07:39 Borç terbiýesi | |
BORÇ TERBIÝESI
Pedagogika we edep-terbiýe
Tatýana we Natalýa atly iki gözel Dnepr ýakasyndaky gadymy obada goňşuçylykda ýaşaýardylar. Olaryň ikisi-de bir günde durmuşa çykyp, ikisiniňem bir hepdede ogullary bolupdy, Tatýananyň-a Ýuriý atly, Natalýanyňam Wiktor atly ogullary bolupdy. Kyrk birinji ýylyň haýhaýly iýunynda bu iki aýal adamlaryny fronta ugradyp, on dört ýaşly ogullary bilen galypdylar. Ogullar bitginli hem berdaşlydylar: göräýmäge, olar on dört ýaşly däl-de, on alty ýaşly oglanlara çalym edýärdiler. Goja Dnepriň boýuna nemesler gelip, faşist okkupasiýasynyň gara günleri başlanyldy. Bir ýyldan soň okkupantlar ýaşlary Germaniýa katorga işine sürüp ugradylar. Şol wagta çenli Ýuriý bilen Wiktor egninde adam oturaýmaly daýaw bolup ýetişipdiler. Obanyň ak göwünli adamlary enelere: «Ogullaryňyzy daşrak bir ýere gaçyryň, ýogsam poliseýler žandarmlary bilen gelip, ogullaryňyzy eliňizden alarlar we nälet siňmiş nemes topragyna äkiderler» diýip, maslahat beripdiler. Ýuriý bilen Wiktor Dnepriň gür gamyşly kenaryndaky atsyz-sorsuz oturan sümme tokaýly, ähtimal hem zaporož döwründen bäri galan daş gowakly göm-gök adanyň bardygyny bilýärdiler. Şonuň üçinem olar faşistlerden we faşist ýal ýagylaryndan şol ýerde gizlenipdiler. Ýetginjekler gowakda bir ýyl gowrak ýaşadylar, dogduk obalaryny Gyzyl Goşun azat edeninde bolsa olar öýlerine dolanyp geldiler. Tatýana-da, Natalýa-da bir hepdäniň içinde ajy habar gelip gowuşdy olaryň adamlary Stalingradyň eteginde wepat bolupdyrlar. Noýabryň ýagynly-ýagmyrly agşamlarynyň biri Ýurir ejesine: «Käbäm enem, bagyşla... meniň öýde oturara ýagdaýym ýok. Gyzyl Goşun hataryna gitjek. Kakamyň aryny aljak» diýen mazmunly hat goýup, öýlerinden çykyp gidipdir. Wiktor bolsa goşun hataryna çagyrylan wagty gelmälsoň, ýene bir ýyllap ejesiniň ýanynda ýaşapdyr. Ahyrsoňy çagyrylmaly gün geleninde hem ýigit guýa gaçan ýaly, nirädir bir ýaňa gaýyp bolupdyr. Natalýa goňşularyna we raýon harby komissariatynyň işgärlerine: geçip barýan bölümleriň birine goşulyp, özi giden bolaýmasa diýip gürrüň beripdir. Edil Wiktoryň gaýyp bolan wagty hem Tatýana oglunyň öldi haty gelipdir – Ýuriý Karpat daglarynda batyrlarça gurban bolupdyr. Öldi hatynyň yz ýany bilen enä oglunyň alan sylaglary – dört sany medal bilen Gyzyl Ýyldyz ordeni gelip gowşupdyr. Gaýgy-hasrat enä diýseň agyr degipdir, ol bir hepdäniň içinde saçy çalaryp, ýanyny ýere beripdir, şeýdip, esli wagtlap ýaraman ýatypdyr. Kyrk bäşinji ýylyň şatlykly maý günleri bolsa gitdigiçe golaýlaşypdyr. Ýyljajyk bahar günleriniň biri Natalýa oba Sowetine baryp, oglunyň goşun gullugyndan gaçalak edýändigini, özüniňem iňlärsiňeksiz adada, gowakda gizlenip gezýändigini habar beripdir. «Men oňa ýalbaryplar çykdym, haýyş etdim, aglap gördüm, hiç zat peýda etmedi. Günüm ýasa öwrüldi» diýip, Natalýa gürrüň beripdir. Wiktory tapyp, sud etdiler, emma ene oňa näme jeza berlendigini bilmän gitdi – ol öz- özüni öldürdi. Şatlykly ýeňiş günleri biziň halkymyz rehimlilik etmäni oňarýar: günä geçilmek boýunça Wiktor tussaglykdan boşadylýar, ol üç ýyllap gurluşyk batalýonynda gulluk edeninden soň, öýlerine soldat bolup gaýdyp gelýär. Her maşgalanyň öz derdi-belasy bolansoň, Wiktoryň jenaýatyny onçakly ýatlap ýörmändirler. Wiktor öýlenipdir, mehanizatorlar kursuny tamamlap, traktorçy bolupdyr. Ol häzirem Dnepr boýundaky gadymy obada işläp ýör. «Onuň iki gyzy durmuşa çykdy, ogly golaýda goşun gullugyna gitdi, iki sany körpe çagasy bolsa mekdebe gatnaýar. Wiktor kolhozda gurluşyk işgäri hasap edilýär, ýöne halkyň arasynda ol hakda doňýürek, zalym» diýen ýakymsyz myş-myşlar bar. Gyzlaryny durmuşa çykaraly bäri ne onuň özi gyzlarynyňka myhmançylyga barýar, ne-de gyzlaryny öýüne çagyrýar – bu bolsa obada ahlak babatda juda aýyp görülýän zat. Üstesine, işdeş ýoldaşlarynyň aýtmaklaryna görä, ol iş tabşyrygyny ýerine ýetirmesine ýetirýärmiş, ýöne setanda-seýranda ýoldaşlaryna kömek bermeli, umumy işiň bähbidi üçin işlemeli bolanynda welin, ol «doňňara daşa dönäýýärmiş» – ol hakda mehanizatorlaryň brigadiri şeý diýip aýtdy. Men muny näme üçin gürrüň berýärin? Ýyl yzyndan ýyl geçip dur, onýyllyk yzyna-da onýyllyk, meniň durmuşyma özboluşly, röwşen, bir-birine meňzeş bolmadyk ýüzlerçe adam ykbaly gelip gidýär. Meniň gözümiň alnynda ilkinji we bütin dünýäniň çagalary üçin iň mährem, bolan «eje» sözüni aýtmany öwrenen, soňam şol sözi depderlerine ýazyp, be, muny men ýazdymmykam? diýip, geň galyp, özlerine keseden seredýän körpeler murty taban atalar bolup ýetişip, indi özleri mekdebe körpelerini alyp gelýärler. Şeýdibem «Hemme zat täzeden başlanýar». Durmuş akymynda gaýtalanyp bolmajak ynsan dünýäleri döreýär, jemgyýet ösüp gelýän her bir nesliň döwründe terbiýeçiler bolan biziň öňümizde täze-täze talaplary goýýar, şonuň bilen birlikde hem iňňän kyn soraglary berýär. Ene-atalar bilen birlikde biz her ýyl zähmet durmuşynyň özbaşdak ýoluna atarýan oglan- gyzlarymyzyň gös-göni gözlerine seredenimizde, men her gezek: öz döredýän adamymyzdaky esasy zat näme bolmaly? diýen şol bir zat barada arkaýyn pikir edip bilemok. Oglan-gyzlaryň gün ýaşanyndan gün dogýança begenýän, şatlanýan gijelerinde olar bilen bile giň meýdana çykyp, olaryň eýýäm mekdep durmuşlarynyň däl-de, täze durmuşlarynyň ilkinji güneşini garşylaýan şol gysga iýun gijämizde: "Ynsan kalby nirede. nämede öz beýanyny tapýarka? Ony nähili döretmelikä? Ynsan şahsynyň iň esasy möhüm durmuş süňňüni nähili berkarar etmelikä? Ynsan gözelliginiň kuwwatly şinesiniň urup çykýan tohumy nirede bolmalyka?" diýen sowallar maňa ynjalyk berenok. Şol iň gysga iýun gijesinde meniň göz öňümden adam ykballary hatar-hatar bolup geçýär. Men Ýuriý bilen Wiktoryň durmuşlary barada oýlanýaryn, olaryň çagalygynyň sahypalaryny agdarýaryn, otuz-kyrk ýyl mundan öňki zatlary şu günki durmuşda bar bolan zatlar bilen deňeşdirýärin, müňlerçe nepis gatnaşyklary bolan janly adamlar göz öňümde näçe aýdyň peýda boldugyça kalbyma ornaşýan sowallar şonça-da aýgytlaşýar. Gadyrly uçurymlarymyz, siz nähili adamlar bolup ýetişerkäňiz? Siziň üçin durmuşda haýsy zat mukaddes hem mizemez zatlar bolarka? Siz öz çagalaryňyzda we agtyklaryňyzda haýsy ynsan sypatlaryny goýup giderkäňiz, halkyň bir bölejigi hökmünde siz ahlak ösüşiňizde näçe basgançak ýokary galarkaňyz? Meniň kalbyma adam ykballary näçe köp aralaşdygyça, adam gatnaşyklarynyň inçe sapaklary Watanyň mukaddesliklerine, adamyň adama bolan gatnaşyklaryna tarap näçe çuň çöşlendigiçe, men adamyň özeniniň, onuň ähli zady özüne bagly edýän, ähli zat özünden başlanýan esasy köküň borçdugyna şonça kän göz ýetirýärin. Ynsan şahsynyň Watan öňünde, jemgyýet öňünde, halkyň ýadygärliginiň we ahlak gymmatlyklaranyň öňünde, başga bir adamyň - onuň ykbalynyň şatlyklarynyň, bagtynyň, durmuşynyň, dünýä inmesiniň we ölmeginiň öňünde öz jogapkärçiligini duýmakdygyna, olara sarpa goýmakdygyna şonça çuň göz ýetirýärin. Borç munuň özi ahlak ýygyndysy, moral maý bolup, biziň öz ýetişdirýän adamlarymyzdan garaşýan zatlarymyz - ideýalara, ideallara graždanlyk wepalylyk; öz bähbidiňi jemgyýetçilik bähbidine tabyn etmegi, hut jemgyýetçilik ideallarynyň çür depesine çykmak arkaly öz şahsy durmuşyňy gözel etmegi başarmak, duşmana barlyşyksyzlyk, Watanyň namysy, belentligi, şöhraty ugrunda janyňy gurban etmäge, adamlara ýagşylyk etmäge taýynlyk we ony başarmak şoňa baglydyr. Borjy terbiýelemek kommunistik terbiýäniň özenidir. Biziň maksadymyz belent borçly adamdyr. Hakyky ynsan bagty diňe belent borçly adama ýetdirýändir, diňe beýik ideallara wepalylyk şahsyýetiň abraýyny galdyryp, oňa bagt berip bilýändir, içki ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandyr. Birmeňzeş şertlerde ösüp ulalan iki ýetginjegiň – Ýuriý bilen Wiktoryň näme üçin dürli-dürli adamlar bolup, biriniň gahryman, beýlekisiniň bolsa züwwetdin gorkak hem dönük bolup ýetişenligi baradaky sowala men ynsan gatnaşyklarynyň iň maýdajyk taraplaryndan, owunjak zatlardan jogap tapmaga synanyşdym. Hawa, onuň biziň aramyzda ýaşap ýören züwwetdin gorkak hem dönük bolup ýetişmeginiň sebäbini gözledim. Biziň durmuşymyzyň, biziň sosial hem ahlak progresimiziň manysy bolan köp taraply ynsan gatnaşyklarynda ýokary ruhy maksatly adamlaryň Wiktor tetelli ysnatlar bilen çaknyşyklary iň kyn meýdanda – ynsan kalbynda köne dünýäniň güýçlerine garşy göreşdir, täze adamyň kalby ugrundaky göreşdir. Hawa, birbada göräýmäge Wiktor bilen Ýuriý birmeňzeş şertde ýaşap, birmeňzeş terbiýe aldylar. Ýöne uly zat kiçi zatdan başlanýar; esasy zat başda, çagalykda juda ownuk bolýar. Biziň filosofymyz Mikola baba ýürekdeş gürrüňçiligiň birinde maňa şol ownuk zady görmäge kömek etdi. Ol şeý diýdi: «Wiktor doňýürekdi... Onuň gözi görse-de, ýüregi duýmaýardy. Kişi özünden başga zady bilmeýärdi. Ýuriniň ýüregi bolsa çagalykdan başlap açykdy, dözümsizdi. Ol çagalykdan başlap, iliň gamy bilendi – ynha ynsan gözelligi diýip, şuňa aýdarlar...» Bu pikir meniň üçin halk pedagogikasynyň ýatdan çykyşan zatlary ýagtyldyp, köp zady düşündiren, köp zady anyklap beren ýiti şöhlesi boldy. Mysal üçin, ynha şeýle zat ýada duşup, öz düşündirişini özi tapdy. Günlerde bir gün Wiktoryň ejesi nähoşlady. Oglan bolsa pioner lagerine gitmelidi. Enäniň keselini çaga aýtmadylar. Natalýanyň özi: «Nätjek çaganyň ýüregini gyýyp? Goý, çaga kalbyny hiç zat awutmasyn...» diýdi. Wiktorlaryň ýanynda çagasyz, ýalňyz garrylar ýaşaýardy. Wiktor olara zygyr-zygyr gatnardy, goja bilen kempir oglana süýjüli hoz bererdiler. Goja nähoşlanda bolsa ejesi: «Goý, çaga kalbyny hiç zat awutmasyn» diýip, ogluna onuň ýanyna gatnamagy gadagan etdi. Ynha, kişi özünden başga zady bilmeýärdi diýilýäni... Çagalykda onuň ýüregini awutmazlyga çalyşdylar, ony güýçli duýgulardan çetde sakladylar. Şatlykdyr gaýgyly, aladadyr jebirli adamlar oglanyň kalbyna aralaşdyrylmady. Çagalyk ýyllary Ýuriý düýpden başgaça ýaşady. Onuň kalby ynsan duýgulary üçin mydam açyk boldy. Obalaryndan dokuz kilometrlik goňşy hutorlarynda onuň babasy bilen mamasy ýaşaýardy. Oglan olara ilkinji bahar balyny, bagda bişen ilkinji almalary, ilkinji hozlary alyp giderdi. Ýuriniň durmuşy çagalykdan başlap, şatlykdyr hasratlar, tolgunmadyr aladalar bilen doly boldy. Öz ýüreginiň mährini perzendine jomartlyk bilen eçilmän Tatýana adam üçin iň uly şatlygyň, iň uly bagtyň öz ruhy güýçleriňi başga birine eçilmekdigini parasatly ene ýüregi bilen duýýardy. Ejesi hakynda, babasy we mamasy hakda aladalanmak arkaly oglanyň kalbyna şatlyklar dünýäsi gelip girýärdi. Çaganyň kalby adama eserdeň garady. Bir gezek kakasy faşistleriň ispan topragynda eden wagşylyklaryny okap bereninde, oglan uzynly gije aglap ýatmady, diňe daňdanlar zordan diňdi. Bu zatlary hakydama getirdigimçe eserden, ýuka ýüregiň nämeligi, doňýürekliligiň nähili netijelere getirýänligi meniň üçin şonça düşnükli boldy. Päkýürek, oňat adamlaryň arasynda jezadan gutulan züwwetdiniň we dönügiň ýaşaýandygy aýdyň bolaly bäri, Wiktoryň dogduk obasyna gaýdyp gelip, jaý salyp başlaýşyny görelim bäri meniň ýüregimdäki ýara duz basylan ýaly boldy, emma men ony bejerjek bolmakdan-a geçen, gaýtam, tersine adamyň Watana we adamyň adama bolan çylşyrymly we gaýtalap bolmajak gatnaşyklarynyň öňünde ýüregimi has giňden açasym geldi. Adamlar meniň gözümiň alnynda doglup, ilkinji sözi aýtmany öwrenýärdiler, durjan-durjan bolýardylar, dünýä täsin galyp, oňa geňlik bilen akyl ýetirýärdiler, onsoň kä çaganyň ünjüsiz gepine, käte ýagşylykdyr ýamanlyk, namysdyr binamyslyk, adalatlylykdyr adalatsyzlyk barada ilkinji howsalaly oýlanmalara böwrümi diňläp, men adamyň öz-özüne düşünip ugran, özüni gurşap alan dünýäden saýlan badyna onuň kemala gelmeginde, nähili adam bolup ýetişmeginde, Watanyň nähili graždaninli, zenanyň nähili ärli, çagalaryň nähili kakaly boljagynda bir tarapdan islegiň, beýleki tarapdan bolsa borçdur borçly bolmak sazlaşygynyň aýgytly rol oýnaýandygyna şonça köp göz ýetirdim. Çagaňy we kollektiwiň durmuşyny synlamak, ýaş kalbyň her bir sözüne, her bir hereketine diňşirgenmek bilen, men adam şahsynyň kollektiwe we beýleki bir adama gatnaşyklaryny, şahsyň isleýän zadynyňmy ýa uly iliň eşreti üçin şahsyň etmeli zadynyňmy – nämäniň kesgitleýändigini gerjek bolup jan etdim. Men öz ömründe ilkinji gezek «Eje» sözüni aýdyp başlanyndan tä pasport we kämillik attestatyny alýança aýry-aýry şahslaryň kemala gelşini, olaryň ösüp, maşgalada we kollektiwde kämilleşişlerini öwrendim. Men islegdir borç sazlaşygynyň nähili bolmalydygyna düşünjek bolup, ynsan gatnaşyklarynyň iň inçe, käte bolsa diýseň açyk taraplaryna aralaşjak bolup, jan etdim. Synlan hem öwrenen çagalarym we ýetginjeklerim iň dürli maşgalalardan boldy: olaryň biriniň durmuşy ýuwaş, imisala, asuda geçse, beýleki bir maşgalalardaky çagalar kiçijikliklerinden başlap, güýçli duýgulary, wakalary başdan geçiripdirler. Bir maşgalada agzybirlik, parahatlyk bolsa, beýleki birinde sene-menelerbolup durupdyr. Bir maşgalada çaganyň islegi gepsiz-gürrüňsiz berjaý edilse, başga bir maşgalada şol islegleriň berjaý edilişi çäklendirilipdir. Çagalaryň käbiri ömürlerinde ýekeje-de betbagtçylykly günüň bolmanlygy üçin bagtyň we elpe-şelpeligiň nämedigi barada pikirem etmändir, başga birleriniň bolsa, dörän ýagdaýlara görä, bagtdyr şatlyk diýen zatdan habarlary hem bolmandyr, sebäbi olaryň durmuşy diýseň betbagt bolupdyr. Käbir çagalar horluk diýen zady göz öňüne hem getirmändirler, sebäbi ata-eneler olary bela-beter diýen zadyň töwereginden hem geçirmändirler, başga birleri bolsa jebir-jepa diýen zady diýseň köp görüpdirler, olara döz gelipdirler. Ynsan şahsynyň esasynyň – graždanlyk edermenliginiň, halkyň ideallaryna wepalylygyň özeniniň borçdugyna göz ýetiremsoň men köňlüň bu baýlygynyň kemala gelşiniň kanunalaýyklyklaryna düşünmäge synanyşdym. Belent ideallara wepaly. Watanyň mertebesi, namysy we şöhraty ugrunda janyny gurban etmäge taýýar, adamlar üçin bagtdyr şatlyk döretmäni başarýan we bu işden özüne uly şahsy bagt tapýan ajaýyp adamlaryň durmuşyma girip durmagy her ýyl meniň şatlygyma şatlyk goşdy. Ynha, meniň alnymda akylly gara gözleri hemişe howsalaly görünýän on ýedi ýaşly Alýoşa dur. Onuň başyna ep-eslikynçylyk düşüpdir. On ýaşly oglanka ol ejeden mahrum bolupdyr, on dört ýaşynda bolsa kakasyz galypdyr. Ýetim galan Alýoşa aljyrap, ruhdan düşmändir. Ol maşgalabaşyna öwrülipdir: ýaşy bir çene ýetenenesiniň gün-mydary indi Alýoşa bagly bolupdyr. Iýunyň iň gysga gijesi ol: «Men instituta-da girerin, enemem taşlaman» diýip aýdypdyr. Munuň özi hakyky erkeklik bolupdyr, emma ýigit öz bolşunda üýtgeşik bir zat görmändir. Ol instituta okuwa giripdir, stipendiýasynyň daşyndan agşamlaryna işläpdir, ujypsyzja aýlygyna ýeke özüni däl, eýsem enesini-de ekläpdir, instituty gutarybam inžener bolupdyr. Häzir enesi onuň ýanynda ýaşaýar. «Eger agtygymyň mähirdir yhlasy bolmadyk bolsa, men bireýýäm ölüp-ýitip giderdim» diýip, kempir bir gezek uçurymyň öýünde myhmançylykda bolanymda maňa aýtdy. Ýöne terbiýelänlerimizi durmuşa ugradanymyzda uly alada galýan halatlarymyz hem bolýar. Ynha, ejesiniň söwer gyzy Galinka. Maşgalanyň güni gül ýaly geçip durka Galinka alçak gyz eken. Kakasy ölüp, ejesi nähoşlaýaram welin, durmuşa çykan, instituty hem bireýýäm gutaran gyz näsag ejesiniň ýanyna-da gitmeýär, oňa kömegem etmeýär. Çagalykda we ýetginjeklikde özüni ýagty jahana inderip aýaga galdyran adamlara hoşallyk duýgusyny başdan geçirmedik, öz minnetdarlygyny bildirmek üçin pikirem etmedik adamyň kakasydyr ejesiniň ýiligini sorýan birehim doňýürek mahluga öwrülýändigini durmuş maňa görkeze-görkeze geldi. Men borjuň adamyň içki sudýasydygyna, wyždanyň iň möhüm stimulydygyna düşündim. Wyždan üçin borç hem edil gaýyk üçin ruldur küregiň gerek bolşy ýaly gerek. Borçsuz wyždan asylly ynsan prinsiplerine wepaly bolup bilmez; ynsan asyllylygy bu belent duýgyny başdan geçirmedik we onda özüni görkezip bilmedik adam üçin şahsy ynam bolup bilmez. Beýik ynsan borjunda özlerini görkezmek hyjuwlaryny, isleglerini oýarmak üçin öwüt-ündew edýän pursatlarymda açyk çaga kalplaryna aralaşmak, çagalaryň gözlerine seretmek bilen, men borjy duýmak we ony başdan geçirmek bilen adamyň ideýa ynamynyň, garaýşynyň, onuň şahsy pozisiýasynyň arasynda öränberk baglanyşygyň bardygyna göz ýetirdim. Megerem, adamyň ahlak keşbini kesgitleýän sazlaşygy isleýärin bilen borçludygynyň arasyndaky sazlaşygy berkarar etmek şol gatnaşygy döretmek ukybyna baglydyr. Öz tejribesinde adamyň adam barasyndaky aladasyndan, şatlykly, howsalaly, tolgunmaly, yzaly, beýleki adamlaryň derdine ýanylýan şahsy ruhy durmuşdan başlanýan belent ynsan borjunda özüni görkezmegi başarmadyk adam hakyky ynsan bagtynyň durmuş şatlygynyň nämedigini bilenok, öz bagtynyň beýleki adamlaryň zähmetine baglydygyny duýmagy başaranok, ol hoşallyk duýgusyny başdan geçirmäge ukypsyz, ýogsam, bu duýgy borç duýgusynyň üstüni ýetirip duran çeşme bolmaly. Men haýsy hem bolsa bir adam çagalykda we ýetginjeklikde borçda özüni görkezmese we öz şahsy mertebesini ornaşdyrmasa, eger bu görkezme we ornaşdyrma zerur ynsan gatnaşyklary bolmasa, birbada göräýmäge geň zadyň bolup geçýändigine göz ýetirdim: adam we jemgyýet hakyndaky, ýagşylyk we ýamanlyk hakyndaky, adamyň nähili bolmalydygy hakyndaky bilimler we hakykatlar, terbiýeçiniň iň dürli formalarda (akyl öwretme, öwüt berme, ynandyrma, terbiýelenýäni ahlak edermenliginiň mysaly arkaly ruhlandyrmak) köp gezek gaýtalanan, diýseň düşnükli, müň gezek düşünilen bu bilimler kalba ornaşyp, adamy tolgundyrmaýar. Terbiýede öran möhüm rol oýnaýan hakykatlar diňe adamyň faktlara paýhas bilen akyl ýetirip, ideýalaryýüregi, kalby bilen başdan geçiren halatynda ynsan ynamy, nukdaýnazary, pozisiýasy bolup bilýär. Öz terbiýelenýäniňiziň paýhasy bilen kalbynyň öňünde ahlak gözelliginiň, edermenliginiň aýdyň obrazyny döreden pursatyňyzda, adamy öz şahsy ruhy baýlygy hökmünde ahlak hakykatlarynyň gadyryny biler ýaly edip ruhlandyrmagy maksat tutunanyňyzda,ol özüni ruhy taýdan baý, gözel, edermen saýyp, gözlerinde şatlykly tolgunma uçgunlary oýnasa, ýüregi agzyndan çykjak bolup gürsüldese, oý-pikiri geljege ümzük atsa, bu diňe bir mekdepde däl, eýsem ulular bilen iş salşylýan ýerlerde-de her bir terbiýeçiniň ýetip bilmeýän arzuwydyr. Okuwçynyň şeýle ruhy ýagdaýy meniň hemişe arzuwedýän zadymdy, idealymdy. Öz terbiýelenýäniňi terbiýe täsiri bilen beýle ýagdaýa diňe adamyň adamlar bilen köp taraply gatnaşyklarynda özüni borçda görkezýän, şonuň bilenem öz ynsançylyk mertebesini we baýlygyny berkarar edýän wagtynda getirip bolýandygyna men göz ýetirdim. Şeýle bolan wagtlary hem boldy, altynjy klas okuwçylaryna öz janyny Watanyň şöhraty we namysy, azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda gurban eden adam barada gürrüň berip oturansyň, hemmeler demlerini alman diýen ýaly diňleýändirler, gözlerinde dogum ody uçganaklaýandyr, birdenem şol ajaýyp pursatda boş, biweç nazara gözüň düşer. Şol boş nazarlar terbiýeçiniň sözüniň öňünde ýüregiň beýle ýapyk durmagy maňa ynjalyk bermezdi, ol meni agyr oýlanmalara sezewar edip, gijelerimi ukusyz geçirderdi. Näme üçin kalp boş galýar, näme üçin mukaddes zat ýüregiň arzyly künjeklerine aralaşyp bilenok, aslynda beýle ýürekde arzyly künjekler bir barmyka? Öz terbiýeleýänlerimiň ýüreklerine aralaşmagy dowam etdirmek, kollektiwde özara jogapkärçilik we borç gatnaşyklaryny döretmek we olara göz-gulak bolmak kiçijik adamyň öz ahlak baýlygyny nämedir bir zat arkaly beýan etmegini, şol beýan etmegiň üsti bilenem öz-özüne akyl ýetirmegini, öz-özüni terbiýelemegini gazanmak bilen, men hakyky terbiýäniň terbiýe bilen öz-özüňi terbiýelemegiň bir bitewi ýerinde bolýandygyna gitdikçe içgin göz ýetirdim, beýle bitewilik bolsa diňe adamyň nämedir bir zadyň gadryny bilýän şertinde mümkindir: ol ilki adamyň, onuň bilen gatnaşyklarynyň gadryny bilse, soň ideýanyň, hakykatyň gadryny bilýär. «Hakykat diňe adamlar üçin bolanynda hakykatdyr» diýip, beýik şahyr we akyldar Gýote ýazypdyr. Hawa, ahlak, syýasy hakykatyň, ideýanyň ideologiki prinsipiň, ynamyň şahsyň kalbyna aralaşmagy–bularyň bary ynsan gatnaşyklaryndan, borç duýgusy döreýän ynsan gatnaşyklaryndan başlanýar: adamlaryň mende ahlak gözelligini görmekleri üçin men nähili adam bolmaly? Boş, biperwaý gözli bäşinji klas okuwçysy – munuň özi adamyň gadryny bilmek, eçilýänligiň, iş bitirýänligiň, adamlara şatlykdyr bagt paýlaýanlygyň üçin şatlyk duýgusyny başdan geçirmek diýen ýaly zatlary öz tejribesinde görmedik we beýle zatlary düýpden bilmeýän adamdyr. Adamyň gadryny bilmeýän kişi ideýanyň ahlak hem syýasy hakykatyň hem gadryny bilýän däldir, sebäbi ideýalar diňe birek-biregeruhy güýçleriň, doganlygyň, dostlugyň, özara kömegiň berilýän ynsan gatnaşyklarynda döreýär. Mende kiçijik adamyň terbiýelenýän bolmak, ulularyň, ilki bilenem mugallymyň terbiýeleýjilik täsiriniň güýjüne ýan bermek ukyby hakynda ilkinji pikirler döredi. Näme üçin Kolýa «terbiýelemesi kyn», terbiýe täsirine ýan bermeýän çagaka? «Näme üçin oňa hiç zat täsir edenokka?» diýen hupbatly sowalyň jogaby ýyl geldikçe has aýdyňlaşyp başlady. Sebäbi ol terbiýelenýän çaga bolmaga ukypsyz; onuň öz töweregindäki adamlar bilen bolan gatnaşygy oňa iň uly ynsan eşretini – kimiňdir, nämäniňdir gadyryny bilmek ukybyny, ilki öz gadyryny bilýän adamyny, adamlary, kollektiwi, soň bolsa ahlak prinsiplerini görmek we duýmak ukybyny berenok. Daş ýaly gatan topragyň nem sormaýşy we hasylly bolmaýşy ýaly, gadyryňy bilmek diýen zady öz tejribesinde görmedik adamyň kalby maslahaty hem, akyly hem, öwüt-ündewi hem kabul edenok. Borçda özüni görkezip bilmedik adam üçin özara ynsan gatnaşyklarynyň bir adamyň eşretiniň, bagtynyň, şatlygynyň, beýleki adamlaryň eşretine, bagtyna, şatlygyna bagly bolan özara gatnaşyklaryň kanuny hökmünde borçly diýen düşünje elýetmezdir. Belki, okyjy üçin bu pelsepeleriň durmuş bilen baglanyşygy az, juda teoretiki pelsepeler bolup görünmegi mümkin. Ýok, müň kerem ýok. Bu gündelik mekdep praktikasynyň baryp ýatan özenidir. Biler bolsaňyz, bu ahlak terbiýesiniň, elipbiýidir. Ilki bilen, terbiýeçiniň talaby hökmünde, borçly sözi her gün mekdeplerde millionlarça gezek aýdylýar. Millionlarça bu !!! borç adamsy atly ymarat salynýar. Ýöne bu ymaratyň durnukly bolmagy üçin örän pugta fundament gerek. Ol fundament bolsa adamyň borçda özüni görkezmesidir, adamlar bilen, kollektiw bilen gatnaşyklarda borç arkaly öz-özüni berkarar etmegidir, borçly diýen düşünjä öz öňünde goýan talabyna !!! emrine garaýşyň ýaly garamakdyr. Hormatly mugallymlar, geliň şol dissonansyň, biziň günlerimizde terbiýe praktikasyna mahsus bolan şol disproporsiýanyň manysyny seljerip göreliň: sen borçly – şeý diýip terbiýeçi terbiýelenýänine diýseň köp gezek diýseň ýygy-ýygydan ýüzlenýär, men borçly diýip bolsa terbiýeçi örän az aýdýar, köp halatlarda-ha ol muny asla-da aýtmaýar. Borç adamynyň döredýän zady ol öz-özüne hiç zady emr etmeýän bolsa, düýpden manysyzdyr. Terbiýäniň beýik ussatlygy adamyň öz wyždanyna erk edip bilmegindedir, siz terbiýeçiler, diňe şeýle şertlerde öz terbiýelenýänleriňiziň akyldyr kalplaryna erk edip bilersiňiz. Meniň üçin öz sözlerimiň, öz erkimiň öňünde terbiýelenýänimiň ýüregini açmalydygy, ol ýüregi söze, akyl öwretmä, ynandyrma, mysala gabyl etmelidigi düşnükli boldy. Munuň üçin praktiki taýdan näme etmeli? Borç adamy atly ymaratyň pugta we yranmaz bolmagy üçin berk fundamenti nähili gurmaly? Ýurdumyzyň her bir adamy üçin zerur bolan borç duýgusy – munuň özi beýleki adamlaryň, kollektiwiň, jemgyýetiň, Watanyň bähbitlerine öz bähbitleriň bilen baglanyşykda düşünmek we olary goldamakdyr. Borç ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýar, onsoň adam özüni borçda şahsy durmuşyň iň inçe taraplaryndan görkezip başlaýar. Jemgyýetçilik bähbidi bilen hakyt şahsy bähbit borçda örän ajap utgaşýar. Borjuň çür-depesine – jemgyýetiň, sosialistik Watanyň bähbitlerine düşünmäge we olary goldamaga barýan ýol adamyň adama bolan gatnaşygyndan başlanýar. Adam, onuň durmuşy, göreşi, şatlyklary we hasratlary – munuň özi akyl ýetirmegiň iň çylşyrymly predmetidir, ýüregiň borç duýgusy döremeli künjegine täsir edýän iň kuwwatly güýçdür. Borjuň çür depesine, jemgyýetiň, Watanyň öňündäki borja alyp barýan ýoly men çaganyň öz aňly-düşünjeli durmuşynyň ilkinji ädimlerinden başlap, obrazly aýdanyňda, ynsan ykballaryna ýüregi bilen aralaşmagynda görýärin. Keseki ykballarynyň öz kalbyna ornaşmagynda, çuňňur şahsy işe öwrülmeginde ynsan ykballarynyň üsti bilen iň belent bähbitlere akyl ýetirmäge barýan ýoly geçmek, ideala – Watana, onuň namysy, şöhraty, kuwwaty ugrundaky göreşe wepaly hyzmat etmäge golaýlaşmak bilen adamyň öz-özüni görmeginde, öz-özüne garamagyndagörýärin. Eger siz borç adamyny terbiýelemek isleseňiz, onuň adamlar bilen gatnaşygyny ol beýleki adamlar üçin janyny berer ýaly edip guraň. Öz-özüňe belli bir derejede garamak, öz öňüňde talap goýmak, wyždanyňa erk etmek ukybynyň kiçijik adamyň şatlygynyň we bagtynyň çeşmeleriniň nähilidigine gös-göni baglydygyny maňa köpýyllyk tejribäm öwretdi. Çagalary entek krowatyň uzynlygyna däl-de, keseligine ýatýan ata-eneler bilen, çagalary eýýäm gurşap alan dünýä täsindir geň galyp seredýän adamlar bilen öz ata-eneler mekdebimizdäki okuwlarda biz çagalaryň şatlyklary, bagtlary barada diýseň köp oýlanýarys, maslahatlaşýarys, pikir ýöredýäris. Hut bagt hakyndaky, çagalygyň şatlyklary hakyndaky gürrüňiň mugallymlaryň we ata-eneleriň bilelikde iň içgin üns bermeli zady bolmalydygyna meniň gözüm ýetik. Ata-enäniň terbiýeçilik paýhaslary ilki biziň çaga bagtyna nähili garaýanymyzda bildirýär diýsem, ulaltma bolmaz. Mugallymçylyk parasatynyň iň möhüm çeşmeleriniň biri bagta garaýyşdadyr, çaga bagtyna we şatlyklaryna düşünmekdedir. Çaga bagty – munuň özi hem-äadamy ýylydýan şypaly otdur, hemem oduň haýsy ugra gönükdirilenligine baglylykdaky ýykyp-ýumrujy ýangyndyr. Özüm-ä bolsam, alym mugallymlar bilen ata-eneleriň uly ylmy konferensiýasyny çagyryp, onda çaga bagty diýen ýekeje problemany maslahata goýardym. Eger bu problema teoretiki we praktiki taýdan dogry çözülse, terbiýäniň kynçylyklarynyň gylla ýarysy ýok bolarly. Adamyň we onuň beýleki adamlar bilen köp taraplaýyn gatnaşyklarynyň kemala gelmegi aslynda dünýä paýhasdyr ýüregi bilen akyl ýetirýän adamyň öňünde bagtyň açylyşyna, has dogrusy, terbiýeçiler bolan biziň ony ynsan jemgyýetinde doglup, entek adam bolup ýetişmedik jandaryň öňünde açmagy başaryşymyza baglydyr. Bagt baradaky, oňa düşünmek we ony duýmak baradaky düşünjä biziň körpeje terbiýelenýänimiziň ýaşuly nesilleriň döreden, gazanan, kynlyk bilen ýeten moral gymmatlyklaryny özleşdirmek ukybyny, şol gymmatlyklaryň gadryny bilmek başarnygyny, öz ýanyndaky adamy duýmak ukybyny - iň esasysy hem – adamyň ahlak ösüşiniň durmuşyňmanysyny halkyň beýik ideallaryna hyzmat etmekde, Watanyň namysy we şöhraty, mertebesi we kuwwaty ugrunda göreşde görýän basgançagyna galmak ukybyny kesgitleýär. Diňe ynsan bagtynyň hakyky manysyny we hakyky gadryny bilýän adam özüni görüp, öz pikirlerine, duýgularyna, ruhy hyjuwlaryna erk etmäge, ahyrsoňunda bolsa öz wyždanynyň hökümdary bolmaga ukyplydyr. Çagalary we ýaşlary terbiýelemäge gatnaşýan, olaryň ykbaly üçin, diýmek, halkyň geljegi üçin jogapkär adamlar bolan biziň hemmämiz entek çagalary bagt diýen zadyň nämedigini bilmeýän maşgalalaryň bardygyna howsalalanman durup bilmeris. Islän zatlary aladaçyl ata-ene tarapyndan bitirilip, durmuşlary ünjüsiz, kir-kimirsizgeçip duran çagalaryň durmuşlaryna ýüregiň gyýylýar. Taýyn aşyň eýesi edýän, bu elpe-şelpelik, tükeniksiz eşret ýagdyrmak çagalyk ýyllaryndan çuň kök uran indiwidualizmi, isleg bilen talaby elhenç ýoýmaklygy, adamyň öz şahsy eşreti bilen bagly bolmadyk zatlary islemäge, oňa ymtylmaga ukypsyzlygyny döredýär. Şeýle «bagtda» ösdürilip ulaldylan çagalar barypýatan betbagt adamlardyr, biziň jemgyýetimiziň ahlak baýlygy olara ýetdirmeýär, onsoň mekdep, eger ol taýyn bagtyň heläkçilikli manysyna düşünmeýän bolsa, adamda hakyky ynsanyýetçiligi açmak üçin köp-köp güýç sarp etmeli bolýar. Meniň terbiýeleýjilik idealym adamyň maşgaladaky, jemgyýetdäki bagtynyň alada ýugrulan, ynjalyksyz, howsalaly bagt bolmagydyr. Meniň çuňňur ynanjyma görä, terbiýäniň iň esasy taraplarynyň biri kiçijik adamda güýçli duýgulary, rehimdarlygy, elinden gelen aladany etmegi kemala getirmekdir. Kynçylyk çekmezden, jan gynamazdan bagta düşünmek bolmaz. Şu ýerde biz Gorkiniň «Edim – döredijilikli zähmet, döretme» diýip atlandyran zadyna golaýlaşýarys. Zähmet wyždanyň we borjuň iň ilkinji we iň päk ýürek sakçysydyr. Men zähmet diýip giň manyda: köňül hyjuwy bilen elleriň gujurynyň, paýhasyň birleşmesine, adamyň adama, adamyň kollektiwe, adamyň Watana gatnaşygyna, özüňi halka wepaly hyzmat etmek ugrunda görkezmegiň, ýüze çykarmagyň belent hyjuwlary bilen ruhlanan gatnaşyklara düşünýärin. Iň uly we çylşyrymly zähmet, terbiýeleýjilik taýdan iň güýçli, şahsy asyllaşdyrýan zähmet adama bagt eçilmekdir, adamlara, belent ideýalara degişli bolmakdyr. Çaganyň maşgaladaky bagty nämeden ybarat? – bu sowal biziň umumy oý-pikirlerimiziň – mugallymlar bilen ata-eneleriň kiçijik adamyň geljegi baradaky oý-pikirleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Çagalygyň, ýetginjekligiň, juwanlygyň bagtynyň iň möhüm çeşmesi zähmete hormatyň öçmejek kultudyr. Zähmete hormat goýmak duýgusy çagany başga adamlar bilen ilki ýakyn adamlary, soňra ähli päk-ýürek watandaşlary bilen borjuň ruhy sapaklary arkaly baglanyşdyrýar. Zähmete hormat goýmak duýgusyndan, zähmet bagty döredijidir diýen pikirden borçlulyk ýagdaýy döreýär, şonsuz bolsa adamyň elementar moral medeniýetini, onuň öz geljegine bolan jogapkärçiligini, onuň bagta bolan hukugyna düşünişini we ony duýuşyny göz öňüne getirmegem mümkin däldir. Meniň borçlulygym hakyndaky pikir çagada ejesiniň we kakasynyň zähmetiniň öňünde, jemgyýetçilik zähmetiniň öňünde heýjana gelmek, geň galmak duýgusy bar halatynda döreýär. Men hemişe ejesiniň we kakasynyň zähmetine çaganyň gözüni açmaga, onda şol heýjana gelmek, geň galmak duýgusyny oýarmaga, ol zähmet çekeninde, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak şatlykdyr guwanç duýar ýaly maksat bilen zähmet çekmäge isleg döretmäge jan etdim. Çaganyň dünýä akyl ýetirmeginiň, ilki bilen, zähmete akyl ýetirmek bolmalydygyna, adamlar bilen köp taraply gatnaşyga girmegiň çaganyň beýleki adamlara garaýşyny zähmet arkaly bildirmeginden başlamalydygyna meniň gözüm ýetik. Çaganyň ilkinji aladalary, howsalalary, biynjalyk bolmagy, tolgunmalary, şol bildirme bilen baglanyşykly bolsa, onda olar islegler bilen borç sazlaşygyny döredýär, şol sazlaşyksyz bolsa asylly adam, onuň graždanlyk barada pikir edip oturasy hem iş ýok. Men birinji klasly körpelere Saşanyň süýtçülik fermasynda işleýän ejesiniň öz zähmeti bilen bäş ýüz adamy ekleýändigini, Grişanyň dowardarçylyk fermasynda ýigrimi ýyl işlän kakasynyň bolsa işçidir kolhozçylaryň telim müňüni geýindirendigini gürrüň berenimde, meniň terbiýeleýänlerimiň gözlerinde täsin galmak we guwanç uçgunlary oýnaklady. Çagalar özleriniň görüp bilmedik zatlaryny gördüler we hiç kimiň gözüne ilmeýän adaty zat olaryň öňünde başga öwüşgine eýe boldy. Çaga paýhasynyň we kalbynyň öňünde kakasynyň we ejesiniň durmuşyndaky zähmet köp adamlaryň öňünde olaryň borjy, diňe şol borjy berjaý etmek bilen adam özüniň jemgyýetçilik keşbine eýe bolýar – ony sylaýarlar, hormatlaýarlar, onuň gadyryny bilýärler diýen hakykat açyldy. Zähmete adamlaryň öňündäki borç manysynda düşünmekden we duýmakdan ejäniň we kakanyň argynlygyna azaply zähmetlerine duýgudaşlyk döreýär. Ejesi bilen kakasynyň göräýmäge göze ilmeýän adaty işlerine çaganyň heýjana gelmek, täsin galmak duýgusy näçe çuň bolsa, onuň ata-enesi üçin nämedir bir zat etmek islegi şonça-da ýürekdendir. Ene we ata, siz bu islegi çaga köňlüniň ägirt uly ahlak gymmatlyklary hökmünde aýap saklaň. Aladaly, ynjalyksyz, howsalaly – hakyky bagtyň inçejik çeşmesi hut şunuň özündedir. Eger siziň çagaňyzyň ata-enesine söýgüsini bildirmek üçin bir zat edesi gelýän bolsa, onda siz beýik jemgyýetçilik prosesiniň başlanýandygyny, çaganyň borjuň çür başyna barýan uzak ýolunyň başlanýandygyny bilip goýuň. Ulular bolan bize çaganyň kiçijik bolup görünýän, emma onuň adama hem borja gatnaşygyny aňladýan zähmetiniň çaganyň ruhy güýjüniň ägirt uly zor salmasydygyny hem ýatda saklaň. Şol zähmet ata-eneler, mugallymlar, jemgyýetçilik bolan biziň graždanlyk, watançylyk, ýokary ideallara wepalylyk tohumlaryny sepmeli ekin meýdanymyzyň gapagyny aýyrýar. Adamyň adama bolaň gatnaşygyny – çaganyň uly adama bolan gatnaşygyny aňladýan zähmet çaganyň: «Men geljekde, enem-atama minnetdarlygymy bildirmek üçin etmeli zatlarymyň ondan birinem edemok» diýen iňňän möhüm ahlak ynamynyň ýeke-täk we hiç zat bilen çalşyryp bolmajak çeşmesidir. Bu ynam eserdeň çaga wyždanynyň esasydyr. Ulularyň öňündäki jogapkärçiligini bilen kiçijik adam hiç haçan ata-enesinden bolmajak zady talap etmez, ata bilen enede ol diňe özüni dünýä inderen adamlary däl, eýsem, jemgyýetçilik öňündäki, Batan öňündäki borjuň janly ýüze çykmasyny hem görýär. Çaganyň öz çylşyrymly ruhy hyjuwlaryny we niýetlerini beýan edip biläýjek zähmetini tapmagy üçin uly terbiýeçilik ussatlygy gerek. «Ejeň üçin bir düýp siren ek», «Ene bägülini oturt», «Kakaň we ejeň üçin gül ösdürip ýetişdir», «Bagda kakaň dynç alar ýaly gözellik burçuny döret» – çaga şeýle maslahatlary uly şatlyk bilen kabul edýär. Bu ýerde iň möhüm zat: bu güýmenje-de, oýun hem däl, diňe çaganyň güýjüne mümkinçiligine görä, uly yhlas talap edýän hakyky zähmetdir. Emma siz ol yhlasdan çekinmäň, çagaňyzyň derinden, aýalarynda peýda boljak gabarçaklardan gorkmaň. Adamzat ýaşaýarka inçe, eserdeň, näzik köňül diňe zähmet bilen terbiýelener, zähmet bolsa argynlyk, der, gabarçaklar bilen bagly. Bu zähmetiň hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak terbiýeleýjilik güýji öz fiziki we ruhy güýjüni jemlemek bilen, adamyň özüni häzirki wagtdakysyndan oňat ýagdaýda göresiniň gelýänligindedir, öz ahlak asyllylygyny duýasy gelýänligindedir. Bu isleg siziň ogluňyzyň, siziň gyzyňyzyň şahsy durmuşynyň örän nepis ýüze çykmasydyr. Eger olarda şeýle duýgy dörän bolsa, sizem ony ösdürmek üçin dogry ýola gönükdiren bolsaňyz, onda siziň çagaňyzda kalbyň iň gymmatly ukyby – öz-özüňi terbiýelemek, öz kalbyňa, duýgularyna, hyjuwlaryňa erk etmek ukyby dörär. Göräýmäge onçakly göze ilmeýän bu ujypsyz zähmetiň – çaganyň ata-enä bolan gatnaşygyny aňladýan zähmetiniň mekdep-maşgala terbiýesinde, biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda iň inçe, iň gerek işdigine meniň gözüm ýetik. Maşgala watançylyk duýgularyň we ynamlaryň, watançylyk borjuň beýik derýasynyň başlanýan ilkinji çeşmesidir. Onsoň, bu zähmet – çaganyň maşgalada terbiýelemek biziň döwletimizdäki terbiýäniň umumy sistemasynda özüne uly üns berilmegini talap edýär. Meniň üçin terbiýe bagty kynlyk bilen almak bolup görünýär. Bu kyn we çylşyrymly işde adamyň baryp çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryndan başlap, örän möhüm bir hakykata paýhasdyr ýüregi bilen düşünmegi örän möhümdir, ol hakykat bolsa adama, adamlara kömege barmakdyr, olara ruhy güýçleriňi eltipbermekdir, olara ýüregiňi eçilmekdir. Elbetde, biziň jemgyýetimizde özlerine bir bedre suw getirip bermäge, odun aýryşmaga, çöregini üpjün etmäge kömekleşmeli adamlar bar. Ýöne adama, onuň mährine, ýürekdeşligine, eserdeňligine, hoş sözüne mätäç adamlar sanap çykardan köp. Adama mätäç şeýle adamlary görmek ukyby kalbyň uly baýlygydyr, şol baýlygy döretmekde men, obrazly aýdanyňda, borjuň hiç zat bilen çalşyryp bolmajak sapaklaryny görýärin. Bagtyň howsalaly we ynjalyksyz, diýseň kyn, şol sebäpli hem çäksiz gymmatly bolýan ýeri–ruhy duýgularyň dünýäsi ýanyna adamlaryň gelmegine garaşyp oturan adamy ýüregi bilen duýmakdan başlanýar. Gürrüň ruhy durmuşyň ýygy-ýygydan terbiýeçä howply päsgelçilikleriň garaşyp biljek örän inçe sferalary barada gidýär. Men ýaşuly we garry adamlara kömek bermegiň düýn bir tonna demir böleklerini ýygnadyk, bu gün ýalňyz kempire odun getirip berdik diýip, wezipäni formal ýerine ýetirmäge öwrülmeginden hemişe heder edýärin. Gürrüň meniň terbiýeleýänimiň çagalykda we ýetginjeklikde adam ýüregini eçilmelidigi barada gidýär, bu bolsa mahal-mahal atly adamy pioner ýygnanyşygyna çagyryp, ondan hat almakdan we ony kolleksiýa görkezen ýaly orta çykaryp görkezmekden (nebsimiz agyrsa-da käte şeýle bolýar) has derwaýys, aslynda düýpden başga zat. Men çaga ýüreklerine keseki ykballarynyň aralaşyp, olaryn dünýäsiniň bir bölejigine, ruhy durmuşlarynyň bir bölejigine öwrülmegi ugrunda jan etdim. Biziň obamyzda Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanynda ýalňyz ogullary wepat bolan garry ata- ene ýaşaýardylar. Aýaly ýogalyp, Ýuhim baba ýalňyz galdy. Günlerde bir gün tokaýdan gaýdyp gelýärkäk biz oňa pete-pet geldik – Ýuhim baba derýa tarap barýardy. Onuň gözlerinde uly hasrat, agyr ünji görünýärdi. Biz onuň bilen salamlaşdyk, emma goja bizi görmedi hem. Çagalar ynsan derdi-belasyny duýup, oňa diýseň hapa boldular. Biz şondan soň ýalňyz adamyň ykbalyndan başga hiç zat barada pikir edip bilmedik. Çagalar derýanyň boýunda gymyldaman oturan gojany telim sagatlap synladylar. Ýuhim baba öýlerine gaýdanynda, biz onuň ýanyna bardyk. Goja çagalaryň howsalasyny, aladasyny duýdy, çaga eserdeňligine onuň ýüregi ersdi. Şondan soň çagalar gojanyň ýanyna gün yrman gatnadylar. Ol olara uzak ömri barada gürrüň berdi, çagalaryň öňünde täsin dünýä açyldy: çagalar Ýuhim babanyň zähmet çekip ýaşan döwründe ençeme müň gylýal ösdürip ýetişdirenligini we onuň öz zähmetine bolan söýgüsini garraýança saklandygyny eşitdiler. Çagalar öz dostlary bilen gürrüň etmän oňup bilmediler. Olar onuň gojalyk hasratlaryny, aladalaryny öz hasratlary, öz aladalary hasap etdiler. Goja çagalaryň elinde jan berdi. Gaýtalap bolmajak ynsan dünýäsiniň durmuşdan gidýändigi baradaky pikirden allaniçigsi bolan çagalar ilkinji gezek ömür we ajal meseleleri barada oýa batdylar. Bu meseleler barada oýlanmazdan, tolgunmazdan, hakyky ynsan borjy barada pikir etmek bolmaz. Men möhüm terbiýeleýjilik wezipäni aňly-düşünjeli ömrüniň ilkinji ädimlerinden başlap, adamyň öňünde jemgyýetçilik ýaşaýşynyň uly dünýäsiniň, Watan dünýäsiniň, onuň garaşsyzlygy, namysy, şöhraty, kuwwaty ugrundaky göreş dünýäsiniň açyk bolmagynda görýärin. Adamy bu dünýä parhsyz okumyş we synçy hökmünde däl-de, dünýäde bolup geçýän zatlar barada öz pozisiýasy, öz nukdaýnazary, öz bähbidi bar, aktiw hereket edýän şahs hökmünde salmak – munuň özi, aslynda ösüp gelýän nesle ahlak terbiýesini bermegiň esasy problemasydyr. Meniň ykjam göz ýetirişime görä, çagalyk we ýetginjeklik döwri adamyň ruhy durmuşynyň ilkinji graždanlyk islegini – öz şahsy güýjüni iş ýüzünde ýüze çykarmak, jemgyýetçilik durmuşynyň uly dünýäsinde özüni görkezmek, beýik we asylly zada baş goşuşyny duýmak we görmek islegini aýratyn ýitilik bilen başdan geçirýän döwri bolmaly. Şeýle ruhy hyjuwyň şahsy durmuşyň, şahsy bähbitleriň iňňän inçelik bilen ýüze çykmagynyň diýseň möhümdigini men ýene bir gezek nygtaýaryn. Beýle diýmek, möhüm syýasy we ahlak ideýalary – Watanyň ykballary, onuň kuwwaty, mertebesi, namysy, kommunizmiň dabaralanmagy ugrundaky göreşiň netijesi – bularyň bary biziň terbiýeleýän çagamyzyň baryp ýatan şahsy işi bolmalydyr. Watan öňündäki borjuň kemala gelmegi – munuň özi ideýalar dünýäsinde şahsyň durmuşynyň kemala gelmegidir. Özüňi berkarar etmek, işde, Watan ugrundaky göreşde özüňi görkezmek üçin işeňňir çalyşmak ahyrsoňunda juwan kalpda nämäniň bolup geçýänligine, gurşap alan dünýäni onuň kabul edişine we duýşuna, çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda adamyň zähmetini nämäniň ruhlandyrýanlygyna baglydyr. Terbiýeçiniň sözi juwan kalba täsir etmegiň hiç zat bilen çalşyryp bolmajak, kuwwatly serişdesidir, ýöne bu bir şertde – terbiýelenýäniň adamlar önündäki borjuny ýerine ýetirýärkä, özüni görkezmek, ýanyndaky adamy duýmagy başarmak, adamlar üçin bagtdyr şatlyk döredýän wagty bagtyýar bolmak bilen, terbiýe täsirine gitmäge ukyply, ilki bilen, söz arkaly terbiýelenmäge gabyl adam bolup ýetişmegini gazanyp bilen halatyňyzda şeýle bolýar. Çagalykda we ýetginjeklikde hakyky ynsan bagtyna ýetip bilmedik we taýyn bagt atmosferasynda ösüp ulalan adam sözi, çagyryşy, ynandyrmany, berilýän akyly, öwüdi kabul etmäge düýpden ukypsyz bolýar. Adamy jemgyýetçilik durmuşynyň uly dünýäsine aralaşdyrmak üçin hem şu makala ýazyldy, adam şol dünýä aralaşanynda graždanin bolmaga ukyply bolýar. Hasylly, kuwwatly, kalby galkyndyryjy sözi ekmek üçin çaganyň kalbyndaky gatlagy agdaryp, men açyk çaga we ýetginjek ýüreklerine tarap ugraýaryn. Meniň aýdýan sözlerim – munuň özi şahsy durmuşyň gündelik dünýäsi bilen deňeşdirerden has belent, has düýpli zatlary– Watany, halky, onuň taryhy ykballaryny, onuň arzuw-isleglerini, umytlaryny görmäge çagalara kömek edýän yşyjaklar bolmaly. Meniň aýdýan sözlerim diňe bir käbir zatlary habar bermek üçin aýdylýan zatlar däl. Men olary ýaş graždaniniň ýüreginiň öz beýik Watanynyň öňünde guwançdyr haýran galmakdan, öz Watanynyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşijilere raýdaşlyk bildirmekden, beýik we mertebeli zada baş goşmak isleginden, duşmana ýigrençden ýaňa tolgunmagy üçin aýdýaryn. Öz terbiýeleýänlerime Watan ugrundaky söweşde gurban bolan gahrymanyň edermenligi hakdamy, Watana iň gymmat zadyny bagş eden enäniň hasraty we guwanjy baradamy, wýetnam çagalarynyň ganhorlary –ýigriminji asyryň siwilizaiýalaşan wagşylary dogrusyndamy, häzirki kapitalistik dünýäde dereksiz ýitmek üçin doglan ýaş ýigidiň keç ykbaly babatdamy – näme hakda gürrüň etsem-de, men öz sözlerimiň hemişe Watanyň namysyny we mertebesini ykrar edýän çagyryş bolmalydygyny ýekeje minut dagy hem ýatdan çykaramok. Terbiýeçiniň aýdýan sözi ruhlandyrylan zähmet üçin, halka, Watana graždanlyk gullugy edilýärkä özüňi görkezmek üçin zerur bolan energiýa döredeninde – diňe şo halatda borç ýaş kalpda ornaşýar. Meniň sözlerim täsirsiz, kalbym biperwaý bolanynda, eger aýdýan sözümiň maksady diňe bir zady habar bermek bolanynda, belent borjy berjaý etmek üçin zerur bolan ruhy güýjüň ýaş ýürekde orun tutmajakdygyny we ýaş ýigidi belent zada hyzmat etmegiň çür depesine alyp gitmejekdigini men ýene bir gezek nygtaýaryn. Sözüň terbiýeleýjilik güýji terbiýeçiniň pozisiýasyndadyr, nukdaýnazaryndadyr, onuň dünýä bolan gatnaşygyndadyr. Häzirki zaman dünýäsinde ýaş ýürekde ýigrenç, hyruç bolmazdan, öz güýjüni beýik ideallaryň ykrar edilmegi üçin bermäge taýyn bolmazdan, sosialistik Watana söýgi bolup bilmez. Dünýäni geljekki urşuň meýdany, halklary bolsa şonuň öňüne tutulýan zat, bütindünýä ýangyny üçin ýangyç hasap edýän duşmany ýigrenmegi terbiýelemek – munuň özi biziň pedagogikamyzyň, biziň mekdep praktikamyzyň iň asylly, iň adamkärçilikli maksadydyr. Duşmana ýigrenç watançylyk söýginiň sakçysydyr. Duşmany ýigrenmeklik, ideýa taýdan garşydaşa barlyşyksyz garamak ýaş ýüregi graždaniniň inçe we näzik, eserdeň we durmuşy ykrar edýän ýüregine öwürýär. Özi üçin duşmany ýigrenmeklik, ideýa taýdan garşydaşa barlyşyksyz garamak kalbyň aýrylmaz sypatlary bolan ýürek gaýduwsyzlygy – adamyň şahsy bähbidine däl-de, belent ideýa, ideala hyzmat etmäge bagş edilen zähmete ukyplydyr. Diňe ýigrenmegi başarýan ýüregiň öz pozisiýasy, dünýä öz garaýşy bolup biler. Adamyň çagalykda we ýetginjeklikde ruhlandyryjy zähmetiň şatlygyny, beýik, ideal zada baş goşmagyň guwanjyny telim gezek başdan geçirmegi graždanlygyň hiç zat bilen çalşyryp bolmajak mekdebidir. Zähmet graždanlyk taýdan özüňi görkezmäge hyzmat eder ýaly, ýaş graždanlar oňa ruhy taýdan taýýarlykly bolmalydyrlar. Pionerleriň ýumruklary wýetnam çagalaryny öldürýänlere ýigrençden ýana düwülende meniň terbiýeleýänlerimde şeýle isleg peýda bolýar: biz işleýäris, pul gazanýarys we ony uzakdaky dostlarymyza ibereris. Şeýle asylly islegde dörän zähmet çaga ýüreklerinde mydamalyk çuňňur yz galdyrýar. Eger çagalyk we ýetginjeklik ýyllary zähmet syýasy ideýa bilen ruhlandyrylsa, özi hem duşmana barlyşyksyz bolmakdan, ony ýigrenmekden gelip çyksa, onda ýaş ýürekde graždanlyk kämilliginiň adamlar, jemgyýet, Watan üçin her hili jemgyýetçilik peýdaly zähmete kämil gaýduwsyz gatnaşygyň berkarar bolýandygyna men göz ýetirdim. Borjy terbiýelemek diňe bir pedagogikanyň we mekdep durmuşynyň merkezi problemasy däldir. Ol örän möhüm jemgyýetçilik – syýasy problemadyr. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |