07:39 Ökünç | |
ÖKÜNÇ
Goşgular
Dogrusy özümem düşünmän galdym, Damdy gözlerimden öýkäñ gözýaşy. Bagyşla, men seni nä güne saldym, Kineden başlandy dostlugyñ başy. Hamana sen meniñ özümki ýaly, Çünki, indi ýürekdeşem gözlemen. Dünýämizde bir meñzeşlik bar ýaly, Saña juda tiz öwrenişdi sözlemem. Köşeşemsoñ uzak gije ökündim, Çaga kimin agladymam horkuldap. Aýtjak zadym aýdyp bilmän çekindim, Göýä gözleñ bakýan ýaly galpyldap. Nätanyş dost, sen alysda bolsañ-da, Saña wepam gursagyma ornady. Senem meni şeýle güne salsañ-da, Ýürek seniñ aýdanlarñy oñlady. Bahargül MEJIDOWA. | |
|
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |