OGLANLYKDAN ON PURSAT
■ TANYŞLYK
Siz meniň atamy tanaýaňyzmy? Oňa Çary aga diýýärler. Orta boýly, agajetli, dogumly adam. Ýüzüne gelşip duran murty ony az-kem gaharjaň ýaly görkezse-de beýle däldir. Atamyň ýerliksiz gaharlananyny gören adam bardyr öýdemok. Gepe-gürrüňe ökdeligini diýsene. Gürrüňdeşini «ýüpsüz baglap bilýändir». Sözünde ýalan ýa gümürtik zat bolmaz. Ýüzgörmezligem üstesine. Onsoň şeýle adamyň hyrydary az bolarmy? Men nirä barsam, atam barada diňe öwgüli sözleri eidýänligim üçin begenjimden iki bolup bilmeýärdim. Şoňa görä-de meniň üçin ondan mähriban adam ýokdy.
Stsm çopandy. Kolhozyň goýunlaryny bakardy. Özem hemişe Garagumuň jümmüşindedi. Käbir çopanlar ýaly obanyň töwereginden aýrylyp bilmän ýörenokdy.
— Wah, çölüň gurbany bolaýyn. Bir gapdalyň simap ýaly ak çäge bolsa, mala-da, özüňe-de tenekar şo. Seret, hanha, obanyň töwereginde bakylan mallaryň hürmegine. Janaweriň endamlary doňup durandyr. Biziň ýerimizde gezýän mallaryň ýüňi ýuwlup daralan ýalydyr — diýip, dilinden düşürenok.
Atamyň çöl hakda, çopançylyk hakda şeýle bir gyzykly gürrüňleri bar welin diňläp doýmarsyň. Ynha, ýeri gelende, o barada men size bir topar eşiden zatlarymy aýdyp bereýin.
Atam meni çaksyz gowy görerdi. Onsoň käbir adamlar oňa:
— Çary aga, agtygyňy gaty läliksiredýäň welin, emelsiz bolaýmasyn. Gowy görýäniňi daşyňa çykarmasana — diýerdiler. Şonda men öler ýaly gaty görerdim. «Her zat etseňizem, siziň diýeniňiz-ä bolmaz» diýip içimi geýlederdim. Şonda ýene atam maňa kömege gelerdi:
— Çagany oňat görmek läliksiretmek däl. onsoňam çaga özüniň gowy görülýändigini bilse, şonça-da mähirli, mylakatly bolýandyr.
Men atamyň bu sözlerini hemmeleriň eşitmegini isleýärdim. Esasan hem, ferma müdiri Aşyr aga eşitse. Sebäbi ol hergezek meni atamyň ýanynda görende, şo halamaýan sözümi kän gaýtalardy. Onuň maňa degme üçin diýýänini aňlaýanam. Ýöne, her niçigem bolsa, meniňem özüme «tüweleme, uly adam bolaýypdyr» diýdiresim gelýär ahyry.
Hawa, atam çölden seýrek gelerdi. Şonda-da men onuň geljegini, wagtyny bilerdim. Atamyň geljek wagty hiç kim meniň göwnüme degmäge milt edip bilmezdi. Sebäbi atamyň atdan düşerine mähetdel, kim näme diýen bolsa, ony habardar ederdim. Onsoň atam ýadap gelenem bolsa, öýde sud başlanardy. Ol öýdäkilere birlaý gözüni aýlandan soň, çalaja ardynjyrady. Oturanlara eýýäm düşnüklidir. Ana, onsoň bol-bol, men bol. Ýöne şonda-da özüme «lälig-ä» diýdiresim gelenok.
«Bu günem atamyň gara bermeli güni» diýip, ony garşylamaga obadan ep-esli saýlandym. Hemişekije hykylan köpriniň bir gyrasynda durup garaşyp başladym.
Aradan kän salym geçmänkä, atamyň gelmeli tarapyndan bir atly göründi. Men onyň gören badyma tanadym. Ol ferma müdiri Aşyr agady. Men atanyň näme üçin gelmeýändigini bilesim gelip, içim gysyp başlady. Onsoň durup bilmän, Aşyr aga tarap ylgadym. Ol sesýetimden eýýäm maňa:
— Aý, iner, ataň ertir irden geler. Onsoň hemmämiz bile ýazlaga gideris — diýip, edil uly adama aýdýan ýaly düşündirýärdi.
Aşyr aga gapdalyma geldi-de, ýeňillik bilen atdan düşdi. Soňam meni göterip, üstünde oturtdy-da, atyň jylawyndan tutup idip başlady. Göteribem, edil işigimizde düşerdi. Enem bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Soňam atyna atlanjak bolup durşuna.
— Nesip bolsa, ertir irden ýola düşmeli. Goş-golamyňyzy taýýarlaberiň. Oňa çenli Çary aga-da gelip ýetişer — diýdi.
«Ýazlaga gidýäs» diýen sözi eşidemsoň, ertire howlugýardym. Eneme sowal üstüne sowal berlip bizar edýärdim.
— Ene, ýazlaga ozalam gidip görüpmidiň? Ol ýerde näme işlemeli? Atam hem biz bilen bile bolýarmy?
— Wah, köşegim, azajyk howlukma. Ynha, hemmesini görersiň. Men saňa haýsy birini gürrüň bereýin. Onsoňam eşidenden gören kem däldir.
Garaz, ertirki güne sabyrsyz garaşyp, gijäň bir wagtyna çenli çenli ukym tutmady...
■ GARAŞYLAN GÜN
Agşam giç ýatanymdan bolsa gerek. Bijaý berk uklapdyryn. Ir bilen oýandymmykam öýtsemem, Gün guşluga golaýlan eken. Atamyň geleninem duýmandyryn. Men muňa gaty gynandym. Hemişe öňünden çykyp ýöremsoň, özümi müýnli ýaly duýdum. Atam meniň ýagdaýyny aňan bolarly. Ol başymy sypalady-da:
— Agşam giç ýatdyňmy, köşek? — diýdi. Soňam sözüniň üstüni ýetirdi.
— Daýhangüzer biziň barjak ýerimiz. Tejen derýasynyň boýy bilen ýokarlygyna gidibermeli. Bir gapdaly otluk sähra. Beýleki gapdalyň bolsa derýanyň kenary bolansoň jeňňellik. Edil ertekidäki ýaly. Galanynam, ynha, baraňyzsoň görersiňiz. Hany, boluň, salkyn bilen ýola düşeliň.
Aradan kän wagt geçmänkä, goşa-goşadan at goşulan bäş araba ýola düşdi. Arabalaryň öňünden atam ikimiz atly ýöredik. Beýle uzak ýola meniň ilkinji gezek çykyşymdy. Şonuň üçinem maňa ähli zat täsindi. Obamyzdan onçakly uzaga saýlanmankak, birnäçe köwden geçmeli bolduk. Şonda men bu köwleriň näme üçin, nähili gazylanyny atamdan soramakçy bolup çemelendim. Onýança-da onuň özi dillenäýdi:
— Bu jarlar ol ýyl Tejen derýasy joşup, sil gelende emele geldi. Tas obany alypdy. Henizem azajyk alanda oturanymyz bähbit bolaýdy. Suw bilen oýun etmeli däldir.
Men atamyň gürrüňlerini agzymy öweldip diňleýärdim, ýetişibildigimden töweregi synlaýardym. Dogrudanam, suwuň güýji oýun eder ýaly däl eken. On-onbäş ýyl ozal gelen siliň gazan jarlary edil şu gün gazylan ýaly bolup durdy.
Ep-esli ýol ýöredik. Ine-de, öňümizden şol gadymy Tejen derýasy çykdy. Derýanyň gaty çuňlugyna seretmezden, suw onuň düýbünde çala çaýylyp akýardy. Derýanyň öňünde gurlan äpet bent edil ertekilerdäki döwrüň penjesi ýalydy. Suw olsa göýä şol penjeleriň arasyndan syrygyp akýardy. Bu bende Garrybent diýýär ekenler. Atam onuň iňňän ir döwürde gurlandygyny gürrüň berdi.
Biz derýany Garrybendiň aşak ýüzünden kesip geçdik. Ýörite guralan köpri bolmansoň, arabalary suwa düşelen daşlaryň üstünden ýöretmeli bolduk.
Garaz Daýhangüzer diýilýän ýere barynçak bir topar täsinliklere gabat geldik. Olary nebsewür synladyk. Dogrudanam, gezip ýörseň geň zatlar kän eken.
■ GÖK ÝAÝLADA
Iňrik kemsiz garalansoň, şol arzyly ýere ýetdik. Dogrudanam bu ýeri gök ýaýla diýseň, gök ýaýla eken. Biz munuň şeýledigini gözümiz bilen gördük. Giden sähra dyzdan parç bolup ýatyr. Çigildemdir gülälekler, çopantelpekler edip bolsady ekilen ýaly. Ýuwadyr elmik şeýlebir bitipdir welin, hiý goýaý.
Üsti durşuna ot bolup duran alaňyň depesinde ýazlaga gelenleriň çatmalary peýda boldy. Çatmalaryň sesýetiminde bolsa çagşyldan edilen iki sany ahyl, körpeç gurdular. Agşamara bu ýere ýene-de bir topar adam geldi. Ferma müdiri Aşyr aga olaryň hemmesini bir ýere ýygnap, ertirden işe girişmek barada görmezme berdi. Atam bilen onuň ýoldaşy Kerim aga bolsa goýunlaryny sürüp bu ýere getirdiler. Ine, şeýdip, sanlyja salymda gök ýaýla adamlaryň gaýda-gaýmalaşygyndan, owlak-guzularyň, goýundyr geçileriň mälemesinden ýaňa täsin bir görnüşe eýe boldy. Agşam düşdi. Ojaklarda ot ýakylyp, çatmalaryň işigine düşek atyldy. Ýazlagçylar bir maşgala ýaly bolup, agşam çaýynyň başyna geçdiler. Biziň çatmamyz beýlekilere görä uly bolandanmy ýa-da ortalygyndanmy, garaz, uly adamlaryň ählisi biziň çatmamyzyň işigine ýygnandyrlar. Atamyň ýanynda Aşyr aga-da, degişgen, göwni-garny ýok diýilýän Kerim çopanam, degişmegi-gülüşmegi halaýan, ýüzüne seretseň ýylgyrasyň gelip duran Ähem aga-da, garaz, bir topar adam bardy. Gürrüň iş hakda, durmuş hakda boldy. Çaý içdiler. Çörek iýdiler. Mesawy gürrüň etdiler. Sähelçe dymyşlyk bolsa Kerim aga oturyp bilmeýärdi. Derrew bir gep tapardy.
— A-how, gürläp oturyň. Şü dymyşlykdan indi gulagymyz bardyram öýdemzok. Ömür içimizi gepledip geçdik. Indiberi ertire çenli gaýrat ediň. Gulagymyzyň posuny açalyň.
— Be. Kerim jan, ýazlaga gelenleriň arasynda Annaberdi janyň ejesi hem barmyka diýdim-le saglyk bolsa, indi bir salym gulagynda pos galar öýdemok — diýip, Ähem aga loh-loh güldi. Onuň gülküsini beýlekilerem alyp göterdiler.
Aşyr aga-da gürrüňe goşuldy:
— Goýunlary ýaşlara bakdyryp, sizi bärräkde işledäýmeli bor-da, Kerim aga.
— Aý, inim, goýaweri. Biz bir köpçülige bolýan adam hem däldiris. Mydama çölde öz elimiz, öz ýakamyz bolansoň, garasöýmezem bolupdyrys.
— Aşyr, käwagt şeýdip garasöýmezlerem ýola salyp bilýänleriň bardygyna şükür etmeli-how, ýogsam bular eýgertjek däl — diýip, atam çaýly käsäni galdyrdy. Oturanlar ýene gülüşdiler.
Adamlar gijäniň bir wagty ertir nämeden başlamalydygyny maslahatlaşyp dagadylar. Alabaharyň lemmer-lemmer gara buludy tegelege pakyn Aýyň ýüzüni sypap geçip duransoň, daş töwerek gök otlaryň, ýagşyň ysy bilen kemsiz doludy. Çatmamyzyň depesindäki yşlardan asmanyň täsinliklerini synlap ýatyşyma süýji uka gidipdirin.
■ BIZ NÄME IŞLEMELI?
Säher bilen turup seretsem, çatmaň içinde bir özüm ýatyryn. Ylgap daşaryk çykdym. Görsem, ähli kişi goýun agyllarynyň ýanynda. Gaýda-gaýmalaşyk. Her kim bir iş bilen gümra. Menem haýal etmän, şol ýere ugradym. Enem öňümden çykdy.
— Turduňmy, köşek? Bar, öýe bar. Häzir saňa çaý-suw bereýin — diýdi. Men gaýtmadym. Enemiň işine kömekleşmegi makul bildim.
Goýun sagmak üçin köken taýýarlamalydy. Enem dagy şoň bilen meşguldy. Başga birki sany aýal bolsa süýt guýuljak gaplary arassalaýardy. Menem güýjümiň ýetdiginden kömekleşdim. «Äber, äkit» diýen ýaly ýumuşlardan başlap, «tut, çek» diýen ýaly çylşyrymly işlerem başarýandygymy görkezdim. Günorta çaýyna çykylanda, enem meni öwdi.
— Tüweleme, şu gün-ä, oglum, meni ýadatmadyň. Öýlänem ýeterlik iş tapyldy. Ýöne indi menem ýeke däldim. Enem bilan işleýän beýleki aýallar hem öz ýanlary bilen çagalaryny getiripdirler. Olar hem başardygyndan ejelerine goltgy bolýardylar. Iki-ýeke işi ýokuş görüp öýkeleýän hem ýok däldi. Ýöne barybir biri-birimiz bilen basdaşlyk «öýkeleklerem» ýola salýardy.
Indi bizem her gün ir bilen turup: «Bu gün näme işlemeli» diýen sowal bilen enemize ýüzlenerdik. Taýýarlyk işleri uzaga çekmedi. Basym gutardy. Ertirden başlap goýun sagmaga başlabermelidi.
Şeýle-de boldy. Goýunlary uzyn iki hatarda kökerýärdiler, onsoň enem dagy bir ýanyndan sagmaga başlady. Bizem saglan süýdi göterip, uly gaplara guýup biljek däldik, güýjümiz ýetjek däldi. Ýetäýende-de, süýt-süýtdi. Süzüp guýmaga bolsa biziň boýumyzam ýetjek däldi. Onsoň biz özümize başga güýmenje tapynmaly bolduk.
■ GUZY ÇOPANYNYŇ KÖMEKÇISI
Guzy çopany Kakabaý diýerdiler. Ol 16-17 ýaşlaryndaky daşyndan seretseň galdaw işe gaýym oglan bolaýse gerek diýdirse-de tersinedi. Mydama sürüniň yzynda galyp, uklap mallaryny tapman kösener ýörerdi. Özem enemiň urşa gidip gelmedik doganynyň uluja çagasy bolansoň, atamyň ýanynda kömekçidi. Ýazlaga gelensoň, oňa guzy bakmaga tabşyrypdyrlar.
Kakabaý agşamlaryna kän uly adamlaryň ýanyna barmazdy, köplenç biz ýaly ýa-da biziň öňümizi dolan çagalar bilendi. Erteki aýdan bolardy. Gorkuzardy. Aldardy. Soňam hezil edinip gülerdi.
Onuň ýumruk ýaly çagalar bilen deň dawagär bolup oturan wagtlary az bolmazdy. Şonda enem oňa käýinerdi.
— Kakam, şular bilen deň bolup beýdip oturmasana. Kakabaý şonda-da özüni aklajak bolup dyrjaşardy:
— Bessir eje, bulaň özünden — diýerdi. Soňam ýuwaşlyk bilen bize gözlerini alardardy. Ýumrugyny çenärdi. Bu onuň «Gowy bolmasaňyz, uraryn. Häzir boluň» diýdigidi.
Bu günem Kakabaý guzulary wagtyndan öň sürüp geldi. Şonda atam:
— Ýeri how, bi mallary gün-günden ir getirýäň-le — diýdi. Kakabaý demi-demine ýetmeýän ýaly haşlap jogap berdi.
— Çary kaka, ýüregim gysdy-da, gaýdyberdim.
Atam onuň ýüzüne garady-da, sesini çykarman, ep-esli durdy. Soňam nebsagyryjylyk bilen başyny ýaýkady. Eşidiler-eşidilmez gepledi.
— Häk, çaga ata terbiýesini almasa, diýeniň çykjak däl-ow. Atam şeý diýdi-de, goýun agylyna tarap ýöräp gitdi.
Ertesi gaty ir oýandym. Sebäbi agşam Kakabaý: «Maňa kömekçi bol! Bileje gideli» diýip kän ýalbarypdy. Atamdan sorasam bolsa, goýberjegi-goýbermejegi gümana bolansoň soramadym. Biz guzulary örä alyp ugranymyzda bolsa, atam dagy öýde ýokdy. Dogrudanam, guzy bakmak gyzyksyz hem däl ekeni. Howa az-kem gyzýança aýlandyk. Soňam derýanyň güzerine eltip ýatyrdyk.
Öýlän salkyn araberende, ýene-de guzular öräp başlady. Guzular uly goýunlar ýaly däldi. Seretseň, ýanyňda otlap ýören ýalydyr welin, bir seretseň, hersi bir tarapa bökjekleşip barýandyr.
Kakabaý meni guzy gaýtarmaga kän ylgatdy. «Ýet, sen kömekçi, geleňsoň bir aýdym aýdyp bererin» diýýä. Menem güp ynanýan. Garaz, uzakly gün guzularyň yzyndan ylgap sütünim süýndi. Has beterem tokaýyň gyrasyna ýeteňkirlän guzulary gaýtarmaga gidemde şeýle waka boldy.
On-on bäş sany guzy sürüden bölünip tokýa girip barýar. Kakabaý bu gezegem meni olary gaýtarmaga iberdi. Aralyk epesli bolansoň, men barýançam, guzular çagşyl tokaýlygyna girip gitdi. «Öňlerinden aýlanaýyn diýip, has aňyrraga geçip, guzulara tarap öwrülenimem şoldy welin, erbet hyşşylda tisginip gitdim. Seretsem, edil on ädim öňümde äpet kepjebaş söm dur. Allaniçigsi boldum. Gorkumdan ýaňa dilim aýlanmady. Ýogsam uly ilim bilen gygyrjakdym. Az salymdan özümi dürsedim. Seretsem, kepjebaş özüni aşak goýberip bir gapdala sowlup barýar. Menem guzulary yzyna gaýtardym-da gören ahwalatymy Kakabaýa gürrüň berdim. Ol göwnübir ýaly «Olar ýaly iwnuk-uşak zatlara üns bermezler. Ol meniň ýoldaşym. Özüm: «Guzulary gaýtaryp ber» diýip haýyş etdim. Züwwetdin. Çopanyň kömekçisi bolup bilýän däldir, hakyky erkek adam hemme gören zadyny ile aýdyp ýörýän däldir» diýdi.
Kakabaý näçe batyrsyrasa-da, tokaý gapdaldan bir şygyrdy eşidilse, ziňkildäp durdy. Uzak eglenmänem, guzulary sürüp, goşa tarap gaýdarman boldy. Meniň häsiýetine belet bolansoň, Kakabaý bolan wakany atam eşider öýdüp gorkýardy. Her hili tymsallar getirip, meniň geplemeli däldigimi ýatladýardy.
— Bilýäňmi näme, bir wagt seň ýaly biri şo haýwana duşupdyr. Olar bir-biriniň ýüzlerine garapdyrlar-da, hersi öz ýoly bilen gidiberipdirler. Ol adam agşam oba gelip, gören zadyny bolşundanam beter edip gürrüň beripdir. Agşam ol zat hälki adamyň ýanyna gelipdir-de, ony çakyp öldüripdir.
Men Kakabaýyň gürrüňiniň manysyna basym düşündim. Gören zadym hakda dil ýarmajakdygymy aýtdym. Ýöne gijäniň bir mahaly düýşürgäp, erbet gygyrypdyryn. Öz gykylygyma özüm oýanypdyryn. Enemem allaniçigsi bolup turupdyr. Meniň başymy sypalaşdyryp, suw içirdi. Soňam gören düýşümi sorady. Men şonda-da sesimi çykarman, ýene-de gyşardym. Irden tursak, Kakabaý guzularyny alyp, ýeke özi gidiberipdir. Ine, meniň guzy çopanynyň kömekçisi bolşum hem şeýle tamamlandy.
■ ÖÝLÄNÇI
Üç-dört gün bäri howanyň geň gylygy bar. Lemmer tutup gelen gara bulut ýagybilmän heläk bolýardy. Aýak aldygyna gök gübürdäp, ýyldyrym çakýardy. Ana, şonda: «Garry mama sanajyny kakýar. Bize kömelek oklaýar» diýşip, baý, begenerdig-ä».
Ine, birden iri-iri damjalar ýere ilki selçeňräk, soňra kem-kemden gür düşüp ugrady. Bir salymdan bolsa, edil bedreden dökülýän ýaly, ýagyp başlady. Enem: «Çatmanyň içindäki ýorgan-düşekler öl bolaýmasyn» diýip, uly tataryny alyp, çatmanyň ýele ýüzüne ýapdy. Güýçli gelip özüni gaty tatarynyň ýüzüne urýan ýagyş şeýle bir patyrdap ses edýär welin, edil gyzan gazanda patrak gowrulýan ýalydy. Çatmamyzyň ekişlerine çenli suw boldy. Hatda oýtagrak ýerlerinde içine-de girip başlady. Meniň kiçijik pilim bilen suwuň öňüne ýetişibildiginden gum üýşürýän enem käýinýärdi.
— Äl, gurbany boldugym, edil bujagy çözülene döndi gyz. Soňam maňa ýüzlendi:
— Seret, oglum, Ýagşy daýyňlar daşarda görünýämi? Çatmalarynyň üstüne bir zat atypdyrlarmy? Ýagşa gezek gelse-hä, öýdenem çykasy ýok-la. Ýene Ýazdursun daýzaň bir zat edäýmese. Wah, onuňam elinde suw ýaly çagasy bardyr. Diňle, oglum, Geldimyratjyk aglaýan bolaýmasyn.
Men daşarda hiç kimiň görünmeýändigini, ses eşidilmeýändigini aýtdym. Enem şonda-da: «Wah, olar nädýäkä» diýip, Ogulsona enemleriň, Kerim agalaryň aladasyny edýärdi. Men bolsam atamyň ýoluna seredýärdim. Enem meniň alada edýänimi aňan bolarly. Ol:
— Ataň bular ýaly ýagny şu gün görmeli däldir-le. Ynha, iş biz ýalyda bar — diýdi, çatmanyň işiginden ýokaryk seredip biraz ynjaldym.
— Ana, jan oglum, bulut bölündi. Ynha, haý diýmän ýagyş goýar.
Enemiň aýdyşy ýaly boldy. Ýagyş goýdy. Gün çykdy. Meýdan şeýle owadan görnüşe girdi. Otlaryň ýüzi ýuwuldy. Adamlar çatmalardan ýeke-ýeke çykyşyp başladylar. Çagalaryň sesleri guşlaryň jürk-jürküne garylyp eşidilip başlady.
Ýagyş goýaryna mähetdel enem menem ýanyna alyp, ýazlagçylaryň çatmalaryna ýeke-ýeke aýlandy. Hal-ahwal sorady. Soňam öz çatmamyza gelip, käbir ezilen düşekleri çatmaň güneş tarapyna serişdirdi.
Enem bu günem şol bir gowy görýän nakylyny ýene-de bir gezek gaýtalady. «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn». Ine, şu nakylyň hakyky manysyna öýlänçi gelen güni ýene-de bir gezek göz ýetirdim.
■ ÝIGRENJI ADAM
Ýazlaga gelenimize indi bir hepdä golaý wagt geçensoň, biziňem örimiz az-kem giňäpdi. Indi gyzyklanmaga, oýlanmaga wagt ýetenokdy. Eneme kömek etmäge döwtalapdym. Ýöne enem: «Nä görgiň, jan ogul, oýnaber» diýerdi. Atamyň işi has kändi. Bile gideýin diýsem: «Horlanyp ýörme, bärde-de saňa güýmenmäge zat tapylar» diýýärdi. Ýene ozalkym ýaly guzy çopanyna kömekçi bolaýaýyn diýsem, Kakabaý yzyna düşenimi halanok. Garaz, islesem-islemesem özüm ýalylar bilen oýnamaly boldum. Ynha, indem öwrenişdim.
Bir gün menden uly agam Ahmet gapdalymyzdan gaty-gaty ýöräp barýan birini görkezdi-de:
— Seret, hol adam iň ýigrenji adam-da — diýdi. Men geň galdym. Agam maňa: «Adamlary gowy görmeli, sylamaly. Diýenini etmeli» diýýädi ahyry. Bu adam näme üçin ýigrenjikä? Men Ahmediň ýüzüne seretdim. Ol meniň ynanmaýanymy bildi-de:
— Subut ederin, jigim — diýdi.
Ahmet meni, Ogulsona enemiň agtygy Kakajany alyp, ýigrenji adamy görmezmegiň kül-külüne düşdi. Çatmamyzdan sesýetim gapdalda guralan agyllaryň biriniň arka ýüzüne golaýladyk. Eglibräk baryp, uly çoganyň düýbünde oturdyk. Az salymdan soň bu ýerde hereket başlandy. Hälki adamyň kellesi ýelýyrtan ýaglyk bilen daňylgydy. Egninde-de ala maýkasy bardy. Ol ullakan pyçagyň üç tarapyny daşa çalyp durdy. Onýança-da agyldan her eline iki sany guzy alyp gelen adam pyçak çalyp durana «Başlaber» diýip baş atdy. Ol göwresine gelişmeýän hereket bilen guzularyň biriniň burnundan tutup ýokaryk galdyrdy. Soňam elindäki ýiti pyçagyň ujuny naşyja janaweriň bokurdagyndan geçirip, entek jany çykmanka-da, bir gapdala oklap goýberdi. Ol bu hereketini ýetişibildiginden gaýtalaýardy. Bu ýeri guzujyklaryň sesinden ýaňa dyrar ýaly däldi. Şeýle bir ýürek dilijidi. Men durup bilmän zörledip goýberdim. Özümem ýetişip bildigimden «ýigrenji adama» zyňar ýaly zat gözleýärdim. Emma çoganyň ýele ýüzündäki ýatan çäge böleginden başga elime ilen zat bolmady. Men ol çäge bölegini aýlap zyňyp goýberdim. O-da nyşana ýetmän, bäri ýanynda ýere degip, pytrap gitdi.
Bize üns beren bolmady. Diňe Ahmet biziň elimizden tutup gidip barşyna:
— Aýtdym-a men «ýigrenji adam» diýip, zol-zol gaýtalaýardy.
■ DÖWLI TAM
Ýazlaga gelen ýerimiziň garagörnüm gapdalynda düz meýdanda bir tam bardy. Sorasagam: «Aý, ol weýennileriň tamydyr» diýip gysgajyk jogap bererdiler. Jaýyň töweregi takyr hem bolsa, sähelçe beýleräk süýşseň, aňňat-aňňat gum depeleri başlanýardy. Ol depeleriň üstem çerkezdir çetiden doludy.
Soňky günlerde biz bu jaýyň gapdalynda oýnardyk. Okdan boşan ululy-kiçili peşeňjagazlar çöplärdik. Has gyzykly zadam bu ýerde «Tejenstroý» diýlen ýere süýt tabşyrmaga giden araba garaşardyk. Arabakeş Myrat aga şol ýerden tä çatma gelýänçä, bizi arabasyna mündürip gaýtsa, onuň ýoldaşy Baýramgeldi kä gün peýnir, kä günem ýumşajyk ak bulka getirip bererdi.
Ine, bir günem öňki endigimize görä şol ýerde bir topar bolup oýnap ýördük.
Birden beýle gapdalymyzdan endam jany ak-gara tüý bolup duran bir zat aýylganç gygyryp, emedekläp, aňyrlygyna tarap çäge baryny tozadyp geçip gitdi. Gorkymyzdan ýaňa saňňyldaşyp, esli salym durduk. Indi o zadyň özi görnenokdy-da, aýylganç sesi gulagymyza eşidilip duran ýalydy. Biz az-kem özümizi dürsänimizden soň, yzymyzy garaman gaçdyk.
Şol günüň özünde «Woýennileriň tamynyň ýanynda döw barmyş» diýen habar ýaýrady. Biz indi o ýerde oýnamamyzam, süýt geçirip gelýänlere garaşmamyzam goýduk. Muňa birki gün-ä üns berenem bolmady. Ahyry üçülenji gün süýt tabşyrýançy Baýramgeldi meni ýanyna çagyrdy-da, geň galyjylyk bilen sowal berdi:
— Näme, jigim, bu günler biziň öňümizden çykmaýarsyňyz. Ýa-da Myrat aga ikimizden göwnüňiz galdymy?
Men bolan wakany dolulygyna gürrüň berdim. Ol haýran galyp diňledi. Soňundanam:
— Bu ýerde bir syr-a bar. Ony hökman açmak gerek — diýdi.
■ SYR AÇYLÝAR
Men Baýramgeldiniň sözlerini deň-duşlaryma, Ahmede aýtdym, Ahmet: «Dogrudan hem, geliň, şu syry açalyň. Eger biz şeýtmesek, onda juda gorkak boldugymyz» diýdi. Soňam nähili hereket etmelidigimizi maslahatlaşyp «ertire çenli» diýip dagaşdyk.
Ertesi ir bilen şol döwüň görnen ýerine golaý bardyk. Güýjümiziň ýetdiginden çerkeziň püründen özümize bukular ýaly ýer ýasandyk. Iýmäge çöregimiz, içmäge bolsa suwumyz bar. Dört sany bolup herimiz bir tarapa seredip ýatyrys. Özümizem gyrkylykdyr pyçak, taýakdyr şaldyr bilen «ýaraglanan». Käbirimiz «Aý, şo döw indi görnäýse eýderin, beýderin diýip, öwünsek, başga birlerimiz çyn döwmükän-aý» diýip, henizem howsala düşüp otyrdyk.
Ertirki gelşimize gün günorta boldy. Öýläne saýdy. Ine, birden gaýralygyna seredip ýatan Kakajan:
— Gelýä — diýip, ýürek ýargynç seslendi. Gorkymyza tas turup gaçypdyk. Hernä Ahmet biziň kellämizden basyşdyryp saklaýdy. Biz ýuwaş-ýuwaş özümizi ele aldyk. Şonda-da gözlerimizi gorkuly tegeläp, şo tarapa seretmäge mejbur bolduk.
Dogrudanam, hol beýikden biziň şol gören döwümiz bukdaklap barýardy. Arkasynda-da içi zatly halta bardy. Ol şol tozan turzan ýerine gelip, ýene-de ýer köwdi. Haltany köwen ýerine taşlabam, üstüne gum sürdi. Soňam tüýüni galgadyp, gelen ýoly bilen yzyna gitdi. Biz ol gözden ýitýänçä garaşdyk. «Döw» çatmalygyň ýeňsesine aýlandym welin, dördimiz dört ýerden 1döwüň» gazan çukuryny gazyp içindäki haltany çykardyk. Haltada on sany gözüňi gamaşdyryp barýan çal bagana bilen bölejik hat bar eken. Haty haýdan-haý Ahmet aldy. Onuň mazmuny şeýledi:
«Şef, nähili ýagdaýlar? Ozalky sowgatlarymy aldyňmy? Indi 20+10=30 bolandyr. Geljek ýekşenbe güni sagat 10-da Tejeniň demir ýol wokzalynda garaş. M.K.»
Biz hatam, haltanam ozalky ýerinde goýup, howlukman çatma gaýtdyk. Gören-eşiden zatlarymyzy Aşyr aga aýtdyk. Ol bize: «Eger-de siz döwüň kimdigini, onuň ülpetlerini biljek bolsaňyz, sesiňizi-üýnüňizi çykarmaň. Bilmedik boluň. Ýekşenbä çenli tagapyl ediň. Şeýtmesek, mesele çig bolar» diýdi.
Ýekşenbe güni Aşyr aga şähere gaýtdy. Ertesi gün guşluk çaglary hem gaýdyp geldi. Ähli ýazlagçylary ýygnap, biziň öwgimizi ýetirdi.
— Ine, adamlar, biziň körpelerimiz gaty uly iş bitirdiler. Kolhozyň gymmat bahaly 30 sany baganasyny ogurlanlaryň ele salynmagyna kömek etdiler. Men kolhoz prawleniýesiniň adyndan bularyň hersini bir guzy bilen sylaglaýaryn.
Adamlar bize haýran galyjylyk bilen seredýärdiler. Olar: «Bä, bujagazlaryň dillerine bekdiklerini-aý. Bir hepdeläp dil ýarman gezäýipdirler» diýşip, biri-birleri bilen özara gepleşýärdiler. Biz bolsak entek Aşyr agadan esasy zady eşitmäge howlugýardyk. Ol biziň islegimizi bilen ýaly, ýene söze başlady:
— Döw bolan bolup, köne possuny çöwre geýip, şujagaz çagalary gorkuzan, has beteri hem, kolhozyň zadyna el garan biziň öz içimizden eken.
Ol biziň guzy soýýanymyz Mälik bolup çykdy. Ondan häzir eden etmişi üçin degişli jogap soraýarlar.
Gapdalymda duran Ahmet saklanyp bilmän: «Aýtdym-a men, ýigrenji adam diýip» diýdi-de, şo-ol günki sözlerini ýene-de gaýtalady.
■ YNAM
Ýazlagda bolup geçen wakalar bizi ululara has ýakymlaşdyrdy. Ozallar biz ata-enelerimiziň işine päsgel berýärmikäk öýdüp ýaýdanan bolsak, indi birneme arkaýynlaşypdyk. Özümiziň umumy işe dahyllydygymyzy bilmek biziň yhlasymyzy has-da artdyrdy.
— Aşyr aga-da, beýlekilerem indi bize edil uly adamlara ýumuş tabşyryşlary ýaly, «Eýdiň, beýdiň» diýip görkezme berýärdiler. Indi biz goýun kökermänem, ösürime goýberlen guzularyň gulagyna jäjek dakmanam, süýt süzmänem biri-birimizden oňat etmäge çalyşýardyk. Günler bolsa ozalkylardanam gyzykly geçýärdi.
Hawa, biz entek çaga-da bolsak, ynam diýlen zadyň uly zatdygyna göz ýetirdik.
Nowruz GURBANYRADOW.
Powestler