NEŽDET SANJAR
Ahmet Neždet Sanjar (Çiftçiogly), tanymal türk ýazyjysy, pedagog.
■ Ömri we döredijiligi
01.05.1910-njy ýylda Stambulda eneden dogulýar.
Meşhur ýazyjy Hüseýin Nihal Atsyzyñ kiçi doganydyr. Familiýalarynyñ aýry bolmagyna bolsa, "Familiýalar hakyndaky" kanunyñ hereket edip başlan wagtynda olaryñ bir-birinden habarsyz bolmaklary sebäp bolupdyr.
Neždet Sanjar Stambul uniwersitetiniñ Edebiýat fakultetini okap gutarypdyr.
Harby gullukdan soñra Siwas şäheriniñ Pedagogik mekdebinde edebiýat mugallymy bolup işe başlanam bolsa, şol wagtyñ Bilim ministri Hasan Aly Ýüjeli garşylaýyş dabarasyna gatnaşmandygy üçin Balykesir liseýine geçirilýär. Balykesir liseýinde işläp ýörkä, 1944-nji ýylyñ maý aýynda "milletçilik-turançylyk dawasy" diýip başlanan sud prosesiniñ çäginde Hüseýin Nihal Atsyz, Alparslan Türkeş, Ankara Konserwatoriýasynyñ direktory Orhan Şaik Gökýaý, Hikmet Tanýu, taryh professory Zeki Welidi Togan, Reha Oguz Türkkan ýaly tanymal türkçiler bilen birlikde jogapkärçilige çekilýär we 14 (on dört) aýlap türmede ýatýar. Şol ikiarada Harby kassasion kazyýet tarapyndan sud prosesine gaýtadan seredilýär we Neždet Sanjar aklanýar. Neždet Sanjar 1960-njy ýylda ogly Afşiniñ aradan çykmagy zerarly paraliç geçirýär.
Merhum ogly Afşiniñ hormatyna 1962-nji ýylda "Yeni Istanbul" gazetinde "Türk ýaşlary nähili bolmaly?" atly edebi bäsleşik gurnaýar, bu bäsleşik soñ-soñlaram birnäçe ýyllap dowam edýär. Afşiniñ ölümine bagyşlap agasy Nihal Atsyz hem "Afşine elegiýa" atly goşgy ýazypdyr.
22.02.1975-nji ýylda Stambulda aradan çykan Neždet Sanjar şäheriñ "Garaja Ahmet" gonamçylygynda jaýlanýar.
■ Eserlerinden :
1. "Taryhda türk-italýan uruşlary";
2. "Milletimiziñ gahrymanlary";
3. "Türklik söýgüsi";
4. "Afşine hatlar";
5. "Gizlin kommunist maglumatlary";
6. "Gyzyl Jennet tymsaly";
7. "Türkçülik barada makalalar";
8. "Ismet Inöni bilen haklaşyk;
9. "Türk, Moskwa we kommunist";
10. "Nazym Hikmet tymsaly" we başgalar...
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly