22:07 Ogluma ýazan hatlarym / 22-nji hat | |
22. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Sen meni tutuş-tutuş traktatlar ýazmaga mejbur edýärsiň. Ilki dostlukdyr söýgi hakynda, soň zenan näzikligi hakynda ýazdym, indem sen gözellik barada atalyk sözümi aýtmagymy haýyş edýärsiň. Ýeri, bolýar-da, men aýdaýyn, ýöne meniň aýdanlarym, goý, seniň aňyňda ömürlik galsyn. Adam adam bolaly bäri, onuň agşam şapagynyň gözelligine aňk bolup galan pursatyndan bäri, ol öz-özüni synlap başlaýar. Gözellik – munuň özi aňyrbaşy ynsanyýetçilikli zatdyr. Ol biziň durmuşymyzyň şatlygydyr. Adamyň Adam bolmagynyň sebäbi ol göm-gök asmanyň düýbüni, ýyldyzlaryň ýylpyldaýyşlaryny, agşam şapagynyň elwan öwüşgini, şemally günüň öň ýanyndaky gyzaryp gün ýaşmasyny, gözýetimiň ýokarsyndaky salgymyň tolkun atyşyny, çölüň uçsuz-gyraksyz alyslaryny, mart garynyň üýşmeklerindäki gök çylgymlary, mawy asmandaky durna sürüsini, säher çagynyň sansyz-sajaksyz damjalaryndaky gün şöhlesini, ümürli-dumanly güýz gününiň ýagyşynyň çal sapajyklaryny, siren agaçjygyndaky melewşe bulutjagazy, podsnežnigiň näzijek baldagy bilen mawy ýaprajyklaryny görüpdi, görüpdem, aňk bolup täze gözellik döretmek bilen, ýoluna rowana bolupdy. Gözelligiň öňünde sen hem aňk bolup aýak çek, seniň kalbyňda-da asyllylyk gül açsyn. Adamyň öňünde durmuş şatlygynyň açylmagynyň sebäbi ol ýapraklaryň pyşyrdysyny we çekirtgäniň aýdymyny, bahar çeşmesiniň şildirdisi bilen kümüşleç ýapraklaryň öwşün atyşyny, jöwzaly tomus asmanyndaky torgaýyň jürrüldisini, äpişgäniň aňyrsyndaky garjagazyň şygyrdysy bilen syrgynyň şuwwuldysyny, tolkunyň mylaýym çygşyldysy bilen gijäniň dabaraly ümsümligini gulagy bilen eşidipdi–eşidipdim, durmuşyň ajaýyp sazyny ýüzlerçe, müňlerçe ýyllap demini alman diýen ýaly diňläp gelipdi. Bu sazy diňlemäni sen hem öwren. Gözelligiň gadyryny bil, ony aýap sakla. Aňrybaş gözellik adamdyr, ynsan gözelliginiň, çür başy bolsa zenan gözelligidir. Beýik şahyrlar – Gomer, Dante, Şekspir, Gýote, Puşkin, Şewçenko, Miskewiç dagy özleriniň zenan gözelligine bolan täsin galyjylykly garaýyşlaryny ölmez-ýitmez çeperçilik obrazlarynda beýan edipdirler. Dogumly aýallaryň, öz aşyk bolan zenanlarynyň olar tarapyndan asyllylyk bilen wasp edilen gözelligi köp-köp nesil üçin söýgi duýgusynyň ahlaklylygynyň ölçegi boldy. Zenan gözelligi jyns instinkti tarapyndan dörän zat däldir, ol jyns isleglerinden aýrylmaz bir zat hem däldir. Belinskiniň sözlerini ýazuw depderçä-ňe ýazyp al-da, olary ýadyňda sakla: «Ynha, ajap, ýaş gelin, onuň ýüz keşbinden siz hiç hili kesgitli many alyp bileňzok –ol duýgynyň, kalbyň, mähremligiň, söýginiň, gaýduwsyzlygyň, pikirleriň we niýetleriň çuň manylylygynyň alamaty däldir... Ol diňe owadandyr, ýakymlydyr, durmuş nury çaýylandyr – başga hiç zat däldir, siziň ol aýala göwnüňiz giden däldir, oňa söýdürmäge-de meýliňiz ýokdur, siz onuň hereketleriniň näzikligine, onuň özüni alyp barşynyň owadanlygyna arkaýyn syn edip duransyňyz – ýöne şol wagtyň özünde-de, ony görüp, siziň ýüregiňiz has janly urýandyr we bagtyň ýakymly duýgusy bada-bat süňňüňize ornap gidendir». Biziň gözellik idealy baradaky pikirimiz adamyň daşky owadanlygynda öz beýanyny tapandyr. Daşky owadanlyk – munuň özi diňe bir göwräniň ähli elementleriniň antropologiki kämilligi, saglygy däldir. Munuň özi içki nuranalykdyr – oý-pikirleriň we duýgularyň baý dünýäsidir, ahlak mertebeliligidir, adamlara we öz-özüňe hormat goýmaklykdyr. Ruhy dünýäniň merkezi, pikiriň aýnasy, duýgularyň jarçysy adam gözüdir. Adamyň ahlak ösüşi we umumy derejesi näçe ýokary boldugyça onuň içki ruhy dünýäsi daş keşbinde şonça güýçli duýulýar. Gegeliň aýdyşy ýaly, ruhuň beýle yşyklanmasy häzirki zaman adamy tarapyndan barha köp ýüze çykarylýar, duşunilýär we duýulýar. Içki gözellik daşky keşpde öz beýanyny tapýar Adamyň öz daşky sypatyna ýa akylly-başly adamlaryň gözellik baradaky düşünjelerine düýpden mahsus bolmadyk zatlary ýa-da ynsan mertebesini kemsidýän zatlary goşjak bolup jan etmesi hem kemakyllylygyň nyşanydyr. Içki we daşky gözelligiň bitewiligi – adamyň ahlak mertebesiniň estetiki ýüze çykmasydyr. Adamyň owadan bolmaga, owadan bolup görünmäge çalyşmagynda hiç hili aýyp zat ýokdur. Ýöne göwnüme bolmasa (a sen nähili pikir edýärsiň?), bu isleg üçin moral hukugyň bolmagy gerekdir. Bu islegiň ahlaklylyk tarapy şol owadanlygyň adamyň döredijilik, işjeň tarapyny nähili derejede beýan edýändigi bilen kesgitlenýändir. Adam söýýän işi bilen meşgulka, şol işe hem öz häsiýeti boýunça ondaky şahsa mahsus nämedir bir gowy zady nygtanyňda adam owadanlygy has- da aýdyň ýüze çykýar. Şonda onuň daş keşbine nur çaýylan ýaly bolýar. Döredijilik barada oýlanýan gyzda-da gözellik işsizlikden ýaňa sütüni süýnen gyza garanyňda has aýdyň, has çuň duýdurýar. Işsizlik owadanlygyň duşmanydyr, muny bilip goýgun, oglum. Zähmet adamy –öz şturwalynyň başynda oturan kombaýnçy, traktorçy, lýotçik, söýgüli agajynyň ýanynda duran bagban owadandyr. Paýhas heýjana gelip, oňa döredijilik nury çaýylanynda, içki ruhy gözellik alymyň, akyldaryň, şahyryň, oýlap tapyjynyň ýüzüni ýagtyldýandyr. Eger seniň owadan bolasyň gelýän bolsa, janaýaman işle, özüňi söýýän işiňde dörediji, ussat, hojaýyn ýaly duýýançaň işle. Gözleriň beýik ynsan bagty – döredijilik bagty bilen uçgunlaýança işle. Gözellik–ylham hemrasydyr. O.Gonçaryň «Günebakarlar» diýen ajap nowellasy bar. Onda günebakardan ýokary hasyl almagyň ussady bolan gyzyň býustuny çekmeklik tabşyrylan skulptor barada gürrüň berilýär. Gyzyň bisyratlygy ussady lapykeç edýär, ol ony birjikde ruhlandyranok. Şonuň üçinem skulptor býusti çekmekden boýun gaçyrýar. Stansiýa gelýärkä ýolda ol gülläp oturan günebakarlygyň duşundan geçmeli bolýar. Ol bu ýerde öz gahrymanyny görýär, gyz işläp ýören ekeni. Indi onuň ýüzi hudožnige düýpden başgaça görnüpdir. Gyzyň ýüzi zähmetiň gözelligi baradaky duýgudan nurlanyp, içki gözelligi daşyna çykyp durupdyr. «Ol owadan!» diýip, hudožnik seslenipdir we öz ýanyndan eýýäm gyzyň ýüz keşbiniň suratyny çekipdir. Daşky gözelligiň içki, ahlak çeşmeleri bar. Söýgüli döredijilik adamy owadan edýär, ýüz keşbi özgerdýär – ony nepis hem manyly edýär. Gözelligi, adatça «döredijilik ejiri» diýilýän howsaladyr alada hem döredýär. Betbagtçylygyň ýüzde aýrylmaz gasyn galdyryşy ýaly, döredijilik aladalary hem iň inçe, iň nepis skulptor kimin, ýüzi owadanlaşdyrýar. Tersine, içki köweklik daşky sypata kütek parhsyzlyk bilen manysyzlyk keşbini berýär. Eger içki ruhy baýlyk ynsan gözelligini döredýän bolsa, bikärlik, onda-da ahlaksyz hereket, şol gözelligiň bagtyny ýatyrýar. Uly kollektiwdäki birentek ýaş ýigitlere sataşýarsyň welin, olaryň arasynda ýatda galýan, syratly ýüzler bilen birlikde özlerine birjik-de üns çekmeýän ýüzlere duşýarsyň – olar görünse-de, ýatda galmaýar. Ruhy boşluk adamyň daş keşbini bisyrat görkezýär. Ahlaksyz iş adamy bozuk edýär. Aldamak, ikiýüzlülik etmek, boş ýaňramak endigi soňabaka elek-çelekli garaýşy döredýär, adam başga kişileriň ýüzüne seretmekden gaça durýar, onuň gözlerinden many almak kyn, ol ony gizleýär. Ýaranjaňlyk, ýaýaplamaklyk diňe bir ýüz keşbe ýalynjaňlyk sypatyny bermän, eýsem bütin göwrede hem yz galdyrýar. Ýaranjaňa, ýalynjaňa duşanyňda, meniň göwnüme bolmasa, ol başlygyň pikirini biljek bolup, diňe gulagy bilen däl, eýsem bütin göwresi bilen – elleri, aýaklary, hatda islän pursadyň ýalynjaňlyk sadyklygy ýa-da ötünç soramak maksady bilen epilmäge taýýar bolan bili bilen hem diňleýän ýaly. Adamy ýalynjanlyk ýaly wejera edýän zat ýok, adam näme edip, näme goýup ýörenini bilenok, ol edil iki çigniniň etini iýäýjek bolýar. Göriplik, egoizm, betgümanlyk, «meniň gadyrymy bilmezler» diýip ýaýdanmaklyk – bu duýgularyň bary durabara ýüz keşbiňi küteldip, oňa tutuklyk, adamsöýmezlik sypatyny berýär. Öz-özüňe erk etmek, öz mertebäňi bilmek – munuň özi hakyky ynsan gözelliginiň gyrmyzy ganydyr. Ynsan gözelliginiň idealy – munuň özi ahlak idealydyr hem. Fiziki ahlak, estetiki kämilligiň bitewiligi – munuň özi gürrüňi köp edilýän sazlaşygyň hut özüdir. Adamy we ynsanyň iň asylly duýgularynyň biri bolan söýgini gözelleşdirmezden, durmuşymyzy gözelleşdirip bolmaz. Umumy ynsan gözelliginiň çür depesine diňe jemgyýetimiziň millionlarça çleniniň her biriniň, obrazly aýdanyňda içki gözelligi bilen lowurdaýan halatynda ýetip bolar. Her kim, M.Gorkiniň sözleri bilen aýtsak, biri-birlerine edil ýyldyzlar ýaly nur saçarlar. Men kommunizm döwründe ähli adamlaryň gözel boljakdygyna ynanýaryn. Başgaça bolubam bilmez, sebäbi içki we daşky gözellik bile güllärler. Sen öz ruhy gözelligiňi döredijisiň. Töweregiňde ýaşaýan adamlaryň gözelligi seniň özüňe baglydyr. Saňa Griniň «Saýlanan eserlerini» iberýärin. Bu kitaby diňe paýhasyň bilen däl, eýsem ýüregiň bilen hem okap çykmaly. Diňe setirleriň özlerini däl, olaryň arasynda aýdylýan zatlary hem okap çykmaly. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |