21:36 Möjekit / hekaýa | |
MÖJEKIT
Hekaýalar
Zannyýaman çal möjek özüni damananyň we ymgyr çölüň ýeke-täk eýesi hasaplaýardy. O hiç zatdan we hiç kimden heder edenokdy. Sebitiň girelge-çykalga ýollaryny gowy öwrenipdi, indi bu ýeri şahsy mekanyna öwüripdi.Çölüň jandarlary sütemkeşi gördügi nirädir bir ýerlere sumat bolmak bilendiler. Möjekitiniň ysyny alany bäri ol howsala düşüp başlapdy. Gyňyr, gözleri otlukly ýanyp duran ol jandara duşmagyň özi üçin örän howpludygyny duýýardy. Çal möjek daş-töweregine biparh nazaryny aýlady-da, uludan pallady we gerindi.. Soňra mallaryň torç eden dagetek ýolundan çykyp, ýüzüni çekene dowarlarynyň bakylýan arkaçdaky örüsine tarap öwürdi. Goýun itiniň ganjygy bilen inekgiň (erkek möjek möjek şeýle atlandyrylýar) nesline çopanlar möjekit diýýip atlandyrýarlar. Käbir adamlaryň dürli kowumlardan bolan möjekitini nemes owçarkasy bilen çalşyrmagy dogry däldir. Goşmak nesil Ahal Balkan, Lebap şiwelerinde aldajy, üňňüş we äňňüş şekilinde-de aýdylýar. Mahmyt Kaşgarly bu sözi üngüjin görnüşinde getirýär we ony «çölde ýaşaýan hyýaly mahluk, janalgyç» diýip düşündirýär. Goýun itiniň ganjygy bilen inekden dogan nesil berk bedenli, garadan gaýtmaz we örän dogumly. bolýar. Enesiniň we atasynyň häsiýetli aýratynlyklary jemlenýär. Möjekitiniň artky aýaklarynyň penjeleriniň dyrnaklary öňki aýaklarynyňka garanyňda ösgün we ýiti bolýar. Şonuň üçin onuň yzyny kowumdaşlarynyňkydan tapawutlandyrmagyň müşgüli ýok. Ol aw awlanda, duşmany bilen darkaş guranda kesgir dyrnaklaryny netijeli peýdalanýar. Sol sebäpden hem çölüň wagşy jandarlary ondan daşrakda gezeklerini rowa görýärler. Möjekitiniň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy onuň ýeke-täk hojaýyny kabul edýänligidir. Ol ruhubelent we maksadaokgunly adamlary gowy görýär. Wepaly hyzmat etmek bilen onuň ynamdar dostuna, maslahatçysyna öwrülýär. Möjekiti eýesiniň tabşyryklaryna buýruklaryna tabyn bolýar, gerek ýerinde janyny orta goýýan jandarlyr. Ol maşgalanyň çagalary bilen tiz höwrügýär, onuň mal-mülkini wepalylyk bilen goraýar. Bu janawary gorkuzmak, abaý-syýasat arkaly erkiňe tabyn etmek asla mümkin däldir. Ol halamadyk, söýmedik adamlaryna, jandarlaryna örän yzgytsyz bolýar. Şonuň üçin eýesi ony berk gözegçilikde saklamaly bolýar. Gatyşyk ganly bolsa-da möjetiti çagalar bilen oýnamany gowy görýär. Käte olaryň oýunlaryna goşulyp gidýärler we garagolluklaryna geçirimli bolýarlar. Munuň hakykat ýüzüne şeýledigini şahsy tejribesi bolan adamlar ynamly aýdýarlar. Garagum sährasynyň maldarlar möjekitini öz maksatlary üçin peýdalanmagyň täsin usulyny tapypdyrlar. Olar berk bedenli, dogumly güjükleri seçip almak olary terbiýäläpdirler. Gurt bilen söweşmegiň tärlerini öwredip, olardan böribasarlary taýýarlapdyrlar. Olardan möjegiň asgyn gelýndigi hemmä aýan hakykatdyr. Soňky ýyllarda dowar sürüsini goraýan ýala gelen ganjyk itleriň käbiri nirädir bir ýerlere ýitrim bolup başladylar. Ilkibada olary çal möjekler parçalaýandyr diýip çakladylar. Ýöne muny tassyk edip biljek tutaryk bolmansoň bu pikirden el çekmeli boldy. Haçanda iki pasly ara salyp iki-üç sany güjügini yzyna tirkäp mekanyna gaýdyp gelenlerinde ähli zat aýan boldy. Möjekitleriniň köpelip başlamagy oba ilatyny we maldarlary howsala goýupdy. Olar towuk keteklerine talaň salyp başladylar, dowar sürüsinden goýun-geçini garawsyz alyp gidýärdiler. Goýun itleri bolsa bu jandaryň sesini eşitdigi guýrugyny gysyp sümelge agtarýardylar. Şeýlelikde talaňçylaryň etmişleri temmisiz galýardy. Möjekitiniň güjüginiň hojalygymyzda peýda bolmagynyň täsin taryhy bar. Obamyzyň gaýrasyndan köp gatnawly awtoulag ýoly geçýärdi. Ir-agşam çekene dowarlary örä çykarylanda we otlagdan gaýdyp gelýärkä şol ýoly kesip geçirmelidi. Şonda kakam iki baka ylgap hutbat baryny görýärdi. Sähelçe hügärligiňi elden berseň bir bendäniň malynyň heläk bolmagy ýa-da pajyganyň ýüze çykmagy daşda däldi. Şol gün günbatarda şapagyň gyzaran wagty çekene mallary oba alyp gelýärkä gojaman sazagyň düýbünden möjeksypat alaja güjük tapypdyr. Janawar birnäçe wagdan bäri iýmit iýen däl bolara çemeli, tüýleri bulaşykdy gaty ejizlän eken. Biz ony süýtli bulamak bilen hezzetledik. Ertesi kakam tapyndymyz barada obadaşlarymyza jar etdi. Güjük ýortmança bolsa-da, eýesi tapylmady. Güjük biz bilen tiz ysnyşdy. Indi eýesi gelse-de ony berip göýbermek biziň üçin çözülmesi kyn meseledi. Onuň çalasyn hereketleriniň nazara alyp, Basym diýen ady goýduk. Ol her gün säher bilen kakamy ýola salardy, baýyrlyga çykyp dowar sürüsiniň salgymy ýitinçä yzyndan garar durardy. Agşamara bolsa onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Kakamy gördügi guýrugyny bulaýlap, oňa täsin oýunlaryny görkezerdi. Biz munya onuň halasgärine minnetdarlynyň şynany bolsa gerek diýip düşünerdik. Hojalygymyz uly däl; ýabymyz, sagymlyk düýämiz we goýun-geçimiz bar. 20-30 sany mäkiýanymyza ketekdäki çaşy göz horazymyz hojaýynlyk edýär. Ol her gün säher bilen belendiräk bir ýer agtarýar-da sesiniň ýetdiginden daňyň atanyny obadaşlarymyza habar berýärdi. Diňe şondan soň beýleki horazlar aýaga galyp nazym bilen gygyryp başlaýarlar. Obadaky bolup geçýän zatlara ýortmançamyz — alty aýlyk güjük şeýle atlandyrylýar, eserdeňlik bilen gözegçilik edýärdi. Soňky wagtlarda towuk ketelerine talaň salýan jandarlaryň sany kemelip başlapdy. Bir gezek obamyzda şeýle bir waka boldy. Jigim Akjemal deň-duşlary bilen uly şatutyň saýasynda oýna gyzygyp otyrdy. Birdenem Basym çagalaryň deňinden okkesdirme atylyp geçdi we ýörjen-ýörjen bolup ýören jigim çörek bişirlýän tamdyra ýykylmakdan halas etdi. Şonda ejemiz: “Basym Jigiňize aladaçyl eneke, maşgalamyza ynamdar goragçy” diýip, Basymyň öwgüsini ýetirdi. Tomus paslynda öýde däl-de, telärde peşehana guranyp, açyk howada ýatmagyň lezzeti aýrybaşga. Obalylar ir döwürlerde-de, häzirki wagtda-da şeýle edenlerini kem görenoklar. Iňrik garalyp başladygy jigimiň iňňirdisi artyp başlaýardy. Ejem ony hüwdiläp aýagynda ýatyrjak bolsa-da jigim ketjallygyny edýärdi. Bir gije ähli zat onynlyga tarap özgerdi duruberdi. Ejem bir salym öýe girip-çykanda jigim Basymyň tüýlerinden ýapyşyp ýatyşyna ýylgyrýardy. Möjetit bolsa gözlerini süzüp ýatyrdy. Jigimiň eýjejik ellerini möjekitiň tüýlerinden aýyrmagyň gozgolaňa ýol açjakdygyna ejem gowy düşünýärdi. Iki ýyldan mundan ozal kakam ňz ýany bilen itimizi çöle alyp gitdi. Şeýdip ol kakamyň iň ýakyn kömekçisi we maslahatçysy bolup ýetişdi. Özi hakynda bir zatlar diýilse gözleriňe dikanlap ondan many okajak bolýardy. Basymyň ýanyndaka kakam hiç hili aladany duýanokdy. Indi dowar bakmak hem ýeňilleşipdi, Basymyň özi agyr sürüni gaýtarar ýörerdi. Möjekler, şagallar, tilkiler onuň çygrynda ysyny aldygy sebiden zym-zyýat bolardylar. Dolanaý gijesidi. Uzaklardan bir ýerlerden möjegiň tukat uwwuldysy eşidilýärdi. Bu ses her gezek ýaňlanyň gaýtalananda Basym öň aýaklaryna algyp oňy ünsli diňlärdi. Soňra kakamyň garaklaryna dikanlap bir many aňjak bolýan ýalydy. Gijelerine dowar sürüsiniň daşyndan aýlanýan Basym indi iki ýana ýorgalap, ot-çöpleriň düýbüni ysgaşdyryp çykýardy. Şol gije çal möjegiň sudury göze ilende Basym ses-sadasyz oňa tarap ýüwürdi . Şonda kakam çal möjek Basymy aldawa salyp parçalar öýdipdir. Ol gum depesiniň üstünde Basym bilen çal möjegiň tumşuklaryny bir-birlerine süýkäp durşuny görende ähli zada düşünipdir. Tizara olar çöle siňip gidipdirler. Ondan bäri ýarym ýyl çemesi wagt geçdi. Şol gün ir säher bilen Basym obada peýda boldy. Ol ýeke däldi, ýanynda üç sany güjügi bardy. Olaryň ikisi möjege çalym edýän bolsa-da, beýleki birisi agynjak türkmen alabaýyna çalym edýärdi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |