08:38 Myş-myşly parasatlar | |
MYŞ-MYŞLY PARASATLAR
Sözler
- Gympaý keýtigiň üstünden gülermiş. - Pişik murtuna, tilki guýrugyna guwanarmyş. - Gurt gören itler birleşermiş. - Sürüden galan goýny möjek iýermiş. - Adam teşne bolsa ädigi bilen suw içermiş. - Daglynyň gözi daşda, görgüliniň gözi ýaşda bolarmyş. - Ýigidi burnundan, aty erninden tanap bolýarmyş. - Gahrymanyň gymmatyny halk bilermiş - Ýalňyz at ýaryşda ýeňiji bolarmyş.. - Ýüpek düwün berk bolarmyş - Gämidaki ýolagçylaryň arzuwy bir bolarmyş. - Guş ahmal bolsa duzaga düşermiş. - Gorkagyň gözi dört bolarmyş. - Gorkagy öwseň batyr bolarmyş - Gelinler agzybir bolsa, maşgalanyň yrsgaly artarmyş. - Jüýjesini naharlan guş aç galarmyş. - Sart aýal özini şa zenan hasaplarmyş. - Çagaly öýe perişde,çagasyz öýe jenjel gelermiş. - Dogan käýesede kemsitmez. - Ojagyň tüsseçykary egri bolsa-da, tüssesi dik çykarmyş. - Adamyň görki saçynda, bagyň görki ýapragyndamyş - Aty gamçy, ynsany namys öldirmiş. - Külbede ýaşaýan külbesini öwermiş. - Görmegeýe gyz köne köýnekde hem gözel görünermiş. - Tikin bilmez iňňäni günäkärlärmiş. - Eşek ýadanyny aýal garranyny bilmezmiş - Myhmanyny sylan onuň itine süňk oklarmyş. - Doýan myhman ýola gararmyş. - Bergidaryň gapysyndan algydary gelermiş. - Adamy dosty, geçini şahy bezärmiş. - Gije tümlik bolsa, ýyldyzlar hem şöhle saçarmyş. - Är garrasa sakçy bolarmyş - Atyň agnan ýerinde tüýi galarmyş. - At ýüwrügini it halamazmyş. - Hassasy kemelse, tebip kesellärmiş. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |