12:37 Namys ýesiri -3/ powestiñ dowamy | |
13.
Powestler
Gökböriniň gidenine köp wagt geçmänkä, Aksoltanyň köpden bäri galman ýatan agasy Aman ýogaldy. Uruş ýyllary merhumy jaýlamaga erkek adam tapylmansoň, öwlüýä köplenç aýal-gyzlar, hatda çaga-çugalaryňam ekabyrraklary giderdiler. Indi ýagşy. Frontçylaryň kem-kemden gaýdyp gelmekleri bilen, o ýagdaý kadalaşdy. Ýaramaz janyny ýarar edip, Aksoltanyň göwni üçin, Amanyň ýerine Towşanam geldi. Gündiz düşekde oturyp, gelen-gidenler saýpallaşyberensoň, Aksoltan gyzy bilen Towşanam alyp öz külbejigine geldi. Ondan-mundan gürrüň edip oturdylar. Ahyram häliden bäri bir zatlar aýtjak bolup aýdybilmän zol-zol ýuwdunyp oturan Towşan çekine-çekine: ― Neme... Käkil jan, men senden razy, gyzym. Böri jan üçin erkek oglanyň edibilmejek aladalaryny etdiň. O-da senden müňde bir razy bolup gitdi. Ýöne... Möhlet uly. Sen bolsa ýaş. Böri janyň özem aýtdy. Sen garaşýaň... — Öňem garaşdym, ýene-de garaşaryn... Haçan gelse-de garaşaryn. ― diýip, Towşanyň sözüni kesdi-de, Zerkäkil aglap başlady. ― Gelmese-de garaşaryn. Şondan soň hiç kimden ses çykmady. Her kim oturan-oturan ýerinde ýanyny ýere berdi. Ertesi «hykda-çok» başly-barat oýandylar. Zerkäkil çaý demledi. Göwünli-göwünsiz adama bir käse çaý içip, dişleriniň kirini açanlaryndan soň: ― Onda neme edeliň... — diýip, Towşan agşamky gürrüňini, ýöne, başga bir terzde dowam etdi. — Käkil jan, Aksoltan senem eşit, üçümizem bir ýüke baglanan betbagt bolduk, nädeli, kysmatymyzdyr-da, bizde otag kän, herimiz birinde bolsagam, barymyz birinde bolsagam ýetjek. Şoň üçinem şu günden şeýläk üçüjigimizem şol ýerde bileje bolalyň. Derdimiz bir. Birek-birege goltgy borus. Goldaw borus... Aksoltan gyzynyň ýüzüne seretdi. Zerkäkiliň ýüzünde begenç alamatlary uçganaklady. ― Men razy. Ýöne, dagy-duwara agşamky sözüňizi agzyňyza almasaňyz bolýa. Towşan başyny atdy. Hamsykdy. ― Bor, guzym. * * * ...Wagtynyň golaýlanyny aňan ýaly, Hallygözel üç-dört gün öňünden baryp-ha Gandym bilen Çerkeziň jynazasyndan galan ýoňsuzja ürgün çägeden, hiç kime bildirmän, iki setil ýalysyny gijäniň birmahallary öýe salyp, üstüne köneräk köýnek ýapyp goýdy. Gaýçy, pyçak ýaly gerek bolaýjak zatlar bolsa öýde bar. Onuň elbetde, bu zatlardan tejribesi ýokdy. Gören zadam däl. Ýöne, her niçik hem bolsa boýnuna alan işiniň soňuny dowam etdirmelidi. Tamamlamalydy. Amanady eýesine gowşurmalydy. Gyssaga düşüp ugrandan ol keçäni serpdi-de, çägäni şol ýere dökdi. Keçäni arkasyna berer ýaly edip düýrledi. Kiçi köýnegini çykardy. Ýumşak ýerini çägäniň üstüne goýdy. Arkan düşdi. Burgy ýygy-ýygydan gaýtalandy. Hallygözel çydabilmän gygyraryn öýdüp gorkdy. Elbetde Kully aga soňky döwürlerde ak it ýaly onuň bosagasyna ýassanyp ýatmasyny goýupdy. Gelniň agtygyny eline bermän gitmejekdigine ynanypdy. Çerkeziň aýaly bolsa iki öý aňyrda çagalary bilen uklap ýatyrdy. Käte bir iýer-içer ýaly zat getirip gidäýmese, ol Hallygözeliň ýatan jaýyna girmeýärdem, artykmaç habaram almaýardy. Gije-girim-ä asyl şo tarapa garabam bakmaýardy. «Soňabaka çydaman Hallygözel ýygnap goýan demreň pyçagyny alyp iki dişiniň arasyna goýdy. Dişledi. Yňranda welin gygyrmady. Soňky gezeklerdäki tutgularda ol gapyrgalary aýrylyp, çatalbalary çat açandyr öýtdi. ...Birdenem «çagaçykardan», şaglap ep-esli suwuklyk gaýtdy. Şonuň bilen bilelikde çaga-da çägäniň üstüne çyrlap gaçdy. Gelin birbada aljyrajak ýaly etse-de, basym özüni ele aldy. Öňi bilenem sandyrap duran, al-gana boýalan akja bilejiklerini gaýça uzatdy. Çaganyň göbegini kesdi. Başardygyndan düwdi. Eline ilen mata-marlyklara dolady-da, çagany goltugyna aldy. Öz kiçi köýnegini geýmänem unudyp, ýerinden turdy. Daş çykdy. Ony Kully aganyň ýatýan jaýynyň gapysyna eltip, emaý bilen bosagada goýdy-da, gapyny usullyk bilen açdy. Çagadan «jägildäp» ses çykandanam ol ürken mal ýaly arkan serpildi-de, ilerki derýa tarap ugrady. Ol hatda özüniň ogulmy ýa gyz dogurandygynam bilmedi. Iň bolmanda Kully aga bilen razylaşman gaýdandygynam obadan çykansoň bilip galdy. Şonuň üçinem, iň soňky öýüň deňinden geçensoň, tolgunmakdan ýaňa galyp-düşüp duran, gaba göwüsleriniň üstüne elini goýup, indi ýeke bir Kully aga däl-de, tutuş oba, hususan--da Peleň awçynyň öýüni nazarlap «Razy boluň...» diýdi. ...Çaganyň jägildisi yzly-yzyna iki gezek ýaňlanandan soň, Kully aga ýeke gözüni «ýalpa» açdy-da, böwrüne dürtülen ýaly «zöwwe» ýerinden turdy. Ylgap gapa bardy. Barşy ýalam çagany garbap aldy. Janyny barlady. Deminiň barlygyny bilip begendi. Eli gerekli zadyna degenden, ony ýokary göterdi-de, eýýämhaçan öz jaýyndan çykyp ylgaşlap gelýän uly gelni Tagansoltana tarap: ― Ogul! Eşidýäňmi, Tagansoltan, ogul! Hudaýa şükür, köküm kesilmedi! Nesil kerweni üzülmedi... — diýip, gygyrdy. Tagansoltan şu çaka çenli Hallygözele-de, onuň entek dünýä inmedik çagasyna-da gyýa göz bilen, has dogrusy ýigrenç bilen garap gelenem bolsa, bu pursatda gaýnynyň garşysyna gidip ýa hyzmatyndan ýüz öwürjek bolup durmady. Çagany gaýynatasynyň elinden aldy-da, öýüne tarap ýorgalap gitdi. Diňe şondan soň Kullynyň ýadyna çaganyň enesi düşdi. Ol obanyň içini ters aýlandy. Ilk-ä onda-munda garalyp duran ýykan-ýumruk harabalary, händeklerdir ― kül, hapa atylýan, zibil taşlanýan çukurlary gördi. Baraýjak ýerleri bolmasa-da, ätiýaç üçin Towşanlary, Amanlary we bile gazy gazyşan, orak oruşan joralaryny soraşdyrdy. Gördüm-bildim bolmady. Gaýtam: «Näm boldy-da näm bolşup, onuň üstüne sorag baryny ýagdyryp başladylar. Oňa çenli jahan ýagtyldy. Hä diýmänem Gün dogdy. Kully ýanyna aýdanyny edäýjek, diline berk ýaş oglanlardan birini alyp, obanyň daş-töweregine aýlandy. Esasanam gurruk guýulara aýlandy. Agzyny içine tutup gygyrdy. O gün derek tapmansoň, kolhozdan bir at diläp alyp, düýnki oglanam bir ýaba mündürdi-de, Towşandan salgysyny alyp guma, Hallygözeliň atasy öýüne gitdi. Ol ýerdenem uç tapmady. Çünki, guýudakylar Hallygözeliň hossarlarynyň bir sowuk habar eşidendiklerini, şondan soňam, nirädiginem hiç kime bildirmän, bir gijäniň içinde zym-zyýat bolandyklaryny aýtdylar. Nämäniň-nämediginden onsuzam habarly bolsalar gerek, olar Kullydan hiç zat soramadylar. Şondan soň Kully bolan işi hökümet işgärlerine duýdurdy. Olaram obany, onuň daş-töweregini torç etdiler. Goňşy etraplara, obalara habar etdiler. Demir ýol, awtomobil stansiýalaryny habardar etdiler. Daş görnüşini, eşiklerini salgy berdiler. Üç günden soň welaýatlara, hatda Aşgabadam habardar etdiler. Şol wagt içi suwsuz ýatan derýanyň ýokarylygyna, akymyň ters ugruna tarap gitmek welin hiç kimiň kellesine gelmedi. Ana, şol hem her hili gep-gürrüňleriň, çaklamalaryň ýaýramagyna sebäp boldy. Kim şol tarapa gidip, çopan-çoluga duşandyr diýse, başga biri: gurt-guşlara şam bolandyr diýdi. Sallatlaryň eline düşendir, diýenlerem, Eýrana geçendir ýa-da serbazlaryň biri tapyp özüne heleý edinendir diýenlerem boldy. * * * ...Gidenine alty aýdan-da gowrak wagt geçenem bolsa, Gökböriden hat-habaryň gelmezligi Zerkäkili ýene-de ynjalyksyzlandyryp ugrady. Bu işiň magadyna ýetmek üçin, ol hökümediň haýsy gapysyny açmandygy barada pikir edip ugrady. Ahyram ýadyna ho-ol, birwagtky «lagerli» meseläni salgy beren, şol zatlary gözi bilen görüp, egni bilen çekip gelen Handurdynyň ýanyna barmaklygy, maslahat soramaklygy makul bildi. Ejesinden soraşyp şähere gitdi. Handurdy gyzy güler ýüz bilen garşy aldy. Habaryny eşidenden soňam: ― Sen gyzym arkaýyn bol. Men şu meseläňi kimden çözülýänem bolsa, anyklap bererin. Meniň pikirimçe türmelerem, lagerlerem MWD degişli bolmaly. Üýtgänem bolsa, men bilerin... Umuman, meň özüm saňa habaryny ýetirerin... ― diýdi. Aý ýarym geçip-geçmänkä, «ýyrşaryp» Zerkäkillere bardy. ― Begendirerinmi, gynandyrarynmy, onçasyn-a bilemok gyzym, ýöne, Gökbörini üç ýyllap hat alyşmak hukugyndan mahrum edipdirler. Başda şeýle zat ýok ekeni, ýöne, kimdir biri aýakaldygyna ýazýamyşyn, işini sökdürýämişin, ýowuz-ýowuz jezalaryň berilmegini talap edýämişin. «Staliniň hut özüne ýazaryn» diýip, haýbat atýamyşyn. Şu hatly mesele-de şonuň işidir. Zerkäkiliň gözleriniň öňüne sud wagty ala-gopgun turzan şlýapaly, galstukly, ak kitelli dolmuş «daýy» geldi. Ol Handurda minnetdarlyk bildirdi. Ejesiniň işden gelerine garaşyp, çaý içip, nahar iýip gitmegini haýyş etdi. Emma Handurdy oturmady. Köşeşdirmek üçin Towşana-da oglunyň ýagdaýyny ýuwmarlabraga-da, ýol meselesiniň kynlygy bilen düşündirdi. «Basym ýollar açylar, poçta işläp başlar, hat geler» geler diýdi. * * * ...Hä diýmän, Handurdynyň aýdan ojagaz üç ýylam geçip gitdi. Gökböriden hat geldi. Ol özüniň Sloweskiý diýen ýerdäki lagerleriň birine gelip düşendigini, aýralyk diýäýmeseň, başga kem zadynyň ýokdugyny, edýän işleriniň bolsa Sibiriň ähli ýerlerine mahsus bolan şol bir tokaý çapmaklykdygyny, ýaşaýyş şertleriniňem oňuşmazça däldigini, hossarlaryny howpurgatmazlyk üçin, sypaýyçylyk bilen ýazýardy. Zerkäkil Gökböriden hatyň gelenine edil onuň özi boşap geleniçe begendi. Ejesine, Towşana öwran-öwran okap berdi. Towşan ol haty körügişen gözlerine ýüz gezek dagy degrip çykdy. Hamala okaýan ýaly hatyň sagyna-soluna göz gezdirdi. Ol ikisi ýatandan soň, Zerkäkil bagrynyň aşagyna ýassyk goýup, öňüne-de okuwçy depderinden goparyp alan bir tagta kagyzyny, syýasyny, galamyny çekip, hat ýazmaga oturdy. Obanyň ýagdaýlaryndan, adamlaryň gün-güzeranlaryndan, uruşdan soň kolhozyň kem-kemden aýaga galyp barşyndan jümle yzyna jümle ýazdy. Ejesi ikisiniňem olaryň öýüne gelendiklerini, içleriniň gysmazlygy üçin bile ýaşaýandyklarynam ýazdy. Sud döwri Gökbörä kakasynyň ýogalandygyny duýdurmandylar. Şonuň üçin ol öz hatynda kakasynyňam adyny tutan, ýagdaýlaryny soran ekeni. Şoňa görä Zerkäkilem dogaýy salam iberýänleriň arasynda Peleň awçynyňam adyny goşdy. Ýagdaýlaram erbet däl, edil, görüp gidişiň ýaly diýdi. Hatynyň bir ýerinde «Hudaýa şükür, eýýäm üç ýyl geçdi, galanam derrewjik geçer...» diýip, şükranalyk bildirdi. Asla terbiýeli gyz hatynda «söýýän», «köýýän» diýen ýaly suwjuk sözleri agzyna-da almady. Aşyk-magşuklyk barada hem aýtmady. Dodagyny kagyzyň bir ýerine degrip: «Senem şu ýere dodagyňy degir, şonda ogşaşdygymyz bolar» diýmedi. Edil bir ýakyn garyndaşyna, doganlarynyň biri ýazan ýaly iňňän salyhatlylyk bilen ýazdy. Oba poçtalýonyna bermänem birhili töwekgelliräk görüp, hatyny ertesi ýörüteläp raýon merkezine gitdi we şäher poçta edarasyna baryp, işgärlere öz eli bilen tabşyrdy. Şu ýerde hormatly okyjymyza bir zady aýtmagymyz gerek, ýagny, barybir başdepäň garşy boljagyny we eltmezlik üçin elinden gelenini etjegini bilip duransoň, Zerkäkil özüniň ol ýere barmak hyýalynyň bardygyny Gökbörä öz hatynda aýan etmändi. * * * Şondan soň ol şeýle uzak hem özi üçin garaňky, üstesine-de aýylganç sowuk ýurda gitmekligiň aladasy bilen boldy. Aksoltan gyzynyň bu niýetine zar-zar aglaýa-aglaýa zordan razy boldy. Towşan-a näme diýende dogry boljagyny bilmän, her gezek razylyk soranda agzyny zordan gymyldadyp, ellerini serdi oturdy. Onuň bu bolşuny Zerkäkil razylygyň alamaty hökmünde kabul etdi. Şondan soň gyzyň öňünde «Kim bilen gitmeli?» diýen sorag ör-boýuna galdy. Elbetde, ol ýeke özi gitmeli bolaýanlygynda-da yza çekiljekden-ä däldi. Her edip-hesip edip ýola çykmakçydy. Näme resminama taýýarlamalam bolsa oňa-da kaýyldy. Ýöne, ine, ýogalan Aman daýysynyň ýeňşiň öň ýany on ýyllygy gutaran, ondan soň goşun gullugynam tamamlap gelen ogly Omar onuň resminamalaryny taýýarlamaga-da, ýanynda ýoldaş bolup bile gitmäge-de döwtalap boldy. Pul kömeginem berjekdigini aýtdy. Pul kömegini ýeke bir ol däl, asyl, tutuş oba bolubam etdiler. Her kim güýjüniň ýetdiginden goşdy. «Satyp pul edinersiňiz» diýip goýundyr, geçi berenlerem, «Börä beriň, ýoldaşlary bilen iýer» diýip, kakdyr sök, gowurma, süýtli çörek berenlerem boldy. Handurdy bolsa olara tapdygyndan ýyly eşik, aýakgap berdi. «Esasy ýüküňizi eşik ediniň, bijaý sowukdyr, öňüňizem gyş, gowus-a tomus gidiň» diýdi. Ýöne, garaşa-garaşa bizar-peteňi çykan gyzyň indiki tomsa çenli-hä däl, indiki aýa çenlem garaşara karary ýetmedi. Omar iş bitirdi. Özünem resmileşdirmek bilen raýon möçberindäki gerek bolan ähli hat-petekleri toplady. Eger-de, «Aşgabada baryp, ähli dokumentleriňizi ministrlikde tassyklatmasaňyz bolmaz» diýmedik bolsadylar, onda Omar Zerkäkilem alyp, üstünden otly geçýän goňşy raýona baraýmalydy we Marynyň, Çärjewiň üsti bilen niredesiň Orsyýet diýip, jünäbermelidiler. Ýöne, etjek alajy ýok, aýdylyşy ýaly ilki tersine Aşgabada gitmeli we hat-petekleri gutarnykly düzedip, ýaňadandan yza gaýtmalydy. Ol wagtlar awtobus gatnawlar-a ýok, şahsy ýeňil ulaglar hakda--ha gürrüňem ýok. Ýola çykyp giderden bolsa ýük agyr. Bolsa-da indi mazaly garran, «ýerime adam tapyň» diýip, köpden bäri «myňňyldap» ýören Begli başlyk otly ýola taşlap gaýdary ýaly ýolagçylara bir at goşulan araba berdi. Goşlarynyň şeýle köpdügini olar otla münjek wagtlary bilip galdylar. Eger-de olar demir ýol duralgasynda «el-goş saklanýan ýeriň» bardygyny bilen bolsadylar, onda resminamalaryndan we iki sany süýtli çörek bilen bir käse gowurdakdan öňňe zatlaryny şol ýerde goýup giderdiler. Her niçik hem bolsa wagonyň ugradyjysy hoşgylawly giň göwrümli adam ekeni. «Goşuňyz köp» diýip, iňirdemekden geçen, gaýtam ol özüniň bu geň-taň ýolagçylaryna zatlaryny ýeke bir ýükleşmäge däl, eýsem wagonyň içinde ýerleşdirmäge hem kömekleşdi. Aşgabada baranlaryndan soň işlerini bitirýänçäler ýüklerini el-goşlary saklanýan jaýa tabşyrmaklaryny hem şol maslahat berdi. Mazaly ýola düşenlerinden soň ol ýagşy adam gapdalynyň bäş-üç düwür gandy bilen ullakan, demir çäýnekde çaýam berdi. Gürrüňdeş boldy. Hal-ahwallaryny soraşdy. Başdan geçirenlerini eşidip gynandy. «Wah-wah-wah ― diýdi. ― Bolmandyr, bolmandyr...» Aşgabada gelenlerinden soň, ýaňky ýaşulynyň aýdyşy ýaly, Omar bilen Zerkäkil zatlaryny el goşlary saklanýan jaýa tabşyrdylar-da, özleri öz işlerini ugrukdyrmak üçin Içeri işler ministrligine gitdiler. Ýolagçylaryň: «Ine, bararys, işimizi bitiribem basym ýola düşeris» diýen tamalary bolmady. Baryşlary ýaly arakesmä gabat geldiler. Öýlänem bitiribilen goşlary bolmady. Bir ýere barsalar «o ýere baryň» diýdiler, o ýere barsalar «bu ýere baryň» diýdiler, bir ýerde ýene bir zat diýdiler, garaz, ol gün-ä iş bitmedi. Ertesi dynç gününe gabat geldi. Myhmanhanada ýatmanam birhili garaňky gördüler-de, wokzalda ýatarman boldular. Ýöne Omar esli wagtlap oýurganyp durdy-durdy-da, jübüsinden bir kagyz çykaryp: ― Bir adres-ä bar. Handurdy aga beripdi. Gyssansaňyz baraýyň, raýonymyzyň oglanydyr, irräk gidipdi-de, şol ýerde galyberdi. Aýal-a orusdyr welin, oňňam adamkärçiligi gowudyr, diýipdi. Şeýdäýmesek, näçe gün boljagymyz belli däl, onça güni biz wokzalda-ha geçiribilmeris ― diýdi. Şujagaz apada-da eýýäm başy çaşan Zerkäkiliň sesi içinden çalaja çykdy. ― Sen näme diýseň şol bolar, Omar daýy. Hossar sen, men bir naçar. Bolsa-da Handurdynyň salgy beren adamsynyň öýi köp gatly jaýlardan-a däl ekeni. Kiçijik howly. Gapysynda «şyr-şyr» edip kiçijik kran akyp dur. Ol onçakly uly bolmadyk dört burçly sekiniň üstüni ýapyp duran üzüm dalbaryny suwarýar. Oktýabryň ilkinji günleridigine garamazdan howanyň henizem maýyldygy üçin bolsa gerek, ýagty gök reňk çalnan işik açyk. Içinden tutulan gyzyl gülli gök tutynyň ýarysy şemala ýelpenip daş çykyp dur. Omar kakmak üçin elini gapa uzatdy. Oňa çenlem bir ýalaňaç gol tutyny galdyrdy. Yzy bilenem sary saçlary gerdenine düşüp duran, ullakan mawy gözli, orta ýaşlaryndaky rus zenanynyň ýüzi göründi. ― Вам кого? Omar çekinjeňlik bilen: ― Mаммет ага дома? ― diýdi. ― Нет ― diýip, zenan kesgitli jogap gaýtardy. ― Вы наверно его земляки? ― Да, да, мы его земляки ― diýip, öý eýesinden ýüz tapan Omar az-kem açylyşdy. ― Men Omar... ― Soň ol elini Zerkäkile uzatdy. ― Bu bolsa Käkil. Zerkäkil. Meniň ýegençim. Zenanam türkmen dilinden bihabar-a däl ekeni. Myhman görse gyr jynyna atlanyberýänlerdenem däl ekeni. Ol eli bilen tutyny bir gyra çekdi-de, özi bir gapdala sowuldy. ― Giriň... Çekinmäň... Omar «myhmançylyga» diýensoň, Zerkäkil onuň eline-aýagyna bakman, el-goşlaryny goýan ýerlerine barypdy-da, içindäki ir-iýmişlerden bolşuna görä ýaglykda düwüp alyp gaýdypdy. Gapydan girişleri ýaly şolary ortarada duran ak mata bilen örtülgi stoluň üstünde goýdy welin, öý eýesi tas ulyili bilen diýen ýaly gygyrdy. ― Waý-e-eý! Bulaňňyz näme! Nätjekdiňiz azara galyp?.. Näme meýdana geldiňizmi? ― Şondan soň olaryň hersine bir oturgyç berdi. Çaý demledi. Gapdaly bilen süýji-köke, şeker, mesge goýdy. ― Alyň, garbanyp oturyň, häzir naharam taýýar bor. ― Öý eýesi nahar üçin gerek boljak önümleri bir gaba salyp geldi-de, myhmanynyň ýanyna çökdi. ― Meniňki adym Nadežda Semýonowna. Týotýa Nadýa diýseňizem bolýa. Nadýa daýza znaçit... Nahar bişiberende iki çagasynyň elinden tutup, Mämmedem geldi. Salamlaşdy. Nadežda Semýonowna-da gürrüňe goşulyp, myhmanlaryň öz obadaşlardygyny ärine duýdurdy. ― Örän ýagşy, örän ýagşy ― diýip, Mämmet myhmanlaryň ýüzüne ýylgyryp durşuna aýtdy. ― Hoş gelipsiňiz. «Gelen döwlet» diýipdirler. Köpden bäri obadan gelen-gidenem ýok. Özümiziňem barmaýanymyza ep-esli bolandyr. ― Handurdydan salgy alyp gaýdandyklaryny eşidensoň, Mämmet şagalaňly gürledi. ― Hä-ä... Handurdy diýsene. Biz onuň bilen bir obada önüp ösdük. Okuwa-da bile gatnapdyk, ýöne, ol girip bilmedi. Soňam... Soňam ara uzak--uzak aýraçylyklar düşdi. Garaz... Arada-ha gelip bir hepde dagy bolup gitdi olam... Üýşüp nahar iýdiler. Mämmet bir çüýşe arak çykardy. Ýöne, ujundan ýekeje gezek ýelmänsoň, ol çüýşäni eltip alan ýerinde goýmaly boldy. Nahardan soň daşlaryndan seredeniňde örän tertipli hem ýuwaş görünýän Saşajyk bilen Maşajygy ejeleri öz otaglaryna geçirip ýatyrdy. Myhmanlaryň göwnüne Mämmediň çagalary beýle ýaş bolmaly däldiler. Daşyndan gaty bir garry görünmese-de, Handurdy bilen deň bolsa, onda munuňam şonuňky ýaly öýlenen ýa öýlendiribermeli çagalary bolmalydy. Soň görüp otursalar Mämmet ol-bu sebäplere görä giç öýlenipdir. Nadýa daýza bolsa daşyndanam görnüşine görä ondan ýigrimi ýaş dagy kiçi ekeni. Has takygy okuwçysyna öýlenen ekeni. Özi geofizik. Nadýa daýza uniwersitetiň rus filologiýasy bölüminde okapdyr. Häzir rus mekdepleriniň birinde sapak berýän ekeni. Öz gezeklerinde myhmanlaram nirä, näme üçin barýandyklaryny gürrüň berdiler. Zerkäkiliň halyna hasam Nadežda Semýonowna gynandy. Ony Tristanyň ugrunda jebri-jepalar çeken Izolda bilen, Gündogar dessanlaryndaky Leýli, Şirin, Zöhre bilen deňeşdirdi. Biziň günlerimizde bular ýaly aşygyna wepaly gyzlara duşmaklygyň kyndygyny, mundan beýläk hasam kynlaşjakdygyny, gitdigiçe söýginiň çüprejekdigini hopugyp-hopugyp aýtdy. ― Nämeden çen tutup aýdýaň muny... ― diýip, Mämmet aýalynyň ýüzüne soragly seretdi. ― Ýüregim syzýa... Ertir dynç güni bolansoň gijäniň birmahallaryna çenli gürleşip oturdylar. Öý eýeleri myhmanlary gowy gördüler. Hususanam, şeýle haýyrly ýola bile çykandygy üçin Omara minnetdarlyk bildirdiler. «Hemme garyndaş beýle kömek etmez» diýdiler. Ertesi Mämmet myhmanlaryny şäheriň gözel ýerlerine aýlady. Leniniň daşy owadan daş halylar bilen gurşalan ýadygärligi myhmanlary hasam geň galdyrdy. Agşamky teatra, onda-da Zöhre-Tahyr spektaklyna edilen tomaşa welin olaryň ömrylla ýatlaryndan çykmajak wakalaryň biri boldy diýäýsegem ýalňyş bolmaz. Zöhre bilen Tahyryň halyna gynanyp, näçe gezek aglanyny, näçe gezek diňenini Zerkäkiliň özem bilýän däl bolsa gerek. ...Umuman, ýerli adamlar hökmünde Mämmet bilen aýaly wagt tapdyklaryndan myhmanlaryň hat-petek işlerine-de kömekleşdiler. Ertir ugrabermeli diýlen gijesem... Şol gün 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabra geçilýän gijesidi. Tomus geçip, güýz düşenem bolsa, howa maýyldy. Şonuň üçinem, Mämmet bilen Omar üzüm dalbarynyň aşagyndaky agaç sekide, garynlaryny açyp, serginläp ýatmaklygy makul bildiler. Adaty gije. Ümsümlik. Parahatçylyk. Hatda bir ýerlerden çarlagyň sesem eşidilýär. Birdenem... ...Ilk-ä bir güňleç ses çykdy. Yz ýanyndanam, dünýe-älem sarsyp gitdi. Ýer goduklady. Yzly-yzyna sarsdy. Çaýkady. Ýaýkady. Silkdi. Süýji ukuda ýatan adamlar äm-säm bolşup oýandylar. Olaryň uruşda bolup gelenleri-hä: «Uruş başlanandyr, ýene-de haýsydyr bir ýurt üstümize çozandyr» öýtdüler. «Hirosimany, Nagasakini edişleri ýaly amerikalylar biziňem üstümize atom bombasyny taşlandyrlar» diýip, oýlananlaram boldy. «Top oklaryna tutulýandyrys, köçeler tanklardan dolandyr, bu tot-tozanam şolaryňkydyr» öýdenler has köp boldy. Dindarlar bolsa ahyrzaman gopandyr-da, ilki çykan eýmenç sesem Ysrapylyň surunyň sesidir öýden bolsalar gerek, hersi bir beýik ýere çykyp, Kurany Kerimden süre yzyna süre okadylar. Kem-kemden ukudan açylyşmaklary bilen hemmeler nämäniň-nämedigine düşündiler we birek-birege kömek bermek üçin dumly-duşa okduryldylar. Mämmet bilen Omar bolsa, içerik topuldylar. Kürsäp öýe girdiler. Girişleri ýalam iki sany aýal maşgala bilen iki çaga gözleri düşdi. «Hudaýa şükür» diýşip, olaryň ikisem uludan, sowuk demlerini aldylar. Ikisi iki ýerden olary tutaklap daş çykardylar. Agaç sekiniň üstünde oturtdylar. Diňe şondan soň öz jaýlarynyň ýarysynyň ýykylandygyny bilip galdylar. Ähli maşgalasy bilen bu beladan sag-aman sypan sanlyja hojalyklaryň biridiginem Mämmet, birnäçe aýdan soň bilip galdy. Onda-da uzak ýola barýan myhmanlary bilen. Özleriniň alys ýollarynyň hatda başlanman, hut şu ýerde tamamlanaýmagynyňam ahmal ekendigini aňlarynda aýlanlarynda Omar bilen Zerkäkiliňem tas, huşlary başyndan uçupdy. Ýöne, ol wagt pikir edip oturara wagt ýokdy. Çagalar bilen aýallary şol ýerde goýup, Mämmet bilen Omar ikisi goňşy-golamlara kömege ylgadylar. Töwerek-daş «iňňildiden» doludy. Kim kömege çagyrýardy, kim galan çagalaryny, ilen-çalanlaryny çykarybilmän alahasyrdy bolup ýörşüne akylyndan azaşan ýaly hem aglaýardy, hem gülýärdi. Birdenkä ylgap girýärdi-de, soň ýene-de dolanyp gelýärdi. ...Bir ýerlerden reproduktoryň sesi gelýär. Bir ýerlerde, radio gepleýär. Megerem, ol adamlary birek-birege kömek etmeklige çagyrýan bolsa gerek. Howanyň ýüzi duman. Tot-tozan. Dymyk. Gulaklaryna gelýän yzanda-çuwanlyklara döz gelibilmän, Zerkäkil bilen Nadežda Semýonowna çagalaryna sekiden düşmezligi tabşyryp, töwerekdäki ýumrulan jaýlara tarap topuldylar. Soňabaka onda-munda elleri pildir her hili gurally soldatlar, medisina işgärleri görnüp ugradylar. Betbagtçylyga garşy göreşýänlere ýolbaşçylyk edip ýörenleriň görkezme beriji gykylyklary köpeldi. Ölenlerimi, ýaralylarymy nirädir bir ýana äkidýän uly-kiçili maşynlar peýda boldy. Olaryň arasynda «Tiz kömek» ulaglary hem bar. Bu gün hiç hili gatnawyň bolmajakdygyna gözleri ýetip duranam bolsa, Omar bilen Zerkäkil ikisi myhman ýerleri bilen hoşlaşyp diýen ýaly wokzala gitdiler. Emma, basym gaýdyp geldiler. O ýerde olaryň «Gatnawyň haçan ýola goýuljakdygy näbelli, ýöne, her gün habar tutup duruň» diýipdirler. Günüň dogmagy bilen, harap bolan şäheriň gözgyny keşbi hasam gorkunç görnüşe eýe boldy. Käbir ýerlerde uly ýangynlar emele gelip, tüsseleriniň başlary lemmer-lemmer towlanjyraşyp göýä asmana ýetýärdi. Ýarpy göwresi gömülip, diňe kellesi ýa eli çykyp duran adamlary alybilmän daşlaryndan aýlanjyraşyp ýörenleriňem hetdi-hasaby ýokdy. * * * Bolsa-da ähli zatdan owal demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Onuň bilen birinji nobatda golaýdaky şäherlere, goňşy respublikalara ýaralylary ugratdylar we ugratmaklaryny soňam birnäçe wagtlap dowam etdirdiler. Şeýle-de, doganlyk respublikalardan hem azyk, hem zerur bolan zatlar hem demir ýol, hem howa ýollary arkaly gelip başlady. Şeýle kynçylykly pursata gabat gelendiklerine garamazdan, on gün diýlende Zerkäkil bilen Omara hol, ýarysy ýaralylar bilen doldurylan wagona münüp, Orsýete tarap ýola düşmek başartdy. Alyp barýan azyklarynyň ýarysyndanam gowragyny olar ýaralylara paýlap berdiler. Çünki kimdir biriniň aýtmagyna görä, lagere barýan ýoluň iň soňky, pyýada geçilmeli ýüz kilometrdenem gowrak bölegini ýüksüz geçibiläýselerem zor bolduklary ekeni. Ýaralylaryň ýarysyny Daşkentde düşürdiler. Galanlaryny Orsýete äkitdiler. ...Moskwa baranlaryndan soň, bärden sargap goýberişleri ýaly, Omar wokzalyň naçalnigine ýüz tutdy. Hat-peteklerini görkezdi. Kömek etmeklerini sorady. Kömek etdiler. Ol ýerden Sloweskä bendileri äkidýän otla, ýolagçylar üçin ýörite tirkelen wagona mündürdiler... Wagon «küpeli» ýa «plaskard» däl. Iki kese goýlan uzyn-uzyn oturgyçly. Aýnaly. Penjireli. Moskwadan mazaly saýlananlaryndan soň, ýolagçylaryň arasyndan üç sany işşekçer jahyl böküp turdy-da, ortarakdakylara ellerindäki tagtalaryny bulaýlaşyp: ― Butnamaň! Biriňizem ýeriňizden gozganmaň ― diýşip, gygyryşdylar. Şondan soň olaryň biri ýolagçylary bir çetinden sypyryp baglady. Ol esasanam aýallary berk darady. ― Çykaryň! Çykaryň! Özüňiz çykarmasaňyz özüm çykaryp alaryn! Barmaklaryňyzy, elleriňizi, gerek bolsa boýnuňyzam keserin ― diýip üstlerine süründi. Urşuň öň ýanlary, gytçylyk, kynçylyk döwri bolansoň ýola çykan aýal-gyzlarda üýtgeşik bir şaý-sepiň bolmajakdygy görnübem dur welin, olaryňam işdäsi kemje-kerdem däl eken. Asyl, ellerine kiçijik, kümüş çemçejik ilse-de holtumlaryna atyp durlar. Diýmek, olar bank, gyzyl satylýan dükan ýa amanat kassalaryny urup ýören uly ogrular-a däl bolmaly. Tapanjalaryny iýip-içip ýören bigaýrat, namart, ejize ganym nadanlar bolmaly. Ýolagçylaryň içinde sähelçe dogumly adam tapylsa, biri-ikisem oňa kömek etse, olaryň özleriniň ele düşäýmeklerem gaty bir bolup bilmejek zat däl. Wagonda şeýle adamlar tapyldy. Ol Omar bilen ýanaşyk diýen ýaly otyrdy. Togalak kellesi ýalaňaç, ösgün sary saçly, bolaýsa otuz-otuz bäş ýaşly çypar pyýada eliniň süýem barmagy bilen, jaýtaryp duran saryja murtuny sypalap goýberdi-de, kiçijik, gökje gözlerini Omara gypdy. ― Ну что? Рискнём? Ol sözüni tamamlara mähetdel, Omar özüne bukulyp aglap oturan Zerkäkiliň kellesini kükreginden aýyrdy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde özüni ýaragly duranlaryň öňki tarapdakysynyň üstüne zyňdy. Beýlekem şeýtdi. Garakçylaryň ýa-ha gan döküp, adam öldürip, günälerini agraýtmak niýetlerinde ýok, ýa-da şolaryň tüpeňleri oлsuz bolmaly, çünki hernäçe garşylyk görkezselerem ok atylmady, wagonyň içine däriniň ysy ýaýramady, birküç sany gartmajrak adamyň kömege gelmegi bilen, iki garakçynyňam gollary-aýaklary baglandy. Üçünji «sadaka» çöpläp ýören garakçy hasam emelsiz ekeni. Onuň ykbalyny bir daýanykly, aýagyna keçe ädik geýnen, galyň gara güpbüli, başy kiçijik, gök ýaglyk daňlan, meýdanda gara zähmet çekip ýörendigi ýüzündenem bildirip duran zenan çözdi. Eli ýaraglylary Omar dagynyň «gabyr-gubur» ederine mähetdel, ol zenan gidişin içine ýumurtga salyp äkidenmi ýa duzlanan hyýardan boşanmy, garaz elinde saklap oturan ullakan, agyr pitisiniň düýp tarapy bilen «r-ras» garakçynyň kellesine ýelmedi. Çaşaran gözlerini özüne dikip, janhowluna az-kem dikeldem welin, pitisini başyna geýdirdi-de, tokmak ýaly ýumrugynam «gütüledip» bir ýelmedi welin, garakçy görgüli aşak oturdy-da, küçen ýaly eplendi ýatyberdi. Şondan soň daýaw aýala ony kimdir biriniň özüne uzadan bir gulaç ýaly kendir ýüpüni alyp, gurbanlyga soýuljak goýun ýaly ellerini, aýaklaryny jüpläge-de güýläýmek galdy. Hüjüm edilen ýer bilen indiki duralganyň arasy daşdy. Şonuň üçin garakçylaram işlerini bitirip, orta ýolda wagondan bir tär bilen düşüp galmany göwünlerine düwen bolsalar gerek. Emma olaryň o niýetleri başa barmady. Duralga gelip ýolagçy wagondan düşüşleri ýaly demir ýol milisiýasynyň gözenekli otagyna girmeli boldular. Bolup geçen bu ýagdaý beýle zady görmedik Zerkäkili erbet gorkuzdy. Esasanam ol Omaryň tutluşyga gireninden gorkdy. ― Eger-de saňa bir zat bolaýan bolsa, men ýeke özüm näderdim... ― diýip, öňküsindenem beter gysmyljyrap oturyşyna Omara aýtdy. Asylam geplemezek ýigit bu gezegem sesini çykarmady. Ýolagçylaryň ýarysyndanam azyragy duralgada düşdi. Muňa Zerkäkil begenjeginem bilmedi, gynanjagynam. Şeýle-de bolsa garakçylaryň alynyp galynmagy onuň ýüregine rahatlyk berdi. Şondan soňky duralgalarda münýänem, düşýänem az boldy. Dördülenji gün diýlende, Sloweskä ýetdiler. Galanja az sanly ýolagçylaram şol ýerde düşdüler. Birneme özlerini rastlansoňlar, sorap-idäp, wokzalyň naçalniginiň ýanyna bardylar. Ilki Omar Zerkäkili goş-golamlarynyň ýanynda goýup, naçalnigiň gözlegine özi gitjek boldy. Emma Zerkäkil razylaşmady. Ýeke galmaga gorkdy. Onsoňam goşlary mazaly azalyberişdem. Ep-esli goşuň aşagynda ýegşerilişip gelen ýolagçyň resminamalaryny gözden geçiren naçalnigiň ozaldanam hüwüniňki ýaly ullakan, goýun gözleriniň hersi bir şakäsä döndi. ― Oh-o-o!.. ― diýip, ol goňur aýynyňky ýaly «arlawuk» sesi bilen ýolagçylary synlap durşuna jynssyz gygyrdy. ― Nä akylyňyz bilen geldiňiz siz bu ýere?.. ― Ol Omaryň üstüne abandy. ― Sen-ä indi erkek adam, biriniň duran ýerinde durarsyň, a bu naçar biçäre näme? Bu nädip siziň aýagyňyzy eýersin? Onsoňam bilýämiň, sen näçe kilometri pyýada geçmelidigiňizi? ― Habarym bar. ― Siziň barjak lageriňiz Sloweskiniň iň daşdaky lageri. Oňa-da haçan bendileriň täze tapgyry ugradylsa şolar bilen gitmeli bolarsyňyz. ― Naçalnik Zerkäkile seredip başyny ýaýkady. ― Aй-яй-яй... Oй-ёй-ёй... Боже мой... Го-осподи боже мой... * * * «Her ýerde-de adam bar» diýleni. Etapyň naçalnigi bilen gürleşip, wokzalyň naçalnigi iki ýolagça kömek etmäge yrdy. Etapyň naçalnigi, özüni Omar bilen Zerkäkile «Pankratyç» diýip tanyşdyran orta ýaşlaryndaky, başy ýumşak telpekli, egni keltekçe ak possunly, gözleri ýanyp duran adam, etap ilatly nokatdan mazaly saýlanansoň, ýolagçylaryň goşlaryny bäş-on sany bendä bölüp-bölüp paýlady. Zerkäkil muňa zatlary ellerinden alynýandyr öýdüp gynanjak boldy. Ýöne, Omar düşündirenden soň köşeşdi. Ýüküniň ýeňlänine begendi. Pankratyça minnetdarlyk bildirdi. Häzir bolsa daş-töweregi synlady. Heniz görmedik ýerleri. Haýsy tarapa baksaň, ok geçmez sümme tokaýlyk. Agaçlaryň çyr--çyplaň, üşäp, galdyraşyp oturanlaram, göm-göklerem, ýaňy bir ýapraklaryny döküp, saralyşyp ugranlaram bar. Tokaý käte gürelýär, gür-gümme gün görünmez sümme tokaýlyga öwrülýär, birdenem seýrekleýär-de, gözýetime çenli boş meýdan görünýär. Bäş-üç günlükde gar ýagan bolsa gerek, onda-munda «topbak-topbak» gar görünýär. Howa sowuk. Çapgyn aýaz. Zerkäkiliň ilki burunjagazy üşäp ugrady. Soň ýüzi, elleri-aýaklary üşedi. Ýöne syr bildirmedi. Şeýle-de bolsa bir gözüniň gytagyny ondan aýyrman gelýän Omar ýagdaýy aňdy. Gapdalyna geldi-de: ― Üşediňmi... ― diýdi. Zerkäkilden ses çykmady. Çalaja başyny ýaýkan ýaly boldy, onam Omar saýgarmady. Hä diýmänem Zerkäkil agsap başlady. Içinden galyň ýüň jorap geýendigine, wokzaldan ugramazynyň öň ýany Omaryň yhlas bilen dolak dolandygyna garamazdan, geýnen «kirzowoý» ädigi aýagyny kakdy. Soňabaka halys durdy. Ep-esli ýere çenli Omar ony goltugyndan gop berip, tutaklap gitdi. Agzyny gulagyna golaýladyp: ― Gaýrat et, özleri düşleýänçäler durmajak bol, bular taşlap giderler welin, biziň üçin saklanmazlar ― diýdi. Zerkäkil: «Bor» diýip, başyny atdy-da, güýjünde baryny edip ýöräp ugrady. Soň kakýan aýagyny basybilmän towsaklap ugrady. Omar Pankratyçyň ýüzüne naýynjar bakdy. Ol başyny ýaýkady. Oňa çenlem Zerkäkil çalarak sägindi-de, aşak oturyp, ädiginiň kakýan tarapyny çykardy. ony goltugyna gysybam ýöräp ugrady. Omaryň ýüzüne bakyp: ― Janym hezil edäýdi ― diýdi. Omar: ― Bu ýagdaýda-ha sowuklarsyň. Aýagyňy sowuk aldyraýmagyňam ahmal ― diýdi. Ýöne, dagy bir alajam tapmady. Her zat etmelidi welin, ýöremelidi. Kolonnadan galmaly däldi. Eger-de galyp, soňy bilenem ölüp-ýitip gidäýseň, resmi taýdan jogap berjek ýokdy. Şol gün nägerek-eýle Zerkäkil özüni kolonna bilen bilelikde ilkinji düşelge hasap edilýän, uly bolmadyk oba atdy. Pankratyç bendileriň hemmesine, şol sanda Omar bilen Zerkäkile-de her kimiň öz başyny özi çaramalydygyny, näçeden ýerleşselerem, eýe bilen gürleşip, ertire çenli öýlere ýerleşmelidiklerini aýtdy. Omar bilen Zerkäkil iň çetki öýleriň birine düşdi. Öý eýesi Anna Iwanowna olara: ― Siz bendilere-hä meňzäňzok ― diýdi. ― Kim bolarsyňyz?.. Omar gysgaça düşündirdi. ― A-a... ― diýip, kelte boýly, saçyndan mazaly ak giren öý eýesi aýal myhmanlaryna gyýa garap durdy-da, birhili ätiýaçly seslendi. Nyrhyny aýtdy. Ýan torbalaryndaky olara mälim bolmadyk guradylan we kakadylan öý iýmişlerinden az-owlak çykaryp, ortadaky stoluň üstüne goýanlaryndan soň birneme açylyşdy. ― Интере-есно... Şondan soň ol çaýyň ugruna çykdy. Omar haýal etmän, Zerkäkiliň aýagyna ýapyşdy. Anna Iwanownadan rugsat sorap krowadyň üstünde oturtdy. Dolagyny açdy. Gülli jorabyny çykardy. Dabanyna gözi düşenden «Hi-iýh!..» etdirip, içini çekeninem, ýüzüni bir ýana sowanynam, erbet çytylanynam bilmän galdy. Edil şol wagt içi gaýnak suwly «samowaryny» stoluň üstüne goýan Anna Iwanowna Omardanam beter haýykdy. Zerkäkile golaý baryp, aýagyna içgin-içgin seretdi. Omara garap ýuwaşlyk bilen şeý diýdi. ― Işler ýaman. Bu durşuna bu gyz lagere aşmaz. ― Ol geýnip ugrady. ― Men häziriň özünde Marfa Matweýewnany alyp geleýin. Ol tebibi alyp gelýänçä Omar Zerkäkile bir käsejik çaý içirdi. Iki sany sök, ýarty burumjyk kaka iýdirdi. Özem garbandy. Tebip aýal öý eýesindenem daýaw ekeni. Içen bora çemeli, agzyndan aragyň ysy gelýär. Ýöne, işine jür hem ökde ekeni. Ýany bilen getiren däri-dermanlaryndan çykaryşdyrdy. Öwrenişen zatlarydyr-da, içinem çekmedi, «waý-waýam» diýmedi-de, aýagyň eýlesine-beýlesine, Zerkäkiliň ýüzüne-gözüne, agzynyň içine seretmek bilen boluberdi. Megerem, spirt ýa «samogon» bolsa gerek, öňi bilenem ýarany ýuwdy. Arassalady. Zerkäkiliň göwnüne bolmasa, şondan soň ýarasy ýeňlän ýaly boldy. Tebip ýarym sagatdanam gowrak gara der bolup işledi. Em edip bolandan soň gowy edip daňdy. ― Ädiksiz ýöremek bolmaz... ― diýip, içinde aýak özüni erkin duýar ýaly, ýiti pyçak bilen ädigiň kakýan ýerini dildi. Gerek ýerini kesdi. Gonjunam giňeltdi. ― Esasy zat dabany ýere degmesin. Zarbykmasyn. Sowugam bir ganymydyr. Ädigiň daşyndanam bir zatlar oraýsaňyz kem bolmaz. ― Ol öý eýesine ýüzlendi. ― Есть у тебя это самое? Anna Iwanowna ep-esli ululykdaky içi samogonly çüýşäni gütledip, orta goýdy. Köpgyranly stakany dolduryp tebibe berdi. Tebip: «За здаровья» diýdi-de, bir demde barysyny «jyňkydyp» goýberdi. Ondan soň Anna Iwanownanyň özem içdi. Ýöne ýarty stakan içdi. Tebip oňa: «myhmanlaryňa-da ber» diýip, yşarat edip, ellerini daldalatdy. ― Ýok, ýok! Bize bolanok. ― Saňa bolmasa-da oňa gerek... ― diýip, tebip aýal Zerkäkile tarap eňegini ülňedi. ― Ýarasy agyr. Hem-ä agyrysy azalar, hemem gowy uklar, dynjyny alar. Gürrüňiň özi hakda we näme hakda gidýänini aňan Zerkäkil elini ýüzüne atanaklaýyp goýdy-da, geleli bäri ilkinji gezek, onda--da rusça gepledi. ― Ni-i-it! Nit!.. Gep gutardy. Myhman alyşlarynyň düzgüni şeýlemi, o-da kireýiň içinde bamy ýa myhmanlaryna nebsi agyryp şeýtdimi, Anna Iwanowna hemmeleri stoluň başynda oturdyp nahar guýdy. Aýallar nahar başynda-da adam-a bir gezekden ýelmediler. Şondan soň olaryň dilleri hasam açylyşdy. Tebip myhmanlaryň nähili ykballary bilen gyzyklandy. Omar bar zady bolşy ýaly edip gürrüň berdi. Tebip Gökböriniň şojagaz zat üçin dagam iki adamyň ganyna galandygyny oňlamady. ― Kowup goýbermeli ekeni, wessalam... ― diýdi. ― Özem beýdip ömrüni lagerde geçirmeli bolmazdy, sizem bu güzaplary görmeli bolmazdyňyz. Anna Iwanowna myhmanlaryna duýgudaşlyk etdi. ― А что поделаешь... Закон у них такой. Они мусулманы. Tebip öý eýesine görä birneme sowatlyrak ekeni. ― Biziň hemmämiziňem kanunymyz bir. Sowet kanuny. ― Ol äpet ýumrugyny düwüp ýokary galdyrdy. Howada galgatdy. ― Коммунистический! Интернациональный!.. Вот, смотрите кaкие люди сидят в кресле Сталин ― ...грузин, а Дзержинский был поляк, Свердлов ― еврей и так далее и далее... ― Ни одного мусулманина... А ведь сколько у нас мусул¬манских республик. Tebip aýal böwrüni diňledi... ― Да-а... Ладно, давай, выпит... Gowy «ýetensoň» Anna Iwanowna-da özüniň başdan geçirenlerini gür berdi. Aýdyşyna görä, onuňam ykbaly Zerkäkiliňkä meňzeşräk bolupdyr. Ýöne ol söýgülisiniň däl-de, adamsynyň yzyndan gelipdir-de, Handurdynyň aýdyşy ýaly, lageriň golaýyndaky obada ýaşapdyrlar. Äriniň möhleti gutarandan soňam şol obada galypdyrlar. Iki çagalary bolupdyr. Bir ogul, bir gyz. Ýöne, ulalansoň olar uly şäherlere gidipdirler. Şondan soň has asudarak, hem düşewüntliräk ýer diýip, şu ýere göçüp gelipdirler. Ýöne, ýurt olary garşy almandyr. Bir ýyla ýetip-ýetmän adamsy ýogalypdyr. ― Şondan bärem şu ýerde ýaşap ýörün... ― diýip, Anna Iwanowna uludan demini aldy. ― A çagalaryňyz?.. ― diýip, Omar sorag berdi. Anna Iwanownanyň gözleri çygjardy. ― Olaryň haýsynyň haýsy ýerdedigini Hudaý bilsin... Biri-birleri bilenem gatnaşýandyrlar öýdemok men-ä şolar... Marfa Matfeýewna irkiljiräp ugrady. Belki şonuň üçindir, ol özi hakda hiç zat gürrüň bermedi. Gidermen, baryp dynjyny alarman boldy. Ýöne, turjak wagty birdenkä ukudan açylan ýaly bolup: ― Ýoldaş myhmanlar, ýogsa-da siz nireli... ― diýdi. ― Türkmenistandan ― diýip, ýadawlykdan ýaňa ýere siňip barýan, ýöne, sypaýyçylyk üçin zoraýakdan gözüni ýummajak bolup oturan Omar jogap berdi. Marfa Matfeýewna muny eşidip ukudan açyldy diýseňem boljak. ― Из Туркменистана?.. ― diýip, ol iki elini bykynyna urup oturyşyna äpet göwresi bilen Omaryň üstüne abandy. ― Aşgabat şoň paýtagty dälmi?.. ― Howwa... ― Golaýda şol ýerde ýer yrandy gerek?.. ― Howwa... ― Häzir hemme gazetler şol hakda ýazýarlar. Radio-da şol hakda aýdýar. Aýdyşlaryna görä, örän eýmenç bolupdyr. ― Howwa. Örän eýmenç hem gorkunç boldy. Zaýaçylyk köp. ― Siz näme ony gördüňizmi? ― Howwa. Şol gije biz ýegençim bilen şol ýerdedik. ― Ondan-a Hudaý gorapdyr welin, mundanam sag-aman sypaýsaňyz. Ol hoşlaşyp gapa tarap ýöneldem welin, Omar onuň öňüni kesdi. ― Duruň! Saklanyň! Biz entek siziň bilen hasaplaşmadygam ahyry. Marfa Matfeýewna ümezläp duran gözlerini Omaryň dik depesine dikdi. ― Dogry. Siz meniň bilen hasaplaşmaly. Bu meniň kärim. Şonuň bilen men güzeranymy aýlaýan. Ýöne, sizden hiç zat aljak däl. Sebäbi häzir tutuş ýurt size kömek edýär. Sibiriň agaçlarynyňam häzir ýüzi şo ýana tarap. Meniňem size kömek etdigim bolsun. Ujypsyzja-da bolsa kabul ediň. Şeý diýdi-de, tebip aýal çykyp gitdi. Anna Iwanowna henizem gapa gözlerini dikip durşuna ýaşaran gözlerini öňlügine süpürip, burnuny çekdi. ― Marfa Matfeýewna gör nähili mert zenan. Zerkäkil bu wagt abat aýagyny krowatdan sallap arkan ýatyrdy. Omar ony ynjalykly ýatyrdy. Üstüne öý eýesiniň beren ýorgançasyny ýapdy. Düzedişdirdi. Soň, özem Anna Iwanownanyň görkezen ýerine ― içki jaýdaky ullakan, hem giň, agaç krowada geçip ýatdy. «Megerem munda är-heleý bolup ýatan bolsalar gerek» diýip, ýigit ukynyň ýaňy bir çetinden girip barýarka pikir etdi. Anna Iwanowna olary daňdanaralar oýardy. ― Turuň, turuň! Bendiler eýýäm üýşüşip ugradylar. Olar size garaşmazlar. Omar Zerkäkili turzup, geýnip ugrady. Anna Iwanowna: ― Ýok, ýok! Bir käse gyzgynjak çaý içmän, bir agyz garbanman gitmersiňiz. Ýa ýolda ysgyndan gidip ýykylasyňyz gelýämi? Aýak üstünden diýen ýaly garbandylar. Zerkäkiliň ýagdaýlarynyň gowy däldigi ýüzünden-gözünden bildirip durdy. Ol esli wagtlap daýysynyň çep kibtine ýaplanyp, gözlerini ýumup durdy. Ýöne aglamady. Anna Iwanowna oňa: ― Belki bäş-üç gün bolarsyň? Marfa Matfeýewna seni bejerer. Soň, beýleki kolonnalaryň birine goşluşyp gidiberersiňiz-dä... ― diýdi. Omar ony Zerkäkile terjime etjegem bolmady. Oňa derek gursak jübüsinden puljagazlaryny çykardy-da «näçe bereýin» diýen manyda tutuşy bilen öý eýesine tarap ülňedi. O-da tebip aýaldan kem galmajak boldumy ýa bu iki juwanyň bolup ýörüşlerine dözmedimi, pula tarap aýalaryny ýaýyp, arkan-arkan gaýyşdy. ― Ýok, ýok! Gerek däl! Menem sizden hiç zat aljak-gä... Görýän welin siziň betbagtçylygyňyz bir ýa ikem däl. Goý, ujypsyzja bolsa--da mendenem size goşant bolsun. Şeý diýip, ol ýaşlaryň ikisinem gujaklady. ― Ir-u-giç ýatlasam ýagdaýlaryňyzy bolman-da hat üsti bilen bilerim ýaly, öý salgyňyzy goýup gidiň ― diýdi. Tä kolonna çenli myhmanlaryny ugratdy. ...Ir bilen «pohmel» edipdir öýdýän, Pankratyç olara gözi düşenden: ― Ýogsa-da siz nireden-aý... ― diýip, keýpi kök halda, şelaýynlyk bilen Omara ýüzlendi. Myhmanlarynyň gapdalynda dikilgazyk bolup duran Anna Iwanowna Omardanam öňürti dillendi. ― Olar Aşgabatdan, ýoldaş kapitan. A siz bilýäňizmi Aşgabatda ýer titränini? Şol wagt şular şol ýerde ekeni. ― Eşitdim, eşitdim ― diýip, düýnküsine düýbünden meňzemeýän Pankratyç çym-gyzyl bolup duran gözlerini öňküsindenem beter «jokgardyp» Anna Iwanowna seretdi. ― Sizem onda şu iki çaga kömek ediň-dä. Sogap gazanarsyňyz. ― Bolmanda-da ýolda taşlap gidip bolmaz-a... Şondan soň kapitan kolonna ugramak barada buýruk berdi. Anna Iwanowna Omar bilen Zerkäkili ýene-de gujaklady. Ogşady. Gowy basyp bilmeýändigi üçin Omar Zerkäkiliň goltugyndan girdi. Esli ýere barýançalar, Anna Iwanowna olaryň yzyndan seredip durdy. ...Günortanaralar ýene bir obanyň üstünden bardylar. Ýöne, düşlemediler. Bäş-on kilometr geçenlerinden soň welin, Pankratyç halys eňki agan bendilere on minutlyk dynç berdi. Kim çilim oranmaga durdy, kim ýegdekläp özüni gür-gümme çöplüge urdy, on minudam bolsa bilimi bir ýazaýyn diýip, Omar bilen Zerkäkilem özlerini ýere goýberip, el goşjagazlaryna ýaplandylar. Garaňky gatlyşandan soň ýene bir obanyň üstünden bardylar. Ýöne onuň ady oba. Sanlyja öý görünýär. Kiçijik penjirelerinden görünýän ölügsije yşyk, elbetde bendileri özüne çekdi. Esasanam, agaçdanam bolsa jaýyň içindäki gübürdäp duran pejiň ýylysy olary özüne imrindirdi. Ojagaz jaýlara kolonnanyň ýerleşmejekdigem görnüp dur. Pankratyç bolsa hiç zat diýenok. Bendilere-hä diýmegem bolanok. Ahyram kolonnany goraglap gelýän dört sany goragçynyň maslahaty bilen, Pankratyç bendilere ― «duruň» diýip komanda berdi. Ýene-de öten agşamky ýagdaý gaýtalandy. Bendiler gözleri ýok ýaly her öýe bäşden-üçden sokulyşdylar. Omar bilen Zerkäkil Pankratyç hem-de iki ohrannik bilen kiçiräk, iki otagly, pessejik jaýa ýerleşdiler. Öý eýeleri başda tykyraşjak boldular. «Nirede ýatjak siz, özümizem-ä üç baş» diýen manyda, ýeňselerinden itip, iki sany ýortmançyrak oglanjygy, öňlerine tutundylar. Ýöne, myhmanlar haýbatly däldiler. Şeýle-de bolsa ýaragly adamlaryň öňünde etjek alajyň näme? Onsoňam olar hökümetiň adyndan hereket edip, zabun daraşybam bilýäler. Pankratyçam şeýtdi. Ýöne, zabun daraman, ýumşaksy gepleşdi. ― Biz siziň bilen döwletiň iýmiti arkaly hasaplaşarys ― diýdi. ― Ýöne, häzir däl. Men belläp alaryn. Getirip gowşurarlar. ― Ol Omar bilen Zerkäkile tarap baş atdy. ― Bular bolsa bir bendiniň yzyndan barýalar. Ýanlarynda kör-köpük pullary ýok. Ýolda ogurladypdyrlar. Men bular üçinem azyk goşaryn. Omar elini goltugyna sokup, özünde pul barlygyny bildirjek boldy. Pankratyçyň ýüzi-gözi bilen edýän alamatlaryny görübem elini yzyna çekip aldy. Zerkäkiliň ýarasy, daňysyny täzelemek, em etmek barada dagy gürrüňem bolmady. Öý eýesi aýal, iki çaga, Zerkäkil dördüsini içki jaýa geçdiler-de, galanlary giren agzyňdaky içkä görä ulurak jaýda, jaýyň içindäki goş-golamlaryň ýerleşiş ýagdaýlaryna görä, terslin-oňlyn ýerleşdiler. «Uky ýassyk islemez» diýenleri. Bäş-on minut geçip-geçmänkä, çaklaňja jaýyň içi her dürli owazdaky we uzynly-gysgaly «horruldylardan» doldy. Horruldylaryň badyna darajyk aşhanadaky biri-biriniň üstüne münderlenip goýlan gap-gaçlaryň ýa içine kiçijik alýumin çemçe salnan köpgyraňly stakanjagazlaryňmy, «jyňňyrdaşan» bolaýmaklaram ahmal. ...Ertesi irden ýene-de ýola rowana boldular. Ýöne, bu gün hiç kimiňem düýnkileri ýaly oňly dynç almandyklary görnüp dur. Pankratyç düýbünden keýpsizdi. Guşluga çenli ýöränsoňlar, Omar bilen Zerkäkil kolonnadan mazaly yza galdy. Hiç kim üns bermeýän ýaly bolsa-da, bendilerem, Pankratyçam, bu ýagdaý ynjalyksyzlandyrdy. Omar dagydan arany açmazlyk üçin, kolonna agzybirlik bilen ökje ogurlaýardy. Haýallamaga, ýolagçylar bilen arany açmazlyga çalyşýardy. Bu ýagdaýy aňsa-da, Pankratyçam olara zat diýmeýärdi. Gyssamaýardy. Bilmezlige, duýmazlyga salýardy. Iki ýaş juwanyň bu ýat tokaý çöllüklerinde heläk bolmaklaryny islemeýärdi. Şonuň üçinem, ýaşlaryň garasy ýiteňkirläberende, ol kolonnany duruzdy. On minutlyk çilim çekişlik yglan etdi. Özlerine garaşylýandygyny aňan Omar, bar güýjüni jemledi we Zerkäkili arkasyna alyp, ýegdekläp, ýöne, öňküsine görä birneme çalt ýöräp ugrady. Onuň bu bolup gelşi bendileriňem, «ohrannikleriňem», Pankratyçiňem nebsagyryjylyk duýgularyny hasam artdyrdy. Kapitan bendilere derhal zemmer ýasamaklygy buýurdy. Olar iki sany uzyn taýagyň üstüne keseleýin, birnäçe ösüntgisiz, togalak, ýylmaçagrak şahaly taýajyklary keseleýin goýdular. Üstünem gögerip oturan sosna agaçlarynyň ýumşajyk pürleri bilen basyrdylar. Onuň üstüne zemmeri näme üçin ýasaýandyklaryny bilip duran bendiler Pankratyça aýtdyrman, diýdirmän, pürleriň üstünem güpbümi, ýene bir zat bilenmi, örtdüler. «Has-has» edip gelen Omaryň egnindäki gyzy göterip aldylar-da, zemmeriň üstünde ýatyrdylar. Omar olara minnetdarlyk bildirdi. Durup bilmänem hamsykdy. Hasyr-husur egnindäki güpbüsini çykaryp, Zerkäkiliň ýaraly aýagyna ýapdy. Birküç sany bendi bolsa güpbüleri bilen gyzyň göwresini ýapdylar. Ýene biri žempere meňzeş, ýüňden örülen eşigi ýüzüne ýapdy. Emma, ony Pankratyç aýyrtdy. ― Beýtseň demiger. Gowusy sen şonyňy kellesine ora. ― diýdi. Zerkäkiliň öz-ä bu zatlary duýmadam diýen ýaly. Dogrusy, Omar-a onuň beterlärinden, bu ýat illerde ýalňyz mazar bolup galaryndan az ätiýaç etmedi. Gyz welin söýgülisi bilen görüşmek, onuň bilen iň bolmanda bir gezek gürleşmek üçin göreşýärdi. Şondan soň zemmeri her on minutdan, on bäş minutdan çalşyp, juda tiz, tas, ylgaşlap diýen ýaly gitdiler. ...Lagere garagörnüm galanda Pankratyç kolonnany duruzdy. Gyzy zemmerden düşürtdi. Omar onuň goltugyndan girip, söýgetläp ugrady. Pankratyç bendileriň olardan göterişmek üçin bölüşip alan azyklaryny gaýdyp berdi. ― Indi özüňiz aşarsyňyz, ho-ol, görünýän tüsse şoldur. Özüňizem razy boluň. ― Soň ol kolonna aýdym hem batly gadamlar bilen öňe gitmekligi buýurdy. Buýruk ýerine ýetirildi. * * * ...Omar bilen Zerkäkili naçalnigiň ýanyna eltdiler. Olaryň bolup gelişlerini gören uzyn boýly, aksowult ýüzli, saçynyň bir ujy gytaklaýyn galyp çep gaşyna düşüp duran naçalnigiň gözleri hanasyndan çykara geldi. ― Size näme gerek? Bu nä boluş bi? Siz kim? Omar Zerkäkili giren agzyndaky stulyň üstünde oturtdy-da, aýaklaryny jüp tutup, naçalnigiň soraglaryna pert-pert jogap berdi. ― Biz bendi Gökböri Peleňowyň hossarlary... ― diýdi. Gürrüňiň näme hakda barýanyny aňan gyz naçalnige tarap gyýa garap oturyşyna dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ― Men onuň gelinligi. Biz nikalaşmaly... Naçalnik düşünmedi. Düşünjegem bolmady. ― Tä-äk... ― diýip, kürsüsinde mazaly ornaşdy-da, gözlerini Omara dikdi. ― Maňa Oleg Dmitrowiç diýýäler. Kuzmin. ― Ol Omaryň uzadan resminamalaryny birlaý gözden geçirdi. ― Siziň ýagdaýlaryňyzam düşnükli. Emma men sizi juda gynandyrmaly boljak. ― Kuzmin synlaýjy nazar bilen ilk-ä Omaryň, soňam Zerkäkiliň ýüzüne seretdi. ― Ony ylaýyk üç gün ozal, mundan has kyn şertli başga lagere ugratdyk. Omar zöwwe ýerinden galdy. ― Näme üçin? ― Dogrusy ony biz ugratmadyk-da, ugratdylar. Ýokardan şeýle görkezme geldi. Kimdir biri onuň üstünden birsyhly şikaýat edýä. Atuw soraýa. Soňky gezek ol SSSR-iň Ýokary suduna ýazypdyr. Olaram, ýaňky diýşim ýaly, has kyn şertli, magdan köwlenýän lagere ugratmaly edipdirler. Hökümi ýerine ýetirmek bolsa biziň borjumyz. Zerkäkil diwardan ýapyşyp bir aýagynyň üstüne galdy. ― Näme diýýä?.. Omar ony oturtdy. ― Soň aýdaryn. Düşünişmeli zadymyz ba... ― Soň ol naçalnige ýüzlendi. ― Ol diýýän ýeriňiz mundan daşmy? Naçalnik nebsagyryjylyk bilen başyny ýaýkady. Uludan sowuk demini aldy. ― Elebtde daş. Onda-da örän daş. Siziň aýagyňyz ýeterden has uzakda. Onsoňam, gep onuň daşlygynda ýa ýakynlygynda däl. Birinjiden-ä ol ýere siz gidip bilmersiňiz. Baraýanyňyzda-da goýbermezler. Görkezmezler. Sebäbi ol gizlin ýer. ― Ol Zerkäkile tarap eňegini ülňedi. ― Gyzyň bu ýagdaýy bilen asylam gidip bilmersiňiz. ― Hiç hili çykalga ýokmy? ― Ýok! Göni yzyňyza gidibermeli. ― Ol ýerinden turdy. ― Hoş wagtyňyz. Men işli. ― Omaryň gapdalyna gelibem saklandy. ― Şu golaýda oba bar. Bir edip biljek kömegim ― şol oba aşar ýaly ulag berip biljek. ― Sag boluň. Minnetdar. ― Omar goş haltalarynyň birinden bir towlam kak, üç sany gurt, iki sany sök, bir gysym pisse çykaryp, Kuzminiň oturýan ýerindäki kiçijik tarelka guýdy. ― Спасибо... ― Ol gün diňe şondan soň Aşgabat barada sorady. ― Kак там? Нормализуется? Omar oňa-da şol gije özleriniň şol ýerde bolandyklaryny, ýöne, basym gaýdandyklaryny, dikeldiş işleriniň uly depgin bilen barýandygyny gysgaça gürrüň berdi. Kuzmin: ― Бог им поможет ― diýdi-de, gyssanýandygynyň alamaty hökmünde myhmanlaryna gapyny görkezdi. | |
|
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |