Главная » 2020»Iýun»7 » Nazym Hikmetiñ rus ýazyjysy Paustowskiý bilen ýazyşan haty
23:50
Nazym Hikmetiñ rus ýazyjysy Paustowskiý bilen ýazyşan haty
NAZYM HIKMETIÑ RUS ÝAZYJYSY PAUSTOWSKIÝ BILEN ÝAZYŞAN HATY
"Biziñ işimiz nutuk söýlemek däl..."
1963-nji ýylyñ 3-nji iýunynda, ýagny mundan tegelek elli ýedi ýyl öñ ýitiren beýik şahyrymyz Nazym Hikmetiñ SSSR-de geçiren ýyllaryna degişli henize çenli bilinmeýän ýa-da az bilnen, şol sanda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilenem baglanyşykly birentek ýakymly ýatlamalary bar.
Bulardan biri-de Nazym Hikmet bilen şol döwrüñ meşhur rus ýazyjysy Konstantin Paustowskiniñ (1892-1968) arasynda geçen täsin gürrüñdeşliklerdir....
"BİZİÑ İŞİMİZ NUTUK SÖÝLEMEK DÄL"
Fuat Saparowyñ habar bermegine görä, Nazym Hikmet 1962-nji ýylyñ 31-nji maýynda Tarus şäherinde Paustowskiniñ 70 ýaşynyñ dolmagy mynasybetli geçirilen üýşmeleñ gijesi: "Meniñ pikirimçe ýazyjynyñ başga bir ýazyja bolan sylag-sarpasyny, hormatyny we çuññur söýgüsini ýazmaça şekilde bildirmegi diýseñ ajaýyp. Çünki biziñ işimiz nutuk söýlemek däl, eser ýazmak. Men muny gadyrdan Paustowskä düşündirmäge synanşaryn. Munuñ üçin bir goşgy we makala ýazdym" diýipdir.
Ýüregagyrysynyñ bardygy sebäpli dabaraly agşama gatnaşyp bilmedik Paustowskä "maestro" (ussat) diýen Nazym şahyr: "Meniñ pikirimçe, ol hemme zatdan ötri diýseñ dogruçyl adam. Meniñ üçin-ä, ýazyjynyñ dogruçyllygy onuñ zehininden öñde durýar. Eger ýazyjynyñ dogruçyllygy we zehini birleşse, onda biziñ garşymyza Paustowskiý ýaly adamlar çykýar... Paustowskiý diñe sowet edebiýatynyñ däl, eýsem şol bir wagtyñ özünde dünýä edebiýatynyñam läheñidir" diýip sözüne dowam edipdir.
"SIZ ŞAHYR WE BATYRGAÝ ADAM"
Bu çykyşdan soñ-soñ habarly bolan sowet ýazyjysy 1962-nji ýylyñ 1-nji iýulynda Nazym şahyra hat ýazyp, pikirlerini şeýle beýan edipdir: "Gadyrdan Nazym Hikmet! Men barada ýazan makalañyz we ajaýyp goşgularyñyz hem-de Edebiýat muzeýindäki dabaraly agşamda sözlän sözüñiz meni diýseñ duýgulandyrdy. Bularyñ barsy meniñ üçin täzelik we gymmatly sowgat boldy. Size tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirýärin.
Siz şahyrsyñyz we batyrgaý adamsyñyz. Siziñ bilen özümem duşuşmak isleýärdim. Emma aşa ýygralygymdan ýaña heniz bu arzuwyma ýetip bilmedim. Bir gezek Warşawada sataşypdyk, ýöne şonda meni tanamadyñyz öýdýän, şonuñ üçin menem size golaýlaşyp bilmedim. Hassahanadan ýañy çykdym. Lukmanlar awgust aýynda dolu gutuljagymy aýtdylar. Eger Moskwada bolsañyz, size Tarusda garaşýaryn."
Rus ýazyjysy hatynyñ dowamynda öz gelip çykyşynda türki ganyñ bardygyny-da aýdypdyr we "Belki-de ikitaraplaýyn simpatiýamyzyñ sebäbi meniñ ýarpy göwrämiñ türk bolmagymdadyr. Garry enem Trakýanyñ Kazanlyk raýonynda dünýä inipdir. Menem öz gezegimde türk ganymyñ bardygyna buýsanýaryn. Türk işçilerine we daýhanlaryna çuññur hormatym bar" diýip ýazypdyr.
K.Paustowskiý "Uzak ýyllar" («Далёкие годы») eserinde türk enesi Patmadan söz açýar. Onuñ aýtmagyna görä, ýazyjynyñ atasy Osmanly-Russiýa urşunda türklere ýesir düşüpdir, belli bir wagt geçensoñ Patma diýen bir türk gyzy bilen tanyşýar. Soñ Patmany Russiýa alyp gaýdýar we oña öýlenýär. Paustowskiý "Enem soñra prawoslawlygy kabul edip, Gonorata adyny alypdyr. Türk enemden atamyzdan beter gorkardyk. Onuñ garşysyna gitmezlige çalşardyk" diýip ýazypdyr.