16:56 Nobat | |
NOBAT
Goşgular
Hil-hil bolýar durmaklygam nobata, Balygyñ, ýeralmañ nobaty bolýar. Uzak gün durupdyk döwüm nan üçin, Garaz, her bir zadyñ nobaty bolýar. Ine, ýazyjylar hatarma-hatar, Durlar. Şöhrat nobatymy ýa-da bu? Olar meýletinler, fronta gitjek, Olañ ýüreginde gahar-gazap bar. Kimsiniñ öý doly maşgalasy bar. Kimsiniñ söýgülsi, ýeke dikrary, Belki-de... ýok, bu mahal oñ wagty däl. Ine, ýazyjylar dyknyşyp durlar, Her kim garaşyp dur öz nobatyna. Hiç kim goýberlenok nobatsyz bärde. Çünki Watan howp astynda bu mahal, Çünki Watan ar almaga çagyrýar. Başga ýol ýok, front atly bir ýol bar. Sag-aman dolanyp gelinermikä? Hiç kimem bu hakda oýlanmaýardy. Front sary joşa gelýär göwünler, Görelerçe ýeñşe bolan ynam bar. Şol gün bu nobaty ähli nobatdan Ýikary saýdym! Ýemilian BUKOW, moldowan şahyry. 1941 ý. Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |