08:52 Ogluma ýazan hatlarym / 28-nji hat | |
28. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Sen wagty nähili tygşytly we paýhasly (paýhasly diýip örän jaýdar aýdypsyň) peýdalanmalydygyny maslahat bermegimi soraýarsyň. «Bir işi edip ýetişmänkäň beýlekisi howlukdyrýar, eýläňe-beýläňe garanjaklamankaň gün ýaşýar, ederin diýen işiň edilmän galýar» diýip zeýrenýärsiň. Seniň hatlaryňdan maňa, öz aýdyşyň ýaly, üstüňe «kitap barynyň ýagýandygy» hem, ähli hödürlenýän kitaplary okap çykyp bilmeýändigiň hem düşnükli. Öz tejribämden ugur alyp, men saňa birnäçe maslahat berýärin. 1. Ilkinji hem iň esasy zat – bu barada men eýýäm geçen ýyl ýazypdym – ol leksiýany diňlemek prosesinde wagt rezerwini döretmegi başarmakdyr. Leksiýany diňlemegi oňarmazlyk studentiň akyl zähmetiniň «awral» döwürleriniň döremegine eltýär: zaçýotlara (ýa-da ekzamenlere) çenli galan sanlyja günüň dowamynda ol leksiýalaryň konspektleriniň üstünde oturýar, zaçýot wagtynda bolsa gije-gündizde 2–3 sagat ýatýar. Gündelik, her günlük edilmeli işler bolsa şol «gyzgyn günlere» goýulýar. Meniň hasaplamalaryma görä, şeýle «gyzgyn», «awral» günler ýylda elliden az bolanok, ýagny hemme iş wagtynyň tas dörtden birini diýen ýaly alýar. Wagt ýetmezliginiň iň esasy kökleriniň biri şundadyr. Konspektleriň üstünde gije-gündizläp ýatman oturmagyň öňüni almak gerek. Konspektleriň üstünde baryp leksiýa wagtynda pikirlenmäni öwrenmeli, ýazgylaryň üstünde hem her günde iň azyndan iki sagatlap işlemek gerek. Men konspekti iki rubrika (grafa) bölmegi maslahat berýärin: birinjisine leksiýanyň gysgajyk beýanyny, ikinjisine bolsa näme barada oýlanmalydygyny ýazmaly, muňa esasy, iň zerur sowallary ýazmaly. Munuň özi haýsy hem bolsa bir predmet boýunça alnan bilimleriň ähli ymaraty berkidilýän karkasdyr. Ynha, şu karkas sowallar barada gündelik pikir etmek gerek, şu pikir etmek bilen bolsa, meniň gündelik okamaly diýýänimi baglaşdyrmak gerek. Eger sen ähli predmetler boýunça şu talaba eýerseň, seniň «awral» günleriň bolmaz. Ekzamene ýa-da zaçýota taýýarlananyňda, konspektiňi telim gezek okamak we ýat tutmak zerurlygy bolmaz. Predmetiň karkasy özboluşly programma bolup, onuň esasynda şol predmet baradaky ähli materiallar hakyda getirilýär. 2. Eger ýeterlik wagtyň bolmagyny isleýän bolsaň, sen gün yrman oka. Her gün oka we ol ýa bu tarapdan okuw predmetleri bilen bagly bolan ylmy edebiýatyň 4–6 sahypasyny ymykly ştudirle. Mundan başga-da sen her gün ylmy hem ylmy-populýar edebiýatyň azyndan 10–15 sahypasyny üns berip, pikir bilen oka, ýöne ştudirleme (ýagny, ýazyp alma. Muňa ylmy hem-de ylmy-populýar žurnallary okamak hem girýär), Seniň okaýan zatlaryň bary öz okuwyň intellektual fonudyr. Ol fon näçe baý boldugyça, okamak şonça ýeňil düşýär. Her günde näçe köp okasaň, seniň şonça- da wagtyň köp bolar. Sebäbi seniň okaýan zatlaryň barynda leksiýalarda öwrenilýän material bilen galtaşýan müňlerçe nokat bar. Olar hökmany bilimleri adamy gurşap alýan bilimler okeanyna baglap goýýar. Özüňi gün yrman okamaga mejbur etmegi öwren. Bu işi ertire goýma. Şu günki sypdyran zadyň öwezini hiç haçan dolduryp bilmersiň. 3. Iş günüňi ir bilen, sagat 6-larda başla, 5 sagat 30 minutda ýeriňden tur, zarýadka et, bir bulkajyk bilen bir stakan süýt iç (çaýa endik etme, ýaşyň bir çene baryp ugranynda-da içseň bolar), işläp başla. Eger sen öz iş günüň sagat 6-da başlanmagyna endik etseň, onda işe altydan 15–20 minut öň girişjek bolup jan et, munuň özi bütin iş günüňi kesgitlejek oňat içki höwesdir. Leksiýalardan öňki sagat ýarymlyk irki akyl zähmetiniň belli bahasy ýokdur. Men şu çaka çenli eden işlerimiň hemmesini ir bilen etdim. Otuz ýyldan bäri men öz iş günümi ir sagat bäşde başlaýaryn, sagat sekize çenli işleýärin. Pedagogikadan otuz kitap, beýleki ylmy işleriň üç ýüzden gowragy–bularyň bary ir sagat bäşden sekize çenli ýazyldy. Mende eýýäm akyl zähmetiniň ritmi işlenip düzüldi: eger men şol irki sagatlar ýataýaýyn diýenimde hem – bu maňa başardanok, şol wagt men durkum bilen akyl zähmetine küýlengi. Men saňa irki sagat ýarymda iň çylşyrymly döredijilikli akyl zähmetini ýerine ýetirmegi maslahat berýärin. Teoriýanyň esasy meseleleri barada oýlan, kyn teoretiki makalalary ştudirle, referatlaryň üstünde işle. Eger sende derňew häsiýetli iş bar bolsa, onda ony diňe ir bilen et. Şeýlelikde, sen ýarym gijä çenli oturmaly bolmarsyň. Gündizki režimiň on ikä çenli iň azyndan sagat ýarym (o bolmasa iki sagat) uklar ýaly edip düz. Bu ýadawlygy aýyrýar. 4. Öz akyl zähmetiň sistemasyny kesgitlemäni başar. Bu özüne köp zat bagly bolan tüýs möhüm kanunalaýyklykdyr. Men esasy we ikinji derejeli zatlaryň gatnaşygyna düşünmegi göz önünde tutýaryn. Wagtyňy ikinji derejeli zat esasy zady yzky plana süýşüräýmez ýaly edip bölüşdirmek gerek. Esasy zat bilen günsaýyn meşgullanmak gerek. Inžener bolmaklygyň özlerine düşünmeklige bagly bolan iň möhüm ylmy problemalaryňy kesgitle. Bu problemalaryň käbiri eriş-argaç ýaly, birentek predmetiň içinden parran geçip gidýär. Esasy ylmy problemalar (mesele) seniň irki akyl zähmetiňde ilkinji planda bolmalydyr. Esasy ylmy problemalar boýunça düýpli kitaplary, ylmy işleri tapmany oňar, olaryň üstünde dowamly wagtlap işle. 5. Özüňe içki höwesler döretmegi başar. Akyl zähmetindäki köp zat uly höwes bilen ýerine ýetirer ýaly onçakly gyzykly däldir. Käte seni işledýän ýeke-täk zat, olam onuň gerekligidir. Akyl zähmetiňi edil şondan başla. Bu meseleler boýunça teoriýanyň inçeligine pikiriňi jemlemegi oňar, onda-da gerek sözi kem-kemden isleýärin sözüne öwrüler ýaly edip jemle. Iň gyzykly işleriňi hemişe iň soňundan et. 6. Seni kitaplar we žurnallar deňzi gurşap alýar. Studentlik ýyllarynda okamak üçin kitap-žurnal saýlamaga örän oýlanyşykly çemeleşmeli. Bilesigeliji, höwesek adamlaryň hemme zady okap çykasy gelýär. Emma bu amala aşyryp bolmajak zatdyr. Okaýan kitaplaryň toparyny çäklendirmegi öwren, zähmet režimini bozaýjak zatlary olaryň arasyndan aýyr. Ýöne şol bir wagtyň özünde planyňda göz öňünde tutulmadyk täze kitaby okamak zerurlygynyň islän pursadyňda ýüze çykaýmagynyň mümkindigini bilip goý, munuň üçin wagt rezerwi zerurdyr. Ol bolsa, meniň eýýäm saňa ýazyşym ýaly, leksiýalarda ýa-da konspektleriň üstünde işlenilýän akyl zähmeti bilen, «awral» günleriň öňüni almak bilen gazanylýar. 7. Öz-özüňe bolmaz diýmäni başar. Seni köp sanly işler gurşap alýar. Ylmy kružoklar bar, çeper höwesjeňler kružoklary bar, sport seksiýalary bar, tans agşamy we wagt geçirgiç birentek klublar bar. Aýgytlylyk görkezmäni başar: bu işleriň köpüsinde saňa uly zyýan berip biläýjek aldawçy zat bar. Wagtyňy hoş geçirmek, dynç almak hem gerek, emma esasy zady ýatdan çykarmak bolmaz: sen zähmetkeşsiň, döwlet saňa uly çykdajylar çykarýar, şonuň üçin tans etmek, dynç almak däl-de, ilkinji orunda zähmet çekmek durmalydyr. Dynç almak üçin men küşt oýnuny, çeper edebiýaty okamagy maslahat berýärin. Doly ümsümlikde, lükgeligiň bilen pikir edilip oýnalýan küşt oýny nerw sistemasyny oýarýan, pikiri tertip-düzgüne salýan ajaýyp serişdedir. 8. Biderek zada wagtyňy sarp etme. Men boş ýaňramany, wagty boş geçirmäni göz öňünde tutýaryn. Birnäçe adamyň otaga ýygnanyşyp, ukrainçe aýdylşy ýaly, terewene tutduryp (ýaňrap) başlaýan halatlary bolýar. Bir sagat, iki sagat geçer, hiç zat edilen däldir, bu gürrüňçilikde ýekeje-de akylly pikir dörän däldir, wagt bolsa ymykly ýitirilendir. Ýoldaşlaryň bilen edýän gürrüňiňi hem ruhy taýdan baýlaşmagyň çeşmesine öwürmegi başar. 9. Geljekde öz akyl zähmetiňi ýeňilleşdirmegi öwren. Gürrüň geljekde wagt rezerwini döretmegi başarmak hakynda gidýär. Munuň üçin ýazuw depderçesi sistemasyna öwrenişmek gerek. Häzir mende olaryň 40-a golaýy bar. Olaryň hersi ýiti, pedagogikanyň problemalarynyň biri boýunça ýüzugra aýdylyp goýberlen pikirleri ýazyp almak üçin niýetlenendir (ol pikirleriň kellä bir gezek gelip, soň dolanmazlyk "ädäheti" bar.) Oňa men şol problema boýunça okan zatlarymyň iň gyzyklysyny, iň ýitisini ýazyp alýaryn. Bularyň bary geljekde gerek zat, bularyň hemmesi akyl zähmetini diýseň ýeňilleşdirýär. Seniň ýazuw depderçeleriň bardygyny, ýöne sistemasyzdygyny men bilýärin. Ýazgylaryň anyk sistemasyny döret. Öz akyl zähmetiňi ýeňilleşdir. 10. Her bir iş üçin akyl zähmetiniň iň netijeli tärlerini gözle. Trafaretdir şablondan gaça dur. Iş salyşýan faktlaryň, hadysalaryň, kanunalaýyklyklaryň mazmunyna düýpli göz ýetirmek üçin wagtyňy gysganma. Näçe çuň oýlandygyňça ýadyňda şonça berk galar. Manysyna ykjam düşünýänçäň ýat tutma – bu biderek wagt ýitirme bolar. Özüňe belet zatlary okaman, olara diňe göz gezdirip çykmany öwren. Ýöne entek ykjam göz ýetirilmedik zada ýüzleý göz gezdirmekden seresap bol. Her bir ýüzleýlik seni aýry-aýry faktlara, kanunalaýyklara telim gezek dolanyp gelmäge mejbur eder. 11. Eger otagda ýaşaýanlaryň hemmesi aýry-aýry talaplaryň berk ýerine ýetirilmegi barada wadalaşmasalar, bir adamyň akyl zähmeti şowly bolup bilmez. Ilki bilen berk kesgitlenen sagatlarda gürlemegi, jedelleşmegi, ümsümligi bozýan işler bilen meşgullanmagy üzül-kesil gadagan etmek barada wadalaşmak gerek. Adam zähmeti bilen gyzygylyp işlenip otyrka her kim özbaşdak işlemelidir. Eger okalga zalynda işlemek mümkinçiligi bar bolsa, ol mümkinçiligi maksimal peýdalan. 12. Akyl zähmeti matematiki oýlanmany çeper oýlanma bilen gezekleşdirmegi talap edýär. Ylmy edebiýaty okamany çeper edebiýaty okamak bilen gezekleşdir. 13. Ýaramaz endiklerden saplanmagy başar. Men ynha şu endikleri: iş başlamazdan öň hiç hili zerurlyk ýok ýerden on bäş-ýigrimi minutlap diýen ýaly düýpden okamajak kitabyň sahypalaryny agdaryp oturmany, ukudan oýananyndan soň on bäş minut töwerekleri düşekde ýatmany we başgalary göz öňünde tutýaryn. 14. «Ertir» diýmek zähmetsöýerligiň howply duşmanydyr. Şu günki etjek işiň bir bölegini hiç haçan ertire goýma. Gaýtam ertirki etmeli işiň bir bölegini şu gün etmäge endik et. Munuň özi ertirki işiňi kesgitlejek ajap içki höwes bolar. 15. Akyl zähmetiňi hiç haçan bir günlük hem bes etme. Tomsuna kitaby eliňden goýma. Her bir gün seni intellektual gymmatlyklar bilen baýlaşdyryp durmalydyr – geljekde akyl zähmeti üçin zerur bolan wagtyň çeşmesiniň biri ynha, şundadyr. Meniň pikirimçe, her bir studentiň ugur almaly on bäş wesýeti, ynha, şudur. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş, keýpiň çag bolsun. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |