaýynlar ýaly seretmän, bendeler ýaly öz aýbyñyzy gözläñ. Doganynyñ gözünde gara görýän adam, öz gözüniñ (gara)görejinj görüp bilýän däldir". ♧ Bir adam Iýas ibn Mugawyýa şeýle diýipdir: "Men aýby köp bir adamyny bilýärin. Aýby köp diýýänimiñ sebäbi, ol elmydama özgeleriñ aýbyny ýatlaýar. Şeýtmek bilen ol öz aýbyny örterin öýdýär". ♧ Abul Atahyýanyñ sözleri: "Adamlaryñ ählisi özgäñ aýbyny görmäge zor, özüne gezek gelende kör. Öz aýbyny örtüp, özgeleriñkini paş edýän kişiden haýyr bolmaz". ♧ Asmagynyñ aýdany: "Abraýly adamlaryb meýlisinde, bir kişi beýlekini ýamanlapdyr. "Sen özgeleriñ aýbyny ýaýmak bilen, öz aýbyñ köplügini bildirdiñ. Sebäbi, adamyñ özünde näçe mikdar aýyp bar bolsa, ol özgelere-de şonça aýyp ýöñkeýär" diýip, ýaşuly dillenipdir. ♧ Ýahýa ibn Eksemiñ sözleri: "Hudaýa şirk ýetirmekden soñky iñ uly aýyp - öz nogsanlygyñy bilmezlikdir". ♧ Huraýmynyñ sözleri: "Özi nogsanly bolup, özgeleriñ arkasyndan gybat edýän adamlaryñ ýüreklidigine haýran galýaryn". ♧ Käbir hekimleriñ aýdany: "Biriniñ aýbyny açsañ, şonuñ ýaly nogsanyñ özüñde döremeginden häzir bol". ♧ Başga biriniñ sözleri: "Adamyñ eden işini ýazgarmajak bol. Seniñ özüñem olardan üýtgeşik dälsiñ. Kim özgäñ aýbyny ýatlap, özüniñkini örtýän bolsa, onuñ akylyna zeper ýetendir". ♧ Hasanyñ aýdany: "Özünde aýyp barka, iliñ aýbyny ýaýyp ýören adam, tä bu pişesini goýup, öz aýbyny düzeldýänçä, imanyñ hakykatyny duýmaz". ♧ Abu Zueýbiñ sözleri: "Ol biriniñ öz aýbyna gözi düşmez. Özgäñ aýbyna nazary kaklyşdygy sypdyrmaz. Adam öz aýbyny bilen çagy, özgelerden nogsan gözlemekden batyl galýar". ♧ Rabyg ibn Huseými bir gezek Abdylla ibn Mesgudyñ ýanyna giripdir. Abdylla oña: Eý, Abu Huseým, adamlary nähili görýärsiñ?" diýende, ol: "Eý, Abu Abdyrahman, öz günäleri üçin arkaýyn, özgeleriñ günäsinden bolsa gorkýarlar. Illeriñ ýamanlyklaryny görýärler, özleriniñkini bolsa gözlerini ýumýarlar. Sen hem ilki özüñe gara, şonda özgelere meşgul bolmaga eliñ ýetmez" diýdi. ♧ Halid ibn Welid bilen Sagd ibn Abu Wakgasyñ arasynda dawa-söz bardy. Bir adam Sagdyñ öýünde-kä, bu sözi Halid ibn Welide aýtdy. Ol: "Diliñi sakla, biziñ aramyzda näme bar bolsa, ol hiç haçan dinimize zeper ýetirenok" diýipdir. ♧ Muny mańa Basradakam Kazy Abu Abdylla Nuhawendi gürrüñ berdi. Abu Asymyñ sözi: "Iliñ donundan çekseñ, iller seniñ donuñdan aslyşar, ýagny ilden aýyp gözleseñ, olar hem senden aýyp tapar". ♧ "Gybat näme?" diýip pygamberden soralanda, ol: "Onuñ halamaýan zady bilen doganyñy ýatlamak" diýipdir. "Eý, Pygamber, eger meniñ aýdýan häsiýetlerim şonda bar bolsa näme?" diýende, Pygamber: "Eger ol şonda bar bolsa, oña gybat diýilýär. Eger onda ýok zady aýtsañ, onda ol töhmet bolýar" diýipdir. ♧ Pygamberiñ aýdany: "Bu dünýäde adamlaryñ etini diriligine iýýän adamlar, dowzahda porsy maslyk bilen bakylar". Terjime eden: Rahmet GYLYJOW. Reýhan HOREZMI "Mertebeler we kemlikler" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |