MUKADDES MIRASA SARPA
Jemgyýetçilik durmuşymyzda taryhy-medeni mirasymyz, ýadygärliklerimiz geçmişi we geljegi, döwürleri hem-de däpleri birleşdirýän köpri hökmünde hyzmat edýär. Ýadygärliklerde jemlenen medeni ösüşiň taryhy dowamaty häzirki döwrüň ösüşlerine akyl ýetirmekde, medeni mirasy goramak babatdaky jemgyýetçilik işlerinde esasy orny eýeleýär. Taryhy we medeni ýadygärlikleriň ählisi her bir halkyň ykbaly, olarda bolup geçýän wakalaryň, şeýle-de haýsydyr bir ýagdaýlaryň çeper hem-de täsirli beýany bolup durýar.
Taryhy-medeni miras hakynda gürrüň edilende, onda yzygiderli duş gelýän «ýadygärlik» we «miras» düşünjelerine düşündiriş bermek zerurlygy ýüze çykýar. Aslynda «miras» diýen düşünje has giňdir we ol köptaraplaýyn meseleleriň tutuş bir ulgamyny özünde jemleýär. Miras düşünjesine ylmy edebiýatlarda, şeýle-de käbir ýazyjylaryň eserlerinde «Öňki nesillerden, ata-babalarymyzdan galan çeper, ylmy, medeni däpler, tejribeler we usullar, däp-dessurlar hem-de ýörelgeler bularyň ählisi «miras» diýen düşünjäniň barlygynda jemlenendir» diýip düşündiriş berilýär.
Şöhratly medeniýetiň häzirki wagta çenli saklanyp galan yzlary, binalary, galyndylary ýadygärlik hasaplanýar. Ylymda ýadygärlikler görnüşleri boýunça tapawutlandyrylýar. Ýagny, taryhy ýadygärliklere türkmen halkynyň durmuşyndaky möhüm wakalar, jemgyýetiň hem-de döwletiň, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we durmuşyň ösmegi bilen baglanyşykly dörän jaýlar, desgalar, galalar, kerwensaraýlar, minaralar, metjitler, gonamçylyklar degişlidir. Arheologik ýadygärliklere gadymy şäher harabaçylyklary, berkitmeleriň, önümçilikleriň, ýollaryň galyndylary, daş heýkeller, gaýaň ýüzüne çekilen şekiller we gadymy esbaplar girýär. Şähergurluşyk we arhitektura ýadygärliklerine arhitektura toplumlary, gadymy şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň taryhy merkezleri, ýaşaýyş etrapçalary, meýdançalar, köçeler, köne binalaryň galyndylary, şeýle hem şolar bilen baglanyşykly monumental, şekillendiriş, bezeg-amaly, bagçylyk-seýilgäh sungatynyň eserleri degişli hasaplanylýar. Sungat ýadygärliklerine halk-çeper senetçilik sungatynyň şekillendiriş, bezeg-amaly görnüşleriniň eserleri girýär.
Dokumental ýadygärliklere häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň namalary, beýleki ýazmaça we grafiki kagyzlar, kino we foto resminamalary, ses we wideoýazgylary, golýazmalar, kitaplar, arhiw materiallary, seýrek duş gelýän eserler girýär. Şeýlelikde, ylmy edebiýatlarda gabat gelýän «ýadygärlik» we «miras» diýen düşünjeler bir-birine ýakyndyr. Ýeri gelende aýtsak, bu düşünjeleriň arasynda aýratynlyklaryň bardygyny bellemelidiris. Olaryň ikisi birleşip «milli taryhy-medeni miras» diýen düşünjäni emele getirýär. Milli Liderimiziň: «Häzir ýurdumyzda hasaba alnan taryhy-medeni ýadygärlikleriň sany 1500-e golaýlaýar. Bu ýadygärlikleriň onlarçasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenmäge doly mynasypdyr» diýip nygtamagy, berkarar Diýarymyzda umumadamzat gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny görkezýär.
Geçen sanlyja ýyllarda hem ýurdumyzda bar bolan Soltan Sanjaryň, Sarahs babanyň, Törebeg hanymyň, Tekeş soltanyň aramgählerinde, şol sanda Astanababa, Daýahatyn ýadygärliklerinde we beýleki birnäçe taryhy ýerlerde abatlaýyş, dikeldiş işleriniň geçirilmegi bu asylly işlere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.
Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak boýunça döwletimizde alnyp barylýan ilhalar işleriň netijesinde halkymyzyň döreden birnäçe ajaýyp taryhy-medeni mirasynyň taýsyz nusgalary hasaplanýan Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň meşhur ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmek bilen baglanyşykly birnäçe wajyp guramaçylyk işleriniň amala aşyrylmagy, müňýyllyklar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Döwran GARAJAÝEW.
Edebi makalalar