18:20 Hakyky adamy nähili terbiýelemeli? | |
HAKYKY ADAMY NÄHILI TERBIÝELEMELI?
Pedagogika we edep-terbiýe
SOSIALISTIK WATANA SÖÝGI, ÝOKARY IDEÝALYLYK WE GRAŽDANLYK 1. Sen adam bolup doguldyň: emma entek Adam bolmak gerek. Hakyky adam özüni ynançlarynda we duýgularynda, erk-isleginde we ymtylyşlarynda, adamlara we öz-özüne bolan gatnaşyklarynda, söýmegi we ýigrenmegi, kommunistik idealy görmegi we onuň üçin göreşmegi başaryş aýratynlyklarynda tanadýar. Adam diýlen zat ruhy güýçdür. Men bu hakykatda bütin etiki terbiýäniň özenini görýärin. Men terbiýäniň terbiýelenýän her bir çagada adam guwanjyny – kommunistik ideal ugrunda göreşijiniň asylly hem-de edermen ruhuny, rewolýusioneriň, döredijiniň, akyldaryň ruhuny döretmegi ugrunda çalyşýaryn. Ahlak edermenligi hökmünde ruhy güýç biziň WATANYMYZYŇ, halkymyzyň ahlak mukaddes zatlardygyna bolan ynamdan başlanýar. Hiç zada ynanmaýan adam ruhy taýdan güýçli hem, ahlak taýdan päk hem, edermen hem bolup bilmez. Şol mukaddes zatlara bolan ynam ýaşajyk adama aýratyn gymmatly ruhy sypatlary: jemgyýetçilik durmuşynyň giň dünýäsini görmegi hem-de duýmagy, şol dünýäde ýaşamaga ymtylmagy berýär. Biziň ideologiýamyzyň mukaddesdigine ynanýan adam söýginiň we ýigrenjiň uly paýyna eýedir. Men ýaş leninçiler guramasyna gelip goşulýan çagalaryň her bir nesline mekdebimizde terbiýe alan – faşistik okkupasiýanyň ýyllarynda wepat bolan on ýaşly oglan Ýura hakynda gürrüň berýärin. Nemesler oba gelenlerinde, Ýura ejesi bilen ýeke galypdy. Kakasy bilen agasy Gyzyl Goşunyň hatarlaryna gidipdiler. Nemesler ejesi bilen ogluna kiçijik otagjagaza geçmegi buýurýarlar, uly otagda bolsa faşist ofiseri ýerleşipdir. Ýura otagdan howla çykanda, ofiser armyt agajynyň saýasynda kofe içip otyr eken. — Seniň adyň näme, oglanjyk? – diýip, ol Ýuradan sorapdyr. — Ýurko. — Sen pionermi? — Pioner. — Onda seniň galstugyň nirede? — Sandykda. — Näme üçin ol sandykda? Näme uçin sen ony dakynmaýarsyň? — Sebäbi faşistler barka galstuk dakynmak bolmaýar. Ony özümiziňkiler gelýänçäler aýap saklamaly... Ofiseriň ýüzi ak tam bolupdyr. Onuň elleri sandyrap başlapdyr. Emma ol özüne basalyk edip, özüni syýasata parhsyz garaýan sada soldat hökmünde görkezjek bolmagyny dowam etdiripdir. Ol: — Al, kemput iý– diýipdir. — Kempudyňyzy alyp biljek däl... — Näme üçin? — Sebäbi sizi, faşistleri ýigrenýärin. Ofiser gözlerini tegeläp, oglanjyga seredipdir. Ol kofeli käsesini stoljugyň üstünde goýupdyr-da, ýerinden turupdyr. — Ýurko, eger men saňa öz sapançamy beräýsem näme edersiň? — Oklumy? — Hawa, okly. — Sizi öldürerdim. Ofiser sandyraýan eli bilen sapançasyny gabyndan çykarypdyr-da, oglanyň ýüreginden atypdyr. Bu waka hakynda, edil rowaýat ýaly edip, baryp indi otuz ýyla golaý wagt bäri gürrüň berýärler. Özem hiç kim hiç wagt: wah, oglan lal bolup otursaň bolmaýarmy, näme üçin öz-özüň faşistik gülläniň öňünde kükregiňi açdyň? diýmedi. Ýuranyň ölümi hakyndaky hekaýaty eşiden her bir adamyň ýüreginiň urgusy has güýçlenýär, ol has bilesigeliji bolýar, onuň gözleri has-da ýitelýär. Meniň pikirimçe, adamyň çagalykdan ahlak gymmatlyklara gaplanan – biziň ideologiýamyzyň, biziň Watanymyzyň, biziň taryhymyzyň, biziň halkymyzyň mukaddesligine gaplanan ruhy durmuşynyň bolmagy örän möhümdir. Ýaşajyk graždanyň ruhy durmuşynyň düýp manysy adam gözelligine we ideýalaryň gözelligine haýran galmakdan, guwanmakdan, olardan ruhlanmakdan hem-de hakyky watançy, hakyky göreşiji bolmaga çalyşmakdan, teşnelikden ybarat bolmalydyr. Ahlak gymmatlyklaryň dünýäsinde ýaşaýan adam ýaşlyk ýyllaryndan başlap özüni Watanyň ogly diýip duýýar. 1. Seniň dünýäde ilkinji sosialistik döwletiň azat graždany bolup doglanyň üçin; seniň adamyň belent bagtyna – azat zähmet çekmek bagtyna eýedigiň üçin; seniň öňüňde ruhy durmuşyň baýlyklarynyň hem-de ruhy taýdan ösmegiň, kämilleşmegiň ýollarynyň açykdygy üçin; bir döwüm çörek, egin-eşik we üstüňde öýüň bolmagy hakyndaky aladanyň ikinji plana geçendigi hem-de birinji orny intellekt we duýgular, döredijilik we gözellik, kitap we saz hakyndaky aladalara berendigi üçin, – sen Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyna borçlusyň. Rewolýusiýa seniň Watanyny daşary ýurt gulçulygynyň howpundan halas etdi; rewolýusiýa seniň halkysy, seniň ata-babalaryňy, seni we seniň nesilleriňi gedaýçylykdan, hor-homsy ýaşamakdan, ruhy garyplykdan we nadanlykdan halas etdi; rewolýusiýa seniň Watanyňy bütin adamzadyň öňünde şöhratyň hem-de abraýyň çür başyna çykardy. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň göreşip gazananlarynyň gadyryny bil. Kommunistik partiýanyň ideýalarynyň we prinsipleriniň gadyryny bil. Ol seniň Watanyňy şan-şöhratyň we bagtyň belentligine getirdi. Biziň beýik rewolýusiýamyzyň we Kommunistik partiýamyzyň idealaryna, prinsiplerine, kanunlaryna, däplerine wepaly bol. Rewolýusioner we kommunist bol – munuň özi seniň üstüňe Watanyň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçiligi ýüklemek bilen çäklenmän, eýsem seniň durmuşyňy çuňňur many bilen hem doldurýar. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň we Kommunistik partiýanyň ideýalaryna wepalylygy terbiýelemek bilen, men sosializm dünýäsini kapitalizm dünýäsinden bölýän nähili uçut gaýanyň bardygyna ýaşajyk graždanyň eýýäm çagalyk ýyllarynda akyl ýetirmegi we ony ýüregine ornaşdyrmagy barada çalyşýaryn. Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň özlerini nähili howpdan halas edendigi çagalara düşnükli bolup galýar. Çagalar näçe ulaldyklaryça: kapitalizmiň–munuň özüniň adamyny hormatdan gaçyrmakdygy; millionerleriň we milliarderleriň girdejileriniň hatyrasyna adam ganynyň dökülýändigi, elhenç jenaýatçylyklaryň amala aşyrylýandygy; baýamak, ýolujylyk ruhunyň maşgala hem aralaşýandygy, adamlaryň gatnaşyklaryny zäherleýändigi baradaky pikir olaryň aňyna şonça hem çuňňur ornaşýar. Adam ruhuny gul etmegiň, pikiri, talanty, zähmeti kapitalyň bähbitlerine tabyn etmegiň kapitalistik dünýäniň iň bir elhenç betbagtçylygydygy baradaky hakykaty azat sowet graždanlarynyň anyna hem-de ýüregine ornaşdyrmak örän möhüm diýip men hasap edýärin. Bir adam özüni başga adama, tükeniksiz baýlygyň eýesi bolan adama satýar. Öz pikirini, öz talantyny we zähmetini satan adam bagtly dörediji bolup bilmez; gurluşyň özi, rehimsiz jemgyýetiň düzgün-tertipleri tarapyndan ol dilsiz-agyzsyz guluň, lal açan hyzmatkäriň atsyz-tozsyz ýok bolup gitmek üçin dörän bir dereksiz tozanjygyň ýagdaýyna çenli pese düşürilýär. Ýigriminji asyryň gulunyň özüniň öýjagazy we özüniň awtomaşyny bolup biler, ol iýmit we egin-eşik barasynda mätäçlik hem çekmez, hatda bankda özüniň hasabyna belli bir mukdarda pul hem goýup biler, emma ol kapitalyň gozgyny guly bolmagynda galýar, ýeňil eklenjiň hudaýyna hyzmat edýär, onuň talanty önümçiligi işçilerden güýji has köp gysyp çykarmak üçin, işsizleriň täze otrýadyny köçä zyňmak ýa-da millionlarça adamlary gyrmak üçin ýarag ýasamak üçin, tutuş halklary zäherlemek üçin kämilleşdirýär. Men sowet mekdep okuwçylaryna etiki terbiýe bermekde örän çynlakaý bir ýalňyşlygyň bardygyna çuňňur ynanýaryn: biz öz terbiýeleýänlerimize bagt hakynda – tutuş sowet halkynyň bagty hakynda, her bir maşgalanyň bagty hakynda, biziň sosialistik gurluşymyzyň her bir adamyň öňünde açýan hakykatdan-da edil ertekilerdäki ýaly mümkinçilikleri hakynda pikir etmegi az öwredýäris. Terbiýe bermegiň parasatlylygy we ussatlygy, sungaty we "tehnologiýasy"- häzir, ozaly bilen, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň bagt hakynda pikir etmeklerinden hem-de onuň gadyryny bilmeklerinden ybaratdyr. Dünýägaraýyşlary, garaýyşlary, ynançlary terbiýelemekde biziň terbiýeleýänimiziň ruhy, intellektual durmuşynyň gönükdirilenligi aýratyn möhüm rol oýnaýar. Men öz terbiýeleýänlerimiň düşünjesini biziň halkymyzyň azat zähmet çekmek bagtyna nähili ýollar bilen gelendigi hakyndaky pikirleriň maýdaja dänejikleri, damjajyklary bilen baýlaşdyrýaryn. Bu hakda çagalar elmydama, üznüksiz pikir etmelidirler, biziň sosialistik durmuşymyzyň barha täze we täze taraplaryny açmalydyrlar, öz-özüňi terbiýelemäge bolan ilkinji meýiller hem şundan bat almalydyr. 3. Sen elmydama şol bir çagalygyňda durmarsyň bu hakykatyň manysyna çuňňur akyl ýetirmegi başar. Biz dünýä inýäris we uly adamlar bolanymyzdan soňra ýerde öz yzymyzy galdyrmak, ömrümizi hakyky adamlar bolup ýaşap geçirmek üçin ilkibaşda körpeje çagalar bolýarys. Gurçuk hem ýaşaýar, towuk hem ýaşaýar, öküz hem ýaşaýar, emma olaryň durmuşy gurçuk hininiň, towuk keteginiň we öküz ýatagynyň kosmos korablynyň kabinasyndan daş bolşy ýaly, edil şonuň ýaly, adam durmuşyndan hem daşdyr. Çalt ruhy taýdan kämil dörediji bolmaga – akyldar, zähmetkeş bolmaga çalyş. Adamyň başy ölümlidir; biz ölüp gidýäris, emma şonuň bilen birlikde adam ölmez-ýitmezdir: seniň ölmez-ýitmezligi seniň adamlar üçin, öz sosialistik Watanyň üçin döretmegi başarýanlygyňdan ybaratdyr. Munuň özi has inçe etiki öwüt-nesihatlaryň biridir. Adama ruhy taýdan doly kämilligiň adamzadyň ölmez-ýitmez zynjyrynyň halkalarynyň biri hökmünde öz nesliň durmuşyny görmek bilen gelýändigine ynanýaryn. Özüniň ertir uly ýaşly adamdygy, oňa maddy we ruhy gymmatlyklary emele getirijiniň, döredijiniň missiýasyny ýerine ýetirmege taýýar bolmak gerekdigi hakyndaky pikir bilen çaganyň aňyny ýagtylandyrmak ýeňil iş däldir. Pedagogyň edeplilik, inçelik bilen, bizar etmezden, durmuşda çaganyň öňünde näme etmek wezipesiniň durýandygyny, nähili zähmet we nähili borç ruhy iş bilen birleşip, onuň şahsyýetini, graždanyn, zähmetkeş, akyldar, ata, är hökmünde onuň adyny emele getirýändigi hakynda oňa ýatladyp durmagy başarmagy öran möhümdir diýip, hasap edýärin. Bu ýerde hut inçelik we bizar etmezlik aýratyn-da möhümdir: mugallymyň sähelçe ýatlatmasy çaga aňynda uly pikiri oýarmalydyr. Eger siz terbiýeleýäniňiziň özüniň bütin ömrüniň dowamynda öz öňünde nähili ruhy baýlyklary ele almak wezipesiniň durýandygyny görmegini, duýmagyny, oňa düşünmegini isleseňiz, onda siz ony öz intellektual durmuşyňyzyň dünýäsine aralaşdyryň. Goý, ol size uçgyraksyz okeanyň öňünde çuň pikire batyp duran – ady Akyl ýetirmek bolan, ömrüniň bütin dowamynda näbelli giňişlikleriň müňden bir bölegini hem barlamagyň özüne başartmajagyny bilýän, emma şonda-da batyrlyk bilen syýahata ugraýan bilesigeliji deňizde ýüzüjini görsün. Synlamak, ruhy baýlyklary gös-göni kabul etmek, adamyň döreden zatlarynyň belentligini başdan geçirmek – bularyň hemmesi maňa öz terbiýeleýänlerimde pikiriň kämil bolmagyny, bütin ömrüňde etmeli boljak şol ägirt uly işiňi eýýäm häzir, şu gün başlamak gerekdigi hakyňda düşünjeli oýlanmagy terbiýelemäge kömek edýär. Bu oýlanma, ine, şeýle ynançlary: okamak, bilimleri ele almak ömürlik işdir, sen bu işe çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryňda näçe yhlas bilen çynlakaý başlasaň, kämillik ýyllaryňda saňa akyl ýetirmek şatlygy, pikirlere goşulmak şatlygy şonça hem köp ýeter diýen ynançlary kemala getirmekde örän möhüm rol oýnaýar. Özüniň okamak islän kitaplarynyň müňden birini hem okap ýetişip bilmejekdigine, köp sanly gyzykly hem-de gerekli zatlary bilmäge ýetişmejekdigine gynanmagy başarýan ýetginjek özüniň irki ýaşlyk we kämillik ýyllaryna gadam basan pursadyna akyl ýetirer, ony başdan geçirer, duýar. Ol özüniň kämilligi hakynda pikir etmegi başarar, geljek üçin planlaryny düşünjeli düzmegi başarar. Eger çaganyň özüniň ertir uly ýaşly adam boljagy hakynda pikir etmegini isleseňiz, bu pikiriň bolsa ony özüne nazar salmaga, özüniň güýjüni barlap görmäge mejbur etmegini isleseňiz, onda oňa adamyň öz ömründe näme edendigini iş ýüzünde görkeziň. Çagalar, öz ykbalyňyz hakynda oýlanyň. Diňe öňe nazar salýan, öz ömründe özüniň näme etmelidigini bilýän adam hakyky adam bolup biler. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |