10:40 Nebsiň ýedi basgançagy | |
NEBSIŇ ÝEDI BASGANÇAGY
Filosofiýa
Ynsan ýaşaýşy hemişe-de syýahaty sergezdançylyk. Biz sallançakdan mazara çenli sapar edýäris. Öňümizde ýedi sany aýry-aýry basgançak, ýedi mertebe uzap ýatyr. Bilýänler güzergähdäki her menzile bir at beripdirler. Nebsimiz şol basgançaklary ýekän-ýekän geçmezden, özüni üýtgeşikdirin öýtmekden ýüz öwürmezden syýahatyny soňlap, Hak bilen bitewüleşip bilmez. Ynsan ýalandadyr, zyýandadyr, şübhe içindedir. Ol ýedi basgançagy-da geçmezden, hakykata ýetip bilmez. 1. NEBS-I EMMARE Ilkinji mertebäniň ady Nebs-i Emmaredir. Bu gödeňsi, gögele we hemişe özgeleri günäkärleýän mertebedir. Haýp ýeri, adamlaryň köpüsi ömürboýy şu basgançakda galýarlar. Onuň basmaryndan halas bolup bilmeýärler. Dünýewi işlerden başga zat hakynda pikir edip bilmeýän, pula-baýlyga, häkimiýete tamakin, gabarylyp ýören «menlik» şübhesi bilen ýaşaýan adam şu basgançakdadyr. Bu ýerde düşlän kişini dessine tanap bilersiň: - hemişe özgeleri ýazgarar, günäkärlär, tankyt eder; edil dem alşynyň tebigy bolşy ýaly, onuň myş-myşlara gulak gabardyp, kesekä töhmet atmasam şeýledir; - özünde jinnek ýaly-da köst bardyr öýtmez; - başgalary aýyplar; - şübhe, müňkürlik hem ulumsylyk yklymynda ýaşar. Olary özüňem bilýänsiň. Özüňden çen tutsaňam tanarsyň. Sebäbi eger biz adam bolýan bolsak we özümizem çig süýt emen bolsak, onda biziň Nebs-i Emmaräniň alyna aldanmadygymyz ýokdur. Esasy zat şol çukurdan çalt çykyp bilmekdir. Ol adam haçan nebsiniň kemçiliklerini, ýetmezçiligini, ýalňyşlyklaryny saýgaryp bilse we düzetmegiň ugruna çyksa, ynha, şol wagt onuň ruhy syýahata çykar. Şondan soň gözlerini daş-töweregine aýlamaz-da, öz içine garar. Şeýde-şeýde, ädim-ädim ýol söküp, indiki mertebä ýeter. 2. NEBS-I LEWWAME Bu mertebe, bir tarapdan, özünden öňkiniň bütinleý tersinedir. Bu ýerde adam özgeleri günäkärlemäge derek, hemişe özüni ýazgarmak bilen bolar. Bolup geçen her bir işi jikme-jik öwrenip, özüni köteklär. «Älem görkana, men betnyşan» basgançagydyr bul. Ynha, şu mertebede nebis Nebs-i Lewwame, ýagny Günäkärlenýän ýa-da Ýazgarylýan nebse öwrüler. 3. NEBS-I MÜLHIME Üçünji mertebede ol kişi hasam bişer, Nebs-i Mülhimä ýeter. Bu basgançakda ynsan nebsi Ylham alýan nebse öwrülýäni üçin, ol kişi dünýäde görýän ähli zadyndan we her bir kişisinden ylham öwüsginini alar. Kaýyllyk diýilýän halyň näderejedäki erkanalykdygyny aňşyrar, sähelçe-de bolsa onuň tagamyny duýup başlar. Nesibesi çekse, Ylym şährine gadam goýar. Wagtal-wagtal kabz, ýagny darykma we gahar döretse-de, köplenç halatda bast, ýagny giňlik, erkanalyk hem rahatlyk getirýändigi üçin, bu mertebe kalbyňa hoşwagtlyk berip biljek derejede gözeldir. Ýöne şol bir wagtda onuň özüneçekijiligi örän uly howpdur. Çünki bu mertebä ulaşanlaryň köpüsi bu ýerden çykmak islemeýärler. Olar ýoluň ahyryna gelendirin öýdýärler. Ýöne ýol welin, has uzak hem agyrdyr. Bu mertebe örän maýyl ediji we diýseň owadandyr, ençeme kişiler mundan aňyrlaryk gitmäge gaýrat tapyp bilmezler. Şu sebäpli-de üçünji makam jennet baglary ýaly her näçe nepis bolsa-da, belentlikleri maksat edinýänler üçin duzakdan başga zat däldir. Bu ýerden aňryk geçmegi başaran kişi Ylym şährini eýelär we Nefs-i Mutmaine mertebesine ulaşar. 4. NEFS-I MUTMAINE Indi nebis öňküsi ýaly däldir, düýpgöter özgerendir. Şu sebäpdenem oňa Kanagatlanan nebis ady berler. Indi ol kişi örän ýokary düşünjä eýedir. Gözi doýgun, köňli giňdir. Pul-baýlyk, at-şöhrat, mal-mülk, wezipe-dereje derdi ýokdur. Özgeler bilen oňşukly ýaşar, diňe namazlygyň üstünde namaz kylýarka däl-de, hemişe Hakyň huzuryndadyr, ybadat ýagdaýyndadyr. Hemişe namazdadyr. Hiç kimiň göwnüne degmez, kişi hakyny iýmekden berk saklanar we hiç kimiň köstüni görmez, hatda kem-kösti bolaýsa-da, ony örter. Malyny we mülküni Malik-ül mülk bolan Alla tabşyrar. Mundan aňyrsy Töwhid şähridir. Soňky üç mertebä kemal mertebeleri diýilýär. Ol ýere ýetip bilýän ynsan, hakykatdan hem, gaty azdyr. Onsoňam olar Alla özlerini haýsy hala salsa-da, bagtyýardyrlar, kaýyldyrlar we şükürlidirler. 5. NEFS-I RAZIÝE Soňky üç mertebäniň ilkinjisinde Nefs-i Raziýä ýetenden soň, dünýewi meselelere özüni bermez, aldatdyrmaz. 6. NEFS-I MARZIÝE Indiki makam Nefs-i Marziýedir. Bu mertebeden Alla razy bolany üçin oňa Razy bolnan nebis diýilýär. Bu ýere ýeten kişi özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga öwrüler. Yşygyny kime islese, şoňa tutar. Hakyky kutub, öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar, aýdyňladar. Käte şypa hem paýlap biler. Hereketlerinde öte geçmekden we kem gaýtmakdan gaça durar. Hiç babatda çendenaşa hereket etmez; tersine aýra düşenleri duşurar, duşmanlary dost eder, dartgynlylygy ýumşadar. Şeýle kişi sowuk yklymlarda öwsen mylaýym şemal ýalydyr. 7. NEFS-I KÄMIL Ýedinji we ahyrky makamda kişi Nefs-i Kämile ulaşar. Bu ýerde tapawutlanmagy gowy görýän «menlik» şübhesi tot-tozana döner, ýok bolar. Ýöne bu makamy bilýän, bilse-de ol barada dil ýaran bolmanlygy üçin, ol ýerden seredeniňde älemiň nähili görünýändigi barada maglumatymyz örän çäkli. Hak ýolundaky makamlary birin-birin sanamak aňsat, ýöne olardan geçmek welin, iňňän çetin. Ýoluň özüne mahsus kötelleri az ýaly, bu ýol bilen gös-göni ýöremek hem mümkin däldir. Ilkinji makamdan ahyrkysyna çenli eltýän bu ýol göni däl-de, iniş-çykyşly, egrem-bugramdyr. Üstesine-de, haýsydyr bir makama ýeten kişiniň ol ýerde hemişelik galjagyna kepil ýokdur. Hatda «indi bişdim, men bu ýollary söküp kämil çykdym» hasap edip, ýokardan aşaklygyna güwläp gaýdanlar hem bardyr. Şeýle bolansoň, geçmiş hem gelejek, ýaşan we ýaşajak şunça ynsanyň arasynda juda az sanlysy, onda-da her asyrda diňe biri iň ahyrky makama çenli ýetmegi başarýar. MÖWLANA JELALEDDIN RUMY Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21651-nebsi-yedi-basgancagy.html. 15.12.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |