19:23 Söýgi hakynda | |
SÖÝGI HAKYNDA
Pedagogika we edep-terbiýe
Hupbatly söýgi diýen bir söz bar. Onuň esasynda: söýmek lezzetler bagynyň gülüni tirmek däldir, gaýtam, şol bagy yhlas bilen, elin ösdürip ýetişdirmekdir, ony wawwaly ýaly aýap saklamakdyr diýen çuňňur many ýatyr. Söýgi hem, döredijilikdäki ýaly, çaga terbiýelemekdäki ýaly, uly ahlakly hem-de gaýratly tagallalary talap edýär. Ondaky esasy zat durmuş idealyna wepalylygy, ruhy psihologiki we ahlak gatnaşyklarynyň päkligini, kömek bermäge hemişe taýyn bolmaklygy ilkinji orunda goýmagy başarmakdyr. Nikalaşmazlaryndan ozal biri-birlerini tüýs ýürekden söýen ýaly bolup görnen adamlar üçin maşgala durmuşynyň çekip çydar ýaly bolman çykýan halatlary bolýar. Munuň özi, adatça, dostluk hem-de düşünişme ýagdaýyny kem-kemden zäherleýän ownuk zatlar zerarly bolýar. Elbetde, maşgala durmuşy sene-menesiz bolmaýar, ýöne günüň-gününe bolup geçýän sene-meneler käte çekip-çydardan agdyk bolýar. Ownukçyllyk – munuň özi söýginiñ birbada göräýmäge zyýansyz ýaly, aslynda welin barypýatan howplyduşmanydyr. Ownukçyllyk adamlaryň nikalaşjak bolanlarynda we ýaşlyklaryndan hem-de söýgi şatlygyndan gaýgysyz-ünjüsiz lezzet almak isleglerinden başga hiç zady bilmeýän ýagdaýlarynda ýüze çykýar. Egoizmiň çeşmesi söýgä hut şeýle garamakdan başlanýar, ol öýke-kinelerde, käýişmelerde ýüze çykýar. Söýgä egsilmez lezzet hökmünde garamak adamda özüne çendenaşa üns berilmek talabyny oýarýar; ol «aýalym mana diňe şatlyk eçilmek üçin gerek» diýip, pikir edip başlaýar. ýöne ol «Maňa köpräk üns ber» diýip, gös-göni talap edip bilenok, şonuň üçinem çorba duzy köp ýa az atypsyň, proigrywateli açyp ýa-da öçürip goýupsyň... diýen ýaly bolgusyz bahanalary arap, iňirdäp başlaýar. Şonda ol ulular tarapyndan özüne az üns berilýän çaga çalym edýär. Biri-birlerine çişişip ýören şeýle «uly çagalaryň» özleri hem soňra ene-ata bolýarlar we entek çagalary dünýä inmänkä olary ahlak taýdan göýdük edip taşlaýarlar. Söýginiň hupbatlylygy ilki bilen söýmekligiň birek-birege şatlyk eçilmekdigine düşünmekdir. Biz birek-birege näçe köp şatlyk eçilsek, egoistik dilgirlik gurçugy bizi şonça az gemrer. Öz-özüňe dogry baha bermek düşünişmeklik bilen eserdeňligiň hamyrmaýasydyr. Mälim bolşy ýaly, eserdeň adam mydam özüne tankydy göz bilen seredýär, özüniň güýçli hem gowşak taraplaryny bilýär. Şonuň üçinem ol söýgülisiniň kalbynda nämeleriň gopýandygyna, onuň göwünlik berilmeginemi ýa dymmaklyga – nämä mätäçlik çekýändigine düşünmegi, bilmegi oňarýar (Ýogsa-da bildirilen gynanç hem käte, edil biperwaýlyk ýaly, göwne degip bilýär). Biperwaý adam üçin käte söýgülisiniň dymmalygy, düňleligi, sowuklygy ýa-da tersine, gyzmalygy peýdaly bolup duranok, ýakyn adamsynyň derdini paýlaşmak asyl onuň elindenem gelenok. Eserdeňligiň bar ýerinde bolsa ownuk zatlaryň üstünde sene-mene dörejek gumany ýok, duýgy biderek ýere seçan-seýran edilenok. Şeýle maşgalalarda betbagtçylyk, durmuş şatylary är-aýalyň agzyny alardanok, gaýtam olaryň ruhy umumylygyny jebisleşdirýär. Käbir maşgalalarda «Söýgi maddy kynçylyklara, jaýsyzlyga döz gelenok» diýen ýaly pikirler hem eşidilýär – şol şertler erkek bilen aýalyň ruhy-psihologik gatnaşyklarynyň mäkämliginiň özboluşly girewi ýaly hasap edilýär. Biziň jemgyýetnmizde maddy taýdan çydamsyz ýagdaý ýok, hiç kime işsizlik howp salanok, ertirki bir döwüm çörek baradaky alada bireýýämden bäri problema däl. Şonuň üçinem söýginiň ýaşaýyşdaky wagtlaýyn dörän kynçylyklar zerarly sowamasy söýgüliňe egoistik talap etmeleriň, oňa talabedijilik bilen garamagyň alamatydyr. * * * Söýgi üçinem, edil dostluga mahsus bolan häsiýetler –garaýyşlaryň, ynamlaryň, durmuş idealynyň birmeňzeşligi häsiýetlidir. Ýöne dostlukda adamlar jemgyýetçilik işindäki bir maksada ýetmek üçin pikir alyşmagyň zerurlygyny duýsalar, söýgüde olar munuň daşyndan biri-birleriniňkidirler hem. Ýöne «biri-birleriniňki» diýen soz adama, edil haryda, bar ol has gowy harydam ekeni, hojaýynçylyk edişimiz hojaýynçylyk etmelidigimizi aňlatmaýar, ol ahlak jogapkärçiliginiň iň ýokary derejesini aňladýar. Edilen etmişlere, özüňi alyp barmaklyga, ýassykdaşyň moral keşbine ahlak-estetiki eserdeňlik näçe nepis bolsa, adam şonça-da bagtyýardyr, sebäbi onuň soýýan adamy hem şol talaplara eýerýändir. Olaryň ikisi hem şatdyr, sebäbi – etmişlerimiň sudýasy – wyždanymdan daşary söýgülimiň wyždany hem bar. Eger är-aýal biri-birini söýýän bolsa, onda olarda biwepalyk barada pikir döräp bilmez. Aşyk-magşuklar biri-birlerini näçe güýçli söýseler, olaryň birek-birege degişlidikleri baradaky duýgulary şonça güýçli bolýar. Söýgüde synap görmek bolmaz, diňe ynanmak gerek. Söýgüde wepalylyk – ynsan wyždanynyň ölçegidir, sebäbi adamyň özüni alyp barşynda we ruhy psihologiki gatnaşyklarynyň şu sferasy bilen baglanşykly etmişlerinde adam ilkinji nobatda öz-özüniň öňünde hasap okaýar. Goý, gyzyň söýýän ýigidi başga bir gyz bilen tans etsin, goý, ol ony öýlerine eltip gaýtsyn, bu ýerde gorkup oturasy zat ýok. Hatda göwnüň ahlak borjundan döneňkirleýän wagty bolaýanda-da, hakyky adam şonda öz wyždanynyň önünde horluk çeker. Ahlak borjy diňe bir ynam etmek bilen çäklenmeýar. Ol aktiw goşulyşmakda, söýülmäge mynasyp, ýöne häzirki wagtda ýalňyşýan adam üçin alada etmek-de ýüze çykýar. Elbetde, gürrüň halamaýan ýigide söýdürmek ugrundaky göreş hakynda barmaýar: gürrüň meniň söýgime söýgi bilen jogap berýän adamyň içki ruhy gözelligi ugrundaky göreş barada gidýär. Adamyň gowy taraplaryny söýüp, ondaky ýetmezçilikleri öwrenmeýän onuň otrisatel häsiýetleriniň düzelmegi üçin ýatan çöpi galdyrmaýan adamlar hem bar. Şeýle bolan halatlary hem bolýar: söýýän adamyň bir telek iş etdigi bes, oňa bolan söýgi kütelip, parhsyzlyk peýda bolýar. Meniň pikirimçe, agzalan halatlaryň ikisinde-de hakyky söýgi ýok, bolanam däldir. Eger men öz seçip-saýlan adamymyň öz ýetmezime gynanýandygyny görsem, meniň göwnüm açylýar: sebäbi meniň nähili bolmalydygama ol biparh garanok. Şonuň üçinem men öňkimden gowy boljak bolup jan ederin. Adamyň maşgala durmuşynda özüňi alyp barşy, onuň hakyky moral keşbini görkezýär. Gynansak-da, entek belent ideýalar ugrunda göreşij-ow diýdirýän, emma maşgalada özüni ownukçyl, egoist, zalym alyp barýan adamlar bar. Ahlak ösüşiniň derejesi boýunça nikalaşmaga ýetişmedik adamlaram bar; olaryň öýlenmegi ýa-da durmuşa çykmagy öz ahlak göýdükligi, bihaýalygy, ýeňilkelleligi bilen durmuşlaryna kürsäp girýän adamlaryň öňünde barypýatan ahlaksyzlyk, jenaýatçylyk bolýar. Käbir azgyn ýigitler nikany şoňa çenli şunça wada berip, ant içip, awy ýalap, ýetip bilmedik zatlaryna hukuk berýän zat hasap edýärler. Şeýle synanyşyklar näçe ýürege düşgünç bolsa, gyz şonça-da seresap bolmalydyr. Munuň özi göze dürtülip duran duýduryşdyr: beýle nikada alnyň açyljak gümany ýokdur. Ruhy gatnaşyklaryň gowşaklygyny hiç hili ýuridik gatnaşyklaryň berkidip bilmejekdigini gyz hergiz ýatda saklamalydyr. Nikalaşmadan öňki ahlak-etiki duýgular we öz-özüňe erk etmeklik arkaly saklanylan güýçli jyns heseri maşgala durmuşynda käte düýpden başgaça häsiýete eýe bolýar. Elbetde, är-aýalyň arasynyň sazlygy şol heser bilen kesgitlenibem duranok. Käte ýaş çatynjalar bile ýaşalan ilkinji aýlaryň lapykeç edýänliginden, söýginiň gadyrynyň gaçýanlygyndan zeýrenýärler. Şeýle ýagdaýlarda ara çöp düşmegiň anyk mazmuny, bahanasy dürli-dürli bolsa-da, sebäbi birdir: olar maşgalanyň düýbüni tutanlarynda, söýgä juda uly ähmiýet beripdiler. Olar fiziki hem-de ruhy ýakynlyga bolan päsgelçiligiň büs-bütin ýoklugynda söýgi özlerine egsilmez bagt getirer diýip tama edipdiler. Indi bolsa bagtyň onçakly elpe-şelpelikli hem-de tükeniksiz bolup çykmanyna geňirgenýärler. Hawa, fiziki ýakynlyga hem indi nikadan öňküsi ýaly güýçli zerurlyk duýlanok. Olar, obrazly aýdanyňda, yşk odunyň birsyhly ýangyç, ýagny her taraplaýyn ruhy durmuşy, talap edýändigini ýatdan çykarýarlar. Şeýle ýangyç bolmasa, söýgi ody çalt öçýär ýa bolmasa, burugsap, howany zaýalaýar. Şeýle ýagdaýda maşgaladaky kemçilikler çalt göze ilgiç bolýar: hakyky söýgüde üns bermejek ownuk-uşak zatlaryna indi uly ähmiýet berýärsiň. Sähelçejik aldaw, sähelçejik ýaşyrma simwoliki mana eýe bolýar: belanyň körügi äriň aýalynyň bir haýyşyny ýadyndan çykaranlygynda däl-de, şol etmişiň, telim gezek gaýtalanmak bilen, eýýäm adamyň kesgitli gylygyny – sylamazlykdyr biperwaýlygyny aňladýanlygyndadyr. Erbet ýeri ýaş ýigidiň jedel edýän kitabynyň mazmunyny bilmeýänligi däl-de, nädogry gürleýänligidir, bolşundan gowy bolup görünjek bolýanlygydyr. Nämedir bir zadyň ýaşyryljak, bolşundan üýtgeşik edilip görkeziljek bolunmasyna şaýatlyk edýän iň owunjak zat hem söýýän adamyň gözüne kaklyşýar; bu ýerde netije çykaryş derejesi ähli danalaryň logikasyndan rüstem gelýär. Birek-biregi mümkin boldugyça has içgin tanamak islegi we munuň hötdesinden gelmek başarnygy gowy gylykdyr. Nebsimiz agyrsa-da, bu gylyklar hemme kişide bolup duranok. Käte seň kalbyňdyr paýhasyňy gurşap alan zat barada gürrüň berip başlarsyň, emma seniň söýgüliň bolsa ony diňläsi gelmez, ol gürrüňi başga zada sowar. Bu seni öýkeleder, saňa sowuklyk aralaşar. Ruhy ösüş, kämillik, öne gidişlik ýok bolsa, has hem erbet. Maşgala durmuşynyň haýsydyr bir etabynda är-aýal birden yzlaryndan ýetdiren bolup çykýarlar, şondan soň maşgalanyň ruhy durmuşy üçin olaryň elinden hiç zat gelenok. Şeýlelikde-de ýürekgysgynçlyk başlanýar; öň sähelçe aýralyga çydap bilmän ýören adamlaryň indi biri-birlerini göresleri gelenok, olar indi ikiçäk galmaga ýaýdanýarlar. Şeýle adamlar tukatlykdan baş alyp çykmak üçin ähli tärlere ýüz urýarlar, gündelik durmuşlaryna nämedir bir şatlyk aralaşdyrmak isleýärler. Şeýle gözlegler nähili ýüze çyksa-da, olar hemişe diýen ýaly agzalalyga alyp gelýär, maşgala durmuşyny dowzaha dönderýär. Adamyň ruhy islegi näçe garyp boldugyça ol ruh şatlyk çeşmesiniň gözleginde şonça çalt sandan çykýar. Adamsynyň içgä ten bermegi aýaly we çagalary üçin betbagtlykdyr, bu meýil serhoşlyga geçmände-de betbagtlykdyr. Ärleriniň içgide güýmenje tapandyklaryna çydam etmek, hatda geçirimlilik etmek bilen, käbir aýallar uly ýalňyşlyk goýberýärler. Olar ärlerini öýe arak arkaly baglajak bolup, kemakyl synanyşyk edýärler – hemmesi nahar başynda ýekeje rýumka içmekden başlanýar, emma ol içişlik öýden başga ýerlerde bolandakysy ýaly, betbagtçylyk bilen tamamlanýar. Duýgularyň kütelişmegi, birek-birekden sowaşmak är ýa-da aýalyň käte täze söýgi gözlemegine alyp barýar. Käbirleri entek bizde hakyky söýgi döränok diýip hasap edýärler. Elbetde, täze güýmenjäniň peýda bolmagy mümkindir, ýöne kimde-kim ruhy durmuşyň baýlygyny diňe söýginiň özünden taparyn öýdýän bolsa, ol köplenç täze lapykeçlige duçar bolýar. Meniň pikirimçe, ilkinji, ikinji we şuňa meňzeş söýgi ýok, diňe ýeke söýgi bar, özem ol ýyl geldigiçe könelmän, gaýtam, bekeýär. Söýýän adamyma men öz ýüregimiň bir bölegini bagyş edýärin; ol hem maňa öz kalbynyň gözelligini eçilýär. Iki bolup biz ikinji gezek döretmesi çetin bolan täsin baýlyk döredýäris. Bu baýlykda bolsa biziň ruhy ösüşimiz, çagalarymyz, ar-namysymyz, maşgala mertebesi, däpleri, ahyr soňunda hem geçmiş barada ýatlamalar, ýaşlyk guwanjy, ilkinji duýgularyň päkligi... utgaşyp gidýär. Bularyň bary ýürekde şeýle bir güýçli ýer edýär welin, meniň pikirimçe, täze durmuşy kalby ýarasyz gurmak mümkin däl bolsa gerek. Är ýa-da aýalyň söýgüli ýaryny jaýlanyndan soň, ony telim ýyllap, käte bolsa ömürboýy ýatdan çykaryp bilmeýänligi ýöne ýerden däldir; olarda täze duýgy döremeýär. Munuň özi «romantiki hyýalbentlik» däl-de, iň gözel, iň ynsanyýetçilikli zadyň – söýginiň çuňňur tipiki ýüze çykmasydyr. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |