23:34 Hakyky adamy nähili terbiýelemeli? -2/ dowamy | |
3. Sen elmydama şol bir çagalygyňda durmarsyň bu hakykatyň manysyna çuňňur akyl ýetirmegi başar. Biz dünýä inýäris we uly adamlar bolanymyzdan soňra ýerde öz yzymyzy galdyrmak, ömrümizi hakyky adamlar bolup ýaşap geçirmek üçin ilkibaşda körpeje çagalar bolýarys. Gurçuk hem ýaşaýar, towuk hem ýaşaýar, öküz hem ýaşaýar, emma olaryň durmuşy gurçuk hininiň, towuk keteginiň we öküz ýatagynyň kosmos korablynyň kabinasyndan daş bolşy ýaly, edil şonuň ýaly, adam durmuşyndan hem daşdyr. Çalt ruhy taýdan kämil dörediji bolmaga – akyldar, zähmetkeş bolmaga çalyş. Adamyň başy ölümlidir; biz ölüp gidýäris, emma şonuň bilen birlikde adam ölmez-ýitmezdir: seniň ölmez-ýitmezligi seniň adamlar üçin, öz sosialistik Watanyň üçin döretmegi başarýanlygyňdan ybaratdyr.
Pedagogika we edep-terbiýe
Munuň özi has inçe etiki öwüt-nesihatlaryň biridir. Adama ruhy taýdan doly kämilligiň adamzadyň ölmez-ýitmez zynjyrynyň halkalarynyň biri hökmünde öz nesliň durmuşyny görmek bilen gelýändigine ynanýaryn. Özüniň ertir uly ýaşly adamdygy, oňa maddy we ruhy gymmatlyklary emele getirijiniň, döredijiniň missiýasyny ýerine ýetirmege taýýar bolmak gerekdigi hakyndaky pikir bilen çaganyň aňyny ýagtylandyrmak ýeňil iş däldir. Pedagogyň edeplilik, inçelik bilen, bizar etmezden, durmuşda çaganyň öňünde näme etmek wezipesiniň durýandygyny, nähili zähmet we nähili borç ruhy iş bilen birleşip, onuň şahsyýetini, graždanyn, zähmetkeş, akyldar, ata, är hökmünde onuň adyny emele getirýändigi hakynda oňa ýatladyp durmagy başarmagy öran möhümdir diýip, hasap edýärin. Bu ýerde hut inçelik we bizar etmezlik aýratyn-da möhümdir: mugallymyň sähelçe ýatlatmasy çaga aňynda uly pikiri oýarmalydyr. Eger siz terbiýeleýäniňiziň özüniň bütin ömrüniň dowamynda öz öňünde nähili ruhy baýlyklary ele almak wezipesiniň durýandygyny görmegini, duýmagyny, oňa düşünmegini isleseňiz, onda siz ony öz intellektual durmuşyňyzyň dünýäsine aralaşdyryň. Goý, ol size uçgyraksyz okeanyň öňünde çuň pikire batyp duran – ady Akyl ýetirmek bolan, ömrüniň bütin dowamynda näbelli giňişlikleriň müňden bir bölegini hem barlamagyň özüne başartmajagyny bilýän, emma şonda-da batyrlyk bilen syýahata ugraýan bilesigeliji deňizde ýüzüjini görsün. Synlamak, ruhy baýlyklary gös-göni kabul etmek, adamyň döreden zatlarynyň belentligini başdan geçirmek – bularyň hemmesi maňa öz terbiýeleýänlerimde pikiriň kämil bolmagyny, bütin ömrüňde etmeli boljak şol ägirt uly işiňi eýýäm häzir, şu gün başlamak gerekdigi hakyňda düşünjeli oýlanmagy terbiýelemäge kömek edýär. Bu oýlanma, ine, şeýle ynançlary: okamak, bilimleri ele almak ömürlik işdir, sen bu işe çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryňda näçe yhlas bilen çynlakaý başlasaň, kämillik ýyllaryňda saňa akyl ýetirmek şatlygy, pikirlere goşulmak şatlygy şonça hem köp ýeter diýen ynançlary kemala getirmekde örän möhüm rol oýnaýar. Özüniň okamak islän kitaplarynyň müňden birini hem okap ýetişip bilmejekdigine, köp sanly gyzykly hem-de gerekli zatlary bilmäge ýetişmejekdigine gynanmagy başarýan ýetginjek özüniň irki ýaşlyk we kämillik ýyllaryna gadam basan pursadyna akyl ýetirer, ony başdan geçirer, duýar. Ol özüniň kämilligi hakynda pikir etmegi başarar, geljek üçin planlaryny düşünjeli düzmegi başarar. Eger çaganyň özüniň ertir uly ýaşly adam boljagy hakynda pikir etmegini isleseňiz, bu pikiriň bolsa ony özüne nazar salmaga, özüniň güýjüni barlap görmäge mejbur etmegini isleseňiz, onda oňa adamyň öz ömründe näme edendigini iş ýüzünde görkeziň. Çagalar, öz ykbalyňyz hakynda oýlanyň. Diňe öňe nazar salýan, öz ömründe özüniň näme etmelidigini bilýän adam hakyky adam bolup biler. 4. Telim ýyl mundan ozal, sen heniz dünýäde ýokkaň, sowet halkynyň üstüne uly betbagtçylyk abandy – faşistik Germaniýa biziň ýurdumyzyň üstüne çozdy. Faşistler sosialistik döwleti ýok etmek islediler. Basyp alan ýerlerinde we özlerinde – Germaniýada gitlerçiler äpet ajal fabriklerini gurdular. Olarda gaz kameralarynda her gije-gündizde sowet adamlarynyň müňlerçesi öldürilýärdi. Ýadyňda sakla, özüň hiç haçan ýadyňdan çykarma we ýatlaryndan çykarmazlary ýaly öz çagalaryňa hem-de agtyklaryňa hem tabşyr: nemes faşistleri biziň halkymyzy doly ýok etmek islediler, soňra bolsa beýleki halklary hem ýok edip, ýer ýüzünde patyşalyk edýän jyns bolmak islediler. Ähli sowet halky faşistik basybalyjylaryň garşysyna Beýik Watançylyk urşuna aýaga galdy. Sowet adamlarynyň ýigrimi milliony Sosialistik Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin özleriniň janlaryny gurban etdi – sen muny ýadyňda sakla, goý, muny seniň çagalaryň we agtyklaryň hem ýatlarynda saklasynlar, goý, muny seniň agtyklaryň we çowluklaryň agtyklary hem-de çowluklary hem ýatlarynda saklasynlar. Faşistleriň eden zatlaryny we etmek islän zatlaryny ýatdan çykaryp hem, bagyşlap hem bolmaz. Eger biz ony ýadymyzdan çykarsak ýa-da bagyşlasak, onda biziň öz doganlarymyzyň, öz atalarymyzyň we öz babalarymyzyň mukaddes ýadygärligini masgaraladygymyz bolardy. Stalingraddan Berline we Praga çenli, Ak deňizden Gara deňze çenli mukaddes mazarlar ýatyr. Eger gahrymanlaryň millionlarçasy döşüni gerip, seniň Sosialistik Watanyňy goramadyk bolsa, eger gyşyň aňzakly ertirinde on dokuz ýaşly ýaş ýigit Aleksandr Matrosow duşmanyň pulemýotyny kükregi bilen ýapmadyk bolsa, eger lýotçik Nikolaý Gastello özüniň ýanýan samolýotyny faşistleriň tank kolonnasynyň üstünden indermedik bolsa, eger on ýedi ýaşly komsomol gyz Zoýa Kosmodemýanskaýa özüni dar agajyndan asmaga alyp barýarkalar «faşistlere ölüm!» diýip gygyrmadyk bolsa, onda sen dünýä inmezdiň, eger inäýen bolsaň-da, gul bolup ýaşardyň. Seni, seniň maşgalaňy, biziň köp milletli Sosialistik Watanymyzy, biziň ruhy gymmatlyklarymyzy, biziň taryhymyzy ýok edilmezden kimiň halas edendigini ýadyňda sakla, hiç haçan ýadyňdan çykarma, ýatlarynda saklamaklaryny öz çagalaryňa we agtyklaryňa hem tabşyr. Kommunistleriň Beýik Partiýasy – sowet halkyny mukaddes urşa, ine, şol ruhlandyrdy. Kommunistik partiýanyň ideýalarynyň çagalar tarapyndan gahrymançylyk ideýalarynyň aýdyň mysaly hökmünde kabul edilmeginde men iň inçe hem-de iň möhüm terbiýeçilik wezipeleriniň birini görýärin. Ine, gahryman kommunistiň mazary. Halkyň arasynda ol hakynda – Demir Komissar hakynda rowaýat bar, adamlar ony şeýle atlandyrýarlar. Ol Dnepriň aňyrsyndan geldi, onuň diwiziýasy iki aýlap dynman duşmanyň üstüne hüjüm etdi. Sowet soldatlary gije diýmän, gündiz diýmän, faşistleri paýhynlaýardylar; her bir ýeňiş kynlyk bilen gazanylýardy. Faşistler özleriniň yzynda ýakylyp-ýandyrylan şäherleri we obalary galdyrýardylar. Duşmanyň goranyşyny böwsüp, diwiziýanyň öňe tarap okdurylan, soldatlaryň dyzlaryny epmän, on, ýigrimi, otuz kilometr ýol geçen, ol ýoly tüssäniň hem-de oduň içi bilen geçen günleri hem boldy. (Çagalara urşuň biçak agyr kynçylyklary hakynda gürrüň beriň, urşuň–munuň özüniň, ozaly bilen, zähmetdigini, zähmet we ýene bir gezek zähmetdigini, dünýädäki islendik zähmetden müň esse agyr hem-de çylşyrymly, howply hem-de surnukdyryjy zähmetdigini, gon, olar bilsinler). Demir Komissar öňden barýardy. Ol haýran galdyryjy durnukly adamdy. Ol pyýada goşun polkunyň partiýa guramasynyň sekretary bolup işleýärdi, kommunistleriň serdarydy. Hawa, işleýärdi, sebäbi ýoldaşlary onuň bütin işini, ozaly bilen, ýeňil bolmadyk zähmet hasaplaýardylar. Ol hakynda rowaýat aýdýardylar. Ol hiç wagt ýadanok diýýärdiler. Soldatlar ony hiç wagt ukuda görmediler. Polka dynç almagyň bagtly mümkinçiligi miýesser eden mahalynda, Demir komissar çeträkle bir ýerde oturyp, Leniniň tomuny okaýardy. Ol: "Lenin maňa söýmegi we ýigrenmegi öwredýär" - diýýärdi. Soldatlar Demir Komissary eli nemes dili boýunça okuw kitaply gördüler. Ol: «Duşmanyň üstünden sud edilen gününde faşistik jenaýatçylaryň biziň topragymyzda nämeler edendiklerini men olara aýtmalydyryn, munuň üçin bolsa nemes dilini kämil bilmek gerek...» diýýärdi. Eger ýöriş aýratyn agyr bolsa we uzaga çekse, Demir Komissar yza galýanlara medet berip, aýdyma başlaýardy. Ol çalarak agsap, öňden barýardy. Soldatlar: — Näme üçin agsaýarsyňyz, ýoldaş komissar? – diýip soraýardylar. — Urşuň entek birinji aýynda çalarajyk ýaralandym... Güýzüň çytawunly gijesinde diwiziýa günbatara öňe tarap kyrk kilometre golaý ýol geçdi. Soldatlar batgalykda batyp-çomup, aýaklaryny zordan ädýärdiler. Daň atdy, emma saklanmak bolmaýardy. Dneprden geçelgäni çaltyrak ele salmalydy. Ýadawlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçan Demir Komissar polkuň öňünden barýardy. Birdenkä-de ol yraň atdy-da, ýykyldy. Soldatlar ýykylan komissaryň ýanyna ylgap bardylar. Wraç geldi. «Ýüregi çat açyp ölüpdir» diýip, wraç aýtdy. Merhumyň jesedini emaý bilen ýerden göterdiler we top stanogynyň üstünde goýdular. Özleriniň Demir Komissarynyň aýaklarynyň protezdigini soldatlar diňe şol ýerde gördüler. Bu habary münlerçe adam ýyldyrym çaltlygynda biri-birine ýetirdi. Demir Komissaryň güýçli ýüregi diňe göz açyp- ýumasy salym saklandy. Onuň täze ömri başlandy - ol ömür batyr ýürekleriň müňlerçesiniň urgusynda başlandy. Kommunistiň edermenligi bilen ruhlanan müňlerçe soldat bitewi joşgun bilen öne gitdi, ýene ýigrimi kilometr ýol aşdy, Dnepriň üstünden geçdi. Bu ýerde, belent baýryň üstünde Demir Komissar jaýlanyldy. Ine, onuň mazary, halkyň arasynda bolsa Kommunist hakyndaky ýadygärlik ýaşaýar we ebedilik ýaşar. Ýaş ýüregi beýleki ähli gymmatlyklardan we baýlyklardan has güýçli päk edýän ideýa bar – bu ideýa zähmetkeş halka wepalylykdyr, halkyň bagtynyň hatyrasyna öz janyňy gurban etmäge taýýar bolmakdyr. Meniň terbiýe bermegi ideýalaryň materializasiýalaşdyrylmagy diýip atlandyrasym gelýär. Aslyýetinde, terbiýe bermegiň manysy asylly pikiriň, belent ideýanyň adamy ruhlandyrmak bilen onuň hususy meýline, idealyna öwrülip, onuň öňünde özüniň hususy gözelligini açýanlygyndan ybaratdyr. Ynançlar adama bolan guwanç duýgusyndan döreýär, ideýa ýaş graždanyň öňünde göreşijiniň aýdyň obrazynda örboýuna galan mahalynda ideal höwes edilýän, özüne çekiji belentlik bolýar. Ideýa taýdan terbiýelemek, ynançlary kemala getirmek – munuň özi, ozaly bilen, adamyň Watanyň mukaddes zatlaryna – mähriban topraga, onuň azatlygyna we garaşsyzlygyna, biziň halkymyzyň namysyna we mertebesine, gahrymançylykly göreşine we şöhratly häzirki döwrüne şahsy garaýyşdyr. Ideýa taýdan terbiýelenen bolmak - munuň özi wepalylyk bilen söýmekdir we barlyşyksyz ýigrenmekdir. Watana bolan söýginiň we onuň duşmanlaryna bolan ýigrenjiň goşulmagy, hiç haçan bagyşlanylmaýan zady ýüregiň töründe saklamagy we nesilden nesile geçirmegi başarmak – munuň özi ýokary ahlak medeniýetiniň we hakyky sowatlylygyň sazlaşygydyr, ol sowatlylykda nämäniň hatyrasyna we nähili ýaşamalydygyny bilmek iň esasy bilimdir. Eger mekdepde we durmuşda alnan bilimleriň hemmesi bu hakykatyň mäkäm fundamentine esaslanýan bolsa, onda adamda Watanyň öňünde borçlulyk duýgusy döreýär. Bu hakykata düşünmek duşmana bolan öçmejek, barlyşyksyz ýigrenji, edermenlik döredýän ýigrenji emele getirýär. Biziň Watanymyza, biziň ideologiýamyza duşman güýçleri ýigrenýän adam gahrymançylykly edermenlige ukyplydyr. Ýaş nesilde biziň halkymyzy we bütin adamzady faşistik mergiden halas edenleriň ýadygärligini ýüregiň töründe saklamagy, olaryň öňünde borçlulyk duýgusyny terbiýelemek bilen, biz ýigrenç güýjüni mukaddes ot hökmünde aýawly saklamalydyrys we nesilden nesle geçirmelidiris. Faşizm – munuň özi ýeriň çuň gatlaklaryna sokulyp we deňizleriň düýbüne taşlanyp jaýlanylmadyk beladyr; munuň özi üstüni arhiwiň tozany örten taryhy düşünje däldir. Entek imperializm ýaşaýarka, entek ýer ýüzünde ýüz millionlarça adamlar kapitalyň gullary bolup galýarkalar, biziň terbiýelän her bir adamymyz söweş meýdanynda gan döküşikli çaknyşyga taýýar bolmalydyr. Adamzada sütem edijilere – imperialistlere bolan ýigrenç güýji nesilden nesle gowşaman, gaýtam artmalydyr. Beýik Watançylyk urşunyň taryhynda Wolga Galasynyň Dankosy atlandyrylan Nikolaý Panikakony uruşda sözüň hut doly manysynda ot bolup ýanmaga we lowlap ýanýan göwresi bilen faşist tankyny otlamaga eýsem näme ruhlandyrdy? Hususy öz ölümiň bilen duşmany togtatmaga, ýeňiji bolup çykmak üçin ölmäge Nikolaý Gastellony we Aleksandr Matrosowy, Zoýa Kosmodemýanskaýany we Ýuriý Smirnowy eýsem näme ruhlandyrdy? Ýigrenç, Watanyň duşmanlaryna bolan barlyşyksyz ýigrenç ruhlandyrdy. Ýigrenç – munuň özi biziň Watanymyzyň mukaddes zatlaryna bolan söýginiň ruhy energiýasydyr, munuň özi edermenligiň ganatlaryny saklaýan howadyr. Siz oz terbiýeleýänleriňizi Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolan esgerleriň mazarlarynyň ýanyna alyp baran mahalyňyzda geplemek üçin watançynyň ýaş ýüreginde gün yrman, damjama-damja guýlup, ýigrenjiň kuwwatly zarýadyny döretjek sözleri taýýarlaň. Terbiýeçi, munuň özüniň adamyny hakykatdan-da gözel, mähirli, mylakatly, eserdeň edýän in bir adamkärçilikli, iň bir asylly duýgudygyny unutma. Faşistleriň biziň topragymyzda nämeler edendiklerini, olaryň sowet adamlaryny nähili masgaralandyklaryny çagalara, ýetginjeklere, ýigitlere, gyzlara gürrüň beriň. Ýok edilen, horlanylan, ýakylan, itlere ýardyrylyp zäherlenen atalarymyzyň we babalarymyzyň küli, näçe ýyl geçendigine garamazdan, goý, biziň terbiýelänlerimiziň kükregine hemişe urup dursun. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |