17:31

Muhamor / oýlanma

Oýlanmalar
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 432 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 29
0
1 Bagabat  
43
Zamarryk - kömelek (türkmen şiwe sözi);
Tür - görnüş (türkçe);
Ümürsow - täze söz, ýöne türkmen diliniň dürs ýazuw düzgünlerine görä, adatça, birinji, ýagny öň ýanyndaky bogunda dodak çekimli gelse, yzyndaky bogundaky çekimli hem dodak çekimli bolýar öýdýän. Şol sebäpdenem bolýar: ümürsöw.
Şunuň ýaly söz ýasamagy "süýji" görýän: çagasow (çägesöw diýen ýaly), garasow, pozuksypat, pozukpormy, pozukpisint, bozukkeşp we ş.m..
Şwed akademiginiň 1963-nji ýylda Nabokowyň "Lolita"-syna kesen "nyrhy" bu oýlanmany ýazmaga täsir edipdir öýdýän, Sylapberdi? :-)
Ýöne oýlanmaň senesine seretseň-ä öň ýazylypdyr welin, ýa permanent (üznüksiz, sepi-sepe sepleşip)dowam edip duran depressiýamy?!
Bir aýtgy bar: "Biri dinini üýtgedipdir!" diýseler - ynan! "Şol ilini üýtgedipdir!" diýseler - ynan! (Ind-ä goşup boljak: "Şol jynsyny, sypatyny, keşbini... üýtgedipdir" diýseler - ynan!). Emma: "Biri häsiýetini üýtgedipdir" diýseler - düýbünden ynanma!
Dogry şo!
Dünýe dowam edýär - Adamzadyňam şol bir häsiýeti!

0
2 Bagabat  
43
Muhomory türkmençä geçirseň - siňekgyran bolaýýamy?
Ýa-da "megesmergi" :-).

0
3 Garadag  
128
Şwed akademiyasyndan içimiñ bitmän ýoren-ä has öñräkden, Serdar kaka!

0
6 Bagabat  
43
Sylapberdi, nä saňa-da Nobel baýragyny bermekden ýüz dönderdilermi? :-)

0
9 Garadag  
128
Nobel baýragyna hödürlenen ýöne mynasyp görülmedikleriñ arasynda Lew Tolstoýyñ bardygyny bilenimden soñ, men tamakinem bolmaryn hem-de bu baýrakdan Sartryñ ýüz öwrendigini okap haýran galdym.

0
13 Bagabat  
43
1902-nji ýylda Lew Nikolaýewiçi edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlänlerinde Şwed ylymlar akademiýasynyň alym-kätibi Karl Wirsen muňa garşy çürt-kesik çykyş edýär. Özüniň bu hereketini Karl Wirsen şeýle düşündirýär: "Bu ýazyjy siwilizasiýanyň ähli formalaryny ýazgardy we olaryň deregine belent medeniýetiň ähli görkezmelerinden üzňeleşen ýöntem durmuş şekilini kabul etmegi nygtady... Siwilizasiýanyň islendik galyplary babatda şeýle süňkleşen rehimsizlik bilen sataşan islendik kişini müňkürlik basmarlar. Hiç kim şeýle garaýyşlara raýdaşlyk bildirmez".
1906-njy ýylda Rus Imperatorlyk Ylymlar akademiýasy Lew Nikolaýewiçi Edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlände, Lew Nikolaýewiçiň özi şol baýragyň özüne berilmezligini gurnamagy iş edinipdir. Dürli edebiýat ugrundan alymlara, ýazyjylara, belli şahslara şol baýragyň özüne berilmezligini haýyş edip hat ýazypdyr. Netijede şol ýyl bu baýrak italýan şahyry Jozue Karduççä gowşurylypdyr.
Şunuň bilen baglylykda Lew Nikolaýewiç ýazypdyr: "Birinjiden, bu ýagdaý meni uly müşgillikden - bu pullary nirä sarp etmelidigini çözmekden dyndardy, bu pullaram islendik pul ýaly meniň ynanjym boýunça diňe zulum döredip bilýär; ikinjiden bolsa bu maňa özüme nätanyş bolan, ýöne özümiň çuňňur sylaýan ençeme adamlarymdan duýgudaşlyk almak abraýyna hem lezzetine sezewar etdi".
Jozue Karduççi (1835-1907) bolsa häzirki wagtda öz watany - Italiýada-da tas undulmak derejesinde galan şahyrdyr (Şu ýerde: "Görüň-ä muny-ou! Kimi nämä mynasyp görüpdirler-ou, akmaklar!" diýip, gykuw berip heşelle kakmak üçin bu maglumaty ýazmandygymy, diňe oýlanmaga maglumat hökmünde ýazandygymy aýdasym tutýa :-(.
Nämüçin düşündirdim?
Sebäbi düşündirmeseň, diňe ters düşünjek bolup dyzaýarlar.
Bu aksioma.
).
Ondan başga-da, Nobel baýragy berilmedigem bolsa, bütin dünýäniň edebiýat muşdaklarynyň elinden düşmeýän, düşmedik, düşmejek ýazyjylar kän: Aýtmatow, Şalamow, Jebran Halyl Jebran, Kafka, Sweýg, Çehow, Rasputin, Eziz Nesin, Nazym Hikmet, Eduard Limonow, Maýakowskiý, Ýesenin, Ýewtuşenko, Rožestwenskiý we ş.m., we ş.m...

0
17 Garadag  
128
Netijede bu baýrak meñ we Tolstoýuñ, Sartryñ nazarymda gaty bir höwes ederlik baýragam dâl.

0
20 Bagabat  
43
Pikirleriň deň gelmegi hakda durmuşy wakajyk :-):

Bilýäňiz-ä, geçen ýyl howa öte sowuk geldi. Aşgabadyň eteginde kä ýerlerde minus 18-19 gradusa bardy. Onsoň obada çagalyk dostumyň mellegindäki ýyladyşhanasynda agza-burna gelip, ýaňy hasyla duran pomidoryny sowuk urdy.
Dynç güni, öýde bolmak nesibäm bolsa, onuň ýanyna gümür-ýamyra barmak endigim. Şo günem ýelsepide atlanaga-da, "hyh, janawer" diýip bärden barsam, dos, ýaňky sowuk uran pomidoryny goparyp, gädiginde duran zibil teležka daşap ýör. Ýüzem ajan hamyr ýaly.
Ýüzi aýdyp dur - keýpi noldanam beter nokat.
Dagam nä, daýhanyň nastroýennisi ekin bilendir-dä.
Ekini bolsa-ha, agzyna heň gelip, gürlän gürrüňi jüpüne düşer durar. Bolmasa-da her sözi agzyndan atagzy bilen çekip almaly domma-da, dymmakda ýaryşsa poh iýer.
Menem, nä, özümiňkem sowuk urdy. Ýöne boýnalyk bolup, eýýäm "owertonyň penjireleriniň" soňky stadiýasynda gezip ýörendigim sebäpli, içim tütäp dursa-da, kän bir daşyma çykaramok.
Ýogsa, meňem çagalarym traktoryň tirkegini münderläp, negözel hasyla duran pomidory, gidip, zibilhana äkidip geldiler-ä.
(Nejis ýeri, gök ekini sowuk ursa, onuň hasylyny ol-a mal oty edinmek ekeni, zat dannawsyz towuklaram çokmaýar. Derrew myllarýar-da, eräp-akyp başlaýýar).
Onsoň dostuma:
-Aý bolýa-la, dos, başa gelenini sowsun-la-how! Öwezini Alla berer, beýle öçgün bolmasan-aý!-diýip, bolşuna görä göwünlik berdim.
Onsoň ol öňem zoraýakdan edip oturan işini taşlady. "Öýe gireli" diýse, etmämsoň, sowugam, garam bolsa, daşarda, bassyrmaň aşagyndaky oturgyja eplenen keçäni oklap, çökdük.
Birsellem ol-bi hal-ahwally gepbaşy gozganymyzdan soň ýaňky dos, içini döküp ugrady:
-Bilýäňm-aý, dos, şü tomus pamadury ekmezimden birki gün öň, gije düýşüme Tramp girdi.
Geň galdym.
-Kim, kim?
Henek tapsa hörek gerekmez häsiýetime belet dostum, alaryldy. Ýöne gepini dowam etdi (Dagam, kyrk ýyllap bahana tapylsa-tapylmasa birek-birege degip ýörseň, gaty görmek diýen zat ýadyňa düşjekm-aý? :-)):
-"Tramp" diýýän-how.
-Nä, o bende seň düýşüňe girmände, başga edere işi ýokmy?
-Kimiň?
-Trampyň bor-da-how, Nelson Mandelaň bolmajagy bell-ä.
-Öldi däm-aý o bende?!
-Kim? Trampmy? Eýýäm haçan ýetişd-aý? Düýn-öňňin-ä diridi däm-aý?
-Mandela diýýän-how. Tramp bende ölmez-laý.
-Bi ýere Mandelany nirden getirdiň-aý, dos? Ýa düýşüňe Mandela girdi-de, senem oňa Trampdyr öýtdüňmi? Onsoňam-ou, ol "baky diri" adama bize öwredişlerine görä "Lenin" diýilýädi däm-aý? Ýa nä Lenin baba pahyram düýşüňe girdimi?
-Äý sen-ä bar-a,-dostum elini silkdi-de, ýyrşardy:-eňek bermersiň-aý, indi! Kellä geýdiň-ä-how bar zady! Eňňere etdiň-ä!
-Äý özüňd-ä-how,-diýip menem güldüm:-"düýşüme" diýýäň "Tramp bilen Mandela girdi" diýýäň, "özem" diýýäň "ikisem Lenin baba ýaly çokga sakgallyja, hemişe diri" diýýäň.
Dost güldi.
Menem sähelçe-de bolsa onuň ünsüni sowanyma keýpim kökeldi.
-Ýo-how, çaşyň gözüne sereden ýaly edip äpberdiň-ä! Özüňde-de swýatoý zat ýog-aý bar-a, druk!-diýip dostum gülüp durşuna diýýä:-Kime degseňem "Lenin baba" bir degme-dä-how! Düýşüme bolsa diňe Trampyň ýekeje özi girdi. Özem şo bir sypaty: ülpüldäp duran hüwjük çypar saçly, stallone-agyzly. Özem näme diýdi diýsene!
-Näme diýdi?-diýip menem gyzykdyran kişi bolýan.
-Aý şo gürleýşi-dä-how! Agzyny-burnuny towlap, her sözüni lokgardyp: "Pelanyşka, dos," diýdi: "Bu ýyl ikimiziňki boljakgä öýdýän. Şoň üçinem bu ýyl pamadur ekmäli. Irräk ýetişip, sowuga çenli sowular ýaly teplisgä kelem ekeli" diýdi, "Şonda juda utarys. Ýohha-da ekini sowuk urar. Özümizem çykdajyny-da, juda alyp bilmeris" diýdi.
Men saklanyp bilmedim. Birbada dostumyň gürrüňini özüme zor salyp, gülmän-yşman diňlesem-de, soň, arkan-ýüzin gaýşyp gülmäge başladym. Gülkiň arasynda-da gaýtalap-gaýtalap soraýan:
-"Pelanyşka, dos, diýdi" diýýäňmi? "Pamadur ekmän, kelem ekeli diýdi" diýýäňmi? Ha-ha-ha...

0
21 Bagabat  
43
Meni ýylgyryp synlaýan dostumam, gülüp, keýpden çykýançam garaşdy. Soňam yzyny dowam etdi:
-Onsoň menem irden oýanyp, iňkise gitdim. "Bi ne düýş boldugykar-aý?" diýibem, öýdäkä düýşümi gürrüň bersem, olam näme diýýä diý!
-Näme diýýä? "Tramp aýtsa ýalňyşmaz, dogry aýdýa, kelem ekeli, Pelany jan!" diýýämi, hä? He-he-he...
-Bildiň-aý!-diýip dostum, hasam beter otuz ikisini görkezip ýyrşardy:-"Oraşan bolaýmasyn, aý oglan! Bi şoň ýaly, işi depesinden agdyk adamlar, hemme aladasyny bir gyra süýşürip, ikimiz pormy, ýönekeý daýhanyň düýşüne girmäge, duýdurmaga wagt tapýan bolsa, öz-ä bi ýönelige däldir-le!" diýdi: "Bolmasa, zakaz eden pamadur şitiliňden atkaz edäýsene! Kelem ekäýeli-le!". Özem bir, gözüme Şregiň pişiginiň gözi bilen ýaman naýynjar seredýär-ow!
Men ýene saklanyp bilmedim.
Gülüp oturyşyma, tas oturgyçdan garyň üstüne düňderilýärdim.
Birsellemden soň sojap-sojap, demimi dürsedim-de, yzyny soradym:
-Onsoň?
-Äý onsoňyny özüň bilýäň-ä, dos! Bi beýdip Tramp bilen heleýiň ýaly dana adamlary diňlesek bizem adam bolmajakmy? Gaýta: "aýalyň näme diýse diňle, soňam tersine et" diýlen sammyk gepi goldanan boldum. "Äý sammyk düýşdür-dä. Haýsy bir düýşüňi durmuşyňa jazlyk edinjeg-aý?!" diýen bolup hüňürdedim-de, öňki niýetime eýeriberdim. Üstesine-de teplissa-ha ýapylgy, şitilem sargyt edilip, bahasynyň ujundan şeýtel geçirilen. Onsoň lebzimden dänip, söwdany gaýtarmaýyn diýdim-dä. Ine-de düşen günüm.
Dostum dymdy. Ýene keşbine lapykeçlik çaýyldy. Birdem dymyp oturandan soňam, döşüni dolduryp uludan dem aldy-da, hümürdedi:
-Wah, şomat Trampam, öýdäkinem diňläýmeli eken-laý! Ýogsa, şo pille: "Bäh! Bylaň ikisiniňem pikiriniň ýaman jaýba-jaý geläýşin-aý!" diýip geňem galdym-la! :-)

0
23 Garadag  
128
Trampy tâzeden bellemän Amerikada pamodor eken ýaly bolaýdy gerek şu gezek;)

0
4 Garadag  
128
Gyssanan wagtym öz şiwäme geçip gidýän, soñam redaktirlänimde aýrasym gelmeýä "tür" garadaşly şiwesinde aktiw ulanylýandyr. Türleniberme diýlip özüni görkezjek bolýana aydylýan gepem bar.

0
5 Bagabat  
43
Men-ä dürli şiwe sözleriniň çeper eserlerde ýerlikli ulanylmagyny ikelläp goldaýan. Türkmen diliniň şiwelerinde şeýlebir täsin, datly sözler bar welin, olaň tagamy okan badyňa serhoş edip taşlaýar. Mysal üçin, haýsy şiwedig-ä anyk ýadyma düşenok, ýöne gumra “musyja” diýilýär.
Nähili çeper, mähriban söz – musyja!
Täze öwrenen “zamarryk” bilen “tür” diýen sözlerime-de heziller etdim.
Dili näçe baýlaşdyrsaň ol şonça-da şirinleşip barýar.

0
7 Remezan  
1397
Musyja bizde diýilýär,

Meýnikel haýsyka edebi dilde?

0
14 Bagabat  
43
Geň söz - Meýnikel. Nämäni aňladýar-a, @Remezan? Birinji gezek eşidýän.

0
18 Garadag  
128
Ärsarylarda meýniguş diýen atly guş bar eken.

0
8 Gumlygelin0700  
1545
Söz aýlap urşuñyza ýylgyranmy duýman galdym. Aslynda bu oýlanma "Düşünseñ aglap oturmaly" oýlanma...
Ýeser zatlary welin ýazmaga ýaýdanmañ. Ol kimsä zäher bolsa kimdir birine derman bolar.

0
28 Garadag  
128
Sag boluñ, okap düşünýäniñiz, düşünip okaýanyñyz üçin.

0
10 Garadag  
128
Gökleñler siñege mekes, balara balmekes diýýän eken. Mysyja guş ady Magtymgulynyñ Içinde şygrynda bar.

0
15 Bagabat  
43
Gadymy türkmen sözleriniň düşündirişli sözlüginde: "meges" diýip ýazylan ekeni. Ýöne "mekes" has ýumşaksy eşidilýär. "Balmekes" bolsa üýtgeşik gowy gelişjek.

0
11 kungfuu  
1292
Maryda musaýja diýýäler.

0
16 Bagabat  
43
"Musaýja"-ha "musyja"-danam mähirli eşidilýän ekeni. Naşyja çagajygy aňlatmak üçin, esasanam gurjak ýalyjak gyzjagazy şekillendirmek üçin ulanaýmaly, äheňi-hörpi öz içindäki söz eken :-).

0
12 kungfuu  
1292
Türkmençilikde, zatdan artmaýan, doldum-doldumyny bilmän, gören zadyny symyşlap ýören adama-da: "Blä-ä-a, şeý-ý-le muhamor ekeniň-aý!" diýýänlere duş gelse bolýar. :)

0
19 Injener  
1
Muha-mor sözi iki bölseň siňek bilen yza sözi bolýamy? Siňege yza bermek, ýa-da siňekleriň üsti bilen yza bermek? Siňekgaryn terjimesi dogry bolmagam mümkin?

0
22 Bagabat  
43
"Мор (Mor)" gadymy slawýan (saklap, saklaw taýpalary) sözi bolup - "köpçülikleýin ajal" manysyndaky "gyrgyn, mergi" diýmek bolýa öýdýän.

0
24 Garadag  
128
Mor türklerde kül reñkmi ýa şoña meñzeş?!

0
25 Bagabat  
43
Sözlükden (II tomy):

MOR [mo:r], syp. Gyzgylt-goňur reňk. Mor sakgally adam.

0
26 pezzek  
1631
"ýagny öň ýanyndaky bogunda dodak çekimli gelse, yzyndaky bogundaky çekimli hem dodak çekimli bolýar öýdýän. "

Çörek, börek.

0
27 Bagabat  
43
Dogrusy, men-ä spesialist-filolog däl, ýöne bilýänjämi (eşidenjämi, okadanjalaryny), ýadyma düşüşine görä (30 ýyl mundan ozalky aýdylan zatlar-da) aýtsam: türkmen diliniň dürs ýazuw düzgünlerinde "kadadan çykma" diýibem bir zat bar öýdýän.
Eger-de çakym çak bolsa :-).

0
29 Remezan  
1397
Owadan sözlerden (şiwe diliñem her ýerde aýdylyşlaryndan bilýänlerimi aýdaýyn.

Uly byçgy, erre, ary, señki-menki.

Kuwalda-degsebes.

Wafli-tagta piçin.

Atagzy- tişlewüç.

Toýota ýa-da soñky wypuska maşyn- çapalak maşyn

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]