09:27 Nury körüň aýdymlary | |
NURY KÖRÜÑ AÝDYMLARY
Aýdym-saz sungaty
“Garagum” žurnalynyň 2020-nji ýyldaky 1-nji sanynda Aşyr Ablyýewiň öz kakasy, meşhur sazanda Ata Ablyýew barada ýazan makalasynda, ile belli bagşylaryň hatarynda Nury Nurýagdyýewiň adynyň görkezilmegi meni oýa batyrdy we bu şahsiýet barada azda-kände bilýänlerimi, eşidenlerimi okyjylara ýetirmegi makul bildim. Makalada türkmen radio-telewideniýesi üçin ýazga berlen aýdymlaryň şowly çykmagy üçin bagşylara sazandarlyk eden Ata Ablynyň täsirli goşandynyň bolandygy bellenilýär. Diýseň jaýdar aýdylan söz. Şol döwürlerde Pürli hem Oraz Saryýewler, Çary Täçmämmedow, Ata Ablyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew ýaly sazandarlar bagşy dälden bägşy ýa-da kiçi bagşydan atly bagşy ýasamagy başarýan ägirtler bolandyklary köplere mälim hakykat. Muny Nury Nurýagdyýewiň mysalynda has-da anyk delillendirip, tassyklap bolar. Aslynda, Nury Nurýagdyýew bagşy bolupmy? Bu soraga “hawa” diýip jogap berseň-de, “ýok” diýip jogap berseň-de ýalňyş bolmaz. Radioda berilýän aýdymlaryny diňläniňde-hä oňa bagşy däl diýmäge diliň barmaýar. Durmuşda welin, özüne degişli oturyşyklardyr toýlar bolaýmasa, başga toý-märekede aýdym aýdyp ýören bagşyçylyk bilen meşgul bolan adam bolmandyr. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryndan bäri türkmen radiosy arkaly yzygiderli bolmasa-da, gatybir uzaklaşdyrylmaýan kä wagtlarda 6-7 sany aýdymlary doly ýa-da bölekleýin goýberilýän Nury Nurýagdyýewiň aýdan aýdymlarynyň radio ýazgysyna düşmeginiň özüniň bir gysgajyk täsin taryhy bar. Ony biz şu ýazgymyzyň dowamynda beýan etmekçi. Özüni görenligim meniň ýadyma düşenok. Ýakymly owaz bilen aýdan aýdymlarynyň höwesjeň diňleýjisi bolamsoň, dogduk obam Garrynohurda märekelerde bolan gürrüňçiliklerde we ejemiň doganoglanlary, daýy toparlarymdan bolan Aşyrmyrat Wepaýew, Allaberdi Seýitmyradow dagylardan bu bagşy barada eşidenlerim, aýratyn-da, onuň aýdymlarynyň radio ýazgysyna düşüşi barada eşidenlerim gulagymda galypdyr. Nämüçindir bu şahsiýet baradaky gürrüňler bilen gyzyklanýanlygym sebäpli men ol hakda daýylaryma we obamyzdaky başga ýaşulylara sorag baryny-da beripdim. Bäherden etrabynyň çäginde “Nury kör” lakamy bilen tanalan (bu lakam onuň bir gözüniň şikesli bolmagy bilen baglanyşykly) Nury Nurýagdyýew biziň obamyzdan 15 km aralyk ýakyndaky Garawul obasynda 1915-nji ýylda doglan we ömrüniň ahyryna – 2000-nji ýyla çenli şol obada ýaşap hem dürli kärlerde işläp geçen, uruş weterany. Altmyşynjy ýyllarda biziň Garrynohur obamyzda-da kolhoz başlygy bolup işländigini ýaşuly adamlar ýatlaýarlar. Ilki-ilkiler özüniň dutar-da çalyp bilmeýändigine garamazdan, (dutar çalmagy soň-soňlar özbaşdak öwrenen) ol aýdym-sazyň ölemen aşygy bolan. Gülüşip-degşilip oturyp turuşmany gowy görensoň, keýpi göterilen wagtlarynda diýseň ýakymly owazy bilen, damana ýolunda aýdyma hiňlenmesi welin, töweregindäkileriň gulagyna diýseň ýaraýan eken. Bagşyçylyk bilen meşgul bolup ýörmese-de, köp aýdymlaryň sözlerini ýatdan bilýän eken. Öňki asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda Garrynohur obasynda gurply ýaşaýan we obada sylanýan Begmyrat Şyhata toý tutýar. Bu toýa elbet-de, toý eýesiniň ýygy aragatnaşykdaky ýakyn dosty Nury Nurýagdyýew hem gatnaşýar. Toýa çagyrylan bagşylaryň aýdym-sazlary märekä hezil berýän wagtlarynda bir gyrada aýdym diňläp oturan Nurydan sazandalaryň ýanyna geçip, birki sany aýdym aýdyp bermegi haýyş edilýär. Ol märekäniň göwnüni ýykmaýar. Ilki pessaý, soňra çekimli hoş owazy bilen aýdan aýdymlaryna maýyl bolup diňleýän märeke ony goýberer ýerde goýbermeýär. Toý eýesiniň şol döwürlerde respublikanyň Merkezi komitetinde işleýän garyndaşy hem öz bile işleýän döwlet işgärleriniň birnäçesi bilen şol toýa baran ekenler. Olar märekäni özüne aňk eden mahmal owazly bu aýdymçynyň aýdymlaryny diňläp, onuň aýdymlaryny bütin türkmen halkyna ýetirmek barada şol ýerde özara gürrüň edýärler. Soňam uzaklaşdyrman şol bagşynyň aýdymlaryny ýazga geçirip, radio arkaly halka ýetirmek barada degişli medeniýet we sungat işgärlerniň ýolbaşçylaryna maslahat berenler. Öň dutardyr, gyjaga goşup aýdym aýdyp ýörmedik Nurynyň ilki “Gyzlar geleýdi”, “Maral zeýrendi” diýen iki sany aýdymlary ýazga geçirilende sazandarlyk edenler Çary Täçmämmedow bilen Ata Ablyýew öz ussatlyklaryny ulanyp, zähmet siňdirip bu aýdymlaryň radioda ýaňlanmagyny gazananlar. Bagşyçylyk sungatyny ymykly öwrenmegi üçin öz ýanlaryna Aşgabada gelmegi barada bu halypalaryň eden tekliplerine Nury Nurýagdyýew göwnemändir. Şondan birnäçe wagt geçensoň ýene-de şol ussat halypalaryň sazandarlyk etmeklerinde onuň aýdýan galan üç-dört sany aýdymlary-da ýazga geçirilip radioda goýberilip başlanýar. N. Nurýagdyýewiň aýdan aýdymlarynyň saza goşulyşynda kemçilikleriň bardygy, bagşynyň aýdymyň sözlerini nohurlylaryň dialektok – şiwe gepleýiş sözleri bilen garyp aýdýanlygy ýaly sebäplere görä, onuň aýdymlaryny radioda goýberip, goýbermezlik barada öz wagtynda jedelli mesele-de ýüze çykan. Şonda sazandarlyk eden halypalary Ç.Täçmämmedow, A. Ablyýew oňa arka durup, bagşynyň aýdymlaryň sözlerinde şiwe sözlerini tötänlikden, bilmezlikden ulanmagy gaýtam aýdýan aýdymlaryna özboluşly öwüşgin berýär, aýdymy süýjedýär diýmekleri, galyberse-de, köp sanly diňleýjileriň islegleri göz öňüne tutulyp, şol jedeller bagşynyň we onuň aýdan aýdymlarynyň haýryna çözülipdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürlerde käbir toýlarda nohurly ýaş aýdymçylaryň bagşy Nury Nurýagdyýewe öýkünenden bolup, aýdymyň sözlerini nohurlylaryň şiwe gepleşik sözleri bilen garyşdyryp aýdym aýdýanlaryna-da gabat gelinýär. Özümizä muny oňlamaýarys hem-de masgarabazlyk ýoly bilen däl-de, öz aýdym aýdyşyň bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekjek bolmany başarmaly diýip düşünýäris. Ilki bilenä öýkünmekligiň özi öýkünilýäniň razyçylygy bilen edilmeli. Galyberse-de, türkmençilikde dünýeden öten adama öýkünilmeýär, ýaňsa alynmaýar. Bir ussatdan özi ýaly başga bir ussada baha bermegini soranlarynda, ol “biz ussatlygy halypalara gatnap-gatnap öwrendik, ol doga ussat bolup doglan” – diýip özi dek ussada ýokary baha beripdir. Nury Nurýagdy barada hem şeýle diýmek bolar, mahmal owazy bilen ol doganda bagşy bolup doglupdyr. Aýdymlarynda şiwe gepleşik sözlerini ulanmaklygam diňe şoňa gelişýär. Bir märekede Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwlet-nazarowdan “Ak ýüzli maralymy” aýdyp bermegini haýyş edenlerinde, ol kiçigöwünlik bilen, bu aýdymyň üç hili aýdylyşynyň bardygyny ýagny, Orazgeldi Ilýas ýaly diýseň güýçli çekimli ses, hoş owaz bilen, Sahy Jepbar ýaly süýjedip süýndürmek bilen, Nury Nurýagdy ýaly halk äheňine has golaý, ýakymly owaz bilen aýtmak hemme bagşa başartmasa-da, oňarşyma görä aýdyp bereýin diýmesi-de, gürrüňi edilýän bagşa bagşylaryň arasynda-da hormatyň uludygyny görkezýär. Halypalaryň bir-birlerine çäksiz hormaty barada ýene-de bir mysaly aýdyp geçsek şu ýerde artykmaçlyk etmese gerek. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda bagşynyň obasy Garawulda türkmeniň akyldary Magtymgylynyň hatyrasyna gurnalan ýatlama toýa birnäçe edebiýat, sungat işgärleri bilen birlikde Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdürow hem çagyrylan. Ol Nury Nurýagdyýewi ilkinji sapar şol toýda görüp, tanyşýar. Toýuň ahyrynda toýy gurnaýjylar tarapyndan bagşy-sazandalara halat-serpaýlar ýapylan. Şol märekede bagşy D.Ökdürow ýerinden turup, özüne berlen halat-serpaýy gaýybana halypasy hasap edýän Nury aga bagyş edýändigini, görmekligi arzuw edip ýören, bu täsin adama şu toýda duşandygynyň özi, özi üçin ullakan sowgatdygyny aýdyp, ony beýgeldendigini, şol toýa gatnaşan, obanyň sylanýan ýaşaýjylarynyň biri, obadaky mekdebiň mugallymy Orazmuhammet Baýmuhammedow gürrüň berýär. Şu ýerde okyjylaryň pikirlerini garjyşdyrmazlyk maksady bilen bir zady belläp geçesimiz gelýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, Nury Nurýagdyýewiň aýdyma ýakyn, ýakymly owazy bolupdyr diýmesek, ol aýdym-saz sungatynyň ussady bolmandyr. Käbir bagşylaryň oňa halypa diýip ýüzlenmegini bolsa, ony ýaşuly höwesjeň bagşy hökmünde sylap, hormatlamak diýip düşünýäris. Hormatly Arkadag Prezidentimiziň milli sungatymyzy şol sanda türkmen halk aýdym-sazyny ösdürmekde, milliligimizi gorap saklamakda alada edýänligi bizi begendirýär hem buýsandyrýar. Öten-geçen ussat bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary radio-telewideniýe arkaly halka ýetirilip dur. Milli biýsanjymyz – ditardyr gyjagyň ýitip gitmeginiň öňüni alan hem şol. Munuň üçin biz Prezidentimize minnetdardyrys. Eýsem, “könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýilmändirmi, näme?! Geldimyrat SEÝIDOW. “Ahal durmuşy” gazeti, 01.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |