11:49 Nowaýy hem onuň emir Binaýy bilen edebi gatnaşygy hakynda hakykat | |
NOWAÝY HEM ONUÑ EMIR BINAÝY BILEN EDEBI GATNAŞYGY HAKYNDA HAKYKAT
Edebi makalalar
Şahyrlaryň edebi gatnaşygy diňe dost-doganlyk gatnaşygyna esaslanýar diýsek, bärden gaýtdygymyz bolar. Kähalat döredijilik adamlarynyň edebi gatnaşygy örän çylşyrymly bolup, ol gapma-garşylykly, hatda duşmançylykly gatnaşyga baryp ýetipdir. Alyşir Nowaýynyň geçirýän edebi çekişmeleriniň birinde şeýleräk waka bolup geçipdir. Beýik akyldar Alyşir Nowaýy aram-aram döredijilik adamlaryny ýygnap, döredijilik maslahatyny geçirer ekeni. Alyşir Nowaýynyň geçirýän edebi maslahatynda şahyrlar täze şygyrlaryny okap, täze eserler barada açyk, erkin ýagdaýda her bir ýazyjy-şahyr öz pikirini aýdýar ekeni. Elbetde, jemleýji pikiri aýtmak Alyşir Nowaýa degişli bolupdyr. Alyşir Nowaýynyň geçiren edebi ýygnanyşyklarynyň birinde Binaýy (Benaýy diýibem ýazylýar) şeýle şygyr okapdyr: Aslym bar, neslimden tapmarsyňyz aýp, Aklym Soltan Söýün köşgüne laýyk. Emir Binaýynyň bu gazalyny diňläp, Nowaýy bilen Binaýynyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçipdir: Nowaýy: – Emir Binaýy, siz aslyňyzy taryp edipsiňiz, aslyna guwanmak her nesliň borjy, emma aslyň hakynda hem öwünmek-magtanmak edeplilikden nyşan däl. Ýöne siziň “Aklym Soltan Söýün köşgüne laýyk” diýip, öz-özüňizi magtamagyňyz akyla sygjak zat däl, ol men-menlikden, gopmaklykdan nyşan. Döredijilikde öz-özüňi magtamaga ýol bermek bolmaz. Siz muňa näme diýersiňiz?! Emir Binaýy: – Emir Nowaýy siziň özüňiz aýtmadyňyzmy, şahyryň ylhamy Hakdan gelýändir. Şol sebäpli şahyr kalbyna gelen ylham setirlerini çekinmän aýtmalydyr. Emir Nowaýy, men siziň öwreden nesihatyňyza eýerip bu şygry ýazdym. Indi bolsa esassyz meniň şygrymy tankyt edip, maňa gazap edýärsiňiz?! Şu ýerde bir hakykaty aýtmak gerek. Alyşir Nowaý Soltan Söýüniň köşgünde möhürdarlykdan ( Möhürdarlyk-bu wezipede ol wezirleň berýän görkezmesine-işine gözegçilik edipdir. Weziriň pudagyna berýän buýrugy Nowaýynyň möhüri bolmasa güýçsüz hasaplanypdyr. Dünýäde Wezir bolup Beýik Emir titulyny alan ýeke täk beýik emeldar, şahyr, akyldar. D.Ý.), Baş wezir wezipelerini eýeläpdir.Ýöne ol haýsy wezipede bolsa-da Soltan Söýünden soň ýurtda ikinji adam hasaplanypdyr. Onuň Emir Aly ( Beýik emir diýen resmi tituly bolupdyr. Şol sebäpli resmi hem döredijilik çekişmelerinde Nowaýa Emir Aly diýip ýüzlenmek hökmany däp ekeni. D.Ý.) diýen tituly bolup, Binaýy bilmezlikdenmi ýa ýöriteleýinmi, garaz, Nowaýa – Emir Aly diýip ýüzlenmän, oňa “emir Nowaýy” diýip ýüzlenipdir. Alyşir Nowaýy emir Binaýynyň özüniň Emir Aly titulyny tutmanlygyna gahar edipmi ýa onuň sözlerine gaharlanypmy, mahlasy, gazaba münüp, Alyşir Nowaýy emir Binaýa: “Emir Binaýy, poeziýadaky ýolbermesiz edepsizligiňize, men-menligiňize menem şärik edýäňizmi?! Bu meniň garşyma edilýän geçilmejek hatadyr, men bu edepsizligi, gopbamlygy bagyşlap bilmen” diýip, gazap bilen ol “jellat” diýip gygyrypdyr. Şol halat atylyp gelen jellada Alyşir Nowaýy emir Binaýynyň iki gulagyny kesip aýyrmagy buýrupdyr. Şol bada jellat Nowaýynyň buýrugyny berjaý edipdir. Şeýdip emir Binaýy iki gulaksyz galypdyr. Soňra Alyşir Nowaýy bilen emir Binaýynyň gatnaşygy has ýitileşip, ahyrynda emir Binaýy Hyrady terk edip, Soltan Ýakubyň hyzmatyna gelmäge mejbur bolupdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Alyşir Nowaýy bilen Soltan Ýakubyň edebi gatnaşygy dost-doganlyk gatnaşygyna öwrülipdir. Bir günden bir gün Alyşir Nowaýy Soltan Ýakubyň huzuryna myhmançylyga barypdyr. Soltan Ýakup Alyşir Nowaýynyň hormatyna döredijilik adamlarynyň edebi çekişmesini gurnapdyr. Soltan Ýakubyň gurnan edebi çekişmesine emir Binaýam gatnaşypdyr. Soltan Ýakup bu edebi çekişmede Alyşir Nowaýyny hormat bilen öz ýanynda oturdypdyr. Ol edebi ýygnanyşyk şahyrlaryň edebi çekişmesine badalga bermelidi. Emma Alyşir Nowaýy bu edebi çekişmede uzak aralykda bolsa-da, edil garşysynda oturan emir Binaýyny dikanlap synlap, bildirtmejek bolsa-da, ol gitdigiçe gazaplanyp, kem-kemden ýüzi gyzaryp başlapdyr. Soltan Ýakup birbada Alyşir Nowaýynyň halyny aňmasa-da, dymyp oturan bu akyldaryň gitdigiçe bir zada gaharlanýandygyna göz ýetirip, Nowaýyny gahardan açmak maksady bilen oňa şeýle ýüzlenipdur: “Emir Aly, siz ýalňyşmaýan bolsam, emir Binaýa gaharlanýaňyz. Siz oňa jeza berip, gulagyny kesipsiňiz. Maňa ynanyň. emir Binaýy siziň öňüňizde näme hata eden bolsa-da, ol şoňa ökünýändir”. Emir Binaýy Alyşir Nowaýynyň özüne gazaplanýandygyny bilse-de, hatda Soltan Ýakubyň Nowaýynyň gaharyny ýatyrmak maksady bilen aýdan sypaýçylykly sözlerinden soňam ol Alyşir Nowaýynyň göwnüni görjek ýeke söz aýtman dymypdyr. Ara esli wagt dymyşlyk düşenden soňra, Alyşir Nowaýy Soltan Ýakuba şeýle jogap beripdir: “Soltan Ýakup, maňa edýän hormatyňyza başym gurban. Ýöne emir Binaýy: “meniň gulagymy kesiň” diýip, meni erkime goýmandygy üçin, onuň gulaklaryny aýyrmaga mejbur bolupdym. Edil häzirem ol maňa: “meni güzaply ýaşaýyşdan dyndar” diýip, maňa ümläp, günüme goýanok. Emma siziň ýanyňyzda onuň bu haýyşyny ýerine ýetirmegi gömelteý edepsizlik hasaplap oturyn. Ýöne haýyşy etmezligem adamçylykdan nyşan däl ahyry. Soltan Ýakup, meni bagyşlaň, şol sebäpli men iki oduň arasynda galyp, näme etjegimi bilmän gaharlanyp oturyn”. Alyşir Nowaýynyň öwrümli aýdan bu sözleriniň aňyrsynda haýsy hakykatyň ýatandygyna Soltan Ýakup derhal düşünip, emir Binaýyny edebi çekişmeden çykaryp goýberipdir. Ine, şondan soňra, Alyşir Nowaýynyň gahary zym-zyýat bolup, ol bu edebi çekişmede şygyr aýdyp, goşgy diňläp, gül-gül açylypdyr, Soltan Ýakubyň gurnan edebi çekişmesi döredijilik adamlarynyň hakyky edebi maslahatyna öwrülipdir. Bu edebi duşuşykdan soňra, Alyşir Nowaýynyň Soltan Ýakup hem onuň şahyrlary bilen edebi gatnaşygy has-da berkäpdir, ol täze şahyrlar, döredijilik adamlary bilen tanyş bolupdyr. Alyşir Nowaýynyň emir Binaýy bilen gatnaşygy baradaky bu gürrüň hakykatdan beýle bir aýagyny üzenok. Alyşir Nowaýynyň emir Binaýy bilen gatnaşygynyň çylşyrymly bolandygyny bu beýik akyldaryň döwürdeşleri bolan Döwlet şa Samarkandy ýaly tezkireçilerem tassyklaýar. Hakykatdanam, emir Binaýynyň gulagynyň kesilmegine Alyşir Nowaýynyň gazaby sebäp bolupdyr. Özbek alymy Izzat Sultanyň Nowaýynyň Döwlet şa Samarkandy ýaly döwürdeş tezkireçilerine salgylanyp beren maglumatyna görä, emir Binaýynyň Nowaýy bilen gatnaşygy gaty ýitileşipdir. Hakykatdanam, Alyşir Nowaýy emir Binaýynyň gopbamlygyny halaman, onuň bilen sözi azaşypdyr. Alyşir Nowaýynyň geçiren bir edebi çekişmesinde emir Binaýy Nowaýa Emir Aly diýip ýzlenman, ol “emir Nowaýy” diýip ýüzlenipdir. Alyşir Nowaýy emir Binaýynyň özüni alyp barşyny hem özüne ýüzlenmesini özüne garşy edilýän geçilmejek äsgermezçilik hasaplap, edebi çekişmeleriň birinde emir Binaýynyň gulagyny jellada kesdiripdir. Şondan soňra hem bularyň gatnaşygy barha duşmançylykly häsiýete eýe bolupdyr . Gündogarşynas akademik W.W.Bartold Alyşir Nowaýy bilen Binaýynyň duşmançylygy barada başgarak rowaýaty getirýär . Beýleki bir meşhur gündogarşynas alymy Ý.E.Bertels Alyşir Nowaýy bilen Binaýynyň duşmançylygynyň esasy sebäbini Binaýynyň türki-çagataý (bu gündogarşynas rus alymlary türki-çagataý dilini köne özbek dili diýip ýalňyş atlandyrypdyrlar. D.Ý.) dilini Alyşir Nowaýynyň ündeýşi ýaly, pars dili bilen deň derejedäki dil hökmünde ykrar etmekden ýüz öwrendiginde görýär . Gündogarşynas bu rus alymynyň şu pikiri dogry bolmagy-da mümkin. Sebäbi Ý.E.Bertelsiň aýdyşy ýaly, Nowaýy bilen Binaýynyň arasynsdaky garşylyk olaryň gapma-garşy dünýägaraýşyndan emele gelen bolsa gerek. Soňra olaryň dünýägaraýşynyň çapräzlygy bularyň arasyndaky duşmançylykly wakalaryň döremegine sebäp bolandyr diýip aýtsa bolar. Ý.E.Bertelsem Binaýynyň bir edebi çekişmede Nowaýynyň gahary gelse-de, öz pikirinden dönmän, bu beýik akyldar bilen gatnaşygyny ýitileşdirendigini ýazýar. Alyşir Nowaýy näme üçin emir Binaýynyň gulagyny kesdikä?! diýen sowala onuň döwürdeş tezkireçileriniň şu wakany beýan edenlerem bar: Bir gezek Nowaýynyň gulagy agyryp, onuň gulaklary çişipdir. Emir Binaýy Nowaýy bilen gatnaşygynyň ýaramzlygyndanmy ýa oýun edipmi, nähili bolandygyna garamazdan, ol Nowaýynyň gulagyny eşegiň gulagyna meňzedip, çaklaňja şygyr ýazypdyr. Ahyry Binaýynyň özüniň gulagy baradaky gülküli şygry oňa-da mälim bolupdyr. Sebäbi emir Binaýynyň Nowaýynyň gulagyny eşegiň gulagyna meňzedýän şygry bütin Hyrada ýaýrap, ol aýtgy derejesine ýetipduir. Ine, şondan soňra, Nowaýy emir Binaýy özüni masgaralan hasap edip, onuň gulagyny kesmäge jellada emr edipdir. Bu wakadan soňam Alyşir Nowaýynyň emir Binaýy bilen gatnaşygy barha ýitileşip, ahyry Binaýy Hyrady terk edip, Soltan Ýakubyň howandarlygyna barmaga mejbur bolupdyr. Emir Binaýy Hyrady terk edende, gama batman, toý eşiklerini geýip, uly dabara bilen Hyrady terk edenmişin. Emir Binaýynyň toý eşigini geýip, Hyrady terk etmegi şol döwrüň däbine görä ejizlik bolman, ýeňiş meniň tarapymda diýmegi aňladýan ekeni . Alyşir Nowaýy emir Binaýynyň “ýeňiş meniň tarapymda” diýip Hyrady terk etmegini bagyşlap bilmedik bolara çemeli. Şol sebäpli Nowaýy Soltan Ýakubyň huzurynda hem emir Binaýyny bagyşlap bilmändir diýsek, hakykata laýyk bolsa gerek. Alyşir Nowaýy bilen Binaýynyň arasynda agzalalyk bolanam bolsa, bu beýik akyldar “Mejalesun-nefaýys” tezkiresinde Binaýy barada maglumat berende, ol hakda özi bilen baglanyşykly bolup geçen oňaýsyz wakalaryň birinem ýatlamaýar: “Orta gatlakdan çykan adam. Doglan ýeri Hyrat şäheri. Onuň adatdan daşary zehini bar. Ol owalbaşda dünýewi ylym öwrenip, bu ugurda köp zatlary edip ýetişdi. Emma ol ylmy çalt terk edip, kalligrafiýa işleri bilen gyzyklanyp, gysga wagtda owadan hat ýazmagy başardy. Soňra saz ylmyny öwrenmäge ýykgyn edip, saz hem saz ylmynyň teoriýasy barada köp makala ýazdy, Emma ol özünden göwnühoşdygy we tekepbirligi üçin, hiç bir hünärdenem üstünlik gazanyp bilmedi. Şol sebäpli garyplyk ýoluny saýlap almaly boldy, zehini köýüp ugrady. Onuň halypasy bolman, kellesine gelen zady edehligi üçin, hiç bir ugurdan peýdaly iş edip bilmedi. Ol halkyň teýenelerine hem kemsitmelerine döz gelip bilmän, Hyratdan çykyp, Yraga gitmeli boldy. Onuň baran ýerinde hem Hyratdaky ýaly güne düşendigini eşitdim. Gaýry ýurtda agyr garyplygy we kemsitmeleri başdan geçirip, onuň ýaşdygy üçin, dogry ýola düşjegine umyt edýäris” diýip, onuň bir şygryny mysal getripdir, ýöne makalamyza dahyly ýokdugy üçin, Binaýynyň şygryny getirmekden saklanýarys. Görnüşi ýaly, Nowaýy Binaýy bilen arasyndaky oňuşmazlygy ýatlamadygam bolsa, onuň halypasyz özünden göwnühoş bolup, gopbamdygy üçin, agyr günleri başdan geçirip, Hyratdan gidip, saýry ýurtda agyr günde ýaşandygyny ýazýar. Yrak ol zamanlar Soltan Ýakubyň tabynlygyndady. Hatda Soltan Ýakubyň goldandygyna garamazdan, ol Yrakda hem gopbamlygy sebäpli kyn günde ýaşamaga mejbur bolupdyr. Belki, Soltan Ýakup 1491-nji ýylda aradan çykandan soňra, Binaýyny Akgoýunly türkmen şalary goldamagyny bes edip, agyr hala düşendir. Binaýynyň ölümi hem pajygaly bolup, özbek patyşasy Şeýbany han 1512-nji ýylda Garşy şäherini özüne tabyn edende, ýerli ilat ony ýenjip öldüripdirler . Binaýynyň pajygaly ölümi onuň ýerli ilatyň arasyndda abraý gazanyp bilmändigini görkezýär. SSSR zamanynda Alyşir Nowaýynyň döredijiligini öwrenmek üçin köp işler edildi. Emma ol zamanlar bu beýik akyldaryň döredijiligi synpy nukdaýnazardan öwrenildi. Hamana Nowaýy elmydam halkyň tarapynda bolup, ol nadan wezir-wekillere garşy göreşip gezip, örän sypaýy, ýumşak adam bolupdyr. Elbetde, Nowaýynyň halk, döwlet bähbitli köp işler edendigine birjikde şübhelenmeýäris. Alyşir Nowaýynyň döwürdeşi patyşa Zahyreddin Babyr “Babyrnama“ eserinde “Nowaýy, çagasyz, aýalsyz, maşgalasyz ajaýyp ýol geçip, beýik derejelere ýetdi. Ilki ol möhürdar boldy, soňra orta ýaşynda beg, belli bir döwürde Astrabada häkim boldy. Ýaşynyň soňunda bolsa ol harby işleri goýbolsun etdi. Ol Soltandan hiç zat almady, gaýtam tersine her ýyl Nowaýy soltana esli pul sowgat berýärdi. Onuň gurduran köprüleriniň, binalarynyň, desgalarynyň sany bilen hiç kes bäsleşip bilmez“ diýip ýazypdyr. Emma Alyşir Nowaýy nähili sahawatly, halk, döwlet üçin köp işler edendigine garamazdan, ol öz döwrüniň ogly bolup, zerur halatynda gazaply, garşydaşyndan rehimsiz öç alýan adam ekeni. Onuň köşkde özüne tarapdar döwlet emeldarlaryny belläp, özüne garşydaş emeldarlardan, wezirlerden mümkin bolan pursadynda ar alandygyny Nowaýynyň döwürdeş tezkireçileri biragyzdan tassyklapdyrlar. Ýöne Nowaýynyň mongol zulumyndan soňra, türki diliniň gaýtadan pajarlap ösmegi üçin uly işler edendigini hökman aýtmalydyrys. Şonuň üçin Gündogarda “Nowaýyny bilseň, bitin türki bilersiň” diýilýär. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |