12:33 Namys ýesiri -2/ powestiñ dowamy | |
10.
Powestler
...Uruşdan maýyp bolup, «kantuziýa» alyp gelýänler bilen bir hatarda, özüne derek «öldi», «dereksiz ýitdi» diýen ýaly ajy habary gelýänlerem bardy. «Dereksiz ýitdi-de» her näme bolsa-da, umyt bardy. «Bir ýalňyşlyk bolupdyr» diýip, «dereksiz ýiteniň» azyndan başga bir hatyň ýa özüniň geläýdigem bolýardy. Emma «öldi» hatyny alan adamlar welin, öz söýerlerinden umytlaryny üzýärdiler. Sakytlaryny sowýardylar, aýat okadýardylar. Şeýdibem Allahyň edenine kaýyllar bolubam geziberýärdiler. 1943-nji ýylyň gyşynda, Peleň awçynyň öýüne-de şeýle mazmunly hat geldi. «Siziň ogluňyz, Wefroýtor Aždar Peleňow Stalingrad ugrundaky aldym-berdimli söweşleriň birinde gahrymanlarça wepat boldy». Peleň awçyny obadaşlary öňem-ä ýöne-möne adam hasap edenokdylar welin, olar onuň şol gezekki mertligine haýran galdylar. Ol asyl sarsmadam. Peleň hatyň mazmunyny aýdyp berenlerinde ol hamala adaty bir zadyň habaryny alýan ýaly, haty getireniň ýüzüne seredip durşuna çalarak başyny atyp oňaýypdy. Esli wagtdan soňam kagyzy öz eline aldy-da, eýýämhaçan ondan-mundan töweregine toplanyşyp ugran obadaşlaryna bir zatlar-a diýdi. Emma, «onuň» terjimeçisi bu wagt bir wagtlary aýrylandyr öýdülýän köne kakyny tutup, soýulýan horaz ýaly kä wagt bir «gy-yk...» edip ýatyrdy. Ýöne obadaşlary Peleň awçyny aýdanlaryna onsuzam düşündiler. Oňa çenlem bir ýerden at derledip Begli başlyk ýetip geldi. Ol haýal etmäň duran adamlaryň birine-hä derhal arabaly çekenä gidip bir mal getirmekligi, galanlaryna-da ol gelýänçä, ojak gazyp gazan, gap-gaç, odun taýýarlamaklygy, Towşanyň halyna seretmekligi buýurdy. Ol-a her niçik hem bolsa agşama çenli aýak üstüne galdy welin, baryndan beter Aždaryň saýlaplar alan gelni Hallygözel heläk boldy. Aždaryň ölümini ol juda ýokuş gördi. Bolmajak, asla bolmaly däl zat hasap etdi. Ýan ýoldaşynyň aşy-suwy sowlandan soňam ol galybilmän kän ýatdy. Öňem-ä bir geplemsek maşgala däldi welin, ölüm ony halys egbarlatdy. Hiç kim bilen gepleşmedi. Şo-ol, gözüni bir nokada dikip içini «hümletdi» oturdy. Işe-de, ahyrsoňunda Begli başlygyň gelip ýalbar-ýakar etmegi bilen zordan çykdy. Ýöne, barsa-da iş bilen seri bolmady. Şo-ol, çiliň üstüne çykyp, kimdir birine garaşýan ýaly, gözüni alyslara dikdi oturdy. Oňa kim: «Içinde berç galypdyr» diýse, başga biri: «Beýnisi üýtgäpdir, dogtora görkezmeli» diýdi. «Wah, muňky belli-le, ýüreginde dert galandyr» diýenlerem boldy. Her niçik hem bolsa, köpçülige çykmagy, işe güýmenmegi, açyk meýdan oňa peýda etdi. Kem-kemden açylyşdy. Onuň-munuň bilen, hususan-da Zerkäkil bilen gürleşip başlady. Bir günem günortanaralar çaý içip otyrkalar Zerkäkile ýüzlenip: ― Ejeş jan, eliňden gelýä, Aždar ikimiz barada bir dessan ýazsana, bizdenem at galsyn-la ― diýdi. Azajyk böwrüni diňläp oturandan soňam: ― Ýa gowuşanlar hak aşyk bolanoklarmy ― diýip, tisgine-tisgine dem aldy. Beýle dessan ýazyp bilmejegine Zerkäkiliň akylam çatýardy, gözem ýetýärdi. Ýöne, ol özüniň häzirki hoş sözüniň Hallygözele dermandygynam bilýärdi. ― Bolýa, gelneje, bolýa, näme üçin bolmyýamyşyn... ― diýip, ol onuň göwnüni götermek üçin göwünjeň gürledi. ― Men özümem pikir edip ýördüm şo hakda. ― Ejeş jan, gör, sen nähili gowy gyz ― diýip, Hallygözel oturan ýerinde Zerkäkili gujaklady. ― Adyna-da: «Aždar we Gözel» diýip goý, bomy?.. ― Bor, gelneje bor, hökman şeý diýip goýaryn. Zerkäkiliň ýagdaýyny aňdymy ýa dertli göwnüň törüne başga bir hyýal gondumy, her niçik hem bolsa, şondan soň Hallygözel «dessan» barada dil ýarmady. ...Bir günem ol iş meýdanyndakalar Zerkäkili çete çekdi-de, ýüzüni ak-tam edip: ― Ejeş jan, birdenkä Aždar ölmedik bolaýmasyn? ― diýdi. Zerkäkil ör-gökden geldi. ― Wah, käşgä... Ýöne nädip, nähilelik bilen? ― Meniň göwnüme: Aždaryň «öldi» hatynam bir wagtkysy ýaly garaçomak ýazyp bir ýerlerden poçta oklan bolaýmasyn diýen pikir gelýä. Gün-gündenem güýjerleýä. Zerkäkil bir zatlar diýjek bolup telim gezek dagy dodaklaryny çommaldyp, her gezegem hiç zat diýibilmän yzyna ýygnady. Ahyram «gult-gult» edip, yzly-yzyna, gurak-gurak ýuwdundy-da: ― Aý, ýok, beýdip bilmez. Birinjiden-ä o hat biziň ýazýan ýönekeý hatlarymyza meňzeş däl. Özüňem gördüň-ä, hatda kagyzam üýtgeşik. Onsoňam çagaňam akyly ýeter, hatyň yz ýany Zamanyň gelşi ýaly Aždaram geläýmeginiň ahmaldygyna. Eger şeýle bolsa onda muny o-ol öňki gezekkisi ýaly iki sany ýygnak ýa berk käýinç bilen sypdyrmazlar. Göni atarlar. ― Zerkäkil başyny ýaýkady. — Ýok, ýok, o pikiriň nädogry hernäçe ýaramaz adam bolsa-da, beýdip bilmez. Hallygözel boz-ýaz bolup aşak bakdy. ― Haram keýpiň etdirmejek zada bolmaz, Ejeş jan. Bir şeýtan ara düşensoň, onuň gözüne zat görünmeýä... Zerkäkil gözjagazlaryny «jokgardyp» Hallygözeliň çat maňlaýyna dikdi. ― Hi-iýh, gelneje?.. O näme... nememi? Nemetjek bolýamy? Lak atjak bolýamy? Ýa atýarammy? ― Şol şum habar geleli bäri şol diýýänleriň hemmesinem edýä. Bir elini urubilenok. Maýyny tapsa, ol şondanam gaýtjak däl. Men ondan gorkýan. ― Onda näme şu çaka çenli hiç kime aýtman ýörsüň? ― Men Ejeş jan, şol haty ibereniň hakykatdanam şol bolup, şum habaryňam ýalan bolup çykmagyny isleýän. ― Näme, hiç kime aýtmanyň bilen şol şeýle bolup çykar öýdýäňmi? Göwnüme jaýlaýyn diýseňem onda, uzak eglenmäli-de, ertiriň özünde Begli aga duýduraly. «Barlap ber» diýip, haýyş edeli... Begli aga beýle zadyň bolup bilmejekdigini, o zatlaryň hasabyny hökümediň iňňän takyk ýöredýändigini aýdyp, Hallygözeli köşeşdirjek boldy. onda-da bolmansoň, «Bäş-üç gün garaşyň» diýdi-de, raýonyň harby komissarlygyna gidip, Aždaryň «öldi» habaryny tassykladyp geldi. Hallygözel üçin adamsy ikinji gezek ýogalan ýaly boldy. Bir gowy zat ol bu eden işini gaýynlaryndan gizledi. Asla hiç kime-de aýtmady. Begli başlykdanam şony haýyş etdi. Birdenkä «gaýa-gopuz ýok ýerden masgara bolaýmaýyn» diýendir-dä, Begli başlyga ol «garaçomak» barada hem hiç zat aýtmady. 11. 1945-nji ýylda asmandan nem dammady diýen ýaly. Netijede galla bitmedi. Kyrk üçünji ýylyň açlygyndanam has agyr açlyk düşdi. Şol ikisini deňeşdirmek bilen, halk olaryň birinjisini «kiçi açlyk», ikinjisini «uly açlyk» diýip atlandyrdy. Halk halys egbarlady. Olaryň ikisem «urşuň üstüne urna» boldy. Şeýle-de bolsa, halk ýeňdi. Urşuň ýeňilmegi bilen açlygam, urşuň ýetiren beýleki kynçylyklaram ýeňildi. Faşizm öz süreninde ýok edildi. Gahrymanlar gaýdyp gelmäge başladylar. Gökbörem edil ilkinjileriň hatarynda bolmasa-da, tomsuň ahyrlarynda, güýzüň başlarynda edil gidişi ýaly, baş esen, bagry bitin gaýdyp geldi. Ony görüp, Peleň awçy däbe görä Aždar üçin ses etdi. Gökböri özüni onuň gujagyna oklady. Agasynyň hatyrasyna atasy bilen söýenişip aglady. Bir gapdaldan gelip Towşanam olara ýapyşdy. Uzak saklanybilmänem syrylyp aşak çökdi. Kä adamsynyň der siňen, kä oglunyň entegem däriniň ysy gelip duran dyzlaryna ýüzüni oýkap aglady. O ýagdaýda-da oturara rowgaty ýetmän, guýlunyp keçäniň üstüne ilki ýüzin, soň arkan düşdi. Horja kiçijik ýumrujaklary bilen, «pat-pat» etdirip, bir wagtlar gurap giden kükregine urdy. ― Wah-wah, guzym-eý. Nirelerde galdyň balam-e-eý... Waý, bagrym-aý... Peleň awçy ony dik oturtdy. Goltugyna gysdy. Bir zatlar diýişdirdi. Gökböri kynlyk bilenem bolsa onuň: ― Goý, aglama. Gözýaş bilen bolar ýaly bolsa bolarça boldy. Bäş, on ogluny ýitirenler, hiç bir daýançsyz galanlaram ba, biz dagy şükür edeli. Uruş gurbansyz bolmaz. Biziňem uly ýeňşe goşant goşdugymyzdyr bü... ...Hemmelerden öň gözaýdyňa ylgaşlaşyp Aksoltan bilen Zerkäkil geldi. Gökböri olar bilenem edil ata-enesi bilen bolşy ýaly gujaklaşyb-a görüşmedi. Bir wagtkylary ýaly baş atyşybam oňaýmady. Däbe görä sag goluny uzadyp, ýeňi bilen görüşdi. — Aksoltan daýza gurgunmysyňyz? Ejeş gurgunmysyň?.. ― diýdi. ― Sag-aman gelipsiň Böri, gözüň aýdyň... Aždar görgüliniňem näme, takdyry şol ýerlere çekendir-dä... ― Şondan soň ol garrylara ýüzlendi. ― Gözüňiz aýdyň... Zerkäkilem ejesiniň aýdan zatlaryny, eden hereketlerini birin-birin gaýtalady. Gökböri ony şol ikarada-da synlamaga ýetişdi. Oglanlykdan bireýýämler saýlanan gyzyň mesaňa mälim bolup duran göwüsleri, syrdam boýy, hemişe meýdanda agyr zähmet çekip ýörendigine, kynçylyk, açlyk-horlukdygyna garamazdan tep-terje, ap-akja ýüzi, her gezek uýalyp aşak bakanda al öwsüp gidýän ýaňaklary, geplese--geplemese ara-çola çommalyp-çommalyp gidýän dodajyklary onuň hoşuna geldi. Özüne öňden bäri tanyş bolan ýylymsy duýgy ýüregine aralaşdy. Mähri joşdy. Yşky gaýnady. Edil şol wagtyň özünde, ýaşulularynyň gözleriniň öňünde ony garbap alaga-da gujaklasy, «şapladyp-şapladyp» ogşasy, «Biz häziriň özünde toýa başlaýas...» diýip, ulili bilen gygyrasy, hut şol pursatyň özünde tutuş obany toýa çagyrasy geldi. Onuň bu halyny, içki ahwalatyny aňan ýaly, Zerkäkil çym-gyzyl boldy-da, ur-tut ejesiniň arkasyna bukuldy. Oňa çenlem ondan-mundan gözaýdyňçylar gelşip başladylar. Edil şol wagtam biri bir at goşulan arabasyny «şakyrdadyp» geldi-de, «Begli başlyk iberdi» diýip, bir janly bilen bir halta un düşürip gitdi. Başga biri ony soýdy. Ýene biri ojak gazdy, ot ýakdy. Oňa çenlem iki sany jahyl goýnuň etini pudalady-da, gazan atardy. Aksoltan bilen Zerkäkil ikisi öýdäkije urbalyklarynam getirip, Towşanyňkynyň üstüne goşgular-da, hamyr ýugurdylar. Tamdyr otladylar. Petir ýapdylar. Peleň awçynyň gapysyndaky bu üýşmeleň elbetde, toýdy. Çünki, Aždaryň aşy-suwy bireýýämler sowulypdy. Hatda bagşy aýtdyryberseňem boljakdy. Emma, hemmeler üçin, göýä diýersiň, Aždar golaýda bir ýerde durup, bu bolýan işlere, gaýda-gaýmalaşyklara syn edip duran ýalydy. Gökbörini iňkise goýýan zat welin heniz bolup ýeňňesiniň gara bermeýänligidi. Ilki bilen-ä onuň kellesine: «Aý, uzagrak bir ýere işe ugradandyrlar-da, habar baryp ýetişen däldir» diýen pikir geldi. Ýöne, şeýle bolsa onda: «Eşitse-hä Hallygözelem ylgap gaýdar» diýen ýaly sözler eşidiläýmeli ýalydy. Emma, o hakda hiç kim, hatda Towşanam, dil ýarmady. Şondan soň Gökböri: «Ýa, Aždaryň «öldi» haty gelensoň, turdy ötägitdimikä» diýen ýaly sowuk, ýakymsyz duýgy peýda boldy. Her niçik hem bolsa ol myhmanlar dargaşýançalar garaşmaly boldy. Ertir gelip gap-gaçlary ýygnaşdyrjakdygyny aýdyp, hemmelerden soň Aksoltan gyzy bilen öýlerine gitdi. 12. Peleň awçy oturan ýerinde uklap galdy. Özüne nähili kyn soragyň beriljekdigini aňmakdan ýaňa gapdalynda bir düýrmek bolup oturan ejesine tarap Gökböri ilk-ä soragly garady, soňam ýuwaşja, ýöne güňleç seslendi. ― Ýeňňem görnenok-la, eje?.. ― Ýeňňeň ýaranok... ― diýende, Towşanyň dodaklary kemiş--kemiş etdi. ― Aý, olar ýaly bolsa ýagşy-la... Dert beren Allah dermanynam berer-le... Men ýöne... Men... Başga-başga zatlary göwnüme getirip otyrdym... ― Ol ejesine tarap owsundy. ― Näme, kemi bar onuň, eje? Towşan ýaýdanjyrady. ― Men-ä oglum näme diýjegimem, nädip aýtjagymam bilemok. ― Ýa erbet kesel dagymy? ― Ol ikigat... ― O näme diýdigiň bolýa? ― Ol göwreli... Şol wagt ýanynda topuň oka ýarylan bolsa ýa gelip böwründen duşmanyň güllesi giren bolsa Gökböri beýle geň galmazdy. Ol birbada özüniň nirede oturanynam unutdy. Öňünde oturan muşt ýalyjak aýalyň öz ejesidigem ýadyndan çykardy. Alahasyrdy bolup, ýerinden turdy. Derrewem oturdy. Tanajak bolýan ýaly ejesine tarap eglip-eglip ýüzüne çiňerilip seretdi. Kellesiniň içinde esli wagtlap bir zatlar «şyň-ň-şyň» etdi. Öýüň içindäki zatlar öňünde oturan ejesi bilen birlikde birmeýdan daşyndan «hyr-r-hyr» aýlandy. Özem birhili howada gaýmalap ýören ýaly boldy. Ýüzi «lap-lap» gyzyp, burnunyň ujy buz ýaly boluberdi. Ähli zat ýerli-ýerine gelip azajyk özüni rastlansoň, üzlem-saplamraga-da, diline doly erk edibilmän, ýene-de gaty tutuk hem ysgynsyz gepledi. ― Eje sen ýaňy bir zat diýdiňmi? Ejesiniň sesi oglunyňkydanam ysgynsyz çykdy. ― Howwa oglum, diýdim. ― Towşan ýuwaşjadan, tisgine-tisgine aglady. ― Wah! Öleni-öleni, gözüni garga çokany boldy bi, jan balam. Näme etjegimizem bilemzok. Kakaň-a bu zatlardan bihabar. Gözüm çala bolansoň menem ýaňy bildim. Gije egen-tegeniň içinde bir «şakur-şukur» bolan ýaly boldy. Barsam şü. Özüni asypdyr-da, daňan agajy döwlüpdir. Şonda bildim. Öňem bir gezek synanyşypdyr-da, ýüpi üzülaýipdir... Hudaý goraýandyr-da... Ondan öňem düşürjek bolup içini ha taýak bilen towlapdyr, ha ýüp bilen towlapdyr. Düwünçegiň içindäkiniň ölüdigi-diridigem belli däl entek. Ýöne, syn edýän welin, ösýänem ýaly. özi welin lal-jim. Hereket ýok. Haçan aýak ýoluna gidip-gelýäninem bilemok men-ä şoň. ― Eje, sen maňa bir zady aýt. Bolan işiň aňyrsynda zorluk ýatyrmy ýa biwepalyk? ― Düşer ýaly däl, oglum. Ýöne, baş-a zorluk. Öz erki bilen namysyny ýere çaljak maşgala-ha däldi bi. Ýöne, «oňa-muňa aýdaýsaň özi böjedi, dulsyrap üstüme dyzady, diýerin diýip, gorkuzypdyr. Soňam nälaç, gel diýen ýerine gelipdir, «bar» diýen ýerine barypdyr, ahyram ine, şu güne düşüpdir. Öz-ä bir başyny çaşyrpdyr, meňkinem çaşyrdy. ― Towşan ýene-de aglap başlady. ― Wah, neneň edeýin... Nä alaç edeýin... Oglumyň dessan barynyň içinden saýlap alan gelinjigi, gör bizi nä günlere saldy. Dermany tapylar ýaly derdem-ä däl bi, jan oglum, biz indi nädeli? Nädip il-güne çykaly? Aždar janyň ruhuna nädip bakaly?.. Gökböri bat almakçy bolýan türgen ýaly bir dyzyna galyp, iki eliniňem barmaklaryny ýere düredi-de: ― Eje, sen indi maňa şol ýowuz işi eden adamyň adynam bir aýt. Towşanyň dodaklary çalaja gymyldady. ― Garaçomak. Şol birwagtky Zaman bilen Gyzylgülüň gününi bulaşdyrjak bolup ýören, henize çenlem Gamdym diýip ady tutulmaýan Garaçomak. ― Hm-m... Diýmek, biz daşky duşmany ýok edenem bolsak, içki duşmany ýok edip bilmändiris. Watanyň namysyny gorasagam, öz namysymyzy gorap bilmändiris... ― Wah, daşky duşman görnüp gelýä, jan oglum. Sen onuň duşmandygyny bilýäň, onuň bilen uruşmalydygyňy bilýäň. Içki duşmanyňy welin, tä çakýança goltugyňda ýatanam bolsa bileňok. Göreňok. ― Dogry aýdýaň, eje. Ýöne, bu işi düzetmel-ä borus. Gökböri syçrap ýerinden turdy. Towşan ýüregi bir zat syzan ýaly, allaniçigçi bolup onuň ýüzüne seretdi. ― Nirä oglum? Nä hyýala mündüň? Sen entek woýelli eşikleriňem çalşyraňok ahyry... ― Bu eşigi men entek çalşyrmaýyn, eje... Bu eşigi çykarmankam entek meniň etmeli borçlarym kän ekeni... ...Ol agzyny açyp, aňkaryp duran ejesiniň gapdalyndan geçdi-de, öýden çykyp gitdi. Barybam göni Gandymyň gapysyny itdi. Onuň geljegini aňýan ýaly aýbogdaşyny gurap, gara dere batyp oturan Gandym Gökbörä gözi düşenden aljyrap ugrady. Doly ganar ýaly semiz göwresini haýsy tarapa taşlajagyny bilmän, dar jaýyň içinde o ýan, bu ýan emedekledi-de, ýene-de öňki ýerinde oturdy. «Salam», «gel-geç», «sag-aman geldiňmi» diýen ýaly, aýdylaýmaly ýönekeý sözlerem aýdybilmän gultundy oturdy. Gökböri onuň çat maňlaýyna geçdi-de, dikejegine oturdy. ― Ýeri, Garamyrat han, ýagdaýlaň gowumy?.. ― Gandym sallanyşyp duran duluklaryny titredip, baş atdy. ― Meniň näme üçin gelenimi aňýaňmy... ― Öý eýesi ýene-de baş atdy. ― Näme diýjegimem bilýäňmi... ― Semiz duluklar indi iki gapdala «tulkuldady». ― Onda gulak goý. Sen ertiriň özünde... Eşidýäňmi, ertiriň özünde şol maşgalany alyp gaýdýaň-da, duluňa geçirýäň! Düşdüňmi?! ― Günäkär ýene-de baş atdy. ― Tur onda, git-de getir şony derhal şu ýere. Uzaklaşdyrmanam nikalaş. Ýok, şu gijäniň özünde, daň atmanka nikalaş. Men ýadaw, arkaýyn ýatasym elýä... Tur!.. Bar!.. ― Garaçomak başyny ýaýkady. ― Hä? Näme? Düşünmediňmi? Hany ýaňy düşündim diýen ýalydyň-la... Ýa başgaça düşündirmelimi? Ýerden ses çykdy, Gandymdan ses çykmady. Ondan netije çykmajakdygyna gözi ýeten Gökböri «Bolýa...» diýdi-de, ol ýerden çykyp, ýangoňşusy, agasy Çerkeziň öýüne bardy. Ol daş-töweregine kagyz baryny üýşürip oturan eken. Gökböri girenden aýal-a üç çagasynam alyp öýden çykdy. Çerkeziň özem süýşüp myhmana ýer görkezdi. Çaý guýup uzatdy. ― Sag-aman geldiňmi, Böri. Çagalar-a barandyrlar welin, biz-ä barybam bilmedik. Ertire peýlenip oturyşymyzdy: ― Men işli geldim, Çerkez akga. Iki agyz gürrüň bar... ― Howwa, aýdyp otur. ― Aýtsam... Gandym-a bir bolmasy iş edipdir welin... Çerkeziň derrew terzi üýtgedi. ― Gandym ol işi ýeke özi edipdirmi ýa... ― Kinaýaňa düşündim, ýöne iki bolup edilýän bular ýaly işde ýüküň agramy, erkege düşýä. Ol eden işiniň yzynda durmaga borçly bolýa... ― Haram işde borç bolmyýa, Böri han. Bu ýerde o gelnem günäkär däl. «Är öldi hatan talak» diýipdirler. Döwür bolsa täzelendi. Hökümet aýal-gyzlara-da erkekler bilen deň garamaklygyň talap edýär. Bularyňam o meseläni nähili çözselerem öz işleri. Gökböriniň Çerkezden tamasy uludy. Inisine buýrar, ýagdaýy düzeder öýdüpdi. Emma bolmady. Şeýle-de bolsa, ol inisine aýdan zatlaryny oňa-da aýtdy. Tekliplerinem düşündirdi. Soňundanam: ― Şeýtsek ikimiziňem başymyzdan sowulýa şu apy-tupan. Şondan aňry geçmäli. Dört ýyllap ganyň içinde ýüzdük, gözlerimiz gandan doýdy, indiberi şo zatlary gaýtalamaly. Indiberi gözlerimiz ekin-dikinden gaýry zady görmesin, aýaklarymyz ekin meýdanyndan öňňe ýere basmasyn. Arkaýyn öý dikeliň, emin-erkin çaga öndüreliň, ogul-gyz söýeliň... — diýdi. ― Ba-a!.. Sen-ä asyl, Böri han urşa däl-de, okuwa gidip ylmyň aňry başyna ýetip gelen ýaly-la how... ― Aý, nähili düşünseň şoňňaly düşünäýsene. Gepiň boljak ýer-ä şü... Ganly meselänem bar-a... haýbat üçin aýdýandyr-a öýtme... Çerkezem ýüzüni-gözüni gamaşdyryp öňe-öňe omzady. ― Senem onda belli bil, Böri han! Her öňýetenden garnyna düwünçek okladyp ýöreni dulumyza geçirip, gelin edip ýörer ýaly biz namysyny itiň guýrugyna taýladyp ýörenlerden däl! Böri tarsa turdy. ― Gep şümi?.. ― Gep şü!.. ― Onda bäş minut puryja berýän, çagalaryň bilen hoşlaşaryň ýaly. Bir wagtlar, baryp-ha Gökböri üç ýyllyk gullukda gezip ýörkä, öýlenmeziniň öň ýany, Aždar egen-tegeni söküp, özi üçin pagsadan ortasy dälizlije, kiçeňräk, iki otaglyja jaý salypdy. Häzir şonuň sag tarapkysynda Hallygözel ýatyrdy. Çep tarapkysynda bolsa, diwardan Aždaryň tüpeňi asylgy durdy. Gökböri ylgaşlap girdi we baryp şol tüpeňi garbap aldy. Hatarlaryňam birin-ä biline ýene birinem keseligine eginden aşyrdy. Ejesine görünmezlik üçin, bosaganyň agzynda durup, daşaryk boýnuny uzatdy. Hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirenden soňam, böküp daş çykdy. Ol wagt entek «posýolok» ýokdy, öýler başly-barat otyrdylar. Şonuň üçinem, Gökböri onsuzam gaty bir uzak bolmadyk aralyga has çalt geçmek üçin, birnäçe hojalyklary hiç hili aýlawsyz geçip, bir demde diýen ýaly Gandymyň gapysynda häzir boldy. ...Ýaňy Gökböri çykyp gidensoň: «Beladan gutulandyryn, kasas kyýamata galandyr, öýden Gandym ýaňy bir özüne gelip, işige tarap gyşardam welin, aýak bilen güýçli depilen işik alaşakyrdy bolup, bir ýan serpildi. Gandymyň boýnunyň çykan ýeri niliň agzyna ras geldi. Gökböri: «Aždaryň gelniniň hözirini gören bolsaň, me, tüpeňiniň hözirinem gör...» diýdi-de, gaýtarylgy mäşeleriň birini gysyp goýberdi. Gandym «waý» diýmäge-de ýetişmän, ellerini serip, çiň arkan gaýtdy. Çäşerildi. Gökböri ikinji oky göni, onuň iki aýagynyň ortarasyndan suňşurdy. Şondan soň öý eýesi edil ýere çüýlenen ýaly boldy. Tüpeň sesi çykandan bolmajysy işiň bolandygyny aňan Çerkez böküp daş çykdy. Inisiniň jaýyna tarap topuldy. Gezenip gelýän, Gökbörä tarap aýalaryny ýaýdy. «Dur! Dur! Beýtme!..» diýip gygyrdy. Eger-de goşa täzeden ok sürmändigi ýadyna düşüp, Gökböri sähelçe güýmenmedik bolsady, onda, o-da hut şol ýerde läş bolýardy. Pursatdan peýdalanyp Çetkez kürsäp yzyna girdi. Barşy ýalam zordan diýen ýaly penjireden çykdy-da, goňşy-golamlaryň üsti bilen, çöp-çalamlary basgylaşdyryp, mal ýataklarynyň, towuk ketekleriniň üsti bilen kolhozyň kontoryna tarap ugur aldy. Dara-direrägem bolsa, şu ýerde onuň kakasy, kelte boýly, pytdyk-sytdyk edip ýöreýändigi üçin, obadaky görene at dakyp ýören Aýnagözel daýza tarapyndan «Pytdyk daýy» adyny alan, diýseň ýuwaş, mylaýym sözli, düýbünden görmeýän hemişe ýumuk, çep gözi haçan görseň çylpyklap duran Kully aga şol ýerde garawulçylyk edýärdi. Şol iki näkesiň şolar ýaly ýagşy adamyň bilinden önendigine oba adamlary gaty bir ynanybam baranokdylar. Ony diýseň gaty ir ýogalyp, şol ikisini çagalygyna taşlap giden Abadan görgülem-ä aýtmaklaryna görä, juda ýagşy adam eken. Kully aga-da ol ikisine ýaman terbiýe-hä bermändi. «Ýaman boluňam» diýmändi. Ýa täzeden öýlenip olary öweý enelem-ä etmändi. Elbetde, boljagydyr-da, mahal-mahal, onda-munda şol dogmalaryndan o pahyryň özem az zeýrenenokdy. Sulhy söýýän ýigitlerine gabat gelende dagy garaçyny bilen: «Şü, köşek seni göremde dünýäm giňäýýä, göwnüm açylaýýa, ine, özümiňkem bolsa nädeýin. Çerkez jan bilen Gandym jana gözüm düşdügi, jebegäm gysylyp, dünýäm daralyberýä. Olar bilen ne oturyp maslahat edip bolýa, ne iki agyz söz alşyp bolýa, edil ýedi ýat ýaly, halyňdan dagy setanda-seýranda dagam habar alaýanoklar. Öýe bir zat alaly diýseňem, «Aý, näm-ä gerek» diýşip, ýeňselerini tüňňürdişýäler-de gidiberýäler...» diýip, zeýrenerdi. Ine, häzir welin Çerkez ýol-ýodasyz ýerlerden ýykylyp-sürşüp kakasynyň ýanyna barýar. Sebäbi, ol ýerde telefon bar. Şähere jaň edip, milisiýany çagyryp bolýar. Ýöne, mugt iýip, hereketsiz ýatan tosun adamyň ýag alan ýüregi şojagaz şata-da çydamady. Halys lüt durdy. Eger-de, yzyndan ajalyň ýetip gelýändigini bilmeýän bolsady, ol onça ýoly gijesi bilenem geçip bilmezdi. Gökböri bolsa, ýedi ýyl bäri kä gum, kä gar ýassanyp, elinde ýarag oýnap, gözleri gandan, beýnisi däriň ysyndan doýan dyzmaç ýigit. Üstesine-de, namys ýakyp-ýandyryp barýa, öňünde döw dursun. Kontora ýetibermäne sähelçe aralyk galanda, ol Çerkeziň yzyndan tas ýetdi diýen ýaly. Şonuň üçinem gaty bir çenenjegem bolmady-da, goşanyň bir gözüni boşadyp goýberdi. Ýöne ok nyşana degmedi. ― Kaka-a!.. Kaka-a! Jaň et! Şähere tilpun ur! Milisge çagyr! Ganhor ba diý!.. ― diýdi-de, Çerkez garawulhananyň deňinden geçip gitdi. Kully aga çykýança, Gökbörem «ala-basgy» bolup, Çerkeziň yzyndan ýüwürdi. Kontoryň ýeňsesinde kiçiräk klub bardy. Şonuň diwaryna ýabşyrylyp ýasalan, barybam üçege girýän, iki barmak ýaly ýasylykdaky demirden ýasalan merduwan bardy. Megerem, milisgeler gelýänçä şonda saklanaryn diýip, oýlanan bolsa gerek, ýeriň giňinde şonuň bir basgançagany-da elini ýetiribilmejek Çerkez, her towsanda ikisini-üçüsini dagy birden geçip, oňa doly dyrmaşdy. Gökböri gelýänçä onuň orta biline dagy ýetdi. Bu Gökböri üçin örän amatly boldy. Merduwanyň düýbünde durup, tüpeňiniň nilini dik ýokary galdyrdy welin, Çerkeziň türkmeni goýnuň guýrugy ýaly tegelenip duran syrty göni diduwana gabat geldi. Ol säginmän mäşäni gysdy. Aýylganç ses edip, arkan gaýdan mähnet göwre göz açyp-ýumasy salymyň içinde bir ganar çig et ýaly «gülçüldäp» ýere gaçdy. Bir gezek düýrükdi, şonça gezek ýazylybam, «hyrk-hyrk» edip jan berdi. Gökböri ony ikinji gezek atjagam bolmady. Çünki, duşmanyňam bolsa, jan teslim edensoň, berlen yzanyň günäsi azar bereniň özüne geçýärmişin. Ýaňky tüpeň sesi, däriniň ysy, Gökböriniň kellesine: agasynyň namysyna tokunan näkesden galan nyşanam ýok etmeli, diýen pikiri getirdi. Ýöne ony ýok etmek üçin, ony göwresinde göterip ýörenem ýok etmeli boljak. Zyýany ýok. Goý, şeýle bolsun. Ras, namysyny gorap bilmändirmi, zorluga uçrandan soňam hiç kime şikaýat etmän, şol näkesiň toruna çolaşypmy, diýmek, o-da günäkär. Asyl, günäkärçiligiň başy şol! Şol niýet bilen ol öýüne gitmekligi ýüregine düwdi. Ýöne, öňürti milisiýa jaň etmek üçin garawulhana girip çykarman boldy. Şol wagtam şol tarapdan «pytdyk-pytdyk» edip Kully aganyň ilk-ä aýak sesi, soňam özi geldi. Ýüregi bir zatlary syzan ýaşuly Gökböriniň egninden aslyşdy. ― Näm boldy Böri jan. Meň Çerkezimiň sesi ba ýalydy ýaňy. «Kaka» diýibem gygyran ýaly boldy. Hany ol? Nirä gitdi? Ýaňky tüpeň sesi näme? Bi, seň eliňdäki tüpeň näme?.. Nämeler boldy jan balam? Oba tarapdanam-a tüpeň sesi eşidilen ýaly boldy? Şu wagtam-a bir «gyk-bak» ba şo tarapda. Kully aga oba tarap ýöneljek boldy. Gökböri ony saklady. ― Sen gowusy bu tarapa git, Kully aga. Çerkez şol ýerde ýatyr. Ýeke özi. Eger-de, trubkany galdyrandan telefon şäher komutatoryna düşmeýän bolsady, onda Gökböri şähere habar berip bilmezdi. Kully aganyňam bu wagt jaň edere aňy çatardy ýa çatmazdy. Aňyrdan: «Alýo, komutator diňleýä» diýen ses eşidilenden Gökböri mümkin boldugyndan parahat gepledi. ― «Täze durmuş» gepleýä. Milisiýa iberiň. Bu ýerde uruş boldy. ― Kim sen? ― Men Gökböri. Peleň awçynyň ogly. Men adam öldürdim. ― Aňyrdan «Näme-e?» diýlip berlen sorag Gökböriniň gulagyna «Näçe» bolup eşidildi. Şonuň üçinem ol: ― Iki. Iki adam öldürdim. Ýene-de ikisini öldürmäge gitjek. Çaltrak ýetişmeseňiz jemi dört bolýa... ― diýdi. Şol wagtam açyk duran gapydan Kully aganyň: «Waý-a-a! Bagtym ýatdy-aý!.. Gara bagrym-a-aý!..» diýen sesi eşidildi. Komutatorda oturan aýal adama-da howsala aralaşdy. ― O näme? O kim? Gökböri onuň bu soragyna jogap berjegem bolmady. Garawulhanadan ylgaşlap çykdy-da göni öýlerine ylgady. Kürsäp, gelnejesiniň ýatan jaýyna girdi. Hallygözel onuň elindäki tüpeňine gözi düşenden, ýakasyny edil çäklemese-de, çalarak çekip, sowuklaç pyşyrdady: ― At! At, Böri jan, at! Özümiň-ä gaýratym çatmady, sen bir maňa kömek et! Men indi bu dünýäde-hä däl, o dünýäde-de siziň tohumyňyzyň gözüne görnüp bilmen. Kyýamat güni Magşar meýdanynda Aždar bilen ýantaşyp, Biribaryň gaşynda durup bilmen... At! Men barybir bu dünýäde gezip bilmen. Oňa çenlem Towşan geldi. Ol oglunyň öňki eden işlerinden bihabar, tüpeňiň nilinden aslyşdy. ― Dur! Dur, oglum, beýtme!.. Başyňdan sow-da dyn, ýöne, beýtme! Onsuzam ýedi ýyl gözümizden uçduň. Indiberi aýralyga el bulama... Edil şol wagtam endam-jany gana boýalan Kully aga ent-ment bolup gapydan girdi. Gelşi ýalam Gökböriniň aýagyna ýykyldy. ― Sen meniň kökümi kesdiň, tohumymy tüketdiň! Ikisinem ýer bilen ýegsan etdiň! Olaryň bir-ä öýlenmedik, birinde-de ogul ýok. Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Nädeýin. Güýjüm çatmady, diýenim bolmady. Ýogsam menem şu işi düzetjek bolup kän dyrjaşdym. Akylyňyza aýlanyň, ýigitler gelse şu işiň soňy şeýle bor, diýdim. Ine, şeýle-de boldy. ― Kully aga dyzyna galyp, Gökböriniň bilinden gujaklady. ― Indi bolsa gulak as, köşek! Rehim et! Şu gelne bir degme! Ezraýylam bolsaň şonuň janyny bir alma! Iň bolmanda düwünçegi çözülýänçä maňa ber. Şol «düwünçek» meniň dowamym. Ogul bolsa-da, gyz bolsa-da bagtymdan. Şony elime alýançam şu gelni men özüm saklaýynam, ekläýinem. Soňam ýa pelek!.. Ýap-ýaňyja iki ogluny öldüren gandarynyň öňünde dyzyna çöküp, ýalbaryp duran ýaşula Gökböriniň nebsi agyrdy. Göwnüne bolmasa, şol wagt onuň hemişe ýapyk duran gözüniňem gabagy serpilip açylaga-da, ap-ak bäbenekli hanasynyň owasyny gözýaş bilen dolduraýan ýaly bolup göründi. Bütin durky bilen sandyrap duran Hallygözelem sese meňzemeýän ses bilen: ― Atmajak bolsaň şeýt, Böri. Men amanady özüm bilen äkitmäýin. Şony eýesine gowşuramsoň, men munda bir sagadam saklanman. Oňa meniň hakym ýok. Meni saklap oturanam, goýbermedigem şu düwünçek. Gökböri tüpeňini ýygnady-da, bir gyra sowuldy. Hallygözel çözlenen saçlaryny ýerden süýräp gapa tarap ýöneldi. Daşyndan seredeniňde şol wagt ol hakykatdan-da öň dessandan diri çykyp, indem, öli halda dowzahyň törüne tarap barýan ýaly bolup göründi. Ýykylaýmagyndan heder eden Kully aga baryp usullyk bilen onuň çep golundan ýapyşdy. ...Yzly-yzyna, hersi bir ýerden çykan tüpeň sesleri, ulynyň--kiçiniň çyr-çykylygy, gyk-baklary onçakly uly bolmadyk obany örüzdi. Ilkagşam bolansoň onsuzam daşarda oňa-muňa güýmenjireşip ýören adamlar, aýal diýmän, erkek diýmän ýerli-ýerden, ses çykan tarapa sozanda-guýruk eňdiler. Nirede bolany, näme bolany, kimiň-kimi näme edeni sähelçe salymyň içinde belli boldy. Ol habar Aksoltanlara-da ýetdi. Ol gyzyny goýup özi gitjek boldy, emma, Zerkäkil gapylaryndan atylyp çykdy-da, Peleň awçylara tarap ejesindenem öň ýumlukdy. Ol bärden baranda şäherden gelen milisiýa işgärleri jaýyň daşyny gaban ekenler. Ekabyrlary bolsa gerek, uzynagrak biri gapynyň agzyna golaýlady-da: ― Böri! Ýaragyňy goý-da, iki eliňem göter-de, daş çyk!.. Gökböri onsuzam şeýtjekdi. Atyşmak, gaçmak diýen ýaly ters pikirler oýunda-da ýokdy. Etmeli işini etdi, agasynyň aryny ýerine saldy, namysdan çykdy, bolany! Şonuň üçin onuň ähli etsem-goýsamlary gutardy. Tamam! Ol indi kanun esasynda atsalaram, assalaram, gelmeze gönderselerem kaýyl. Asyl ol bu zatlara başda-da şol pikir bilen başlady. Şonuň üçinem ol häzir bilindäki hatarlaram çözüban çüýden asar-da düzgün boýunça gollaryny galdyryp daş çykar. Özüni kanuny goraýjylaryň eline tabşyrar. Emma, duýdansyz çykan gyz sesi ony saklanmaga mejbur etdi. Ol ses Zerkäkiliň sesidi. Milisioner Gökbörä: «Çyk» diýip, buýruk berenden ol: ― Ýok! Çykma! Dur! Saklan biraz!.. ― diýdi-de, hiç kimiň eline-aýagyna bakman, gepine-sözüne gulak asman, tüwdürilip baryp, Gökbörili jaýynyň gapysyndan atylyp girdi. Barşy ýalam Gökböriniň boýnuna zyňdy. Tanyş bolaly bäri geçen dokuza golaý ýylyň içinde, ýekeje gezek ýüzüne dogry garabilmedik, saý-sebäp bilen garaýanda-da boz-ýaz bolup, kyn güne düşýän gyzyň bu bolşy ýigidi geň galdyrdy. Ýumruja göwüsleriniň üsti bilen geçip, süňňüne ýaýran ýyly mähir ony şu çaka çenli gaýybana söýüp gelen gyzy bilen ymykly tanyşdyrdy. Şeýlekin kyn, dar pursat onuň göwni şeýle bir giňedi welin, «Beh, söýgüniň güýji şeýle eken-ow» diýip, ol gyssagara öz ýanyndan pikir öwreninem bilmän galdy. Gyzyň indi şondan aňry geçmejekdiginem aňdy-da, ony uly hyruç hem hyjuw bilen bagryna basdy. Eýýämhaçan «lap-lap» edip gyzaryp ugran ýaňajyklaryndan, özüne tarap çommalypjyk ugran dodajyklaryndan ogşady. Hökümli ses ýene gaýtalandy. Gökböri ony mähetdel etmedi. ― Häzir, ýoldaş maýor. Men çykýan! Zerkäkil kiçijik eljagazyny onuň agzyna goýdy. ― Ýok! Gitmersiň! Indi gitseň olar seni goýbermezler. Bize indi görüşmek ýokdur! Şonuň üçinem men seniň bilen şu duran ýerimde nikalaşjak! Näçe garaşmaly bolsamam, seniň gelniň hökmünde garaşjak. Gaýdyp görüşmesegem, rozygär boluşmasagam, kyýamat güni Magşar meýdanynda Biribaryň gaşyna seniň maşgalaň hökmünde gol tutuşyp barmak üçin nikalaşjak. ― Ol ylgap baryp penjirä germeldi. ― Eje-e! Towşan daýza! Obadaşlar! Molla getiriň! Bizi nikalaşdyryň! Gökböri gyzy penjireden çekip aýyrdy. Gujagyna gysdy. ― Ejeş jan! Käkilim! Gulak as. Sen dogry aýdýaň. Men gaýdyp gelmen. Yza ýol ýok. Şonuň üçinem, sen bu gürrüňi goý! Öz bagtyňy öz eliň bilen baglajak bolma. Biz utuldyk: «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýipdirler. Men senden razy. Men saňa rugsat berýän. Maňa garaşyp gül ömrüňi köýdürme-de, durmuşa çyk. Köpel! Köl bol!.. ― Ýok! Beý diýme, Böri. Men senden başga hiç kime çykman. Ejemiň bir wagtky aýdyşy ýaly, ömrüm ötýänçä garaşmalam bolsa garaşaryn. Daşardakylar tüpeň atyp duýduryş berdiler. Zerkäkil ylgap gapa bardy. ― Daýylar! Jan daýylar, Böri gaçmaz! Ýöne bize bir sagatjyk puryja beriň. Molla getirsinler, bizem nikalaşaly. Belki, öz içiňizde «gyýybilýäniňiz» bardyr? Maýor sesinde baryny edip gygyrdy. ― Biz bu ýere nika gyýmaga gelemzok! Jenaýatkäri tutmaga, ony eltip, hökümede tabşyrmaga geldik. Zerkäkiliň sag gulagynyň agzynda Gökböriniň sesi eşidildi. ― Maýor dogry aýdýa, Ejeş. Sen çyk, menem çykaýyn. Ýör, ýogsa-da bile çykaly... Maýoryň sesi öňküsindenem azmly çykdy. Ol hususanda Zerkäkile degişli edip gürledi. ― Gyz! Jenaýatkäriň özüni kanun wekillerine tabşyrmagyna päsgel berme. ― Ol hümer bolup duranlara ýüzlendi. ― Kim şu gyzyň hossary bolsa eýelik etsin! Çykarsyn! Ýogsam onuň özünem alyp gidýäs. Bu söze Zerkäkiliň begenjiniň çägi bolmady. ― Ine, munyňyz bolýa. Menem äkidiň. Menem bile basyň. Bir ýere bile iberseňiz bolýa!.. ― Ol Gökböriniň goltugyndan tutup çykyp ugrady... ...Şol wagt beýleki milisionerlerem geldiler-de, «şark-şurk» Gökböriniň eline gandal urdular. Towşan essi aýylyp ýykyldy. Bar zatdan bihabar Peleň awçy şol wagt gözlerini açalak-ýumalak edip öýden çykdy. Ondan-mundan bir zatlar sorady. Ýöne oňa üns berenem bolmady. Towşan gyzyny gujaklap çete çekildi. Bularyň halyna halys ýüregi awan bolsa gerek, maýor gidip barşyna Aksoltana ýüzlenip: ― Näme meseläňiz bolsa, ertir şähere baryň-da, naçalnigi görüň. Şondan başga adam o meseläni çözüp bilmez. Iň bolmanda bolmajagyny aýdar ýa ýol salgy berer... ― diýdi. Näme-nämeleriň bolup geçendigini düşündirilenden soň, Peleň awçy sesini çykarman öýe girdi. Diwara arkasyny söýäp durşuna usullyk bilen, syrylyp aşak çökdi. Bir sagada golaý dagy gözlerini bir nokada dikip, sarsman diýen ýaly oturdy. Aýalynyň aýdan-goýanlaryna dagy ünsem bermedi. Asla gözlerinem gyrpmady. ― Wiý, Peleň... ― diýip, sag çignine elini ýetireninden çep tarapyna agyp gaýtdy. ...Şol gije-gündiziň dowamynda obadaşlary Peleň awçynyňka indi üçünji gezek üýşdüler. Ilki gelip ýetenlerem Aksoltan bilen Zerkäkil boldy. Ertesi irden, entek hiç kim örmänkä, merhumyň ugradylaryna--da garaşman, hatda ejesine-de duýdurman, Zerkäkil, gözüni açyşy ýaly «düwdenekläp» şäher ýola tarap ylgady. Ol ýola ýetende Taňrynyň «tegeleginiň» ýaňy bir ýokarky gyrasy gözýetimden görnüp ugrapdy. Hä diýmänem, ol ýer ýüzüni gorkunç, gyzgylt reňke boýady. Şol wagtlar şäher ýoly çagyllanýardy. Gaty bir ýygy-ýygydan bolmasa-da, çagyl çekýän «samoswallar» geçýärdi we eger-de ýany boş bolsa, sürüjiler bir-iki ýolagçyny öz ýanlaryna alýardylar. Ýöne bu wagt bimahaldy. Iş başlanmandy. Guşlukdan bärde olardan tama edip oturasy iş ýokdy. Şonuň üçinem, Zerkäkil ýoluň gyrasy bilen şäher sary jünäberdi. Orta ýola ýetiberende yzyndan bir gara nokat göründi. Soň «gürrüldisem» eşidildi. Zerkäkil ilk-ä oňa el galdyrmaga ejap etdi. Galdyrmakçy bolan elini bir agzyna ýetirdi, birem ýele ykjap duran ýaglygyna ýetirdi. Zerkäkiliň çekineriçe-de bardy. Çünki, o döwürler türkmenlerden sürüji azdy. Asla, maşynam azdy. Tutuş raýon boýunça, sürüji hökmünde bir adamyň ― Bykowskiniň ady tutulýardy. «Ol sürende maşynyň tigri ýere degmeýärmişin» diýen gürrüň ýörgünlidi. Onuň gowy adamdygy barada hem aýdylýardy. Başda aýdyp geçişimiz ýaly, Gökböriniň şähere gatnap traktor sürmäni öwrenenem şol Bykowskidi. Şonuň üçin Zerkäkilem «Şu gelýän şol bolsa müneýin» diýen karara geldi. ― Onsoňam türkmen bolanda näme, içi naçarly arabasyny sürmesiz ýerden sürüp ýören Gandym garaçomak ýalyň biri bolsa...» Elini galdyrmasa-da, maşyn gelip gyzyň gapdalynda durdy. «Was-s...» etdirende töwerek-daş tozap gitdi. Sürüji maşynynyň ýolagçy tarapynyň gapysyny açdy-da: ― Şähere barýan bolsaň, gel... ― diýip, türkmençe gepledi. Gyz ilk-ä gorkan ýaly böküp, bir ädim yza tesdi. Soňam gorkuly gözlerini sürüjä dikip, dodaklaryny çommaldyp: ― Sen Bykowskimi? Sürüji güldi. ― Howwa, howwa, men Bykowskiý, näme meňzämokmy? Zerkäkil çekine-çekine mündi. Sürüji gapyny ýapmak üçin özüne tarap egilende Zerkäkil ulili bilen gygyrdy: ― Ýok, ýok, beýtme! Aýryl! Gaç! Men düşjek. ― Ol onuň bilenem oňman: ― Böri-i! ― diýip, gygyrdy. ― Soň sürüjiniň ýüzüne çiňerildi. ― Gowy oturmasaň Börä aýdaryn... Ýylgyryp oturan orta ýaşlaryndaky sürüji yza çekildi. ― Bol onda gapyny özüň ýap. ― Zerkäkil ýapjak boldy. bolmady. Sürüji hoşamaýlyk bilen: ― Gördüňmi... ― diýdi. ― Hany, gaýyrrak çekil. ― Zerkäkil arkan gaýşyp, oturgyjyň arkalygyna gysyldy. Sürüji elini tutawaja ýetirip, zarp bilen çekdi. ― Ine, boldy... Gitdik. Ugradylar. ― Siziň raýonyňyzda Bykowskiden başga şopur bardyram öýdenoklar öýdýän? ― Sen näme, başga raýondanmy? ― Howwa. Bizi şu, ýol gurluşygyna kömekçi edip başga raýondan iberdiler. Şonuň üçinem men Bykowskiý däl, Kössek. Kössekmyrat. ― Ol gyzyň ýüzüne seretdi. ― A seň adyň näme? ― Gyz sesini çykarmady. O-ol, Böri diýýäniň kim?.. Gyz ýene-de sesini çykarmady. Kössegem dyzap durmady. Ol raýon merkeziniň, ýerli halkyň höwes bilen atlandyrylyşy ýaly şäheriň içinden geçip saga ― derýa tarap öwrüldi. Şol ýerde megerem, derýanyň öň akan ugry bolsa gerek, uly «karýer» bardy. Ana, şondan çagyl alyp gaýtmalydy. Şonuň üçinem, ol Zerkäkili aýdan ýerine eltdi. Tä, düşüp aňyrlygyna ugraýança gyzyň iň bolmanda «Taňryýalkasyn» diýerine tamakinçilik bilen garaşdy. Gyzdan welin ses çykmady. Dodaklary çommaldy, ýöne, içinden aýdandyr-da, gymyldamady. * * * Zerkäkil milisiýanyň naçalnigine garaşmaly bolmady. Ol ýerinde ekeni. Asyl, o agşamky waka zerarly öýüne gitmänem eken. Zerkäkilem, ol derhal kabul etdi. ― Bar zatdan habarym bar, jigi, ýöne, edibiljek kömegim ýok. Men entek ony «psihiatra» görkezmeli. Akyly-huşy ýerindemi, dälmi, anyklamaly... ― Sag, sag... Ol sag. Akyly-huşam ýerinde... ― diýip, Zerkäkil çaga ýaly owsunjyrap oturyşyna ellerine çenli galgatdy. ― Wah, ikimiziň aýdanymyz bilen bolanok-da, jigi... Bolýan bolsa sen beý diýmezdiňem. Sebäbi, kanun boýunça öz akylynda däl adama ýyl kesilmeýär... Zerkäkil azajyk oýlanyp oturdy. ― Şoň şeýleräk bolaýmagam ahmal, neçennik daýy. Oň gyzyl oduň içinden gelip durşy şü... ― Bu gürrüňi goýaly jigi. Seň nikalaşmak baradaky meseläňem aýtdylar. Men onam çözüp bilemok. Biz onuň işini boldum edenimizden soň, prokuratura geçirmeli, olardan soň ol iş suda geçmeli. Ana, şolar bellisini aýdyp bilerler. ― Kömek edip bilerlermikä? ― Bilmedim-dä, jigim. O zatlar işiň haýsy tarapa ugur aljakdygyna bagly. Egerde atuw berilmese... Naçalnik şeý diýenden Zerkäkil elleri bilen ýüzüni tutdy-da, çirkin gygyrdy. Titräp başlady. Naçalnik nobatçyny çagyrdy. ― Suw!.. Suw berlensoň gyz birneme özüne geldi. Ýüzüne sepelänsoňlar hasam. Şondan soň ony daş çykardylar. Açyk howa oňa hasam gowy täsir etdi. Edil şol wagtam aňyrdan ylgaşlap gelýän Aksoltan: ― Waý, jan balam, sen asyl bärdemidiň... ― diýip, gyzyny garsa gujaklady. ― Ýüregim-ä ýardyň... ...Biraz özlerini dürsänlerinden soň, eneli-gyz ikisi naçalnigiň ýanyna ýaňadandan girdiler. Naçalnik Aksoltana seredip: ― Men gyzyňyza barsyny düşündirdim, ýeňňe, indi gep gutardy. Siziňkiniň jenaýaty agyr. ― Onda gelenimize görä görüp bir gideli. Naçalnik oýlanyp köp oturdy. Bir ýerlere jaň etdi. Kimdir biri bilen rus dilinde bir zatlar barada gürleşdi. Ahyram trubkany goýup, uludan demini aldy-da: ― Ohrana!.. ― diýip, gygyrdy. Milisiýa eşiginde bir ýigit «gürp-tarp» edip geldi-de, sag elini papagynyň gaşyna ýetirip «çest» berdi. Naçalnik ýerinden turup iki ýana gezmeledi. Näme üçindir gaty ýuwaş gepledi. ― Şulary tussag bilen duşuryň. On minut. Gözenegiň aňyrsyndan. ...Görbörä gözi düşenden Zerkäkil ylgap baryp, kapasadaky guş ýaly gözenege germeldi. Şunça ýyllap Böri bilen hatda hat üsti bilen salamlaşmaga-da ygtyýar bermedik ene, gyzynyň bu wagtky hereketlerini dagy göze-de almady. Ol Peleň awçynyň maşgalasy bilen şeýle bir öwrenişipdi welin, Gökbörini dagy öz çagasy däldir öýtmeýärdi. Gyzynam oňa baryp-ha birwagtlar berdim edip ýördi. Hiç kimden ses çykmady. Naçarlar agladylar. Gökböri bolsa olara göwünlik berdi. «Men indi gaýdyp gelmen, maňa garaşma» diýen ýaly, düýnki, bagyrlaryny suw eden sözleri-hä ol aýtmady, Zerkäkilem «Waý, bizi nikalaşdyryň» diýen ýaly, netijesiz sözleri dile getirip, hem öz janyny, hem magşugynyň janyny ýakjak bolmady. Indi hemme zat ýagdaýa bagly. Indi bar zady nesibe-takdyr çözer. Maňlaýa ýazylanyny el bilen düzedibem bolmaz, bozubam, bulaşdyrybam bolmaz. Reňkleriniň gopuşan ýerinden poslary görnüp duran gözenegiň aňyrsyndan käte bir kaklyşyp gidýän elleriň, ýaňaklaryň ýylysy, olaryň ikisine-de şony sargaýardy, şony ündeýärdi. Şol ýylynyň üsti bilen ýüreklerden-ýüreklere geçýän mähir bolsa olara öňde duran kyn günleri, aýlary, ýyllary, çekip çydarlyk güýç, kuwwat berýärdi. Olara päsgel bermezlik üçinmi ýa bolup duruşlaryna dözmedimi, Aksoltan dälize çykdy-da, olaryň ikisi üçinem ýüreginden syzdyryp, zara-girýan aglady. Zerkäkil tä, Gökbörä sud bolýança gün yrman diýen ýaly şähere gatnady. Soňabaka Aksoltan ony ýeke goýbermäge-de kaýyl bolmaly boldy. Çünki, birinjiden-ä hernäçe duýgudaşlyk etselerem, kolhoz ýolbaşçylary Aksoltanyň iki gün, aňry gitse üç gün işden galmagyna razy boldular, dördünji güni «iňňildeşip» başladylar. Galyberse-de, indi Zerkäkil şäher gatnawyna öwrenişiberipdi. Iň bärkisi ikinji gezek, ejesi bilen barýarka-da sataşyp şähere bile gidenlerinde, Kössekmyradyň her gün ir bilen şu obanyň deňinden geçýänini sorap bilipdi. Gyzyň näme üçin beýdip saňsyraklap ýörenini bilenden soň-a Kössekmyradyň özem oňa kömek etmäge ilgezik boldy. Käte obanyň deňine gelende gyzyň ýaňy bir gyzyl nokat ýaly kem-kemden ulalyp gelýänini görüb-ä garaşmanam özüne kiçilik bilmedi. Çünki, ol ýigit hernäçe agyr işi, jenaýat edenem bolsa, ar-namys üçin, onda-da uruşda wepat bolan agasynyň haky üçin şeýden, bu gyzyňam şeýdip, heniz barlyşmadyk ýigidiniň ugrunda ser-sepil bolup ýörendigi üçin olaryň ikisine-de ýüreginde sylag-hormat döräpdi. Asyl şu wakaly gürrüň ýaýrandan soň, raýonyň ähli adamlaram öňdenem «garaçomak» saýylyp ýören Gandymam, arkasynda duran Çerkezem uruşda Watana dönükligi üçin tama söýäp atylan dönükler bilen bir hasap etdiler. Böriniň goýberilmegini islediler. Ýöne, nätjek, kada-kanunyň bar ýerinde göwün-islege indi garalýarmy näme? Şähere gatnan günleriniň içinde Zerkäkilem öz meselesi bilen ýeke bir prokuroryň ýa suduň başlygynyň ýanyna däl, eýsem raýkomyň birinji sekretarynyň ýanyna-da, ispolkomyň başlygynyň ýanyna-da, hatda, raýon merkezinde ýerleşýän harby otrýadyň naçalniginiň ýanyna-da girip çykdy. Hemmesindenem şol, birmeňzeş jogaby aldy. «Biz suduň işine garyşyp bilemzok». Ýa-da: «Hany, suduň näme çözgüt çykarýanyny bir göreli». Soňabaka Zerkäkil bu işe şeýle bir ökdeledi welin, käbir türkmen däl başlyklaryň ýanyna baranda «patdyk-sutdyk» orsça-da gepläberdi. Kim bilýär näçinji gezekdir, suduň başlygyna ýüz tutanda ol adam ýadawrak ekenimi ýa içgiliräk ekenimi: «Aý, jijim, öldürdiň--le how meni halys, «nika-nika» diýip, näçe gün bäri. Aýtdym-a men saňa suduň näm bilen gutarýanyny bir bileli...» diýip. Şunça garaşan bolsaň ýene-de iki gün garaşaý-da, ärsiz!..» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. ― Men bu ýere är küýsäp gelemok! Meni siziň ony atjagyňyzam ýa öňüme düşürip goýberjegiňizem gyzyklandyranok. Ýekeje gezek, ýekeje ýerde, ýekeje adamyň ýanynda «şony boşadyň» ýa «günäsini geçiň» diýip, haýyş eden bolsam aýdyň. Men hemme zada kaýyl. Ýöne, ýekeje islegim ba, o-da: şony öldürseňizem, ýüz ýyldan soň geler ýaly etseňizem, men şoňa şonuň nikaly maşgalasy hökmünde garaşjak ― diýip, Zerkäkil gaty gygyrmasa-da, şeýle bir ýürekden syzdyryp aýtdy welin, suduň başlygy ýerinden turup geldi-de, onuň özünde baş egdi. ― Bagyşla, gyzym. Sen gaty mert maşgala. Men elimden gelenini etjek bolaýyn. Ýol gözläýin. Onuň-munuň bilen gürleşip göreýin... ― diýdi. ― Indi bolsa git-de birigüne çenli dynjyňy al. Sen ýadadyň... * * * Günäkärlenýäniň tarapyndan suda hiç kim gatnaşmady. Kakasynyň ýogalanyny Gökbörä aýtmadylar. Ikisem ýaranok diýdiler. Zerkäkili bolsa hiç hili resminamanyň ýoklygy zerarly onuň garyndaşy hasap etmediler. Zerkäkiliň özem özüniň Gökböri bilen nikalaşmagyna rugsat berilmeginden başga hiç hili haýyşy orta atmady. Ejir çeken tarapdanam hiç kim gatnaşmady diýen ýaly. Çerkeziň aýaly gelmelidi, o-da çagalary bilen ber-başagaý boldumy ýa onam iki ölüm halys lagşatdymy gelip bilmedi. Kully aga-ha şo-ol, Hallygözeliň gapysyny alyp otyr, çagasy bolmanka özüni heläkläýmesin, diýen gorky bilen. Ýöne, başga raýonlaryň birinden geldimi ýa oblastdanmy, merkezden bolsa-da ahmal, şu çaka çenli ony bu jelegaýlarda-ha gören ýok, «men şolaryň daýylarydyryn» diýip, daýaw, geýnüwli, emgenip işlemeýändigi possuk ýaly ýüzündenem bildirip duran elli bäş ýaşlaryndaky, şol wagtyň nysagy boýunça ak ýüpek kitelli, etegi giň, ak şlýapaly, ýakasy nagyşly, «tulkuldap» duran, ak ukrain köýnekli, arasyndan çal zolak geçen gyzylymtyl, goňur galstukly, giň, çal jalbarly, melemtil, ýokarsy deşik-deşik «zark» köwüşli bir pyýada hemmelerden soň gelip oturdy. Gökbörini zala getirenlerinde Zerkäkil ellerini serip oňa tarap topuldy. Emma goragçylar ony sakladylar. Ýerinde oturtdylar. Şeýle hereketlerini gaýtalasa ýa birugsat geplese, goh etse zaldan çykarjakdyklaryny aýtdylar. ...Umuman, sud öňli-soňly üç güne çekdi. Garalawçy günäkäre ölüm jezasynyň berilmegini, atuwa höküm edilmegini sorady. Aklawçy bolsa, onuň ilki üç ýyl gulluk edendigini, soň dört ýyllap urşa gatnaşandygyny, alan medallary, azat eden şäherlerini, şeýle hem bu işiň türkmeniň iň bir ynjyk meselesi bolan ar-namys bilen baglydygyny, egede günäkäriň haýyş edişi ýaly göwreli maşgala ýygnalan bolsa, ýagdaýyň şu derejä ýetjegem däl ekendigini göz öňüne tutup, oňa beýle ýowuz jezanyň berilmezligini we onuň ýigrimi ýyllyk jeza bilen çalşyrylmagyny haýyş etdi. Ine, şu ýerde hem ak şlýapaly «daýy» özüniň kimdigini görkezdi. Sudýadan söz sorady-da, elleriniň hereketleri bilen, ilikleri ýazdyrylan kiteliniň syýlaryny galgadyp durşuna: ― Elli gepden belli gep! Ýa şuňa şu ýerde atuw beräge-de ertirem tama söýäp atýaňyz, ýa-da ýüz ýyl berseňizem, boşap gelen güni hut özüm şuň bagryny garaldýan. «Dynyp geldim-ow» diýip, obada «ülpüldäp» gezmejekdigi çyn... ― diýdi. Netijede sud Gökbörä 25 ýyl berilýändigini yglan etdi. On günüň içinde ejir çeken tarapyň ýokary suda arz edip bilýändiklerini hem aýtdy. Gökbörini zaldan alyp çykmakçy bolanlarynda, telim gün bäri oba bilen şäher aralygynda ylgap, oňa-muňa ýalbaryp, ysgyn--mydardan gaçan Zerkäkil iň soňkuja güýçjagazlaryny jemläp, ýerinden turdy. ― Böri! Men saňa garaşaryn! Nikamyz gyýylmadygam bolsa, edil nikalyň ýaly garaşaryn! Gelniň bolmasamam, edil, gelniň deýin garaşaryn... Eýýämhaçan gapa ýetiberen gollary bukawly, öňi-yzy goragly Gökböri yzyna gaňrylyp, zordan şu sözleri aýtmaga ýetişdi. ― Ýok! Garaşma! Men indi dolanyp gelmen! ― Gelseňem garaşaryn, gelmeseňem garaşaryn! Ölseňem garaşaryn, ölmeseňem garaşaryn! O dünýäde duşuşarys welin, duşuşarys! Gökböriniň soňky sözleri daşardan eşidildi. ― Men senden razydyryn, Ejeş! Hoş, meniň Zerkäkilim! Zerkäkil gapa tarap ylgajak boldy. Emma bolmady. Ýüregi dabanyna giden ýaly boldy-da, özüni oturgyja goýberdi. Sudýa kätiplik edip oturan bir gelin ylgap gelip oňa goltgy berdi. Suw içirdi. Ýüzüni şemallatdy. Oňa çenlem Zerkäkil başyny galdyrdy. Şondan soň ol entegem bir zatlara güýmenip oturan sudýanyň ýanyna bardy. Oňa gözi düşenden, sudýa zatlaryny ýygnaşdyrdy-da: ― Otur... ― diýip, gapdalyndan ýer görkezdi. Zerkäkil oturmady. Sudýa başyny ýaýkady. ― Sen jigim, bagyşla welin, resmi nika barada aýdýaňmy ýa köne, mollaly nika aýdýaňmy? Gyzyň sesi zordan eşidildi. ― Tapawudy ýok. ― Tapawudy saňa bolmasa-da, bize bar, jigi... Seň onyň bu wagt aýagyny sallap barýan adam. Onsoňam, haksyz-hukuksyz, ähli mümkinçiliklerden mahrum edilen adam. Biz kada-kanuna boýun egýäs, ýöne, bozup bilemzok. Ýaňky ak geýimli ýokaryk şikaýat edip bu işi sökdürse, onuňam näme bilen gutarjagy belli däl. ― Sudýa aýalaryny ýaýdy. ― Mollaly nika hakda-ha gürrüňem ýok. Ol erkin gezip ýören adamlar üçinem gadagan ahyry. Ýa hökümediň diniň garşysyna göreşip ýörendiginden bihabarmy sen? ...Şol gün Zerkäkil şeýle bir ýadady welin, eger-de Aksoltan brigadir bilen urşup diýen ýaly, günortadan soň işini taşlap şähere gaýtmadyk bolsady, onda onuň ýeke özüniň köçede galyp köp-köp horluklar çekäýmegem ahmaldy. Aksoltan şol gijäni gyzy bilen, köpden bäri şäherde oturýan, daşkyrak garyndaşlarynyňkyda geçirdi. «Bendäm-bendäme sebäp» diýenleri. Zerkäkiliň telim wagt bäri edip ýören aladalaryny diňläp, öý eýesi, baryp-ha uruşdanam öňki tutha-tutluk döwründe, Külal bagşy ýaly hiç bir sebäpsiz ýere on ýyl ýatyp gelen Handurdy aga şeý diýdi. ― Sudýa dogry aýdypdyr, gyzym. Jenaýatkär hasap edilýän adam bilen hiç kim seni o jaýlaryň içinde nikalaşdyrmaz... Kim şeýtdirse, onda onuň özüni basarlar. Ýöne, men saňa bir zat aýdaýyn. Gözüm gören zadymy salgy bereýin. Bu yhlasyňa görä sen şony başararsyň. Häliden bäri ejesiniň dyzyny ýaplanyp oturan Zerkäkil dikeldi. Dodajyklaryny çommaldyp ysgynsyz seslendi. ― Aýdyň, Handurdy aga, men indi şol maksadyma ýetmek üçin ölüme, o dünýä gitmelem bolsa kaýyl ― diýdi. ― Onda diňle... ― diýip, ýaşuly söze başlady. ― Sen indi şondan barjak ýerine baryp, hat ýazýança garaş. Adresini bil. Bu ýerden basylyp gideni bilenem hemmesiniň barýan, bolýan ýeri bir däl. Tertip-düzgünem, şertem deň däl. «Zona» diýýä, «krytyý» diýip, olaryň hemmesi türme. Ýöne «lägir» diýibem bir zatlar-a bar... Aksoltan durup bilmedi. ― Haýsy ganymat soň olaryň? ― Hemmesiniňem ýüzüne kesindi degsin, jan ýegençi şolaň. Ýöne, iň ýamany, «katyrga» ekeni welin, ýöne onam söwet hökümeti gelensoň aýrypdyrlar! Ana, şondan Hudaý saklasyn. ― Sen haýsynda bolduň, onsoň şolaryň? ― Ana, menem şony aýtjak bolýan-da. Meň bolan ýerim «lägir», Sibir tarapda. Umuman-a şolaň hemmesem şo tarapda. «SLON» diýýäler olara. Ýöne, bölek-bölek. Diýjek bolýanym, şol ýerde, töwerek-daşda obaçylyklar bardy. Oba bilen baryş-gelişem bardy. Obanyň ýaşaýjylaryndan gelip, lagerde işleýänlerem bardy. Egerde şol obadan bir dul aýal tapsaň, şonuň bilen ýaşaşmagam, hatda ýazlyşmagam bolýady. Düşegi ýumşasa, möhleti gutarandan soň şol ýerde galýanlaram bolýady. Maşgalasy, çaga-çugalary bilen ýa ýekebara äriniň yzyndan barýanlaram bolýady. Edil siziňki ýaly ýagdaýlara-da duş geldik. Barlyşmana ýetişmedik gelinlikler baryp nikalaşyp gaýdýardylar. Obadan kireýine jaý alyp, tä soňuna çenli ýaşaşýanlaram bolman duranokdy. Zerkäkiliň göwresine gurp geldi. Daýandy. Dik oturyp öý eýesine birgiden sorag berdi. Hemmesine-de göwnejaý jogap alandan soň edil göwün maksadyna ýeten dek begendi. Şeýle aňsat ýol barka bu ýerde telim adama ýalbaryp ýören ekendigine gynandy. ...Zerkäkil Gökbörini ýene bir gezek görmek tamakinçiligi bilen ertesem kazyýete gitdi. Ýöne, oňa Gökböriniň baryp-ha düýn agşam Aşgabada urgadylandygyna, ejir çekenleriň şikaýat etmek möhletleri tamam bolýança, şol ýerde saklanyp, ondan soň Orsyýete göteriljekdigini aýtdylar. Heläk bolup Aşgabada gidip ýörmezligi, baryp ýerleşen ýerinden habar gelýänçä garaşmaklygy maslahat berdiler. Garaşmaklygyň hupbatly günleri başlandy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |