22:29 Mugallym - iki frontyñ esgeri | |
MUGALLYM - IKI FRONTUÑ ESGERI
Pedagogika we edep-terbiýe
"A" harpyndan "Я" harpyna çenli öwreden mugallymyñ keşbi, syraty, çaga kalbyna siñen mähri, sanalgyñ dolýança ýatdan çykjak gümany ýok eken. 1936-njy ýylda Çalsuw obasynda birinji klasda Garry Kulyýew okadypdy. Türkmen öýünde sapak geçirilýärdi. Ne parta bardy, ne-de oturgyç. Rejeli klas doskasy-da ýokdy. Kagyz, galam-da oñly däldi. Ýöne okuwçylaryñ bilim almaga höwesi, erjelligi bar bolan kynçylyklary ýeñerdi. 56 ýyldan soñ hormatly mugallymyma Nebitdag şäherinde ýas düşeginde sataşdym. Tanadym. Mähirli salamlaşdyk. Saglyk-amanlyk alyşdyk. Ol Gyzylarbat etrabynyñ Çerkezli obasynda ýaşaýandygyny aýtdy. Myhmançylyga çagyyrdy. Golaýda Çerkezli obasyna ýola düşdük. Asfalt ýol Gyzylarbat şäheriniñ çak gaýrasyndan gidýän eken. Serlip ýatan Kesearkajyñ düzi ýetjek derejesine ýetipdir. Ýoluñ sagy-soluny tutup ygşyldaşyp oturan bugdaý maýsasy göwnüñi göterýär. Ýaz gününiñ ýyly şemaly maýsanyñ başyny yralaýardy. Maýsaly meýdan öwşün atýardy. Deñiz tolkunyny ýada salýardy. Tebigatyñ täsinligi ýüregi joşdurýardy. Howasy janyña lezzet berýärdi. Aralyk 60 kilometr. Ýoly ýarpyladyk. Ekin meýdany yzda galdy. Ýaşyl dona bürenen gülälekli sähradan gözüñ gönenýär. Gumly gollaryñ çetinden girdik. Az wagt aýak çekdik. Beýik gum depäniñ başyna çykdyk. Töweregi synladyk. Lemmer-lemmer deñiz tolkunyny ýada salýan depeler biri-birine kybapdaş. Hydyr atany gören Garagumyñ eşretli döwri gelipdir. Sazak, selin, gandym, çerkez nemi ýetensoñ bolubilenini bolupdyr! Şeýle gözel ýeri köp bolan Watanyña neneñ guwanmajak! Aýak ýeter ýaly ýerdäku daglary, dag jülgelerini-de sökesiñ gelip dur. Ýaşlykda ýaşan ýerleriñi köpüñ ötüp, azyñ galanda, ýüregiñ has beter küýseýär. Häzir oturymsyz çöl ýerler bolanam bolsa, şol ýerlerde ýatyp-turup ýöresiñ gelýär. "Towşana dogduk depeleri-dä!". Çerkezli obasyna golaýlaşdyk sary şeýle pikirler kelle tarynda öwrüm berýärdi. Sag-aman oba bardyk. Ilkinji mugallymymyñ gapysynda düşdük. Garry mugallym öýünde eken. Tañry salamyny berip, işikden ätledik. Tarsa ýerinden turup elleşdi. Elimi bir gysma-gysdy, adygam pälwanlary ýada saldyrdy. Beýle etmegine düşünmez ýaly däldi. Janyñ tut ýaly sagdygyny habar berdigidi. Şeýle saglyk uzak wagt nesip etsin diýip, içimi hümledenimi duýmany galdym. Biziñ myhmançylyga baranymyzy eşidip, inisi Abdy Kulyýew-de salamlaşmaga geldi. Öten-geçenleri ýatlamagyñ kemini goýmadyk. Özi barafa gazetde ýazyp-pozjagyny duýdurdym. Sandygy açdy. Bir goltuk kagyzy öñüme oklady. Olary doly okap çykjak bolsañ ýoñsuz wagt gerek boljak. Gerekli dokumentleri saýlap aldyk. Garry agañ çyn ady Annaesen (Köne at -T.Ü). 1931-33-nji ýyllarda Gazanjykda açylan internatda bolýar. Jezitçe 3-nji klasy gutarýar. Ylym atasy Mürzaly Puhanow çagaka saý-sebäp bilen Eýrana düşýär. O pahyr ýegre tanaýan adamym. Arap-pars dilini suw içen ýaly bilýärdi. Kuranyñ sürelerini, her bir dogany ýas düşeginde türkmen dilinde märekä düşündirerdi. Otuzynjy ýyllaryñ başlarynda oba ýerlerinde mekdeplerde okuw 1-nji aprelde başlanyp, gyş aýlary okuwçylar kanikula çykarmyşdyk. 1933-nji ýylyñ 15-nji maýynda Gazanjyk raýon bilim bölüminiñ 15-nji buýrugy bilen Gulmaç oba sowetiniñ Çalsuw obasyndaky mekdebe başlangyç klas mugallymy edilip iberilýär. Buýrugyñ göçürmesi gyzyl syýa bilen ýazylypdyr. Buýrugyñ soñuna bilim bölüminiñ müdiri Etrek Babaýew (Hywaly Babaýewiñ inisi -T.Ü.), sekretary Sapar Gurbanow (adygan zenan bagşy Maýa Yslamowanyñ atasy T.Ü.) gol goýupdyrlar. Möhür basylypdyr. Uruş ýyllarynyñ öñüsyrasynda, has takygy 1941-nji ýylda Çalsuwdaky oba Uzynsuw obasynyñ günbataryna Garañky dere diýilen ýere göçürilip getirildi. Şol obadaky doly däl orta mekdebiñ direktorlygyma bellenýär. Şol ýylyñ awgust aýynyñ 23-ine fronta gidýär. Germaniýanyñ Kennigsberg şäheriji almaga gatnaşýar. 1945-nji ýylyñ maý aýynda Zabaýkal frontuna geçirilýär. Iki fronta gatnaşyp, 1946-njy ýylyñ bahar aýynda öwrülip gelýär. Şol ýylyñ 15-nji martynda Gazanjyk etrabynyñ Joýruk oba sowetiniñ Karl Marks kolhozyndaky mekdebe mugallym edilip iberilýär. Garry Kulyýewiñ aga-inileri, dogan-garyndaşlary Gyzylarbat etrabynyñ Pürnüwar obasynda ýaşandyklary üçin göçüp gidýär. 1956-njy ýyla çenli şol etrabyñ Tutly, Garabogaz, Çerkezli obalarynda okuw müdiri, mekdep direktory bolup işleýär. Soñky döwürde Çerkezlide taryh mugallymy bolup çagalara sapak berýär. 1977-nji ýylda hormatly dynç alşa çykýar. Ýüregi takat tapmaýar. Ýene mugallymçylyk kärine öwrülip barýar. Mugallymçylyk kärinde ýarym asyry arka atyp, maksadyna ýetýär. 1935-nji ýylda Baýramaly şäherindw mugallymlary kämilleşdiriş kursuna Esenguly, Gyzyletrek, Gazanjyk etraplarynyñ çarwa oba mekdeplerinde işleýän mugallymlar iberilýär. Olaryñ sany ýadygärlik saklanylýan suratda ýüzden agarak bar. Şolaryñ arasynda Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Pene Rejebow, Garry Kulyýew, Jaman Kulçarow ýalylar bar. Garry mugallym 1949-njy ýylda häzirki Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy pedagogik uçilişäni gutarýar. 1952-nji ýylda Çärjew şäherindäki peninstitutyñ taryh fakultetine girýär. 3-nji kursuny gutarýar. Saglygy zerarly okuwyny dowam etdirip bilmeýär. Garry Kulyýew uruş ýyllarynda "Отечественная война" ordeni, 9 sany söweşjeñ medaly bilen sylaglanýar. Magaryf sistemasynda işlän ýyllarynda "Zähmetde tapawutlanandygy üçin", "Zähmet weterany" atly medallara mynasyp bolýar. Halk Magaryfynyñ otliçnigi Garry Kulyýewiñ şu ýylyñ 15-nji maýynda 79 ýaşy dolýar. Hormatly mugallymymyñ ýaş toýuny gutlamak bilen, berk jan saglyk, Göroglynyñ ýaşyny arzuw edýärin. 1996 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |