21:09 Nukdaýnazar hakda nukdaýnazar | |
Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Sişenbe, 13.06.2023 ý. Kitapçymyzda täze rubrika Nukdaýnazar açylaly bäri kän wagt geçenok. Bu arada köp agzalar öz nukdaýnazarlaryny paýlaşdylar. Men olaryñ köpüsine okadym diysem ýalançy. Nukdaýnazar sözüni bäş-on, ya-da 25 gezek gaýtalap görüp oturşyma, aslynda "nukdaýnazar" sözi, onuñ gelip çykyşy hakda oýlandym. Ynsan hatda öz adyny birnäçe sapar gaytalaberse, geñ eşidilip başlaýar. Nukdaýnazar sözüne men geçmiş türkmen edebiyatynda Magtymgulydan başlanýan poeziya ýedigeni hasaplanýan mollanepeslerde, seýdilerde zelililerde, keminelerde umuman tapmadym. Umuman. Asyl gelip çykyşy boýunça bu añlatma biziñ halkymyza tanyş dâl eken diýjek däl, emma şübheli görýän. Ruslaryñ точка зрения, iñlisçe Point of view sözleri bilen emele gelen anlatma biziñ dilimize farslaryñ قطه نظر nuktai nazar sözi bilen giripdir. Birden ýadyma düşdi, klassyk edebiýatymyzda "Gül ýüzünde nukta hallar düzülmiş" ýaly setirler bardyr. Hä dogry nukta-nokta, bag, nokat. Gül ýüzünde hallary nokat ýalyja diýlidigi bolyada. Nukdaýnazar sözüni bize XX asyryñ ilkinji türkmen magaryfçylary Alyşbeg Alyýew jenaplary ýaly häzirbegjan milletinden bolan şahslar getiren bolmaly diýip bir pikirim bar. Elbetde, Tatýana Tekinskaya, Muhammetguly Atabaýewlerem bu sözi gowy görüp ulanandyrlar. Indi pikirleriñizi Wikipediýadan kopýalan maglumatyma gönükdireliñ. Nukdaýnazary- durmuşdaky bir pozisiýa, mowzuk onuň töwereginde bolup geçýän wakalara baha berýär. Dürli nukdaýnazardan pikir. Bu adalga "nukdaýnazardan" gelýär - synçynyň ýerleşýän we görýän perspektiwasyna bagly ýer. Käwagt nukdaynazar añlatmasy egnine agar çäkmen alyp, başyna şlýapa geýen bir adamy ýatladýar. Men kitapçyda goýlan nukdaýnazarlaryñ 3-5 sanysyny okadym diýsem dop-dogry sözledigim bolar. Esasy zat nukdaýnazar sözünde hem däl, iñ möhümi biziñ pikirlerimiziñ saklanan nokady hemmäniñ görýän ya-da görmeýän, emma göräýmeli ýeri bolmaly. Biziñ aýdýan zadymyz 6 sanyñ eýlesinden seredip, bu 6 däl 9 ýa-da beýlesinden seredip, 9 däl how, bu 6 diýen ýaly bolmaly dälmikä diýýän. • Awtor hakda Sylapberdi Muhamow 1980-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) etrabynda ýerleşen Garagaç obasynda eneden dogdy. Başlangyç bilimi obasyndaky 21-nji orta mekdepde aldy. 2010-2019-njy ýyllar aralygynda öz welaýatyndaky "Daşoguz habarlary" gazetiniň Syýasy jemgyýetçilik bölüminde uly habarçy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylda welaýat häkimliginiň garamagyndaky liseýde kitaphanaçy we arhiwçi hünäri boýunça bilim aldy. 2014-nji ýylda sungat we döredijilik ugurlary boýunça geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Maşgalaly. Häzir Russiýada ýaşaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |