13:01 Näbelli suratkeşiň sergisinde / nowella | |
NÄBELLI SURATKEŞIÑ SERGISINDE
Hekaýalar
Güýz aýlarynyň ýekşenbe güni, ir bilen, paýtagtyň “Sergiler öýüniň” öňünde, sungat muşdaklarynyň bir topary, Çeperçilik akademiýanyň talyplary hümer bolup sergiler binasynyň bosagasyndaky bildirişi okap durdylar. Afişadaky ullakan harplar bilen“Suratkeş Tahyr Hojamämmedowyň eserleriniň sergisi” atly bildirişiň aşagynda kiçi harplar bilen ýazylan “Şu sergiden ýygnanan serişdeleriň hemmesi haýyr-sahawat üçin niýetlenendir” ýazgylary okap, köpi gören sungat muşdaklary, hatda ýaşuly suratkeşler hem geňirgenişip, “Öň eşidilmedik at”, “kim-kä ol?”, diýişip, bir-birine sorag berýärdiler. Olaryň käbiri başlaryny ýaýkaşyp ýoluny dowam etdirdiler, käbirleri bolsa syrly sergä bolan bilesigelijiligine bäs gelmän, bir çeträge saýlanyp, öz aralarynda “hümür-sümür” edişip, gapyň açylaryna garaşyp durdylar. Elleri gül desseli, molbertli, fotoapparatly şadyýan talyplar bolsa, hamala, hemme zatdan habarly ýaly bildirişe sähel göz aýlap, çete çekildiler-de, boş dyzepere ýerleşenleri geçip oturdylar, ýer tapmadyklar oturanlaryň daşyna aý berdiler. Ýaşlar öz aralarynda degişip-gülüşip duruşlaryna, birine garaşýan ýaly, aram-aram ýoluň ahyr künjegine nazarlaryny aýlaýardylar. Olar, mugallymlary—Çeperçilik akademiýanyň professory, Abdykerim Sähedowiç Atalyýewiň gelerine garaşýardylar. “Hojamämmedow” familiýaly suratkeş talyplara-da nätanyşdy. Sergi zalynyň dagdan agajyndan haşamlanan, äpet, iki taraplaýyn açylýan gapysynyň depesindäki sagadyň bir metre golaý dilleriniň biri “onlugyň” garşysynda sägindi, uly dili “on ikilige” münende gapy açyldy. Abdykerim Sähedowiç talyplaryň garşýan ýerinden gelmän, sergiň gapysyndan çykyp, okuwçylaryny çagyrdy. Talyplar çalasyn hereketleri bilen goşlaryny goltuklaşyp, mähnet gapyň aňyrsyna siňip gitdiler. Tomaşaçylar hem sergiň bosagasynda duran tanymal mugallym bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşdylar. Professor Atalyýew, olaryň näbelli suratkeş barada berýän soraglaryna: “Döwri geler, şonda tanşarsyňyz” ýa-da “Ilki eserlerini bir synlaň-a!” diýip, kärdeşlerine, şägirtlerine gysga jogap berdi. Atalyýew akademiýanyň “Sungatyň taryhy” kafedrasynyň müdiri bolup akademiýa açylaly bari işleýäp gelýärdi, ony akademiýany tamamlan suratkeşleriň hemmesi tanaýardy, sungat işgärleriniň arasynda öz ylmy işleri bilen bellidi. Ol adamlara mylaýymlygy, hoşamaýlygy bilen özüni aldyrypdy, talyplaryň bolsa birinji howandarydy. Onuň ýanynda hiç bir müşgil iş ýokdur, her bir meseläiň çözgüdini tapmaga ökdedi. Abdykerim Sähedowiç, ýanynda duran serginiň işgärine minnetdarlygyny bildirip, tomaşaçylara ýüzlendi: —Salam gadyrly kärdeşler, suratkeşler, şägirtler we sungat söýüjiler! Rugsat berseňiz syýahatymyza başlaýalyň?! Sergä gelenler seslerini çykarman başlaryny atdylar—Suratkeş Tahyr Hojamämmedow meniň çagalyk dostum. Biziň çagalyk döwrümiz uruş ýyllarynyň ýowuz günlerine gabat geldi. Açlyk, hor-homsulyk, mätäçlik biziň duýgylarymyzy ýiteldip, ýüregmizi ýukaltdy; bedenimizi taplap, paýhasymysy goýaltdy; eginlermizi sepläp, dostlugmyzy berkitdi. On dört ýaşamankak uly adamlaryň hataryna goşuldyk—gündiz okuwdan soň, gije öküz bilen ýer sürdük, döwek döwdük, haşara gitdik... Indi bir, goçaklam, betnam urşy hiç kime görkezmesin—diýip, biraz sägindi-de, suratkeş dosty hakdaky gürrüňini dowam etdirdi: — Ol örän täsin adamdy. Ol ilkinji suratlaryny ýylgynyň çybygy bilen çägäň ýüzüne her hili haýwanlaryň şekilini çekerdi: bir görseň alabaý dilini sallap oturandyr; birde uzyn kerwen gidip barýandyr. Ol gün-günden kämilleşdi. Bir gün ol sazagyň közli ujuny söndürip, kepbäň diwaryna Ýazly kakasynyň frontdan gaýdyp gelen pursatyny jikme-jik çekäýipdir: Ýazly kaka, aňyrdan, arkasy goşhaltaly, esger eşiginde öýüne ýetip gelýär. Öýden gulpajygyny tasadyp, on ýaşlyja gyzy—Arzygül kakasyna tarap ylgap barýar; bosagada aňk bolup, ýaşmagyny aýyrjagyny-aýyrmajygyny bilmän, gözlerine ynanman, gelnejem dur... Tahyryň kömür bien çeken suratyny süpürjegem bolmadylar—gaty meňzedipdir-ä olary. Ol eser tä ýagyş ýuwýança durdy. “Gawun gawundan reňk alar” diýilişi ýaly, meniň sungata imrikmegime Tahyr sebäp boldy. Biziň çekýän şekillerimiz edil onuňky ýaly görnükli bolanokdy, oň suratlary özüne çekip, maýyl edýärdi, gözüň dokunanokdy. Men ondan: “Tahyr, nädip çekýäň-äý, aýdaý-da, how!? Ol bolsa: “Aý, öz-özi bolaýýar” diýerdi. —Ynha bu surata serediň: dor atyň sanalgasy dolup, ýan berip ýatyr. Janawer ýaňy jan berene meňzeş: atyň eýesi, “maslyk” diýsem, örän gelşiksiz bolar, atyň jesedini egnindäki çäkmen bilen, gözüni bolsa gara silkme telpegi bilen örtüpdir... aşnasyna mytarasyndan suw içirjek bolup synanyşypdyr— atyň agzyndan dökülip, çägä siňen suwyň yzgary mese-mälim bildirýär. Keçe gaply suw mytarasy atyň başujundaky eýere ýaplanyp goýulypdyr. Atyň jylawy sypyrlyp, kellesi bökdergiň üstüne emaý bilen goýulypdyr. Atyň boýnunyň ýalpyldaýşyny synlanyňda edil janly—ol hamala “aýagyny ýazmak” üçin gysga wagtlaýyn gyşaran ýaly. Bedewiň eýesi—gyrçuw sakgalyna ýaňy ak sepelän, etli-ganly, otuz-kyrk ýaşlaryndaky adam. Bize onuň gara gaşy, syrylan başyna geýdirilen tahýasy gowy görünär. Onuň ýanynda ne kepjesi bar, ne-de kätmeni bar, şonda-da ol dostyny Garagumyň çölünde gözgyny halda taşlap gitmez. Ol çöküne düşüp, maslykçy guşlara we şagallara şam bolmaz ýaly iki ýüzli gamasy bilen ýoldaşynyň mazaryny gazyp otyr... Ol uzak gije daň atýança gylyjy-gamasy bilen bilen aty rahat ýatar ýaly, giň gabyrda edil adam ýaly jaýlap, ýoluny soň dowam etdirer. “Orta ýolda atyň ölmesin” diýileni-dä —diýip, professor gözüniň nemini süýem barmagynyň ujy bilen sylýar-da, indiki kartinanyň gapdalynda durup, —Bu eser hem bedewe degişli. Görüp durşuňyz ýaly, waka gadym eýýamda bolup geçen. Ýigrimi-otuz ýaşly ýigidiň gollaryny baglap, tanapyň ujuny atyň eýeriniň yzky gaşyna daňypdyrlar-da süýräpdirler. Ata süýredilen ýigidiň eşikkleri ýyrtym-ýyrtym, sal-sal; ýüzi, bilekleri, aýakgapsyz aýagy gara gan... Ýigidiň jany bar. Garador at kellesini jebir çekene öwürip, müýnli ýaly gabaklaryny galdyrmaga milt edip bilmän, başyny sallap dur. Awtor eserine “Bagyşla gardaş, gamçyň awusyna çydamadym...” diýip, at goýupdyr. Professor Atalyýew öz hakyky ölçeginden üçden bir ülüşli möçberde çekilen suratyň ýanyna baryp: —Serediň muňa, edil janly ýalydyr. Bu biziň garry sygyrmyz. Aňyrsyna bakyp, äwmän gäwüş gaýtaryp ýatan öküzçe onuň iň soňky gölesi. Uruş ýyllary bizi açlykdan çykaran sygyrmyz üçin atam giň ýerdöle gazdy, gije ogrysyndan ätiýäç edip, ýorgan-düşeklerimizi ýerdölede ýazyşdyryp, mallaryň ýanynda ýatardyk. Mallaryň biri abşanaklap, art aýaklaryny giňeldip başlandan, nobatçy, eline bedresini alyp ylgaýandyr. Indi ol sygyr garrap, süriden bir wagt galdy, halys lagar düşdi; oňurgalary geriş-geriş bolup gapyrgalaryny sanabermeli boldy; tüňküçleri somalyşyp dur; bir garyş bolan gaýky toýnaklary hersi bir ýaňa seredip durlar. Atam birnäçe gezek soýjak bolup synanyşdy, enem rugsat bermedi... Sygyryň şahyna daňylan ýüpden çekip barýan adam bize görnenok, aglap duran enem çanakdaky iki bölek gaty nany malyna uzadýar. Iň soňky ýoluna—et kombinatyna barýan, işdäsinden kesilen sygyr hödürlenýän hörege pitiwa berenok... Bu kartinada diňe teläriň burçunda höwürtge ýasanan serçeler bilen gürji itimiz, Garsajyk özlerini şadyýan alyp barýarlar. Garsak art aýaklaryna dikelip, temegini sygyryň burnyna degiräýjek bolýar. Ol jotdaja guýryjagyny bulaýlap: “Nirä barýaň dost? Gel oýnaly-la!” diýýän ýaly, dilini sallap, ýylgyrýar. Sygrymyzyň edil öz gölesini söýüşi ýaly, indi öňküler ýaly Garsagy ýalamaga gurbaty ýok...—diýip, tomaşaçylara göz aýlaýar.—Soragyňyz bar bolsa beriberiň! Dymyşlyk aralaşýar. Abdykerim Sähedowiç tomaşaçylar mazaly synlap bolýançalar garaşýar. —Ynha, bu eser has hem gaýgyly. Esere “Ýetim galdyk...” diýip at beripdirler. Aşhananyň sekisinde otuz-kyrk ýaşlaryndaky adam ýüzüni sallap, gamgyn halda eginlerini sallap otyr, onuň telpeginiň aşagyndan tumşugy we gulaklary görünýär, dyzynyň üstüne goýan eliniň barmaklarynyň arasyna gysdyrylan çilim otlanmandyr. Onuň ýanynda kellesi papakly, on-on iki ýaşly oglanjyk örboýuna dik dur. Çykgynsyz, agyr hala düşen oglanjygyň dişleri gysylan, ýumruklary düwlen, ýaşdan boşan gözleri uzaklara seredýär. Ýakynda ol adamyň aýaly, oglanjygyň bolsa ejesi aradan çykypdyr. Yzky planda, oglanjykdan ulurak ýaşly, başy ýaglykly ýetginjek gyz gap-gaçlary ýuwup dur. Käbesini ýitiren dört-bäş ýaşlyja gyzjagaz mähir isläp, uýasynyň köýneginiň syýyndan asylyşyp, özüne üns berilmegini küýseýär.—diýip, professor jübisinden elýaglygny çykaryp, iliki äýnegini süpürýär, soň gözleriniň ýaşyny sylýar. Professor Atalyýew üç-dört sany portetiň duşundan geçip, portretleriň biriniň gabadynda saklanýar: —Dostlar, bu gara galam bilen çekilen iş suratkeşiň käbesiniň suraty. Bu ýerde ýene kagyz we reňk gytçylygy duýulýar. Ir wagtlar magazine faner ýeşikli “kyrksekizlik” çaý gelerdi. Çaýyň bir gaty gurşun kagyzdan, ikinjisi bolsa pergament bilen gurşalandy. Tahyr aga şol pergamentiň ýüzüne himiki galam bilen ejesiniň şekilini geçirýär. Kyrk ýaşan aýalyň gyňajynyň aşagyndan ýaňy ak görnüp başlan ýek-tük tarlaryny, agyr zähmet gören ýogyn barmaklarynyň gasynlaryny we ýaryklaryny, gözleriniň gyrasyndaky ýygyrtlaryny ussatlyk bilen kagyza geçirişini göreniňde ilki bilen oňa ak-gara reňkli fotosuratdyr öýdýärsiň. Oglunyň surat çekip bilýänine guwanýan enäniň buýançly ýüzünden nur ýagýan ýaly, gözleriniň uçguny portrete has hem ýakymly öwüşgün berýär. Ol her näçe işli bilsa-da, sabyrlylyk bilen suratkeş oglunyň öňünde sagatlap gymyldaman oturan bolmagy mümkin. Iş tamam bolansoň, ejesi: “Oglum gaty meňzedipsiň, seniň dogruçyllygyň we adalatlylygyň çeken suratyňdanam bildirýär” diýipdir, soňundaam: “Saçymyň agyny, ýüzümiň gasynlaryny bozup, birneme ýaşyrak görkezen bolsaň has hem owadan boljak ekenim” diýen-de, suratkeş: “Ejejan, sen meniň üçin elmydama juwansyň, şonuň üçin indiden beýläk suratyňy çekjek däl. Goý, bu surat dünýäde iň owadan, iň mährem, iň ýaş ejemiň suraty özüň ýaly ýeke-täk bolsun!” diýipdir. Suratkeş portreti tozan basmaz ýaly we aýawly saklanar ýaly aýnaly çarçuwa salypdyr. Ýöne,—diýip, professor indiki portretiň gapdalynda durup, —Ejesiniň keşbini çekmezlige söz beren hem bolsa, şu eserdäki otuz-kyrk ýaşly aýalyň ýüz keşbi uzagrakda hem bolsa, ýaňky suratdaky aýala örän meňzeş. Bu eseriň ady “Erjellik”. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda sowatsyzlygy ýeňip geçmek maksady bilen her obada mekdep açypdyrlar. Görüp durşyňyz ýaly: ak öýleriň biriniň gapysynyň ýokarsynda rus elipbiýsiniň baş harplary bilen ýazylan “ЛИКБЕЗ”1 atly ullakan ýazgy asylypdyr. Bosaga ýakyn üç-dört sany başy topbuly gelin, iki örüm saçly birnäçe gyz dur. Suratkeşiň ejesine meňzeş aýal haýdap mekdebe barýar. Onuň hem başynda topby bar, perenjesiniň aşagyndan syk dokalan giň guşagynyň sudury görünýär. Ol bize çep egni bilen dur, goltugyna gysdyrylan kitabyň “H” we “A” harplary çalarak bildirýär, ol kitap “Harplyk”bolmaly-da, onda?! Onuň dogumly gadamyna bat berýän sag elinde orak bar. Meger ol işden çykyp, mekdebe sowulandyr ýa-da ilki okuwyny okap, meýdandaky işine soň gitjekdir. —Ynha, bu bolsa biziň döwrümiziň mekdebinde bolan waka—diýip, mugallym indiki surata elini salgaýar.—Ýedi-sekiz ýaşly oglanjyk (birinji ýa ikinji synpyň okuwçysy bolmagy mümkin) ýarym-ýaş bolup aglap dur. Ol sag eli bilen goltgy berip, çep eliniň başam barmagyny öňe uzadyp dur. On-on iki ýaşlyja gyzjagaz oglanjyga “ilkinji kömegini” berýär, ýagny ol egilip, duluklaryny çişirip, oglanjygyň şikes ýeten barmagyna üfleýär. —Bu suraty synlaň!—diýip, professor indiki eksponatyň ýanyna barýar.—Bu eserde ýetişip barýan ýetginjek gyzjagazy indi ejesi daşaryk, çagalar bilen oýnamaga goýberenok. Ol sowuk pasyllaryň bir güni äpişgäniň öňünde, howla seredip durşuna, çagalygy bilen hoşlaşýar we bugaran aýnanyň ýüzüne ýüregiň şekilini çekipdir, kimdir biriniň atylan peýkamy ýürege ýakynlap gelýär—diýip, professor ýylgyrýar. —Uruşdan soň nanyň bolamagy bilen, kagyz-galam hem köpelip başlady, ýöne Tahyryň ondan nesibesi ýok eken—trahoma diýen kesel onuň iki gözüni hem aldy... Ol kysmatyna kaýyl bolup, derdini mertlerçe çekdi. “Zehin zeňlemez” diýleni, dostum ruhdan düşmedi—sähel wagtyň içninde Esen bagşyň ýanyna gatnap dutar çalmany öwrendi. Ynha, onuň, ýaz aýlary, sährada, ojar közüniň başynda dutar çalyp oturan portreti. Talyplar, bu eseriň reňkleriniň aýratynlyklaryndan we olary kendiriň ýüzüne ýazylyş usulyndan kimiňkidigini çaklaýaňyzmy? Talyplar ýerli-ýerden: “Hawa Abdykerim Sähedowiç, Siziň eseriňizi tanadyk” diýişensoňlar: —A, ojagaz guşjagazlary tanadyňyzmy? Bu hakykatdanam bolan waka, hut özüm şaýat boldum. Tahyr birnäçe saz çalandan ilki bilen geçiguş bökjekläp geldi, soň iki sany ojar serçesi gelip gondy. Biraz salymdan ikinji geçiguş sazagyň arkasyndan çüňküni görkezdi. Bu dört guş eýläk-beýläk alakjaman sazyň soňuna çenli diňlediler. Kartinaň ýüzünden nur ýagýana meňzeşmi? Ýa sazandaň sazy sähraň maýsasynyň ýüzüni şöhlelendirýär, ýa-da sähranyň gyzyl gülälekli meýdanynyň öwüşgini sazandaň ýüzüni nurlandyrýar. Magtanýandyr öýtmäň! Eser kompozisiýa meňzeýän hem bolsa, eserdäki hadysa bolan waka. Talyplar, indi bu eseri synlalyň!—diýip, professor boýy iki ýarym metr, uzynlygy bäş metr, ullakan eseriň öňünde saklanýar: —Ýap-ýaňy gelnaljy gelipdir. Ýüzärlik tütedip ýören, eli okaraly geliniň bize arkasy görünýär. Çagalar toýda seçilen süýji-kökelerini bir-birlerine güjeňleýärler. Toýa gelen märekä nahar çekýärler. Garaz, täze gelin öýe girensoň, her kim öz aladasy bilen başagaý. Eseriň baş gahrymany—elli-altmyş ýaşlaryndaky erkek adam. Ol kellesindäki täzeje börügi sypalap durşuna, çaga ýaly begenip, ýylgyrýar, onuň şatlygyna özi bilen deň-duş aýal bilen iki sany erkek adam hem ýylgyryşyp durlar. Kim-kä ol?! Talyplaryň biri: —Toýyň eýesi bolmagy mümkin. —Hawa edil özi! Gelnaljy gelende, onuň telpegini sypyryp, göge zyňypdyrlar, ol bize görnenok. Onuň aýaly täze geliniň öz eljagazy bilen tiken börügini adamsynyň kellesine şu wagtjyk geýdirip duruşy. Talyplar, hany haýsyňyz göwünjeň şu eseri beýan etmäge?! Talyplaryň biri rugsat soraýar. —Baş üstine, Orazmuhammedow! —Bu eserde suratkeş tut agajy bilen leýlisaçyň kölegelerini peýläp, olaryň hylwat ýerde “duşuşyp duranlaryny” suratlandyrýar. —Berekella! Ynha, serediň ýaşlar, eseri gören badyňyza özüňizem düşünersiňiz-le! Haýadyň ýüzne düşen tudyň kölegesi silkme telpekli ýigide meňzeş, leýlisaçyňky bolsa toý lybasyn geýinen geline meňzeş. Hany, indi bu eser barada kim öz düşünjesini aýtjak? — Abdykerim Sähedowiç, eger rugsat beseňiz! —Baş üstine, Babahanowa, iki gulagymyz Sizde! —Suratkeş öz okuwçylarynyň—çeperçilik mekdebine gatnaýan çagalaryň akwarel bilen çeken “Ýagyş” mowzugyna bagyşlanan eserlerini bize görkezýär. —Örän dogry—diýip, professor şägirdiniň sözüni makullaýar. —Suratkeş hersiniňki bir hadysa bilen tamamlaýar: birinjisiňkide asman garalyp, uzakda ýyldyrym çakýar, ýagynyň ýagmagam, ýagmazlygam mümkin; ikinjisi güýzi şekillendiripdir, munda çisňäp başlan ýagyş güýçlenýär, adamlar saýawanly awtobusa tarap ylgaýarlar; üçünjisiniň çeken suratynda ýagyş ýap-ýaňy dynypdyr, daşary şadyýanlyk: güller; guşlar; gün çykypdyr. Asmandaky ak bulutlar tirkeş-tirkeş bolup, öz ýollaryny dowam etdirýärler. —Hakyky. Örän takyk. Babahanowa, Siz bu eseri öň görmäniňize men güwä geçip bilerin, sebäbi bu iş ilkinji gezek sergide, ussahanadan göni sergi zalyna geldi, ýa bu barada öň bir ýerden eşiden-ä dälsiňiz-dä?! —diýip, professor okuwçysyny üns bilen synlaýar. —Ýok-la mugallym, meniňem ilkinji gezek tanyş boluşym-la—diýip, talyp gyz çalaja gülýär. —Biziň ýaşlyk döwrümizde hindi filmleri ýoň bolupdy, “Ram we Şam”, “Zita we Gita”... Ine, siziň öňüňizde iki sany örän meňzeş geýnen we bezenen gyzlaryň portreti, bu gyzlar ekiz diýseňem bolaýjak ýaly, hakykatda bolsa suratkeş bir adamyň şekilini çekipdir. Hany, haýsyňyz bu eser barada öz düşünjäňizi aýtjak? Talyp gyzlaryň biri: —Abdykerim Sähedowiç, men aýdaýaýyn?! —Baş üstine! Siziň familiýaňyz Jumagylyjowamy, ýa Jumadurdyýewa? —Jumadurdyýewa. Abdykerim Sähedowiç, eger-de Siz şu portret bir adamyňky diýmedik bolsaňyz, meň ilkibaşda dörän netijäm şu wagtky aýtjak pikirimden düýbinden başgaçady we ony aýtmaga-da çekinerdim. Gyzlaryň birinjisi (elbetde, gürrüň şol bir gyz hakda gidýär) entek aşyk bolmanka şekillendirilen. Ikinjisi—söýgi keseline “uçran” bagtyýar gyzyňky. Birinjide gyzyň ýüzi salygrak, öçügsiräk hem asuda görünýän bolsa, ikinjide—gyza özüne bolan ynamy berkäne meňzeýär: gözleriniň hanalary bir-iki millimetr giňelen, eňegi azajyk ýokary galansoň, ýokarky gabagy sähelçe aşak düşüpdir, dodaklary birhili ýaýylan ýaly, çyzgyç bilen ölçelip görülse, ikinji gyzyň agzy birinjiňkiden ýarym ýa bir millimetr uzalan ýaly. Bu bolsa ikinji gyzyň şadyýanlygyny, dünýäden razylygyny aňladýar. Ol kalbyndaky möwç urýan söýgi tolkunlaryny güýç bilen basyp ýatyrjak bolýar, sähel gowşatsa, dodaklary has hem ýazylyp, ýaňajyklarynda çukurjyk peýda bolaýmaly. —Haý, berekella, berekella! Tüweleme, tüweleme! Suratkeş adamyň daş keşbini diňe fotosurat ýaly çekmän, onuň içki dünýäsini we edil şol şahsyýetiň diňe özüne mahsus häsiýetlerini beýan etmegi başarmalydyr. Siz öňümizdäki gyşky synagdan geçmek üçin bir ýeňillik gazandyňyz. Örän gowy, ýene bir gezek berekella! Professor: “Bu eserlere soň dolanyp geleris” diýip, üç-dört sany eseriň deňinden geçip, ýene bir ullakan, boýy üç metr, uzynlygy alty ýarym metr kartinanyň öňünde saklanýar: —Bu eserde obaň gyzlary hersi dört bedreli, derýadan öýlerine suw daşaýarlar. Entek “howuz” diýilýän hiç bir hojalykda gurnalmandyr, ýogsa, obaň guýylary hem bardyr welin, guýyň ýympyk suwyndan bezigip, kämahal derýaň süýji suwyny küýsedýär. Gyzlar suwly bedrelerini her ellerine birini alyp, on-on bäş ädim ýöräp, ýerde goýýarlar-da, galan bedrelerini almak üçin yzlaryna dolanýarlar. Gyzlaryň wäşisi ellerini bykynyna urup, sag egni bilen öňe omzap, temegini ýokary tutup, gözlerini süzüp, kimdir birine öýkünýän şekilinde, joralaryna bir zatlar gürrüň berýär. Gyzlaryň käbiri içini tutyp gülýär, käbirleri (önuň bu gürrüňini eşiden bolmaga çemeli) kyssaça seredip, ýylgyryp durlar. “Gyz gülkisi ýedi ädim, şondan geçse—ýedi ýadym” diýselerem, bu gyzlaryň asyllylygy daş keşplerinden hem görünip dur: hemmesiniň başy ýaglykly, uzyn ýeň köýnekli. Derýa bilen obaň arasy eslije bar, bulary ýersiz aýyplary ýaly ýedi ädim aralykda gara-da görnenok. Ýaşlar-da, olar hem wagtal-wagtal şatlyklaryny daşyna çykarmaly bor-a. Indi, bu eseri haýsyňyzam bolsa biriňiz beýan ediň! Talyp oglanlaryň biri öňe saýlanyp: —Ýaş oglan,—ýetginjege meňzeş. Tutly ýabyň içinde gizlenip geçip barýan pagtaçy gyzlary synlaýar. —Ol näme üçin gyzlardan gizlenýär? —Duýdansyz, “wäh” diýip, gyzlary gorkuzjak bolýan bolaýmasa—diýip, talyplaryň biri seslenýär. Muňa tomaşaçylar gülüşýärler. —Ýok, bu oglan indi o ýaşdan ötüp, ýigitlik çagyna gadam basdy. Gyzlaryň arasynda onuň göwün söýen magşugy bar, ýöne ol içki duýgysyny daşa çykaryp bilmän, daşdan synlaýar—diýip, professor düzediş girizýär.—Sergä syýahatymyz tamamlanyp barýar. Kimde nähiil sorag ýüze çykdy? Kimiň düşünmeýän ýeri bar? Talyplar ýerli-ýerden: “Örän ajaýyp eserler!”, “Öň duşmadyk mowzuklarymyz bilen tanyşdyk!”, “Ähli eserler aýdyň we takyk şekillendirilipdir!”, “Hiç hili sorag ýok, Abdykerim Sähedowiç!” diýişýärler. Professor Atalyýew başyny sallap, argyn halda: — Tüweleme, siziň durmuşy duýuşyňyz meniňki bilen gabat gelýär! Guwanýan! Bu eserleriň hemmesiniň ýekeje gizlin syry bar, ony hem biriňiz hem aňmadyňyz, ýa düşünip, aýtmaga çekinýäňiz. Çekinmäň-de aýdaýyň!—diýip, professor şägirtlerine nazar aýlaýar. Hiç kimden ses çykmansoň—Hawa-la, sungatyň gizlenip ýatan baý we çuňňur hazynasyna aralaşmak üçin entek näçe çäýnek çaý sowatmaly bolarsyňyz. Bu syryň üsti ýene birnäçe ýyldan açylar, ony hem siziň özüňiz açarsyňyz, onuň üçin galam bilen çotgaňyz elmydama hereketde bolmaly, durmuşy çuňňur öwrenip, ajaýyp eserleri döredip, adamlara şatlyk paýlamaly. Sylap geleniňiz üçin hemmäňize minnetdar!—diýip, professor Atalyýew tomaşaçylar bilen hoşlaşyp, sergi zalyndan çykyp gidýär. Abdykerim Sähedowiç öz döreden eserlerini jan ýaly dostunyň ady bilen ile ýaýdy—bu bolsa talyplar tarapyndan çözülmedik “näbelli” suratesiň gizlin syrydy. Sergiden soň bir aý geçensoň, oba poçtalýony, Tahyr aga resmi hat gowşurdy. Ol hatda şeýle diýilýärdi: “Hormatly Tahyr Hojamämmedow! Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesi, Size, birleşmäniň gorundan haýyr-sahawat görnüşinde, pul kömegini bermek hakynda karar çykardy...” “ЛИКБЕЗ”1—ликвидация безграмотности –(rusça) sowatsyzlygy ýok etmek Kakajan Balkanow 2018 | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |