14:29 Mugallymyñ mähri | |
MUGALLYMYÑ MÄHRI
Pedagogika we edep-terbiýe
Pany dünýäniñ gurluşyny, eşretini ynsana joşan durmuşyny synlap ýörseñ, her hili gözellikler göz öñüne gelýär. Ho-ol ilerik çykyp, Nebitdag şäheri bilen gojaman Balkan dagyna ser salsañ, misli ataly-ogul ýaly bolup görünýär. Ylla diýersiñ, dabanyny ýassanyp ýatan asuda şähere gije-gündiz nazaryny aýyrman, guwanyp, buýsanyp oturan ýaly. Juwan şäher-de dagdan arkasy bolany üçin gözel görküne guwanýana meñzäp dur. Durmuşda adam aragatnaşygy-da şeýle bolýar. Ýetginjek ýyllarymyzda ýaşulular ýaşlara göwni ýetse "pylan jan", "pylan han" diýerdiler. Ýaşlar-da olardan kem oturmazdy. "Pylan däde", "adamjan" diýip, ýaşululara hormat goýardylar. Iki taraplaýyn sylanşyk göwünleri galkyndyrardy. Mugallym bilen okuwçylaryñ arasynda mähirlilik bolsa, hemme taraplaýyn peýdaly bolýar. Mähirlilik biri-biriñi söýmeklikdir. Şeýle aragatnaşyk okuwçylaryñ okuwa, mugallymyñ kärine höwesliligini artdyrýar. Höwes yhlas döredýär. Golaýda Nebitdag şäherindäki 19-njy dünýewi mekdebiñ direktory Amandurdy Mämmedowyñ ýanyna bardym. Ondan köp ýyl işlän, hünärine ussat, Täze bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde nusga alarlyk mugallymy salgy bermegini soradym. Ol: "Mugallymlaryñ hemmesi-de gowy işleýär, gowudan gowusy bar. Şolaryñ biri-de Tawus Orazgulyýewadyr" diýip ynamly aýtdy. Arakesme wagty Tawusyñ ýanyna bardym. Iş usuly barada gürrüñ bermegini haýyş etdim. Mugallyma heñ bilen ylalaşmady. "Iñ gowusy, direktor bilen gürleşseñiz gowy bolar" diýip, sypaýyçylyk bilen aýtdy. Men ýene direktoryñ ýanyna bardym. Ol Tawus mugallyma barada giñişleýin gürrüñ berdi. Tawus 1954-nji ýylda Nebitdag şäherinde eneden doglan. Häzirki işleýän mekdebinde onunjy klasy tamamlap, 1972-nji ýylda pionerwožatyý, tizara mugallym bolup, zähmet ýoluna düşýär. Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherindäki pedagogik uçilişäniñ gaýybana bölümine okuwa girýär. Peduçilişäni gutaryp, 1980-nji ýyldan bäri ady agzalan mekdepde başlangyç klas mugallymy bolup, çagalara bilim, terbiýe berip başlaýar. Haçan-da birinji klasy okatmaklyk ynanylsa, şol klasa başlangyç bilimi doly bermeklik kada edilipdir. Şeýle ýagdaý Tawusyñ durmuşynda birnäçe gezek gaýtalanypdyr. Mugallyma häzir birinji klasy okadýar. Klasda 31 sany okuwçy bar. Okuwçylaryñ aýlaw depderlerine, klas žurnalyna göz aýladym. Depderler arassa, wagtly-wagtynda barlanypdyr. Klas žurnaly talaba laýyk alnyp barylýar. Žurnal boýunçaa sapaga ýetişmeýän çaga ýok. Çagalaryñ hemmesine diýen ýaly "4"-lik, "5"-lik bahalar goýlupdyr. Tawus Orazgulyýewa 23 ýyl bäri başlangyç klas mugallymy bolup işlemek bilen, baý iş tejribe toplapdyr. Ol birinji kategoriýaly mugallyma. Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde görkezen asylly zähmeti üçin "Halk magaryfynyñ otliçnigi" diýen nyşan bilen sylaglanypdyr. Mugallyma "Täze bilim" syýasatyndan ugur alyp, sapaklaryny häzirki zamanyñ talaplaryna laýyklykda guramagy başarýar. Esasy bellemeli zat - ol çagalary söýýär. Olara enelik mähri bilen garaýar. Olara "balam, janam" diýip ýüzlenýär. Çagalaryñ ýaş aýratynlyklaryna seredip, sapaklarynu guramagy ussatlyk bilen amala aşyrýar. Ylaýta-da çagalaryñ okuw, ýazuw endiklerini ösdürmekde we ukyplaryny dürli okuw-görkezme esbaplarynyñ, kartoçkalaryñ we oýun pursatlarynyñ kömegi bilen kämilleşdirmekde üstünlikler gazanýar. Mugallyma mydama täzeligiñ gözleginde. Tawus Orazgulyýewanyñ guraýan sapaklary teoretiki we praktiki tarapyndan çuñlugy bilen kärdeşleriniñkiden tapawutlanýar. Şeýle faktorlaryñ esasynda onuñ okadýan klasynda okuwçylaryń kollegrafiýasy gowy, ýetişikleri ýokary derejede. Mugallyma başlangyç klaslary okatmagyñ metodikasyny kemsiz ele alandygyny işde yzygiderli görkezip gelýär. Mugallyma sapaklaryñ däp bolup gelýän usullaryny täze adaty däl görnüşler bilen ýerlikli utgaşdyrýar. Okuw sapaklarynda çeper teksti okan wagty obraza girmegi başarýar. Täsirli gürrüñ, labyzly okamak arkaly çagalaryñ ünsüni sapaga doly çekýär. Ýazuw, matematika sapaklarynda adaty däl sapaklaryñ oýun, ýaryş, bäsleşik ýaly görnüşlerini peýdalanýar. Tawus durmuş bilen baglanyşdyrmak arkaly okuwçylaryñ sapaga aktiw gatnaşmaklaryny gazanýar. Tawus Orazgulyýewa adaty däl açyk sapaklary, mekdep, şäher masştablarynda yzygiderli gurap durýar. Onuñ geçirýän şeýle sapaklary ýaş mugallymlara okatmagyñ dürli usullaryny saýlap almakda uly goldaw bolýar. Başarjañ pedagog mekdepde başlangyç klas mugallymlarynyñ metodik birleşmesine ýolbaşçylyk etmek bilen, ol metodik birleşmäniñ işini döwrebap ýola goýmagy başarýar. Mugallymanyñ häzirki döwrüñ talabyna laýyklykda oñat bezelen we abzallaşdyrylan okuw kabineti bar. Kabinetde predmetler boýunça kartoçkalar we okuw görkezme esbaplary sistemalaşdyrylyp goýlupdyr. Mundan başga-da kabinetde Garaşsyzlyk, Bitaraplyk burçy döredilip, onda ýurdumyzyñ Gerbi, Baýdagy, Türkmenistanyñ gimni, Täze bilim syýasatyna degişli taryhy materiallar ýerleşdirilipdir. Mugallyma klas ýolbaşçysy hökmünde şäher masştabynda açyk klas sapaklarynu gurap, dürli işleri alyp barýar. Onuñ okuwçylary tertipliligi, arassalygy bilen tapawutlanýarlar. Okadýan okuwçylary başlangyç klaslaryñ şäher olimpiadalaryna gatnaşyp, mydama baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Tawus Orazgulyýewa jemgyýetçilik işlerine aktiw gatnajýar. Okadýan klasy bilen şäher häkimliginiñ geçirýän medeni çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Tawus mekdepde aýal-gyzlar guramasynyñ başlygy hökmünde aýal-gyzlaryñ arasynda uly jemgyýetçilik we syýasy işleri alyp barýar. Ahlak temasyndan leksiýa okaýar. Tawus Orazgulyýewa asylly işiñ netijesi hökmünde Balkan welaýat Baş bil uprawleniýesiniñ bilim bölüminiñ, mekdep adminstrasiýasynyñ dürli sag bolsunlary we Hormat hatlary bilen sylaglandy diýip, direktor gürrüñini jemledi. Biz hem öz gezegimizde, jan saglygyny, ýene-de söýgüli kärinde täze-täze üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |