11:01 Ogluma ýazan hatlarym / 29-njy hat | |
29. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň gamgyn hatyňy aldym. Seniň täze ýylyň öň ýanynda başdan geçiren pikirleriň meni geň galdyrmady. Şeýlelik bilen, adam dünýäde näme üçin ýaşaýar, durmuşyň manysy näme? Durmuşyň manysy baradaky mesele etikanyň esasy meselesidir. Seniň kalbyň şu pikirler bilen baglanyşykly howsalalanandygyna men hatda şat hem. Ynsan ýüregi hiç haçan, bir minutlykçada ünjä galmadyk bolsa, durmuş şatlygy ýetip bolmajak zat bolardy... Golaýda bir muzeýde faşistleriň Warşawanyň ýanyndaky öňki ölüm lagerinde bolup görmek maňa miýesser etdi. Ganhorlaryň we sütemkärleriň wagşyýana aňlary bilen tapylan köp-köp tapyndylaryň arasyn- da göräýmäge, iň bir primitiw gurala meniň gözüm ildi: ölüme buýrulan bendiler on tonna töwerekleri ullakan-ullakan daşlary uly araba ýükläp, büdür-südür ýol bilen iki kilometr aralyga daşapdyrlar, olary eltip düşüribem ýene araba ýükläpdirler we ýene daşapdyrlar – özünem, şeýdip, arasyna gün salman, telim hepde, telim aýlap dowam etdiripdirler. Bu «tapyndynyň» göräýmäge sadalygynyň aňyrsynda elhenç inçe maksat: adamy iň ýowuz, fiziki we ruhy jebirlere – manysyz, maksatsyz katorga zähmetine sezewar etmek maksady ýatypdyr. Adamdaky ynsanyýetçilikli zatlaryň hemmesi kem-kemden ýok edilipdir. Faşist zalymlarynyň diňe bir fiziki zähmet bilen däl, eýsem, ruhy ejirler bilen elhenç surnukdyryjy maksatlary şeýle bolupdyr. Adam özüni hiç kime derkar bolmadyk manysyz iş etmäge mejbur edenlerinde moral taýdan ejir çekýär. Sizif zähmeti hakyndaky antik mifini ýatla, Dantäniň «Dini komediýasyndaky» dowzah kötellerini ýatla. Eger ýagşy işleriňem, ýaman işleriňem soňy ölüm boljak bolsa, onda ýaşap oturmak nämä gerek? Ynha, adam üçin sütemli bu meselede o dünýäde ölmez-ýitmezligi wada berýän din mugthorluk edip geldi. Ýöne gadym dünýäde hem ölenden soň, hiç hili janyň, hiç hili şahsy ölmez-ýitmezligiň bolmaýandygyna we bolubam bilmejekdigine düşünen adamlar bolupdyrlar. Gadymy ýewreý akyldary Ekleziast eger hemme zat toprakdan alnyp, topraga gaýtarylyp berilýän bolsa, onda umuman, ýaşaýşyň manysy hem ýok, «bar zat garabaşagaýlykdyr we ruhuň jepa çekmegidir» diýip tassyklapdyr. Emma baryp gadym dünýäde hem ölmez-ýitmezligiň adamyň öz durmuşy bilen täze nesillere nähilidir bir degerli yz galdyrmak yhlasy bilen baglydygyna düşünen adamlar bolupdyrlar. Her bir sowet adamynyň ýaşaýşynyň maksady (ýa-da birnäçe maksady) bardyr. Olaryň biri täze maşynlary konstruktirleýji inžener bolmagy arzuw edýär, beýlekisiniň adamlara bugdaýyň bir sümmül çykarýan ýerinde iki sümmül berýän sortuny bagyş edesi gelýär. Üçünji biriniň mugallym, dördünjisiniň wraç, bäşinjisiniň ýokary hünärli işçi bolasy gelýär. Şu maksatlaryň her birini ýaşaýşyň maksadydyr diýip aýdyp bolarmy? ýok, ýaşaýşyň maksady – munuň özi, meniň pikirimçe, has çuňňur, has gerimli zatdyr. Marsa uçjak kosmos korablyny döretmegi maksat edinen adamyň hem şahsy ýaşaýşynyň bagtyny bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmekde görýän adamyň hem ýaşaýyşlarynyň maksady bir zatdyr: adamlara hyzmat etmekdir. Adama ýagşylyk eçilmekdir, adamyň kämillige, döredijilige, gözellige bolan höwesini ýokary götermekdir. Ýaşaýşyň manysy – her bir adamyň anyk maksady däl-de, durmuş prinsipleridir, durmuş ugurlarydyr. Adam nämäniň hatyrasyna işleýär, kynçylyklary ýeňip geçýär, gazanylan üstünliklere begenýär – ýaşaýşyň manysy, ynha, şundadyr. Men Dnepriň ýokarsyndaky kiçijik bir şäherde ýaşaýan iki sany işçi barada saňa gürrüň bereýin. Olaryň ikisi hem takmynan deň-duş – 50-den bärdäki adamlar. Ýigrimi bäş ýyldan bäri zawodda işleýärler. Hersiniň öz tamy, tamynyň ýanynda mellegi, üzümçiligi bar. Hatda olaryň üzümleriniň düýp sany hem deňräk – hersiniň ýüz düýp gowrak üzümi bar. Olaryň ikisi hem – Semýon Lawrentewiç-de, Alekseý Demidowiç-de üzümçilikde işlemäni janlary-tenleri bilen söýýän adamlar. Olar alabahardan tä güýzüň ahyryna çenli boş wagtlaryny öz söýgüli agaçlarynyň arasynda geçirýärler. Olaryň hersi her düýpden otuz kilogram töwerekleri, jemi bolsa üç tonnadan diýen ýaly üzüm alýarlar. Emma... adamlar olaryň hersine bir hili garaýarlar. Semýon Lawrentewiçi telberäk hasap etseler-de, gowy görýärler. Alekseý Demidowiçi bolsa jynlary alanoklar. Bu näme üçin beýle bolýar? Ynha, şunuň üçin. Üzüm bişip ugranyndan Semýon Lawrentewiçiň melleginde ertirden agşama çenli çaga gülküsi eşidilýär. Onuň onlarça ýaş dosty bar. Semýon Lawrentewiç üzümçiligiň içinde çatma gurup, ol ýere onuň dostlary ýygnanýarlar. Ol olara ähli hoşalary diýen ýaly paýlap çykýar. Çagalar iýenlerini iýýärler, galanyny mamalaryna we babalaryna äkidýärler. Güýzüň ahyrynda üzüm agaçlarynyň dürli reňkli ýapraklary haly ýaly bolup ýere ýazylanynda, şahalar çyplaňlananda bolsa Semýon Lawrentewiç öz körpe dostlarynyň baryny üýşürip, olaryň hersine bir düýp nahal berýär: öýüňizde ek, öz üzümçiligiňizi döret, adamlara şatlyk eçil diýýär. Şu döwürde Semýon Lawrentewiçiň ýanyna diňe bir çagalar däl, eýsem, ulular hem, esasan-da, onuň körpe dostlarynyň atalary gelýärler. Semýon Lawrentewiçi telberäk hasap edýän adamlaryň birentegi ondan: «size üzümçilikde çekýän zähmetiňiz näme berýär? Sebäbi siz bahardan güýze çenli işleseňiz-de, bir köpügem gazanaňyzok. Üç tonna üzüm –muňa bireýýäm ullakan jaý salyp boljak ahyryn» diýip soraýarlar. Semýon Lawrentewiç böwrüne diň salyp ýylgyrýar-da, şeýle diýýär: – Men öz zähmetimden öran köp zat alýaryn. Özümi baý adam diýip duýýaryn. Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamdan baý hasap edýärin. Jaýym bolsa bar, maňa şu kiçijik jaýam besdir. Semýon Lawrentewiçi çagalar gaty gowy görýärler. Olar onuň üçin janlaryny bermäge taýýar. Ol işdekä, oňa çatmada garaşýarkalar, çagalaryň hiç biri üzümiň ýekeje dänesini-de ýolmaz. Olaryň özleri muny edeniň gulagyny goparmaga taýýar. Her bir adamyň ynsanyýetçiliginiň, mähremliginiň, alçaklygynyň oňa çagalaryň garaýyşlary bilen ölçeýändigine meniň gözüm ýetik. Çagalaryň gowy görýän adamy hakyky adamdyr. Çagany hiç haçan aldajak, olaryň öňünde hakyky ýüzüňi gizlejek gümanyň ýok. Olar ýasama zady derrew duýýarlar, aňýarlar, jögüligi ýigrenýärler. Alekseý Demidowiçler Semýon Lawrentewiçleriň golaýyňda ýaşaýarlar. Önümçilikde ony tejribeli, zähmetsöýer işçi hökmünde tanaýarlar, ýöne welin ony söýýän ýok. Ondaky nämedir bir zat seni üşerdýär, iller oňa: bu adamyň ýüregi daşdan diýýärler. Edil Semýon Lawrentewiç ýaly, ol hem alabahardan tä güýzüň ahyryna çenli üzümçilikden çykanok. Ýöne bu ýerde hiç haçan çaga sesini eşitjek gumanyň ýok. Onuň üzümçiliginiň daşyna beýik haýat aýlanypdyr. Haýatyň ýokarsynda çitenek sim çekilipdir. Pürsleriň üstünde çüýşe döwükleri goýlupdyr. Iki sany ýarak it agaja daňylgy dur. Alekseý Demidowiç olar üçin mäkäm budkalar ýasapdyr. Eger kimdir biri nahal satyn almaga geläýse (nahaly diňe ondan satyn alýarlar), Alekseý Demidowiç howlynyň daşyna çykýar-da, harydyny şol ýerde görkezýär, öz aýdyşy ýaly, alyjyny çaltrak ugratmak bilen bolýar. Üzüm bişýän döwürde ol ir ertirden giç agşama çenli agaçlaryň arasyndan çykanok. Onuň hem edil Semýon Lawrentewiçiňki ýaly çatmasy bar, ýöne hojaýyndan başga bu ýerde bolýan adam ýok. Üzümiň iň soňky dänesine çenli bazarda satýar. Ol eýýäm telim müň toplapdyr diýip gürrüň edýärler. Ynha, saňa gerek bolsa iki adam bilen iki sany durmuş manysy. Oka, oýlan, ýamandan boýuňy satyn al, oňada ymtyl. Durmuşyň manysy adamlara hyzmat etmekdir. Alekseý Demidowiç ýaly adamlar ildeşleriniň ýigrenji bilen gurşalandyr. Olar özlerini bagtyýar duýsalaram, olaryň bagty – Plýuşkiniň bagtydyr. Bu haty wraçlaryň gadymy dewizi bilen gutarmak isleýärin: «Adamlara nur saçyp, jan ber». Oglum, bu sözleriň manysyna pugta üns ber. Eger adamlaryň abadançylygynyň hatyrasyna çekilen pidalaryň köp sanly mysallary bolmadyk bolsa, adamzadyň taryhy bolmazdy we biziň bütin ömrümiz garaňky zyndana öwrülerdi. Musiý Ssiýewoladan başlap, Mihail Panikako çenli, Zoýa Kosmodemýanskaýadan başlap Aleksandr Matrosowa çenli adamzat taryhynyň asmany adamlara hyzmat etmegiň, adamlaryň ajaýyp geljek baradaky arzuwynyň baky ýyldyrap duran ýyldyzlary bilen örtülendir. Goý, şol ýyldyzlaryň şöhlesi seniň ýoluňy ýagtyltsyn, oglum. Adamlara nur saçyp, jan ber. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |